Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda sözlän sözi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda sözlän sözi

view-icon 760
(Aşgabat ş., 2014-nji ýylyň 7-nji ýanwary)

Hormatly deputatlar!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Ilki bilen ýurdumyzyň Hökümetiniň adyndan we öz adymdan täze saýlanan deputatlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylaryny Mejlisiň täze çagyrylyşynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk we işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Şeýle hem, men Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlaryna netijeli işländikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary mähriban halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda ak ýürekden, yhlasly zähmet çekdiler. Olar ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşdular we örän uly jemgyýetçilik ähmiýetli işleri amala aşyrdylar.

Geçen bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 23 maslahatynyň geçirilendigini bellemek isleýärin. Şol maslahatlarda jemi 466 resminama, şol sanda 245 sany Türkmenistanyň Kanuny we 221 sany Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.

Şonuň bilen birlikde, geçen döwürde milli kanunçylygymyza halkara hukuk kadalaryny we standartlaryny ornaşdyrmaga uly üns berildi. Bu bolsa, dünýäniň hukuk giňişligine ýurdumyzyň üstünlikli goşulmagyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Bu resminamalardan başga-da, halkara şertnamalaryny we konwensiýalaryny tassyklamak ýa-da olara goşulmak barada Türkmenistanyň Mejlisiniň 32 karary kabul edildi.

Kabul edilen kanunlaryň örän möhüm maksatlara ýetmäge – jemgyýetde demokratik ýörelgeleri giňeltmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga we olary durmuşa geçirmek üçin täze maddy şertleri döretmäge gönükdirilendiginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Kabul edilen kanunlar işjeň daşary syýasaty alyp barmaga, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny ösdürmäge, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň hukuk esaslaryny döretmäge hem-de kämilleşdirmäge, telekeçilige goldaw bermäge we köp sanly beýleki möhüm maksatlara ýetmäge ýardam berdi.

Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek bilen bagly öňümizde durýan wezipelere laýyklykda, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynyň örän möhüm ugurlaryna degişli jemlenen kanunçylyk namalary kabul edildi. Bu kanunçylyk namalary Türkmenistanyň Jenaýat-iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Howa, Ýaşaýyş jaý kodekslerini, Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksi, Arassaçylyk hem-de Maşgala kodekslerini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksi we Tokaý kodeksini öz içine alýar.

Kabul edilen kanunlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady, syýasy, ruhy-medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pugta hukuk binýadyny döretdi. Bu bolsa, bize jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berdi!

Hormatly deputatlar!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Biz ýurdumyzyň Parlamentiniň täze düzümine ýokary taýýarlykly, tejribeli adamlaryň saýlanandygyny uly kanagatlanma bilen belläp bileris. Parlamentiň täze düzümine saýlanan deputatlaryň aglaba bölegi ýaş deputatlardan ybaratdyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminde dürli hünärli ýokary bilimli adamlar bar. Täze saýlanan deputatlaryň ortaça ýaşy 45 ýaşa golaýdyr.

Täze saýlanan deputatlaryň hatarynda zenanlaryň sany hem artdy. Zenanlar deputatlaryň umumy sanynyň 26,4 göterimini düzýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň düzümine saýlanan deputatlaryň hatarynda beýleki milletleriň wekilleriniň hem bardygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Eziz Watanymyz – Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan dürli milletleriň wekilleriniň bir maşgala ýaly bolup, ruhubelent zähmet çekýän, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşaýan döwletidir!!

Hormatly deputatlar!

Biz her bir adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasydygyny hiç wagt unutmaly däldiris! Mejlisiň täze düzümi üçin hem, öňküsi ýaly, kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugry döwletimizde adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramakdan ybarat bolmagynda galmalydyr. Döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde we täze belentliklere ýetmeginde, şahsyýetiň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmekde hem-de giňeltmekde has düýpli maddy kepillikleriň göz öňünde tutulmagynyň örän möhüm ähmiýeti bardyr. Bu wezipeleri täze kanunlar işlenip taýýarlananda nazara almak we döredijilikli ulanmak zerurdyr.

