Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

view-icon 1057
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine laýyklykda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine, döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Mejlisiň esasy meselesine geçmezden öň, döwlet Baştutanymyz ertir ýurdumyzda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowy ýatlama gününiň geçirilýändigini belledi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň bitiren beýik hyzmatlary halkymyzyň hakydasynda ebedi galar. Şoňa görä-de, bu ajaýyp ynsanyň ýadygärligini hatyralamak, onuň kümmetine zyýarat etmek isleýänleriň ählisi ertir Gypjaga baryp, zyýarat edip bilerler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçmek bilen, şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri hakynda hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylandygyny belledi. “Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasynda” kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga hem-de türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görülýär.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň möçberiniň durnukly ösüşi üpjün edildi. Şu ýylyň 11 aýynda öndürilen önümleriň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 113,3 göterim derejede ösüş gazanylandygy aýratyn nygtaldy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2012-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňat görkezijiler bellenildi.

Wise-premýer maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberleri barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda üstünlikli ýöredilýän maýa goýum syýasaty netijesinde bu görkezijiniň her ýyl artýandygyny habar berdi. Hasabat deňeçerliginiň maglumatlaryna laýyklykda, jemi içeriki önüme şu makroykdysady görkeziji 46,1 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ähli guramalaryň we kärhanalaryň işgärlerine dekabr aýynyň zähmet haklary, şeýle hem pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary tölendi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berip, bank işini hem-de gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmaga degişli kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähdi pudaklarynda ösüşiň durnukly depginlerini saklap galmagy üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreleriň görülmeginiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Öz garamagyndaky düzümleriň işine zerur gözegçiligi amala aşyrmak hem-de ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň seljermesini geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz bank işini hem-de gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmagyň ähmiýetini belläp, tutuşlygyna alnanda, resminamanyň hödürlenen taslamasyny makullady, munuň özi Türkmensitanda bu işi kämilleşdirmäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz degişli karara gol çekip, onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2013-nji ýylyň 11 aýynda gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabat döwründe önümleriň köp görnüşleriniň önümçilik möçberleriniň durnukly ösüşiniň saklanýandygy bellenildi. Elektroenergiýanyň önümçiligi boýunça ösuş depgini 18,8 milliard kilowatt sagada deň boldy. Munuň özi 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104,2 göterime barabardyr. Mundan başga-da, nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 101,7 göterime, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,2 göterime, dizel ýangyjynyň, kerosiniň, çalgy ýaglarynyň, koksuň önümçiliginiň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Şeýle hem nebit bitumynyň öndürilişiniň ösüş depgini 132 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 101,7 göterime, polipropileniň önümçiliginiň ösüş depgini 103,4 göterime, ýod önümçiliginiň ösüş depgini 104,9 göterime, sement öndürilişiniň ösüş depgini 189,5 göterime, magdan däl gurluşyk materiallarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 118,5 göterime, armaturanyň we beýleki metal önümleriniň ösüş depgini 106,1 göterime, pagta süýüminiň öndürilişiniň ösüş depgini 100,4 göterime, nah matalaryň önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 107,8 göterime deň boldy.

Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýokary görkezijilere eýe bolundy. Oba hojalyk önümleriniň önümçiligi, hususan-da, gök-miwe, bakja, şeýle hem et, süýt önümleriniň möçberleri 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary boldy. Şeýle hem gara mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sanynyň artandygy bellenildi.

Gurluşyk pudagynda hasabat döwründe gurluşyk işleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20,2 göterim artyk ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň 11 aýynda ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105,6 göterime barabar boldy. Şu döwürde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşalyşy 11,3 göterime, şol sanda awtomobil ulaglary boýunça 14 göterime, howa ulaglary boýunça 9,8 göterime, demir ýol ulaglary boýunça 16,5 göterime deň boldy. Şunuň bilen baglalykda, aragatnaşygyň öňdebaryjy elektron ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy artýar we aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlardan gelýän girdejileriň möçberi ýokarlanýar. Bu görkeziji şu ýylyň 11 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,4 göterim ýokary boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň öňünde durýan wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi we ulgamyň işiniň ýurdumyzy has-da durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm ornunyň bardygyny nygtady. Bu görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini görkezendigine ünsi çekip, milli Liderimiz statistiki işläp taýýarlamalary geçirmegiň usullaryny we alnan maglumatlara seljermeleri kämilleşdirmek, bu usuly halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etlmelidigini tabşyrdy.

Soňra maliýe ministri D.Sadykow şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň barşynda şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 122,8 göterim, çykdajylar boýunça bolsa 96,5 göterim möçberde ýerine ýetirilendigi aýdyldy. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 76,9 göterimi durmuş maksatly ulgama gönükdirildi. Ministriň habar berşi ýaly, ýerli býujetler girdejliler boýunça 120,7 göterim, çykdajylar boýunça bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirilendigi nygtaldy.

Sebitleri özgertmek boýunça milli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, maliýe ministri makroykdysady görkezijilere laýyklykda, hasabat döwründe desgalaryň 135-siniň gurluşygynyň tamamlanandygyny we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,5 göterim ýa-da 22 birlik artandygyny habar berdi. Şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 1339,6 kilometr suw geçirijileriniň, 649,8 kilometr awtomobil ýollarynyň, 1795,1 kilometr gaz geçirijileriniň, 2186 kilometr elektrik geçirijileriniň, 430,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary tamamlandy.

