Ï Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisni kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisni kabul etdi

view-icon 1125
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sanjaý Mark Wadwanyny kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, diplomat milli Liderimize Şa zenany Ýelizaweta II-niň we Premýer-ministr Dewid Kemeronyň mähirli sözlerini ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüşiň ýolunda ynamly gadam urýan Türkmenistan bilen dostluk we köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlady hem-de dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylygyna özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigini nygtady.

Köpugurly türkmen-britan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşylyp duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda ählumumy gyzyklanmalara we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Diplomatyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa ýurtlary bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini ugur edinýän işjeň syýasaty netijesinde özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmen Lideriniň şunuň ýaly netijeli çemeleşmeleri soňky ýyllarda dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän köpsanly möhüm bilelikdäki taslamalaryň üstünlige eýe bolmagyny şertlendirdi.

Türkmenistanyň täze netijeli taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, ilçi öz üstüne ýüklenen wezipäni durmuşa geçirmek we söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda bolşy ýaly, gumanitar ulgamdaky, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, şeýle hem sport hem-de syýahatçylyk pudaklaryndaky döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak babatda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlaryň ösdürilmegi islendik döwletiň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Şeýle hem britan kompaniýalarynyň Aziada – 2017 ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk görýän Türkmenistan bilen olimpiýa oýunlaryny we beýleki halkara derejesindäki sport çärelerini guramak hem-de olary geçirmek babatda toplanan tejribeleri alyşmaga taýýardygy bellenildi.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany jenap Sanjaý Mark Wadwany duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige ýene bir ýola hoşallyk bildirip, iki ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.