Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 797
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň şu günler 20 ýyllygy bellenilmegi mynasybetli Aşgabada gelen “Sifal” belli fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigine hoşallyk bildirip, myhman pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenip geçilen şöhratly sene – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy bilen, şeýle hem bu guramanyň Parižde geçirilen maslahatynda Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar döwür üçin ÝUNESKO-nyň ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen gutlap, bütin türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Ýagşy niýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz döwlet ösüşiniň aýratyn ähmiýetli taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ygtybarly, wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadan iri ýewropa kompaniýasynyň ýolbaşçysyny görmäge tüýs ýürekden şatdygyny nygtady.

Türkmenistan tarapyndan başy başlanan milli we sebit ähmiýetli taslamalara işjeň gatnaşmaga meýillidigini beýan edip, “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga fransuz işewürliginiň barha artýan gyzyklanmasy köp babatda türkmen Lideri tarapyndan alnyp barylýan “açyk gapylar” syýasaty hem-de iri daşary ýurtly kompaniýalar we maýadarlar bilen giň işewür hyzmatdaşlyk arkaly şertlendirilendir. Olaryň işlemegi üçin ýurdumyzda aňrybaş derejede amatly şertler döredildi. Geljekde bilelikde işlemegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk düzümi, ulag ulgamy, hususan-da, raýat awiasiýasy agzaldy.

Fransuz hyzmatdaşlary bilen köpýyllyk üstünlikli özara gatnaşygy kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz öz ösüşinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehniki pikirlerine we innowasion tehnologiýalaryna aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň has ysnyşykly, netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, birek-birege iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna we türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerine bütinleý kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, Žil Remi bu gatnaşyklaryň has-da yzygiderli ösdürilmegine özüniň köp watandaşlary ýaly, onuň öz Watanyna uçup bilmekleri üçin Aşgabat-Pariž-Aşgabat aralygyna açylýan göni howa ugrunyň ýardam etjekdigini belledi.