Häzirki döwürde berkarar Watanymyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Biz bu üstünligi takyk hasaplamalaryň esasynda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň, bar bolan zähmet we tebigy gorlary netijeli ulanmagyň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijesinde gazandyk. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginleri abraýly halkara guramalary tarapyndan doly ykrar edilen ýokary makroykdysady görkezijiler esasynda tassyklandy. Şol halkara guramalarynyň çaklamalaryna görä, geljekde hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine garaşylýar.

Biz ýurdumyzy ýakyn onýyllyklaryň dowamynda ösdürmäge, döwletimizi oba hojalyk ýurdy bolanlygyndan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen, örän oňat işlenip taýýarlanan maksatnamalary tassykladyk. Bu ýerde esasy wezipe, ilkinji nobatda, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklaryny, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hyzmatlary edýän pudaklary döretmek we ösdürmek, umumydöwlet we dünýä ähmiýetli iri möçberli taslamalary milli hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna durmuşa geçirmek bolup durýar.

1. Bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary ykdysady ösüşiň innowasion ugruny üpjün edýän, bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde senagat pudaklarynyň işine itergi berýän, bu ugurda bar bolan ähli şertleri ulanmaga mümkinçilik döredýän häzirki hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň we täze kanunlary kabul etmegiň üstünde işlemelidirler.

2. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýynyň artmagy eýeçilik hukugyny we emläk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlary mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Şeýle hem, hususy telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, hususylaşdyrmak, maliýe bazarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek, ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ösdürmek, birža işini kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlarda ýurdumyzyň kanunçylygynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini seljermek zerurdyr. Ýurdumyzyň kanunçylygy bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde içerki bazarda bäsleşige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň hödürlenýän möçberleriniň artdyrylmagyna oňyn täsir etmelidir, ýurdumyzyň raýatlarynyň başlangyçlarynyň we telekeçilik ukyplarynyň ösmegine ýardam bermelidir!

3. Ylym we bilim ulgamlarynyň işini düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmegi dowam etmek zerurdyr. Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulmagy, ýurdumyzyň senagat taýdan ösdürilmegi bizden ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmegi talap edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu Kanun her bir adamyň öz ukyplaryna görä bilim almagynda giň mümkinçilikleri döredýär.

Biz gysga wagtyň içinde ýokary taýýarlykly hünärmenleri iş berijileriň – döwlet kärhanalarynyň we täjirçilik edaralarynyň hasabyna hem, isleg bildirýän raýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna hem tölegli esasda taýýarlamagy guramak bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän, oýlanyşykly düzülen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamalydyrys.

Şunuň bilen baglylykda, deputatlar bilim ulgamynda, ilkinji nobatda bolsa, ýokary bilim ulgamynda özgertmeleri dowam etmäge mümkinçilik berýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamalydyrlar.

Aň-bilim ulgamyna degişli kanun çykaryjylyk işlerini dowam etmek bilen, diňe bir bilim işini hukuk taýdan düzgünleşdirmäge däl, eýsem ylmy işe, döwletimiziň ylmy-tehniki syýasatyna,

Internet ulgamynyň hyzmatlaryny hödürlemäge, elektron resminamalar dolanyşygyny girizmäge we ony dolandyrmagy kämilleşdirmäge, häzirki zaman innowasion taslamalaryny işläp taýýarlamaga we önümçilige ornaşdyrmaga hem aýratyn üns bermeli. Şeýle hem, önümçilikde ylmy-amaly ähmiýetli işi alyp barmagy höweslendirýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamaly we kabul etmeli!

Hormatly deputatlar!

4. Mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm we ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Deputatlar saglygy goraýyş ulgamynyň işini, şol sanda azyk önümleriniň, agyz suwunyň hili hem-de howpsuzlygy bilen bagly, saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek, ýaramaz endikleri doly aradan aýyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunlary kabul etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidirler.

