Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY

view-icon 759
(2013-nji ýylyň 20-nji dekabry)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!


Häzirki döwürde eziz Watanymyz Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdir. Ýurdumyzyň güýçli depginler bilen ösýän kuwwatly ykdysadyýeti bar. Döwletimiziň ykdysadyýeti daşary ýurt maýa goýumlary üçin örän özüne çekiji bolmagynda galýar. Ykdysadyýetimiziň ösüşiniň şu ýyldaky netijeleri biziň bu aýdanlarymyzy tassyklaýar.

Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 10,1 göterime barabar boldy. Biz öňküsi ýaly, döwletimiziň ykdysadyýetine uly möçberlerde maýa goýumlaryny goýýarys. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde maýa goýumlarynyň möçberi 7,2 göterim artdy hem-de 41 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi hem köpelip, 28 milliard 400 million amerikan dollaryna barabar boldy. Ýurdumyzda zähmet haklary 11 göterim ýokarlandy. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti şol bir derejede durnukly saklanýar. Puluň hümmetiniň peselmegi göz öňünde tutulan çäklerden geçmeýär.

Ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Gurluşyk, senagat pudaklarynda we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýokary ösüş depginleri gazanyldy.

Oba hojalygyny özgertmek boýunça gören çärelerimiz hem özüniň gowy netijelerini berip başlady. Şu ýyl dänäniň we pagtanyň bol hasyly alyndy.

Ýurdumyzda iri zawodlaryň we fabrikleriň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iki müňe golaý iri desganyň gurulýandygyny bellemek isleýärin.

Biziň amala aşyrýan özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz ýataklary özleşdirilýär we abadanlaşdyrylýar. Esasy gaz geçirijileriň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzda has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, ýokary derejeli myhmanhanalar we durmuş maksatly beýleki desgalar giň gerim bilen gurulýar.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!


Biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz öz durnukly içerki ýagdaýy we berk syýasy ulgamy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar. Bu bolsa, bize halkara giňişliginde özümizi ynamly duýmaga, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Ýakyn goňşularymyz bolan Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan we Özbegistan bilen ysnyşykly hem-de köp taraply gatnaşyklary ösdürmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Biz sebitiň beýleki döwletleri – Täjigistan we Gyrgyzystan bilen hem gatnaşyklarymyzy işjeň ösdüreris.

Sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmek we ynanyşmak – Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamagyň hem-de berkitmegiň kesgitleýji şerti bolup durýar. Sebitde depginli ykdysady we durmuş ösüşini gazanmakda, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmakda, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmekde şeýle oňyn şertleriň möhüm ähmiýeti bardyr. Soňky ýyllarda biziň sebitimiz uzak möhlete gönükdirilen ählumumy durnukly ösüşiň gazanylýan, möhüm ulag, aragatnaşyk we energetika ulgamy bar bolan esasy sebitleriň birine öwrülýär.

Häzirki döwürde biz iki sany iri ulag taslamasyny – «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýolunyň we «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýol geçelgesiniň gurluşygyny bilelikde amala aşyrýarys.

Ýurdumyzyň sebitdäki strategiýasynyň maksady – giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak hem-de ösüşiň möhüm meselelerini çözmek üçin, Merkezi Aziýada amatly geosyýasy we geoykdysady şertleri döretmäge doly möçberde ýardam bermekden ybaratdyr. Şu maksatlardan ugur alyp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiz goňşy ýurtlar bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem alyp barýan işlerini yzygiderli dowam eder.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda Günorta Kawkaz döwletleri bilen dostlukly hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm orny eýeleýär. Biziň ýakyn goňşularymyz barada aýdylanda bolsa, men Azerbaýjan bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýandygymyzy ýaňy hem belläp geçdim. Şol bir wagtda biz Ermenistan we Gruziýa bilen hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýäris.