Şeýle hem “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny”, “Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi. Şonda 2014-nji ýyldan maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna esaslanýan milli ülňülerine geçmek üçin bu ulgamyň baş buhgalterlerini we hünärmenlerini taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Ýewropanyň we Aziýanyň dürli ýurtlarynyň gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek babatdaky öňdebaryjy tejribesini öwrenmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Hasabatyň çäklerinde maliýe ministri şeýle hem Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 16-17-nji dekabrda Kabulda geçirilen dördünji mejlisiniň netijeleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän işlere, umuman, kanagatlanma bildirip, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine, şeýle hem býujet serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylyşyna gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmäge gönükdirilen milli maksatnamada kesgitlenen wezipeleri çözmegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda görülýän çäreler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz esasy wezipesi döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan has doly we netijeli peýdalanmakdan ybarat bolan hökümetara toparlarynyň ornuny nygtap, maliýe ministrine gazanylan ylalaşyklaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlyny T.Japarow bank ulgamyny kämilleşdirmek, milli puluň--manadyň durnukly hümmetini saklamak maksady bilen iş ýüzünde görülýän çäreler hakynda, şeýle hem şu ýylyň 11 aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi bankyň müdüriýetiniň başlygynyň adyna ýurdumyzyň banklarynyň işini guramak barada birnäçe bellikleri aýtdy. Milli Liderimiz T.Japarowa ýüzlenip, işde bar bolan we ilkinji nobatda, pul serişdeleriniň belli bir maksatsyz peýdalanylyşy bilen baglanyşykly kemçilikleri görkezdi. Hususan-da, banklaryň ýolbaşçylaryna we orunbasarlaryna uly möçberlerdäki pul baýraklary yzygiderli berlip gelnipdir. Milli kanunçylygymyza laýyklykda, ýolbaşçylaryň işine baha bermek, olary sylaglamak ýa-da olara temmi bermek ýokarda durýan edaranyň, ýagny Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Emma welin muňa garamazdan, her bir baýramçylykda baýrak berlipdir, munuň özi ulanylýan kadalara ters gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi bankyň müdüriýetiniň başlygyna we banklaryň ähli ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz bikanun alnan pul serişdeleriniň gaýtarylyp berilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, 15-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary baradaky meselä geçdi. Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, bu saýlawlar hem bäsdeşlik demokratik ýörelgeler esasynda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi diýip, milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek bu saýlawlara iki partiýanyň wekilleriniň gatnaşandygyny nygtady. Ýerli synçylardan başga-da, bu möhüm syýasy çärä daşary ýurtlardan synçylar we halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen saýlawlaryň netijeleri barada hasabat bermek üçin Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýewe söz berdi.

Mejlisiň V çagyrylyş deputatlarynyň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada hasabat bermek bilen, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawçylaryň ýokary işjeňliginiň bu möwsümiň häsiýetli aýratynlygy bolandygyny belledi. MST-nyň maglumatlaryna görä, ses berenleriň sany Türkmenistanyň ses bermäge hukugy bolan ähli raýatlarynyň 91,33 göterimine barabar boldy. Ses bermek ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2446-synda geçirildi, şolaryň 33-si Türkmenistanyň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredildi.

Dalaşgärleriň jemi 283-sinden Mejlisiň deputatlygyna 125-si saýlandy. Olaryň arasynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we raýatlar toparlarynyň wekilleri bar.

Saýlawlaryň ýurdumyzda hereket edýän kanunlara hem-de halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçendigi bellenildi. Möwsümiň ähli tapgyrlarynyň barşyna milli synçylardan başga-da, daşary ýurtlardan çagyrylan synçylaryň we bilermenleriň 99-sy—Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar toparynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Syýasy meseleler boýunça departamentiniň wekilleri, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wekiliýetleriniň agzalary gözegçilik etdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, parlament saýlawlarynyň ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimizde halk häkimiýetiniň kadalaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolandygyny belledi. Şu kadalara laýyklykda, biz ýanwar aýynyň başynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Mejlisiniň täze saýlanan deputatlary bilen guramaçylyk maslahatyny geçireris, oňa ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny çagyrarys. Bu maslahatda Mejlisiň täze çagyrylyşynyň ýolbaşçylarynyň açyk saýlawlaryny geçireris hem-de täze saýlanan deputatlaryň öňünde duran wezipeleri kesgitläris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny amala aşyrmak bilen baglylykda hasabat döwründe DIM-niň geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna ygrarly bolan Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen netijeli syýasy gatnaşyklary, özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de netijeli gumanitar-medeni gatnaşyklary üstünlikli ösdürýändigi nygtaldy.

Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt saparlary däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmegiň we giňeltmegiň ýolunda wajyp ädim boldy. Şol döwürde ýurdumyza birnäçe daşary döwletleriň baştutanlary sapar bilen geldiler. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara we sebit guramalary hem-de düzümleri bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

Biziň ýurdumyza gelip gidýän dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleriniň yzygiderli artmagy hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Şeýlelikde, şu ýylyň başynlan bäri DIM-niň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurtlardan wekiliýetleriň 720-si geldi. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 616-sy iberildi. Degişli döwürde ýurdumyzda halkara maslahatlaryň, okuwlaryň we beýleki çäreleriň 237-si geçirildi.

Şeýle hem halkara resminamalarynyň 141-sine gol çekilendigi bellenildi. Olar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Habar berlişi ýaly, şu ýyl Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň birnäçesi, şeýle hem ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň 21 maslahaty geçirildi. Olaryň gün tertibine taraplaryň özara bähbitlerine kybap gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek hem-de ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny jemlemek bilen, türkmen diplomatlarynyň geljekde hem öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirjekdigini belledi. Şol syýasat ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga gönükdirilendir.

Şunuň bien baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem-de diplomatik düzüminiň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekdi. Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek boýunça yzygiderli işleri dowam etmegiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra şu ýylyň on bir aýynda gözegçilik edýän pudaklarynyň işiniň jemleri barada, bütin ýurdumyz boýunça taslamasy düzülýän, gurulýan we işe girizilýän möhüm desgalar hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hasabat berdi. Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça önümleri öndürmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça ösüş depginleri geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 107,4 göterime barabar boldy. 2013-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlarynyň 1558-si, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň 135-si ulanmaga berildi.