5. Häzirki döwrüň talaplaryna we halkara-hukuk standartlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ilatyny durmuş taýdan goramagy üpjün etmegiň dürli ugurlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmäge uly ähmiýet bermeli. Şeýle hem, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň netijeli işlemegi, okamagy, dynç almagy we hereket etmegi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns bermeli!

Hormatly deputatlar!

6. Ýakyn wagtlarda hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin niýetlenen ýer böleklerini bermegiň tertibini işläp taýýarlamaly we kanunçylyk esasynda berkitmeli. Biz halkymyzyň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda täze usullary ulanmalydyrys. Hususan-da, bu ugurda ýaşaýyş jaýlaryny raýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna we olaryň sargytlary boýunça gurup biljek hususy telekeçileriň mümkinçiliklerini has giňden ulanmagy göz öňünde tutmalydyrys.

Şeýle hem, möhüm senagat we durmuş ähmiýetli desgalary hususy telekeçileriň hasabyna gurmak üçin ýer böleklerini bermegiň tertibini belleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak bilen bagly meselelere seretmeli!

7. Biziň ýurdumyz «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda daşary ýurt firmalary we kompaniýalary bilen uzak möhletli üstünlikli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary şeýle netijeli özara hyzmatdaşlygy ýokary derejede dowam etmäge mümkinçilik berýän kanunçylyk namalarynyň üstünde işlemelidirler.

Olar halkara tejribesine daýanyp, şertnamalaýyn - hukuk gatnaşyklarynyň we halkara bäsleşiklerini geçirmegiň kanunçylyk binýadyny döretmek boýunça bar bolan kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmelidirler.

8. Biz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda iri möçberli özgertmeleri amala aşyrdyk. Bu bolsa bize ýurdumyzda azyk bolçulygyny gazanmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki döwürde oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek, azyk önümlerini öndürýän döwlet we hususy pudagyň kärhanalaryny ösdürmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda amala aşyrylýan işler oba hojalyk pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini talaba laýyk ulanmak zerurlygy bilen baglydyr. Şu maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary – siz, ýer we suw serişdelerini tygşytly ulanmak esasynda oba hojalyk kärhanalarynyň işini, maldarçylykda seçgi-tohumçylyk işini, öri meýdanlaryny ulanmagy, weterinariýa işini gowulandyrmagyň hukuk usullaryny netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berjek kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelisiňiz.

Şeýle hem, siz Türkmenistanyň Ýer hakyndaky we Suw hakyndaky kodekslerini kämilleşdirmek maksady bilen, olara täzeden seretseňiz maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Hormatly deputatlar!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


9. Eziz Diýarymyzyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr. Döwletimiz ekologiýa medeniýetini we hukuk düşünjesini kemala getirmäge, daşky gurşawy goramaga, mukaddes topragymyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen zerur çäreleri yzygiderli amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde tebigaty goramak hakyndaky, döwlet ekologiýa seljeriş topary hem-de galyndylary gaýtadan peýdalanmak hakyndaky kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek wezipeleri durýar.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde ilatymyzyň suwdan, tebigy gazdan we elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmagy bilen bagly täze kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek, hormatly deputatlar, siziň öňüňizde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Hormatly adamlar!

10. Biziň öz öňümizde goýan maksatlarymyz döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Şoňa görä-de, bu edaralaryň ýurdumyzyň Hökümetiniň we Mejlisiniň kabul eden çözgütlerini we kararlaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr.

Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak köp derejede şol edaralaryň netijeli işlemegine baglydyr.

Öňde durýan şu wezipelerden ugur alyp, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň işini guramagyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şeýle hem, bu edaralaryň özüne berlen ygtyýarlyklary doly möçberde we has netijeli ulanmaklaryny gazanmak, öz garamagyndaky sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri we iş bilen üpjünçiligi barada ýeterlik alada etmeklerini gazanmak üçin bu ugurda zerur işleri durmuşa geçirmeli!

Hormatly deputatlar!