Şu ýyl Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýurdumyza bolan saparynyň dowamynda biz Strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekdik. Bu ýurt bilen bizi ählumumy ösüşiň we sebiti ösdürmegiň esasy meseleleri boýunça birek-birege düşünýändigimiz baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde Hytaý Türkmenistanyň örän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy, türkmen tebigy gazyny esasy sarp ediji ýurt bolup durýar. Ýöne, biz Hytaý bilen diňe bir ýangyç-energetika pudagynda alyp barýan gatnaşyklarymyz bilen çäklenmeli däldiris. Biz hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemelidiris, harytlary özara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň üstünde işlemelidiris. Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek geljekde hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm strategik ugry bolar.

Umuman, soňky döwürde, aýratyn-da, şu ýyl biz daşary syýasatymyzda Aziýa–Ýuwaş umman sebitine berýän ünsümizi has-da güýçlendirdik. Şu ýyl biz Ýaponiýa ýokary derejede resmi sapary amala aşyrdyk. Ýaponiýa bolan saparymyz bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, iri ýapon işewürleriniň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

Biz şu ýyl Ýaponiýada, Malaýziýada we Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Ilçihanalaryny açdyk. Bu ýurtlaryň kuwwatly ykdysadyýeti, söwda, tehnologik we maýa goýum mümkinçilikleri bar. Bu döwletleriň halkara syýasy giňişligindäki täsiri hem uly. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, degişli ministrlikler we pudak edaralary, biziň Ilçihanalarymyz bu ýurtlar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini düýpli seljermeli, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini görkezmek bilen, öz tekliplerini bermeli.

Günorta Aziýa, däp bolşy ýaly, biziň üçin möhüm ähmiýetli sebit bolup durýar. Biz Hindistan we Päkistan bilen gatnaşyklarymyzy birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barýarys. Bu döwletlere biz möhüm syýasy, söwda-ykdysady we energetika boýunça hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýarys. Bu döwletler we Owganystan bilen bilelikde, halkara maliýe edaralarynyň, hususan-da, Aziýanyň Ösüş bankynyň gatnaşmagynda hem-de goldamagynda biz «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam edýäris. Şu ýyl geçirilen dört taraplaýyn gepleşikler bu taslamany iş ýüzünde amala aşyrmaga umumy taýýarlygyň bardygyny tassyklady.

Biziň ýene-de bir strategik hyzmatdaşymyz bolan Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklarymyz geçip barýan ýylda yzygiderli we netijeli ösdürildi. Russiýa bilen halkara guramalarynda, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda, şeýle hem sebit derejesinde işjeň hyzmatdaşlyk edýäris.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bolan Tatarystan Respublikasy, Belgorod we Astrahan oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri bilen netijeli söwda-ykdysady hem-de medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň özboluşly aýratynlygy bolup durýar.

Biz Belarus, Ukraina we Moldowa bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk we özara bähbitli gatnaşyklarymyzy gyşarnyksyz ösdürýäris. Bu gatnaşyklaryň Gara deňziniň sebitine, Günorta, Gündogar we Merkezi Ýewropanyň döwletlerine çykmaga gönükdirilen, biziň ulag ulgamlaryny ösdürmek baradaky meýilnamalarymyzy göz öňünde tutanyňda aýratyn uly ähmiýeti bardyr.

Biziň Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz hem dost-doganlyk ruhunda alnyp barylýar. Bu gatnaşyklaryň Merkezi Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde özara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Şeýle hem, sebitara gatnaşyklarynyň täze ulgamyny ýola goýmak boýunça bilelikde alnyp barylýan köptaraplaýyn işleriň gerimini giňeltmäge oňyn täsir edýär.

Biz Ýewropa Birleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi goldamak, täze howplara we wehimlere garşy göreşmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlyk edýäris.

Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. 2011-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýany Orta we Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen birleşdirjek Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Bu geçelgäniň ykdysady taýdan ähmiýeti örän uludyr. Täze ulag geçelgesi dünýä ummanyna çykmaga mümkinçilik berer, güýçli depginler bilen ösýän we giň çäkleri öz içine alýan sebitleri bütewi ulag ulgamyna birleşdirer. Bu bolsa, hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döreder.