Energetika ministrlgi boýunça ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 109,9 göterime, ýurdumyzda elektrik energiýasyny öndürmek boýunça – 104,3 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe geçen ýyldaka garanyňda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 127,3 göterime barabar boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça bellenilen döwürde geçen ýyldaka garanyňda ösüş depgini 111,8 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki günde gurluşyk ulgamyny we elektrik energetikasyny ösdürmegiň ýokary depginleriniň üpjün edilmeginiň ilkinji derejedäki wezipe bolup durýandygyny belledi. Bu bolsa bellenilen ähli meýilnamalary hem-de uzakmöhletleýin milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berer. Bu babatda döwlet Baştutanymyz gurluşygyň depginlerini has-da artdyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdelerini öndürmegiň, ýerine ýetirilýän işleriň we edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady, olar iň ýokary talaplara we häzirki zaman standartlaryna laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikany has giňden peýdalanmak baradaky wezipäni öňde goýdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Wise-premýer 11 aýyň netijesi boýunça gözegçilik edýän pudaklarynyň işiniň jemleri barada hasabat berip, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy barada aýtdy.

Hususan-da, geçen ýylyň degişlii döwri bilen deňeşdirilende hasabat döwrunde nebit we gaz kondensatyny çykarmakda ösüş gazanyldy, nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini öndürmegiň möçberleri artdy. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Buraw işleriniň möçberleriniň ösüş depgini 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 136,8 göterim artdy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmekde ýangyç-energetika toplumynyň eýeleýän ornuny bellemek bilen, degişli ulgamda kabul edilen maksatnamalary gyşarnyksyz amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Şol maksatnamalar ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümini has-da döwrebaplaşdyrmaga, çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmaga we gaýtadan işlemäge, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga gönükdirilendir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere nebitgaz senagatyny ösdürmek we hususan-da, iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek bilen bagly tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän düzümleriniň işi, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynyň önümçilik we eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler, bu pudaklarda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 142,3 göterime barabar boldy. Senagat işlerini ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 138,5 göterime, sement öndürmek boýunça ösüş depgini 189,5 göterime, magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça ösüş depgini 122,1 göterime, sozulan metaly we gurnama-demirbeton önümlerini öndürmek boýunça ösüş depgini degişlilikde 106,1 göterime hem-de 120,4 göterime barabar boldy.

Wise-premýer Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, hasabat döwründe öndürilen önümleriň möçberiniň ösüş depgininiň 108,6 göterime, şol sanda nah ýüplükleriň öndürilişiniň ösüş depgininiň 100,1 göterime, nah matalaryň öndürilişiniň ösüş depgininiň 107,8 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 109,2 göterime barabar bolandygyny belledi. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda öndürilen önümleriniň möçberiniň ösüş depgini 101,5 göterime deň boldy.

Wise-premýeriň hasabatynyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň dokma pudagynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny pugtalandyrmak, kärhanalarda öndürilýän önümleri içerki we daşarky bazarlarda üstünlikli ýerlemek maksady bilen, erkin daşary ýurt puluna ýerlenmegi göz öňünde tutulýan dokma önümleriniň käbir görnüşlerini milli pulda satmagyň maksadalýyk boljakdygy bellenildi.

Hasabatyň barşynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalyk komitetiniň düzümlerine girýän kärhanalaryň işi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylyk derejesini ýokarlandyrmagyň, onuň ähli önümçilik artykmaçlyklaryny içerki we daşarky bazarlarda amala aşyrmagyň döwletimiziň täze senagat syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz önümçilikleri doly awtomatlaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Önümçilikler bolsa täze tehnologiýalar, maddy-çig mal serişdelerini rejeli hem-de netijeli peýdalanmak, senagat ulgamynda dünýäniň makroykdysady ýagdaýyny öwrenmek esasynda ösdürilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pudagyň önümçilik mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň dokma önümlerini öndürijileriniň eksport kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, täze hyzmatdaşlaryň, bäsleşige ukyply önümleri alyjylaryň we sarp edijileriň çäginiň giňeldilmegine ýardam etjekdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganowa söz berildi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygynyň ösüş depgininiň 119,6 göterim üpjün edilendigini belledi. Bu görkeziji bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça 115,8 göterime, lomaý satuw haryt dolanyşygy boýunça 121,7 göterime barabar boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda 11 aýyň dowamynda 138 birža söwdasy geçirilip, umumy hasaba alnan şertnamalaryň möçberi babatda 130,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan şu döwürde jemi 22 sergi we 24 maslahat geçirildi. Ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,3 göterime we peýdanyň ösüş depgini 124 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan öndürilen senagat önümleriniň ösüş depgini 181 göterime, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 166 göterime barabar boldy. Gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 88 göterim artdy. Şunda söwda haryt dolanyşygy boýunça 220 göterim, hyzmat ulgamynda bolsa 244 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, haryt teklipleriniň görnüşlerini giňeltmek we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlaryny daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek, söwda ulgamynyň okgunly ösüşini üpjün etmek, bazar ýörelgelerini ulanmak arkaly guramaçylyk şertlerini gowulandyrmak boýunça tabşyryklary berdi. Munuň özi bölek söwda ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, onuň düzümini kämilleşdirmäge we edilýän hyzmatyň hilini, alyjylaryň bähbitlerini goramagyň derejesini ýokarlandymaga hem degişlidir.