11. Häzirki döwürde ýurdumyzda mähriban halkymyzyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we aýawly saklamak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Sebäbi, merdana halkymyzyň döreden ruhy gymmatlyklarynyň köpüsi dünýäniň ösen medeniýetiniň genji-hazynasyna giren gymmatlyklar bolup durýar. Şol medeni mirasyň we ruhy gymmatlyklaryň esasynda döwletimiziň medeniýet ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň döreden ajaýyp edebi we sungat eserlerini diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly deputatlar!

Siz bu möhüm işi mundan beýläk-de dowam etmelisiňiz. Ilkinji nobatda, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek bilen bir hatarda, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns bermeli.

Bar bolan we barha giňelýän mümkinçilikleri göz öňünde tutup, bu ugurda hereket edýän kanunçylyk namalaryny seljermeli we geçirilen seljerme işleriniň netijeleri boýunça bu kanunlara zerur bolan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.

Deputatlar öz saýlanan okruglarynyň çäklerindäki medeniýet öýleriniň, klublaryň, kitaphanalaryň netijeli işleýşini öwrenmelidirler we bu edaralara hemmetaraplaýyn maddy taýdan goldaw bermek boýunça öz tekliplerini hödürlemelidirler. Has giň manyda aýdylanda bolsa, Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlary – siz, jemgyýetimiziň bütin ruhy durmuşyny özgertmäge we ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamyny ösdürmäge we has-da pugtalandyrmaga işjeň gatnaşmalysyňyz!

12. Mejlisiň deputatlary öň kabul edilen Türkmenistanyň Maşgala Kodeksini kämilleşdirmek boýunça hem alnyp barylýan işleri dowam ederler diýip pikir edýärin. Mälim bolşy ýaly, maşgala jemgyýetimiziň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Maşgalada asyrlaryň dowamynda milli ruhy gymmatlyklarymyz, maşgala bilen bagly iň gowy däp-dessurlarymyz we adatlarymyz aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Şoňa görä-de, biz maşgala gymmatlyklaryna uly üns berýäris. Şol gymmatlyklaryň esasynda ýaşlarymyzyň ýokary ideýa-ahlak sypatlary kemala gelýär. Umuman aýdylanda, çagalary milli buýsanç ruhunda, beýleki halklara, şeýle hem döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlaryna belent sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek maşgaladan başlanýar.

Döwletimiz her bir maşgalanyň maddy taýdan üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we maşgalany ruhy taýdan kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barýar, ýurdumyzyň raýatlarynyň mynasyp terbiýelenmegini gazanmak üçin ähli şertleri döredýär. Şoňa görä-de, döwletimiziň bu ugurda edýän tagallalaryny hukuk taýdan goldamak zerurdyr!

Hormatly deputatlar!

13. «Kazyýet ýerine ýetirijileri hakyndaky» we «Dessin-agtaryş işleri hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Bu kanunlaryň kabul edilmegi bilen, derňew hereketlerini geçirmegiň, adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen bagly kararlary we çözgütleri ýerine ýetirmegiň netijeli hukuk usuly dörediler.

Mundan başga-da, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şol Kanunda raýat jemgyýetiniň hereket etmegi üçin möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny kepillendirmek bilen bagly düzgünler has anyk görkezilmelidir.

14. Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň öňünde durýan möhüm maksatlara ýetmäge ýardam bermek bilen bagly wezipeleri çözmäge has uly goşant goşmalydyrlar.

Dünýäniň halklary we döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary dowam etmek hem-de giňeltmek, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan, halkara konwensiýalaryndan, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklardan hem-de şertnamalardan ugur alyp, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Ýer ýüzüniň dürli kontinentlerinde ýerleşýän döwletler, abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldýär. Biziň bu ugurda alyp barýan gatnaşyklarymyz täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly deputatlar!

15. Siz öňki çagyrylyşyň deputatlarynyň döreden pugta binýadyna esaslanyp, parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek üçin has netijeli işleri alyp barmalysyňyz. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, ösüşiň we hyzmatdaşlygyň beýik maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Dünýäniň döwletleri we halklary bilen özara düşünişmäge ýardam berýän işlere siziň netijeli gatnaşjakdygyňyza, bu ugurda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berjekdigiňize berk ynanýaryn!