Bu ugurda hyzmatdaşlyk edilmegi Türkmenistanyň dünýä ykdysady we söwda gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri açar. Şoňa görä-de, bu möhüm meseläni Ýakyn Gündogar sebiti bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalarynda göz öňünde tutmak maksadalaýyk bolar. Şonuň üçin hem, geljegi uly bolan bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!


Geljekde biziň öňümizde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny has-da berkitmäge, ähli esasy ugurlar boýunça dünýäniň döwletleri we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan amatly şertleri netijeli ulanmaga gönükdirilen möhüm wezipeler durýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek biziň Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugry bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2013–2017-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy biziň üstümize uly jogapkärçilik ýükleýär.

Häzirki döwürde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň derejesi döwletiň ösüşiniň örän möhüm görkezijisi, onuň netijeli we bäsleşige ukyply bolmagyny kesgitleýän şert bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşinde işlemek biziň üçin örän uly mümkinçilikleri açýar.

Men Daşary işler ministrligine bellenen möhletlerde Türkmenistanyň ÝUNESKO-da alyp barjak işiniň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrýaryn. Bu Guramanyň ýerine ýetiriji geňeşine has netijeli gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň alyp barýan işini güýçlendirmek zerur diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine ýakyn wagtda şu mesele bilen bagly teklipleri taýýarlamagy we bermegi tabşyrýaryn.

Biz dünýäniň dürli sebitlerinde diplomatik we konsullyk edaralarymyzyň işini mundan beýläk-de giňelderis. Şu ýyl daşary ýurtlarda Türkmenistanyň üç sany täze Ilçihanasynyň açylandygyny ýaňy hem belläp geçdim. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde, Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde täze konsullyklarymyzy açdyk. Bu ugurda alyp barýan işlerimizi biz geljekde hem dowam ederis. Ýurdumyzyň bähbitlerini göz öňünde tutup, bu işleri bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmak esasynda amala aşyrmaly.

Sebitler boýunça ileri tutulýan meseleler barada aýdanymyzda bolsa, biziň diplomatik we konsullyk edaralarymyz Günorta Ýewropa we Ortaýer deňziniň sebitiniň ýurtlary bilen giň gerimli işleri alyp barsalar, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Bu sebitde Italiýa we Ispaniýa ýaly uly we ykdysady taýdan ösen döwletler ýerleşýär. Bu döwletler soňky döwürde biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Biz Merkezi we Gündogar Ýewropanyň döwletleri bolan Polşa, Çehiýa, Slowakiýa we Baltika sebitiniň ýurtlary bilen anyk maksatlara gönükdirilen netijeli işleri alyp barmalydyrys. Bu ýurtlaryň geostrategiki we geoykdysady şertleri bize Ýewropa Birleşiginiň iri bazarlaryna tapgyrma-tapgyr çykmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Latyn Amerikasy döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu kontinentiň Braziliýa, Meksika we Argentina ýaly ýurtlary dünýäniň ykdysady taýdan has ösen ýigrimi döwletiniň hataryna girýär. Bu ýurtlar dürli ugurlar boýunça giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýarlar. Şeýle hem, Latyn Amerikasy döwletleri bileleşiklere girmeýändikleri, däp bolşy ýaly, halkara guramalarynda ösýän ýurtlary goldaýandyklary bilen tapawutlanýarlar. Bu bolsa, daşary syýasat ulgamynda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine 2014-nji ýylda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny we degişli edaralaryny açmak boýunça meýilnamany işläp taýýarlamagy tabşyrýaryn. Häzirki döwürde bu ugurda göz öňünde tutulan işleri geçirmek üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar.

Biz energiýa howpsuzlygy we ekologiýa ýaly, ýurdumyz üçin möhüm meseleler boýunça hem dünýäde döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli we tutanýerli goramagy dowam etmelidiris.

Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky rezolýusiýasynyň ähli düzgünleriniň takyk ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermeli. Energiýa howpsuzlygy ulgamynda öňe süren başlangyçlarymyzyň halkara derejesinde giňden goldanmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ähli Ilçihanalary we wekilhanalary bu ugurda netijeli işleri alyp barmaly.