Milli Liderimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine ünsi çekip, biržanyň öz bähbitleri üçin däl-de, döwletiň bähbitleri üçin işlemelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz P.Taganowa biržanyň işini, onuň girdejilerini we çykdajylaryny seljermegi hem-de geçirilen seljermäniň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy. Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer şu ýylyň 11 aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, hasabat döwründe ulanmaga berlen desgalar barada habar aýdyldy. Bilim ministrligi boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň 27-si, çagalar baglarynyň 35-si, çagalar sagaldyş merkezleriniň 7-si ulanmaga berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi boýunça Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi, Infuzion erginlerini öndürýän kärhana işe girizildi, Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň durky täzelenen binasy açyldy.

Hasabatda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligine hem-de türkmen hünärmenleriniň taýýarlan okuw we ylmy edebiýatynyň neşir edilmegine aýratyn üns berildi. Hususan-da, hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 178-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 143-si neşir edildi.

Gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanda halkara ylmy maslahatlaryň 9-sy we sergileriň 3-si geçirildi.

Halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde türkmen okuwçylarynyň we talyplarynyň çykyşlary üstünlikli boldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, 125 medal gazandylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem halkara bäsleşiklerine işeňňir gatnaşyp, bu bäsleşiklerde jemi 53 medala eýe bolmagy başardylar. Türkmen türgenleri hem dünýä we Aziýa ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, altyn medallaryň 96-syny, kümüş medallaryň 91-sini we bürünç medallaryň 78-sini gazandylar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, degişli pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine gös-göni ýardam etmelidir diýip belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şol ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy bilen bagly bolan ähli meseleleri üns merkezinde saklamagy talap edip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Häzirki zaman türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň barşynda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine esasy ornuň berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ýagdaýyň milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça yzygiderli we netijeli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Giň gerimli oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ähli ulgamlaryň işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny talap edýär diýip, milli Liderimiz wise-premýere giň gözýetimli we döredijilik ylhamyna eýe bolan, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny işjeň özleşdirýän hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynda desgalaryň gurluşygynyň barşyny, şeýle hem ylym-bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegini, ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň okuw-usulyýet edebiýaty bilen üpjün edilmegini hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns we goldaw bermegi netijesinde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşine täze kuwwatly itergi berlendigini belledi.

Hasabatda kitaphanalaryň, muzeýleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, neşirýat işini we kinematografiýany ösdürmek, milli mirasy aýawly saklamak hem-de wagyz etmek, ilata ýokary derejede hyzmat etmek we daşary ýurtlarda türkmen medeniýetine mynasyp wekilçilik etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hususan-da, wise-premýer hasabat döwründe medeniýet işgärleriniň daşary ýurtlarda işleýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guralan çäreleriň 60-a golaýyna gatnaşandygyny belledi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri okuw maslahatlaryna, okuwlara gatnaşmak, tejribe alyşmak we hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen dünýäniň dürli ýurtlaryna ugradyldy.

Ylmy-tehniki gazananlary nazara almak bilen, ýurdumyzyň muzeýleriniň we kitaphanalarynyň işini kämilleşdirmek barada aýdyp, wise-premýer kitaphanalaryň elektron ulgamyna geçirilmegi boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Bellenilşi ýaly, hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 282 görnüşi, şol sanda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 132 görnüşi çap edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan baýlaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini, bu işde medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny belläp, olaryň işiniň täze usullaryny we serişdelerini gözlemegiň, işe jogapkärli çemeleşmegiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisine döredijilk taýdan garamagyň, Türkmenistanyň häzirki gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Sazlaşykly jemgyýeti we ýaşamak, halal we yhlasly zähmet çekmek hem-de raýatlarymyzyň döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin amatly şertleri bolan döwleti döretmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek häzirki wagtda medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen berk baglanyşyklydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa söz berildi. Wise-premýer 2013-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda gözegçilik edýän pudaklarynyň alyp barýan işleriniň netijeleri, olary ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem Demir ýol ulaglary ministrliginiň 11 aý üçin maliýe-ykdysady ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, umuman ulag-aragatnaşyk pudagy boýunça hasabat döwründe işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 106,8 göterime deň boldy.

Hususan-da, 11 aýda ösüş depgini degişlilikde Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça 103,5 göterim, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 146,4 göterim, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 104,4 göterim, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça 107,3 göterim boldy.

Hasabat döwründe tutuş ýurdumyz boýunça 525,5 müňden gowrak telefon nokady gurnalyp, meýilnama 187 göterim ýerine ýetirildi.

“Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň “Bereket-Etrek” bölegini gurmak boýunça geçirilýän işler barada habar bermek bilen, wise-premýer demir ýoluň 325 kilometrlik böleginiň ösen düzümli döwrebap demir ýoly bolup, häzirki wagtda onuň 168 kilometriniň gurlandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ýollarynyň köpugurly sebit düzümini döretmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şol ýollar bu gurluşyga gatnaşýan ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmaga we tutuşlygyna alanyňda, sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy hem-de durmuş-ykdysady ösüşi berkitmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz daşalýan ýükleriň we gatnadylýan ýolagçylaryň möçberiniň artdyrylmagyny, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulandyrylmagyny ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary“ döwlet milli gullugynyň işini häziri döwrüň talaplaryna laýyk derejede guramak bilen baglynyşykly meselelere degip geçmek bilen, ähli ugurlar boýunça gatnaýan uçarlarda ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetiniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Bu babatda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra welaýatlaryň ýolbaşçylaryna söz berildi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow şu ýylyň 11 aýynda welaýatda geçirilen işler hakynda habar berdi.

Welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzümlerini kämilleşdirmek baradaky geçirilýän iş barada hem aýdyldy. Hasabat döwründe medeni-durmuş maksatly desgalaryň 38-si ulanmaga berildi we Täze ýylyň öňüsyrasynda ýene-de dört desganyň açylmagy göz öňünde tutulýar.

