Ï Türkmenistanda Mongoliýanyň ilçisi işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Mongoliýanyň ilçisi işläp başlady

view-icon 666
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşarmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Badamdorž Bathişigden ynanç hatyny kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Mongoliýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikler arzuw etdi.

Mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, diplomat, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmenn halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Jenap Badamdorž Bathişig häzirki türkmen döwletiniň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny aýdyp, amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuş ugruna gönükdirilendigini hem-de türkmen halkynyň jana-jan bähbitlerine hyzmat edýändigini kanagatlanmak bilen nygtady.

Ilçi özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny belläp, biri-birinden alysda ýerleşýändigine garamazdan, iki ýurduň halklaryny ählumumy parahatçylyga we ylalaşyga çalyşmak meýliniň baglanyşdyrýandygyny aýratyn nygtady. Munuň özi oňyn döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň barşynda diplomata hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Garaşsyz türkmen döwletiniň baş maksadyny – onuň raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmek baradaky maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalar hem-de durmuş-ykdysady we medeni ösüş maksatnamalary barada gürrüň berildi.

Ilçi şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we onuň köpugurly işi we halkara gatnaşyklary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ysnyşykly parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak barada teklip aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Badamdorž Bathişig özara bähbitli türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny giňeltmek, iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni gumanitar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak babatda ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

* * *

Şu gün Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Badamdorž Bathişig Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.