Biziň alyp barýan daşary syýasatymyza ekologiýa diplomatiýasy düşünjesi berk ornaşmalydyr. Biz halkara giňişliginde, dürli maslahatlarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ýokary derejede geçirilen «Rio+20» maslahatynda öňe sürlen başlangyçlary tutanýerli goldamalydyrys. Ekologiýa diplomatiýasyny Daşary işler ministrliginiň bu ugurda alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde görkezmelidiris.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!


Alyp barýan halkara hyzmatdaşlygymyzyň ugurlaryny we gerimini giňeltmek maksady bilen, biz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň kanunçylyk binýadyny döretmek boýunça düýpli işleri amala aşyrdyk. Şu ýyl «Diplomatik gulluk hakyndaky» we «Diplomatik derejeler hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Bu bolsa, öňde duran täze wezipeleri we mümkinçilikleri nazara alyp, diplomatik gullugyň işini has-da kämilleşdirmegiň häzirki döwürde zerur bolup durýandygyny görkezýär. Bu resminamalar diplomatlarymyzyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň tejribesini we bilimlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri höweslendirmegiň hukuk esasy bolup durýar.

Daşary syýasat diňe bir halkara giňişliginde döwletiň abraýyna we ornuna degişli çözgütler kabul edilýän ulgam bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýurduň howpsuzlygyna we durnukly bolmagyna, ykdysady ösüşine hem-de halkyň hal-ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýän çözgütler işlenip taýýarlanýan we durmuşa geçirilýän aýratyn ulgamdyr. Daşary syýasatda bu hakykata aýdyň düşünmek we ony gündelik işde goldanmak zerurdyr.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!


Halkara hyzmatdaşlygy ulgamynda biziň öňümizde giň gerimli wezipeler durýar. Şoňa görä-de, biz daşary syýasat edaramyzyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň işine aýratyn üns berýäris we geljekde hem üns bereris. Biz ýurdumyzyň diplomatik gullugyny ähli zerur şertler bilen üpjün ederis. Häzir men «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň meseleleri hakyndaky» karara we «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» karara gol çekýärin.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!


Täze ýyla çenli az wagt galdy. Asylly däbimize eýerip, biz köne ýylda başlan ähli işlerimizi täze ýyla geçirmän, şu ýylda tamamlamaly. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary we ministrler, aýratyn hem, A.Goçyýew, Siz 2013-nji ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine düýpli taýýarlyk görüň! Gazanylan netijeleri seljerip, ýol berilýän kemçiliklere serediň! Haýsy ugurlarda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny kesgitläň we öz teklipleriňizi taýýarlaň!

Geljek ýylda iş depginimizi has güýçlendirmegiň zerurdygyny bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, täze ýyla çenli gözegçilik edýän ähli ministrlikleriňiz we pudak edaralaryňyz boýunça 2014-nji ýyl üçin meýilnamalary taýýarlap bermelidigiňizi ýene-de bir gezek size ýatladýaryn. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň her bir Orunbasary, ministrligiň we pudak edarasynyň ýolbaşçysy öz baştutanlyk edýän pudagyndaky ýagdaýy gowy bilmelidir. Kabul edilen meýilnamalaryň nähili ýerine ýetiriljekdigini, haýsy desgalaryň guruljakdygyny we bu desgalaryň haýsy möhletlerde ulanmaga beriljekdigini bilmelidir.

Umuman, meniň ýaňy hem belläp geçişim ýaly, 2014-nji ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek her bir ýolbaşçynyň borjudyr! Biz näçe köp iş bitirsek, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, berkarar Watanymyzyň abraýy hem barha ýokarlanar.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly diplomatlar!


Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň kadaly durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň baýramçylyk günlerinde nobatçylygyny guramak bilen bagly meselä hem aýratyn üns beriň!

Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, häzir men 29-njy dekabrdaky dynç gününi 31-nji dekabra geçirmek baradaky Permana gol çekýärin.

Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys. Siziň ähliňizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!