Häkim welaýatda Täze ýyly baýram etmäge görülýän taýýarlyk hakyndaky meseläni gozgap, ilata elýeterli nyrhlardan oňat hilli önümler bilen üpjün edilen bazarlaryň hem-de söwda merkezleriniň işiniň we arassaçylyk ýagdaýynyň berk gözegçilige alnandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň senagatyny köptaraplaýyn ösdürmek, täze kärhanalary gurmak, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, döwrebap obalary döretmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda ilaty arassa agyz suwy, gaz hem-de elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra mejlisde Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çykyş etdi. Ol hasabat döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 7-si, orta mekdepleriň 4-si, saglyk öýi, sport toplumlarynyň 3-si, şeýle hem umumy meýdany 27,5 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar ulanyşa tabşyryldy.

Şeýle hem durmuş ulgamynyň edaralaryny gyş möwsümine we ýetip gelýän baýramçylyga taýýarlanmagyň çäklerinde geçirilen işler barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitde obasenagat toplumyny has-da ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem welaýatda bina edilýän durmuş-ykdysady ähmiýetli desgalarda işleriň ýagdaýlaryna berk gözegçilik etmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem baýramçylyk mynasybetli medeni - köpçülikleýin çäreleri guramagyň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew 2013-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri barada çykyş edip, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, welaýatyň býujetinde goýlan girdejiler boýunça meýilnama 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberi 139,6 göterime barabar boldy—jemi alnanda şu ýylyň başyndan bäri welaýatda dürli maksatly desgalaryň 25-den gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ýaşaýjylarynyň maddy-hal ýagdaýynyň derejesini ýokarlandyrmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi gowulandyrmak barada görülýän çäreler yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk we gurluşyk işlerinde, şeýle hem senagat kärhanalarynda we maldarçylyk toplumlarynda ýokary görkezijileri gazanmaga gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmek boýunça hem anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda senagat desgalaryny gurmak bilen bir hatarda ulag düzümlerini döretmek, sebiti mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan gaz geçirijileri hem-de elektrik geçiriji ulgamlary gurmak boýunça işleriň depginlerini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra çykyş eden Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça welaýatyň esasy ykdysady görkezijileri hakynda hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatda zähmet haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň hem-de talyp haklarynyň tölenilendigi barada hem aýdyldy. Häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" amala aşyrylyşynyň meseleleri boýunça hasabat döwründe welaýatda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 35-siniň gurlandygyny hem-de ulanmaga berlendigini habar berdi.

Häkim Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan medeni çärelere taýýarlyk görmek, şu mynasybetli welaýatyň söwda merkezlerinde hem-de bazarlarynda azyk önümleriniň we harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda-da aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Milli özgertmeler maksatnamalaryny we ýurdumyzda kabul edilen beýleki möhüm maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda amala aşyrylýan işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, häkime bu barada degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi. Halkymyzyň abadançylygy hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny nygtap, welaýatyň ilatyny arassa agyz suwy, gaz we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesine ünsi çekdi hem-de munuň üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz obada düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň häzirki günüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, häkime bu ugurda belli bir maksada gönükdirilen işleri dowam etdirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra welaýatda şu ýylyň 11 aýynda geçirilen işler hakyndaky hasabat bilen Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çykyş etdi. Ol ähli möhüm ugurlarda işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we birnäçe desgalary gurmak boýunça işler hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem häkim şu ýylyň 11 aýynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň 31-siniň ulanmaga berlendigini habar berdi. Welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda durmuş meselelerini çözmäge ünsi çekip, ýerlerde ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän beýleki desgalary gurmagyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, täze häzirki zaman obalaryny we şäherçelerini döretmek, ilaty gaz we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ýaly möhüm meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakyndaky alada türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň häzirki hem-de geljekki ösüşiniň esasy ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda, bellenilişi ýaly, umuman obasenagat toplumy boýunça önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 106,1 göterime deň boldy. Şunda Oba hojalyk ministrligi boýunça görkeziji 108,3 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 102 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 107 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 148,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,2 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,3 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 101,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 114,8 göterime ýetdi.

“Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinde umumy göwrümi 360 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatorlaryň 8-siniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle-de maldarçylyk toplumlarynyň, pagtany gaýtadan işleýän we pagta arassalaýan kärhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda kuwwaty ýylda 8 million sany ýumurtga we Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýylda 8 million sany ýumurtga, 1 müň tonna guş etini öndürýän guşçulyk toplumlarynyň gurluşyk işleri dowam etdirilýär.

Oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy barada aýdyp, wise-premýer şeýle hem häzirki wagtda döwlet maldarçylyk birleşiginiň garamagynda duran maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň 45-sini hususylaşdyrmaga taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygyny özgertmek ulgamynda pudagyň düşewüntliligini has-da artdyrmaga, onuň senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga, dürli görnüşli ýokary hilli önümleri öndürmegiň möçberini artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň häzirki günüň möhüm wezipeleri bolup durýandygyny nygtady. Onuň çözülmegi üçin hemme ykdysady serişdeleri we bar bolan mümkinçilikleri herekete getirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işlere öňdebaryjy tehnologiýalary we oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, azyk toplumynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem geljek ýylyň bereketli hasylynyň binýadyny tutýan ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak işlerini yzygiderli dowam etmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek üçin degişli çäreler görülmelidir diýip aýtdy.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan jemagat hyzmatlarynyň guralyşyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň, gazyň we agyz suwunyň ulanylyşyna gözegçilik etmek ulgamyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri baradaky, şeýle hem Döwlet maldarçylyk birleşiginiň we daýhan birleşikleriniň garamagyndaky ulanylmaýan guşçulyk we maldarçylyk fermalaryny kärendä we hususy eýeçilige bermek boýunça alnyp barylýan işlere geçirilen seljermäniň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Azyk senagaty döwlet birleşiginiň “Maryşeker” paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça gözegçilik barlagy hakyndaky hasabat hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşy diňläp, ilatymyzyň elektrik energiýasy, gaz we agyz suwy bilen mugt üpjün edilişine netijeli gözegçiligiň guralmagy bu serişdeleriň sarp edilişiniň anyk hasabyny ýöretmek üçin zerurdygyny hem-de häzirki zaman kadalaryna laýyklykda olaryň berilýän ulgamlarynyň saklanylyşynyň, hyzmat edilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz jemagat hyzmatlarynyň ulgamlaryny kämilleşdirilmeginiň raýatlaryň durmuşynyň hiliniň ýokary ülňülerini gazanmagy göz öňünde tutýan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we şäher gurluşygynyň maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň jemagat hojalygynyň düzümleýin üpjünçiligini ösdürmek boýunça görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk önümçiligine kiçi we orta telekeçiligi has işjeň çekmegiň möhümdigi hakynda söz açyp, maldarçylyk pudagynyň boş duran kärhanalaryny hususy eýeçilige ýa-da kärendä bermek barada sazlaşykly gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi bu ugurda işewür, hojalyk başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek üçin şertleri döreder.