Hormatly deputatlar!

Kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary kabul etmek bilen bir hatarda, kabul edilen kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ýöne, örän gynansak-da, şol kanunçylyk namalarynyň käbiriniň talaplary, düzgünleri we kadalary doly möçberde ýerine ýetirilmeýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda Türkmenistanyň Mejlisine kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça berlen ygtyýarlyklary has oňat ulanmagyň zerurdygyna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin.

Şoňa görä-de, hormatly deputatlar, sizden degişli kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky tekliplere garaşýaryn.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleri öz alyp barýan seljeriş işlerini güýçlendirmeli. Geçirilen seljeriş işleriniň esasynda döwrüň ruhundan ugur alyp, ministrlikler, pudak edaralary, ýerli häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde kanunlaryň we kanunçylyk namalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gözegçilik etmegiň usullaryny işläp taýýarlamaly. Hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň ýörelgelerine laýyklykda, kanunlaryň gyşarnyksyz we doly berjaý edilmegine hemmetaraplaýyn we netijeli gözegçilik edilmelidir.

Şeýle çemeleşme Garaşsyz döwletimiziň has ýokary depginler bilen ösmegini gazanmaga, halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de berjaý etmäge bize mümkinçilik berer.

Hormatly deputatlar!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Wagt biziň durmuşymyzy çalt özgerdýär. Obalarymyzyň we şäherlerimiziň keşbi hem günsaýyn özgerýär. Şonuň bilen birlikde, biz hem özgerýäris. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimizi we medeniýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek, durmuş meselelerini talaba laýyk çözmek üçin, jemgyýetimiziň eýerýän kanunlary hem döwürden yza galmaly däl-de, eýsem döwürden has öňde bolmalydyr.

Parlamentiň täze çagyrylyşynyň deputatlary esasy Kanunymyzyň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalaryny düýpli seljerseler, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmek bilen bagly syýasatyň yglan edilmegi netijesinde, hususan-da, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny özgertmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň tutuş kanunçylyk ulgamyny we hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge täzeçe çemeleşmek zerurlygy ýüze çykdy.

Bu syýasat kanunçylygy, şol sanda konstitusion kanunçylygy kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny bütinleý täze talaplara we halkara-hukuk kadalaryna hem-de standartlaryna laýyk getirmek wezipesini öňde goýdy.

Şoňa görä-de, biz, ilkinji nobatda, täze müňýyllykda jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň strategik maksatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns bermeli. Esasy Kanunymyzy rejelenen görnüşinde kabul edip, onuň esasynda jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki tapgyrynda geçiriljek hukuk özgertmeleriniň maksatlaryny we wezipelerini işläp taýýarlamaly hem-de tassyklamaly.

Hormatly deputatlar!
Hormatly adamlar!


Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň jemgyýetimiz we döwletimiz üçin örän möhüm bolan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öz işlerinde ýokary netijeleri gazanmagy başarjakdyklaryna, berk ynanýandygymy bellemek isleýärin.

Biz öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, täze, belent sepgitlere ýeteris, beýik işleri amala aşyryp, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün, edip bileris!

Hormatly deputatlar!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!


Türkmenistanyň Mejlisiniň netijeli işlemegini arzuw edýärin! Biz bolsa öz gezegimizde siziň netijeli işlemegiňiz üçin size ähli şertleri we mümkinçilikleri dörederis.

Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde, men, öz gezegimde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Hökümetiniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigime sizi ynandyrýaryn.

Hormatly deputatlar!

Eziz Watanymyza wepaly gulluk edip, döwletimiziň, türkmen halkynyň at-abraýyny has-da belende göteriň! Siziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän maksatnamalarymyzy kanunçylyk taýdan üpjün etmäge uly goşant goşjakdygyňyza men berk ynanýaryn! Sebäbi, biziň baş maksadymyz mähriban halkymyza gulluk etmekdir!

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!!!

Öňe, diňe öňe, jan Watanym – Türkmenistan!