Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 732
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, wedaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler iş maslahatynyň esasyny düzdi. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyza Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralary guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Satlykow we S.Toýlyýew çagyryldy. Wise-premýerler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerleriň hasabatlaryny diňläp, S.Satlykowa we S.Toýlyýewe Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ähli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, şatlyk, sahylyk we myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, türkmen toýlaryna mahsus ýagdaýda geçirilmelidigini belledi. Täze ýyl türkmenistanlylaryň iň söýgüli baýramçylyklarynyň biridigini bellemek bilen, milli Liderimiz paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl dabaralarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede geçirilmegine, köçeleriň, seýilgähleriň, meýdançalaryň we binalaryň toý çärelerine mahsus derejede bezelmegine, şeýle hem ähli degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine aýratyn ünsi çekdi.

Soňra wideoşekilli maslahata çagyrylan ýurdumyzyň energetika ministri M.Artykow Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksadynda geçirilýän goşmaça çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energetika desgalarynyň saz işlemeginiň, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmeginiň möhümdigine ýene bir gezek ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Täze ýylyň baýram edilýän günleri pudagyň energetika kärhanalarynda degişli gulluklaryň hünärmenleriniň gije-gündizleýin nobatçylygyny guramak barada tabşyryk berdi.

Soňra wideoşekilli maslahata söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew çagyryldy. Ol Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň bazarlarynyň ýokary hilli we dürli görnüşli önümler hem-de harytlar bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem baýramçylygyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlarynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Ministr baýramçylyk söwdalaryny geçirmegi guramak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar bermek bilen, pudagyň hemişelik hereket edýän söwda nokatlaryndan başga-da, täze ýyl arçalarynyň, täze ýyl söwgatlyklarynyň söwdasynyň guralyşy barada habar berdi. Bazarlary azyk hem-de senagat önümleri, şol sanda täze ýyl bezegleri we beýlekiler bilen doly üpjün etmek maksady bilen gaýtadan işleýän kärhanalaryň hem-de söwda guramalarynyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklar ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz ilaty Täze ýyl baýramçylygynyň bellenýän günlerinde uly islegden peýdalanýan harytlar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmegi berk gözegçilige almagyň zerurdygyny belläp, söwda kadalaranyň berjaý edilişini, alyjylara, şol sanda alysda ýerleşýän ilatly künjeklerde hem hyzmat edilişiniň hiline gözegçiligi güýçlendirmek barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz şeýle hem söwda edilýän ýerlerde arassaçylyk ýagdaýyna aýratyn üns bermek barada görkezmeler berdi.

Wideoşekilli maslahatda tiz lukmançylyk kömegini ýokary derejede guramagyň, saglyk öýleriniň we beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň baýramçylyk günlerinde iş tertibiniň meseleleri barada ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, ilaty öz wagtynda lukmançylyk hyzmaty hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmek maksadynda saglygy goraýyş edaralarynda we dermanhanalarda işgärleriň nobatçylygy guraldy, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini gyssagly ýagdaýda bermek baradaky ýüztutmalar boýunça çäreler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, näsaglary kabul etmek boýunça bölümleriň we saglygy goraýyş edaralarynyň nobatçylyk gulluklarynyň işlerine, tiz lukmançylyk kömeginiň guralyşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada tabşyryk bermek bilen, köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän döwründe goşmaça lukmançylyk toparlaryny döretmegi göz öňünde tutmaga ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem baýramçylyk günleri saglygy goraýyş edaralarynyň iş tertibi barada ilatyň habardar edilmeginiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz iş maslahatyň dowamynda wideoşekilli göni aragatnaşyga jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowy çagyrdy, ol jemagat hojalygy gulluklarynyň Täze ýyl baýramçylygy döwründe meýilleşdirilen iş tertibine taýýarlygy. şeýle hem ähli ulgamlaryň işleriniň ýola goýluşy barada hasabat berdi. Ilaty jemagat hojalygy hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça goşmaça çäreler görüldi, her ugur boýunça jogapkär nobatçylar bellenildi.

Milli Liderimiz baýramçylyk günleri jemagat hojalygy gulluklarynyň bilelikdäki işlerini sazlaşykly guramagyň möhümdigini belläp, ilatly ýerlerde, köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän meýdançalarynda arassaçylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns bermek bilen, ýörite tehnikanyň, degişli işgärleriň taýýarlygy barada tagalla etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin dabaralaryň geçirilmegi bilen baglanyşykly desgalaryň, meýdançalaryň we seýilgähleriň, arçalaryň töweregindäki baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerlerini aýratyn gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady.

Wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri M.Gurbandurdyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem baýramçylyk günlerinde ýolagçy ulaglarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanlylaryň Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli amatly şertler bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ministre ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda jemgyýetçilik ulaglarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz awtobuslaryň we taksileriň hereketiniň amatly tertipnamasyny işläp taýýarlamaga oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ministrlige degişli edaralarda we kärhanalarda nobatçylygy ýola goýmak hem-de olaryň işini göwnejaý utgaşdyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli maslahatyň barşynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, süýümli, öýjükli we Internet ulgamlarynyň ygtybarly hem-de bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ähli aragatnaşyk kärhanalarynda enjamlaryň durnukly işlemegi üçin abatlaýyş, ulanyş – tehniki çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Baýramçylyk günlerinde aragatnaşyk gullugynyň netijeli işini üpjün etmek maksady bilen, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmäge gönükdirilen, näsazlyklaryň ýüze çykan ýagdaýynda olary aradan aýyrmak üçin ýörite galjaň toparlary döredildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň bu pudagy ösdürmek babatynda yzygiderli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümleriň ählisiniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmagyň zerurdygyna ministriň ünsüni çekip, aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň netijeli işlemegine we ilata ýokary hilli hyzmat edilişine göwnejaý gözegçiligiň ýola goýulmagyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli maslahatda demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän işler we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmegi üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem baýramçylyk günlerinde demir ýol ulagynyň işini talabalaýyk guramak maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz işleri bildirilýän talaplara laýyklykda guramagyň wajypdygyny belläp, ministrden Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk babatda işlere jogapkärçilikli çemeleşmek arkaly ähli çäreleri görmegi talap etdi. Ýolagçylary gatnatmak we petekleriň satuwyny göwnejaý ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz demir ýol ulaglary pudagynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk boýunça geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowy çagyrdy, ol Täze ýyl baýramçylygy günlerinde pudagyň düzümleriniň işlerini guramak barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, baýramçylyk günleri ýolagçylary gatnatmagy üpjün etmek üçin ýerli howa ugurlary boýunça goşmaça 20 howa gatnawy amala aşyrylar. Şunuň bilen birlikde,gullugyň garamagyndaky ähli kärhanalaryň durnukly işini üpjün etmek maksady bilen nobatçylyklary guramak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp,“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarlaryň ygtybarly ulanylyşynyň ýokary derejesini we şunuň bilen bagly tehnikalara hyzmat etmek boýunça degişli işleri yzygiderli geçirmegi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk günlerinde gullugyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, petekleriň satuwy we howa gatnawlarynyň tertibiniň berjaý edilmegi bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň bilim ministri G.Mämmedowa çagyryldy. Ol ýurdumyzyň okuw-terbiýeçilik edaralarynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilmeli çärelere we mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamagyň we mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşyny göwnejaý guramagyň, şu döwrüň çagalaryň ýadynda şatlykly pursatlar hökmünde hemişelik galmagyny üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Bilim ministrligi tarapyndan guralýan ähli baýramçylyk çäreleriniň, şeýle hem çagalar üçin Täze ýyl sowgatlaryny gowşurmagyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Täze ýyly mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly dabaralaryň örän gyzykly hem-de many-mazmunly bolmalydygyny, baýramçylygyň uly ruhubelentlik döretmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem bilim ulgamynda nobatçylygy guramak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň medeniýet ministri G.Mämmedowanyň hasabaty diňlenildi. Ol ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we paýtagtymyzda guralýan baýramçylyk dabaralaryna Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şeýle hem baýramçylyk günlerinde dürli medeniýet ulgamlarynda medeni-dynç alyş çärelerini, konsertleri guramak, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň Täze ýyl arçalary oturdylan baş meýdançalarynda medeni çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylygyna halk we estrada aýdymlarynyň ussat ýerine ýetirijilerini, tans we folklor toparlaryny hem-de beýleki döredijilik toparlaryny işjeň çekmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdmy-sazly çykyşlarynda türkmenistanlylaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Täze ýyly ýokary ruhygöterilişi ýagdaýynda garşylaýandyklaryny aýdyň äşgär etmelidirler.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow çagyryldy, ol Täze ýyl baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek döwründe jemgyýetçilik düzgün-tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Täze ýylyň ýurdumyzda asylly däp boýunça giňden we dabaraly bellenilýän iň gowy görülýän ählhalk baýramlarynyň biridigini nygtap, Belent Serkerdebaşymyz ministre kanunçylygyň we jemgyýetçilik hukuk tertibiniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi üçin ähli çäreleri görmek barada tabşyryk berdi. Bu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk günleri ulag hereketiniň has-da artjakdygyny göz öňünde tutup, ýol-ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmammedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň bazarlarynda azyk bolçulygyny we olaryň nyrhynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda ähli ulgamlarda alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz esasan-da, baýramçylyk günlerinde welaýatda ýolagçy ulaglaryň, jemagat hojalygy gulluklarynyň, şeýle hem beýleki degişli ulgamlaryň sazlaşykly işini üpjün etmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow göni aragtanaşykda geçirilýän iş maslahatyndaky çykyşyny häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol ulydan kiçä ähli adamlaryň söýgüli baýramçylygy bolan Täze ýyly mynasyp garşylamak babatda düzülen meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, baýramçylyk günlerinde häkimliklerde, şeýle hem edara-kärhanalarda nobatçylygy talabalaýyk guramak, körpelere baýramçylyk sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sebitde ýolagçy ulaglarynyň we jemagat hojalygy gulluklarynyň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda R.Hydyrowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky karara gol çekdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem ol welaýatyň durmuşa ulgamyna degişli düzümlerde sazlaşykly işi üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmagyň, häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi we adamlaryň Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamagyny şertlendirýän ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygy günlerinde häkimliklerde, edara-kärhanalarda nobatçylygy talabalaýyk guramagyň zerurdygyny belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çykyşynda şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem hemmeleriň çäksiz söýgi bilen garşylaýan Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň senagat we durmuş ulgamyny sazlaşykly ösdürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talabyna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekip, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Täze ýyl baýramyna ykjam taýýarlyk görmek, şol günlerde ýolagçy ulaglarynyň we jemagat hojalygynyň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ähli ugurlary boýunça sazlaşykly işi üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejede geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty dihňläp, welaýatda Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde häkimliklerde, şeýle hem edara-kärhanalarda nobatçylygy talabalaýyk guramak we baýramçylyk günlerinde ýolagçy ulaglarynyň, jemagat hojalygy gulluklarynyň bökdençsiz işini berk gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz A.Ýagmurowy Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy, ol türkmen paýtagtynda abadanlaşdyryş we beýleki degişli işleriň geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülik çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň ähli babatda ýurdumyzyň baş şäheri hökmünde öz ýokary derejesine we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna kybap gelmelidigini belläp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, bu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri üns merkezinde berk saklamagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz Täze ýyl dabaralaryny geçirmek meselelerine ünsi çekip, paýtagtymyzda ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek, gyşky dynç alyş möwsüminde ýaş türkmenistanlylaryň wagtyny gyzykly geçirmegi barada degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häkime baýramçylyk günleri häkimliklerde, şäheriň edara-kärhanalarynda nobatçylygy guramak barada tabşyryklar berip, Aşgabadyň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň - ýolagçy ulaglarynyň, jemagat we beýleki gulluklaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagadýy we milli Liderimiziň Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektroenergiýanyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilklerini öwrenmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew çykyş etdi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalaryny hödürledi.

Elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ägirt uly energetika we ykdysady kuwwatynyň daşary ýurtlara iberilýän eksport harytlarynyň möçberlerini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Türkmenistan üçin uly ähmiýeti bolan energetika boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz bu babatda energiýa geçirijileriniň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdrmagyň türkmen tarapy üçin strategik ugur bolup durýandygyny belledi.

Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Owganystana iberilýän elektroenergiýanyň möçberini artdyrmak, energetika düzümini giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere taýýardygyny aýtdy. Biziň ýurdumyz hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär we owgan halkyny elektroenergiýa bilen üpjün etmek, Owganystanyň çäklerinde birnäçe ykdysady desgalary gurmak boýunça anyk işleri alyp barýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganowy çagyrdy. Ol öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işlerini geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň taslamalary we olaryň ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän ýerler bilen jikme-jik tanşyp, olar babatda birnäçe anyk bellikleri we teklipleri aýtdy. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz wise-premýerler Ş.Durdylyýewe we P.Taganowa gözegçilik edýän düzümlerinde gurulýan desgalar, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de şu meseleler bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahahtynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowanyň hasabaty hem diňlenildi. Wise-permýer hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejede guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Baýramçylyk maksatnamasynyň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda geçirilýän köpsanly medeni çäreleri öz içine alýandygy, olaryň hemmesiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we milli tele radio ýaýlymlarda giňden beýan edilýändigi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli tele radiogepleşikleri guramaga we konsert maksatnamalaryny taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşýärler diýip, wise-premýer aýtdy.

Baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orny eýeleýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz ähli baýramçylyk dabaralarynyň ýokary çeperçilik ýagdaýda guralmalydygyny hem-de özboluşlylyk, aýdyňlyk esasynda we milli öwüşgünde taýýarlanylmalydygyny hem-de ýokary ruhy göterilişi ýagdaýynda geçirilmelidigini tabşyrdy. Baýramçylyk mynasybetli guralýan tele we radiogepleşikleriň, çap edilýän makalalaryň many-mazmunyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini, şeýle hem baýramçylyk günlerinde ýaýlyma çykýan telewizýon studiýalarynyň, döwürleýin neşirleriniň bezeg işlerine üns berilmelidigini nygtady. Mälim bolşy ýaly, täze – 2014-nji ýyl gündogar senenamasy boýunça bedew nyşany astynda bolar, bu bolsa bütin dünýäde şöhrat gazanan ahalteke bedewlerine has-da üns bermek we wagyz etmek üçin oňaýly şerti emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, şu günki garalan we halkymyzyň nurana geljeginiň ähli ugurlarynda abadan hem-de mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen meseleleriň örän wajypdygyny belledi. Iş maslahatynynda başga-da birnäçe meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek üçin alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.