Milli Liderimiz “Maryşeker” paýdarlar jemgyýeti babatda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy W.Weliýewe bu kärhananyň tehniki binýadyny täzelemegiň pes depginleri üçin nägilelik bildirip, ýagdaýy düzetmek hem-de degişli işleri çaltlandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda başga işe geçmegi sebäpli A.Rejebowy Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministriniň wezipesini ýerine ýetirmekden boşatmak, K.Gurbanowy Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara, A.Rejebowy Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministriniň orunbasary, K.Kulyýewi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek, şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin G. Berdiýewi Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, öz çykyşynda şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerini häsiýetlendirdi, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan meselelerine hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe ugurlaryna degişli meselelere unsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde eziz Watanymyz Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdir. Ýurdumyzyň güýçli depginler bilen ösýän kuwwatly ykdysadyýeti bar. Döwletimiziň ykdysadyýeti daşary ýurt maýa goýumlary üçin örän özüne çekiji bolmagynda galýar. Ykdysadyýetimiziň ösüşiniň şu ýyldaky netijeleri biziň bu aýdanlarymyzy tassyklaýar.

Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 10,1 göterime barabar boldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz öňküsi ýaly, döwletimiziň ykdysadyýetine uly möçberlerde maýa goýumlaryny goýýarys. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde maýa goýumlarynyň möçberi 7,2 göterim artdy hem-de 41 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi hem köpelip, 28 milliard 400 million amerikan dollaryna barabar boldy. Ýurdumyzda zähmet haklary 11 göterim ýokarlandy. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti şol bir derejede durnukly saklanýar. Puluň hümmetiniň peselmegi göz öňünde tutulan çäklerden geçmeýär.

Ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy. Gurluşyk, senagat pudaklarynda we ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Oba hojalygyny özgertmek boýunça gören çärelerimiz hem özüniň gowy netijelerini berip başlady diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanmak bilen nygtady. Şu ýyl dänäniň we pagtanyň bol hasyly alyndy.

Ýurdumyzda iri zawodlaryň we fabrikleriň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iki müňe golaý iri desganyň gurulýandygyny belledi.

Biziň amala aşyrýan özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz ýataklary özleşdirilýär we abadanlaşdyrylýar. Esasy gaz geçirijileriň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Şular bilen bir hatarda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň giň gerim bilen gurulýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň soňra belleýşi ýaly, biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz öz durnukly içerki ýagdaýy we berk syýasy ulgamy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar. Bu bolsa, bize halkara giňişliginde özümizi ynamly duýmaga, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyz ýakyn goňşularymyz bolan Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan we Özbegistan bilen ysnyşykly hem-de köp taraply gatnaşyklary ösdürmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýandynyny nygtady. Biz sebitiň beýleki döwletleri – Täjigistan we Gyrgyzystan bilen hem gatnaşyklarymyzy işjeň ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz gürrüňini dowam edip, sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmek we ynanyşmak – Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamagyň hem-de berkitmegiň kesgitleýji şerti bolup durýandygyny belledi. Sebitde depginli ykdysady we durmuş ösüşini gazanmakda, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmakda, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmekde şeýle oňyn şertleriň möhüm ähmiýeti bardyr. Soňky ýyllarda biziň sebitimiz uzak möhlete gönükdirilen ählumumy durnukly ösüşiň gazanylýan, möhüm ulag, aragatnaşyk we energetika ulgamy bar bolan esasy sebitleriň birine öwrülýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady .

Häzirki döwürde biz iki sany iri ulag taslamasyny – «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýolunyň we «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýol geçelgesiniň gurluşygyny bilelikde amala aşyrýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzyň sebitdäki strategiýasynyň maksady – giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmak hem-de ösüşiň möhüm meselelerini çözmek üçin, Merkezi Aziýada amatly geosyýasy we geoykdysady şertleri döretmäge doly möçberde ýardam bermekden ybaratdyr. Şu maksatlardan ugur alyp, Garaşsyz, Bitarap döwletimiz goňşy ýurtlar bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem alyp barýan işlerini yzygiderli dowam eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda Günorta Kawkaz döwletleri bilen dostlukly hyzmatdaşlygy alyp barmak möhüm orny eýeleýär. Biziň ýakyn goňşularymyz barada aýdylanda bolsa, men Azerbaýjan bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýandygymyzy ýaňy hem belläp geçdim diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şol bir wagtda biz Ermenistan we Gruziýa bilen hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýäris.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň meselesine degip geçip, döwlet Baştutaynmyz şu ýyl Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýurdumyza bolan saparynyň dowamynda Strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Bilelikdäki Jarnama gol çekilendigini belledi. Bu ýurt bilen bizi ählumumy ösüşiň we sebiti ösdürmegiň esasy meseleleri boýunça birek-birege düşünýändigimiz baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde Hytaý Türkmenistanyň örän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy, türkmen tebigy gazyny esasy sarp ediji ýurt bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýöne, biz Hytaý bilen diňe bir ýangyç-energetika pudagynda alyp barýan gatnaşyklarymyz bilen çäklenmeli däldiris. Biz hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemelidiris, harytlary özara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň üstünde işlemelidiris. Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek geljekde hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm strategik ugry bolar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Umuman, soňky döwürde, aýratyn-da, şu ýyl biz daşary syýasatymyzda Aziýa–Ýuwaş umman sebitine berýän ünsümizi has-da güýçlendirdik diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şu ýyl biz Ýaponiýa ýokary derejede resmi sapary amala aşyrdyk. Ýaponiýa bolan saparymyz bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, iri ýapon işewürleriniň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

Şu ýyl Ýaponiýada, Malaýziýada we Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Ilçihanalarynyň açylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtlaryň kuwwatly ykdysadyýeti, söwda, tehnologik we maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny, bu döwletleriň halkara syýasy giňişligindäki täsiriniň hem ulydygyny nygtady. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, degişli ministrlikler we pudak edaralary, biziň Ilçihanalarymyz bu ýurtlar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini düýpli seljermeli, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini görkezmek bilen, öz tekliplerini bermeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Günorta Aziýa, däp bolşy ýaly, biziň üçin möhüm ähmiýetli sebit bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biz Hindistan we Päkistan bilen gatnaşyklarymyzy birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barýarys. Bu döwletlere biz möhüm syýasy, söwda-ykdysady we energetika boýunça hyzmatdaşlarymyz hökmünde garaýarys. Bu döwletler we Owganystan bilen bilelikde, halkara maliýe edaralarynyň, hususan-da, Aziýanyň Ösüş bankynyň gatnaşmagynda hem-de goldamagynda biz «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam edýäris. Şu ýyl geçirilen dört taraplaýyn gepleşikler bu taslamany iş ýüzünde amala aşyrmaga umumy taýýarlygyň bardygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biziň ýene-de bir strategik hyzmatdaşymyz bolan Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklarymyz geçip barýan ýylda yzygiderli we netijeli ösdürildi. Russiýa bilen halkara guramalarynda, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda, şeýle hem sebit derejesinde işjeň hyzmatdaşlyk edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Biz Belarus, Ukraina we Moldowa bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk we özara bähbitli gatnaşyklarymyzy gyşarnyksyz ösdürýäris. Bu gatnaşyklaryň Gara deňziniň sebitine, Günorta, Gündogar we Merkezi Ýewropanyň döwletlerine çykmaga gönükdirilen, biziň ulag ulgamlaryny ösdürmek baradaky meýilnamalarymyzy göz öňünde tutanyňda aýratyn uly ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biziň Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklarymyz hem dost-doganlyk ruhunda alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dwoam etdi. Bu gatnaşyklaryň Merkezi Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde özara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Şeýle hem, sebitara gatnaşyklarynyň täze ulgamyny ýola goýmak boýunça bilelikde alnyp barylýan köptaraplaýyn işleriň gerimini giňeltmäge oňyn täsir edýär.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz Ýewropa Birleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi goldamak, täze howplara we wehimlere garşy göreşmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlyk edýäris.

Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýany Orta we Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen birleşdirjek Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek baradaky bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetini belledi.

Bu ugurda hyzmatdaşlyk edilmegi Türkmenistanyň dünýä ykdysady we söwda gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri açar. Şoňa görä-de, bu möhüm meseläni Ýakyn Gündogar sebiti bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalarynda göz öňünde tutmak maksadalaýyk bolar. Şonuň üçin hem, geljegi uly bolan bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da güýçlendirilmelidigini milli Liderimiz belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, geljekde biziň öňümizde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny has-da berkitmäge, ähli esasy ugurlar boýunça dünýäniň döwletleri we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan amatly şertleri netijeli ulanmaga gönükdirilen möhüm wezipeler durýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek biziň Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugry bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2013–2017-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy biziň üstümize uly jogapkärçilik ýükleýär.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine bellenen möhletlerde Türkmenistanyň ÝUNESKO-da alyp barjak işiniň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Bu Guramanyň ýerine ýetiriji geňeşine has netijeli gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň alyp barýan işini güýçlendirmek zerur diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligine ýakyn wagtda şu mesele bilen bagly teklipleri taýýarlamagy we bermegi tabşyrdy.

Sebitler boýunça ileri tutulýan meseleler barada aýdanymyzda bolsa, biziň diplomatik we konsullyk edaralarymyz Günorta Ýewropa we Ortaýer deňziniň sebitiniň ýurtlary bilen giň gerimli işleri alyp barsalar, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Bu sebitde Italiýa we Ispaniýa ýaly uly we ykdysady taýdan ösen döwletler ýerleşýär. Bu döwletler soňky döwürde biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler diýip, homatly Preidentimiz belledi.

Biz Merkezi we Gündogar Ýewropanyň döwletleri bolan Polşa, Çehiýa, Slowakiýa we Baltika sebitiniň ýurtlary bilen anyk maksatlara gönükdirilen netijeli işleri alyp barmalydyrys. Bu ýurtlaryň geostrategiki we geoykdysady şertleri bize Ýewropa Birleşiginiň iri bazarlaryna tapgyrma-tapgyr çykmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar diýip, Türkmenistanyň Prezdenti belledi.

Latyn Amerikasy döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhammedow nygtady. Bu kontinentiň Braziliýa, Meksika we Argentina ýaly ýurtlary dünýäniň ykdysady taýdan has ösen ýigrimi döwletiniň hataryna girýär. Bu ýurtlar dürli ugurlar boýunça giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Daşary işler ministrligine 2014-nji ýylda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny we degişli edaralaryny açmak boýunça meýilnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Häzirki döwürde bu ugurda göz öňünde tutulan işleri geçirmek üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýgnananlara ýüzlenip, energiýa howpsuzlygy we ekologiýa ýaly, ýurdumyz üçin möhüm meseleler boýunça hem dünýäde döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli we tutanýerli goramagy dowam etmelidigimizi nygtady. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky rezolýusiýasynyň ähli düzgünleriniň takyk ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermeli. Energiýa howpsuzlygy ulgamynda öňe süren başlangyçlarymyzyň halkara derejesinde giňden goldanmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ähli Ilçihanalary we wekilhanalary bu ugurda netijeli işleri alyp barmaly.

Ýokarda aýdalanlar bilen birhatarda milli Liderimiz şeýle hem biziň alyp barýan daşary syýasatymyza ekologiýa diplomatiýasy düşünjesiniň berk ornaşmalydygyny nygtady. Biz halkara giňişliginde, dürli maslahatlarda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ýokary derejede geçirilen «Rio+20» maslahatynda öňe sürlen başlangyçlary tutanýerli goldamalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Ekologiýa diplomatiýasyny Daşary işler ministrliginiň bu ugurda alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde görkezmelidiris diýip belledi.

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işi baradaky meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we gerimini giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň kanunçylyk binýadyny döretmek boýunça düýpli işleriň amala aşyrylandygyny nygtady. Şu ýyl «Diplomatik gulluk hakyndaky» we «Diplomatik derejeler hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi.

Halkara hyzmatdaşlygy ulgamynda biziň öňümizde giň gerimli wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, biz daşary syýasat edaramyzyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň işine aýratyn üns berýäris we geljekde hem üns bereris. Biz ýurdumyzyň diplomatik gullugyny ähli zerur şertler bilen üpjün ederis. Bu aýdalynlara tassyknama hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň meseleleri hakyndaky» karara we «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» karara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi Ç. Rüstemowa söz berdi.

Çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat bu ýere ýygnananlaryň hemmesini ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly waka—ýakynda bellenilip geçilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy, Mejlisiň bäşinji çagyrylyş deputatlarynyň ählihalk saýlawlarynyň üstünlikli geçmegi we ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady.

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegine laýyk bir ýyl bolandygyny belläp, Ç.Rüstemowa bu möhüm resminamada bellenilen esasy ugurlaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň, daşay ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işi üçin esas bolandygyny nygtady.

Bellenilişii ýaly, syýasy, ykdysady, durmuş-medeni ulgamyndaky möhüm wakalar, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda, energetikada, ulag pudagynda we beýleki wajyp pudaklaryň birnäçesinde gazanylan ýokary üstünlikler, ilat üçin döredilýän deňsiz-taýsyz ýeňillikler, hakyky we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň halkara abraýynyň gyşarnyksyz artmagyna ýardam etdi.

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan öz üstlerine ýüklenen jogapkärli wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin şertleriň döredilýändigine çäksiz hoşallyk sözlerini beýan edip, Ç.Rüstemowa türkmen diplomatlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarypyndan şu gün berlen tabşyryklaryň hemmesini abraý ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda diplomat pursatdan peýdalanyp, bu ýere ýygnananlara ýetip gelýän täze-- 2014-nji ýylda bagt, saglyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Amanmyradowa söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzda giňden bellenip geçilen baýramçylyk --Bitaraplyk güni bilen gutlap hem-de milli Liderimize Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet işinde täze uly üstünlikleri arzuw edip, ilçi türkmen ilçileriniň adyndan ýurdumyzyň daşary syýasat gullugynyň işine berýän ünsi we hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Doly ygtyýarly wekiliň belleýşi ýaly, bir ýyl mundan ozal “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edildi. Ol daşary ýurtlardaky resmi taýdan bellenen ilçihanalarymyz, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarymyz, konsullyk edaralarymyz üçin maksatnamalaýyn resminama öwrüldi.

Häzirki wagtda bütin dünýäde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda gazanan üstünlikleri ägirt uly gyzyklanma bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar döwür üçin UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri maslahatlaryň mejlislerinde beýan eden halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýeçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmaga—bularyň ählisi türkmen döwletiniň barha artýan halkara abraýyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasat ugry netijesinde bu gün ýurdumyz möhüm halkara duşuşyklarynyň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriniň, syýasy geňeşmeleriň, maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň netijeli işlemegi üçin hemme şertleriň döredilendigini belläp, ilçi şu ýyl kabul edilen “Türkmenistanyň diplomatik gullugy hakyndaky” we “Türkmenistanyň diplomatik derejeleri hakyndaky” täze kanunlaryň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Ilçi öz kärdeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen diplomatlarynyň öňlerinde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli güýçlerini, tejribelerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna, Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, halklaryň ýakynlaşmagyna we ruhy baýlygy alyşmaga, ysnyşykly aragatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga saldamly goşant goşjakdyklaryna ýene-de bir gezek ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Täze ýyla çenli az wagt galdy diýip belledi. Asylly däbimize eýerip, biz köne ýylda başlan ähli işlerimizi täze ýyla geçirmän, şu ýylda tamamlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we ministrlere, hususan-da, A.Goçyýewe 2013-nji ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Geljek ýylda iş depginlerini has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny bellemek bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze ýyla çenli ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 2014-nji ýyl üçin meýilnamalaryny taýýarlap bermelidigini ýene-de bir gezek ýatlatdy.

Geljek ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek her bir ýolbaşçynyň borjudyr! Biz näçe köp iş bitirsek, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, berkarar Watanymyzyň abraýy hem barha ýokarlanar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň kadaly durmuşyny üpjün edýän gulluklaryň ählisiniň talaba laýyk we bökdençsiz işlemegini guramaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 29-njy dekabrdaky dynç gününi 31-nji dekabra geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisini ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.