(2014-nji ýylyň 10-njy ýanwary)
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Ilki bilen, entek aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň işinde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, geçen ýylyň ýurdumyz üçin, umuman, üstünlikli ýyl bolandygyny bellemek isleýärin. Daşary syýasatda göz öňünde tutan meýilnamalarymyza we saýlap alan ugrumyza laýyklykda, biz beýleki döwletler bilen ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem gatnaşyklarymyzy anyk maksada gönükdirip yzygiderli ösdürdik. Biziň alyp barýan daşary syýasatymyz bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda amala aşyryldy.
Durmuşa geçirýän daşary syýasatymyz bize hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli meseleler boýunça anyk we köptaraply gepleşikleri alyp barmaga, özara bähbitli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Bu döwürde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň gerimi yzygiderli giňeldi. Geçen ýyl biz hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlary bilen bir hatarda, onuň täze, sebitleýin görnüşlerini hem işjeň ösdürip, geljek üçin oňyn şertleri we zerur bolan berk esasy döretmegi başardyk.
Bu ugurda amala aşyrylan işleriň ählisi ýurdumyzyň dünýädäki ornuny ýokarlandyrmaga, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga, jogapkärli, ygtybarly, aç-açanlyga eýerýän hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň abraýyny berkitmäge ýardam berdi.
Döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatyna, türkmen bitaraplygyna häzirki döwürde sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşiň möhüm hem-de aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Biziň alyp barýan, bitaraplyga eýerýän daşary syýasatymyza Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, bu sebitde ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini emele getirmegiň netijeli guraly hökmünde baha berilýär.
Geçen ýyl Türkmenistan halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly daşary syýasy üstünlikleri gazandy.
Şol üstünlikleriň hatarynda, ilkinji nobatda, biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 20132017-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny» atly rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegini bellemek bolar. Bu wakalar dünýä bileleşigi tarapyndan Bitarap ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň işine goşýan uly goşandynyň ykrar edilýändigine, bu abraýly Guramanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçen ýyl biz dünýäniň dürli döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary bellän meýilnamalarymyza laýyklykda amala aşyrdyk. 2013-nji ýylda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara ýokary derejedäki 6 sany sapary amala aşyryldy. Türkmenistana bolsa, dünýäniň 13 ýurdunyň döwlet we Hökümet Baştutanlary sapar bilen geldi. Şol duşuşyklaryň netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, gumanitar ulgamlarda möhüm resminamalara gol çekildi. Bu bolsa, hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyň tassyklaýar.
Türkmenistanyň howpsuzlyk boýunça, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa howpsuzlygy boýunça we beýleki ugurlarda öňe süren halkara başlangyçlaryna barha köp döwlet düşünýär we bu başlangyçlary goldaýar. Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn şertleri döredýär.
Ählumumy ösüşiň esasy meseleleri boýunça biziň garaýyşlarymyzy goldaýan ýurtlaryň Türkmenistanyň tarapdarlarynyň sany yzygiderli artýar. Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygy barada kabul edilen rezolýusiýanyň awtordaşlary bolup 70-den gowrak döwletiň çykyş etmegi hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň soňky döwürde durnukly ösüşiň möhüm meseleleri boýunça iri halkara we sebit maslahatlarynyň barha ýygy-ýygydan geçirilýän ýerine öwrülýändigini hem bellemek isleýärin.
Geçen ýylda Türkmenistanyň alyp baran daşary syýasatynyň netijesinde, döwletimiziň halkara giňişliginde öz bähbitlerini berk gorandygyny, aýry-aýry sebit we halkara meselelerini çözmekde özbaşdaklygy gazanandygyny bellemek bolar. Alnyp barlan bu işleriň netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da berkedi we ýokarlandy!
Geçen ýylda biz döwletimiziň esasyny düzýän we raýatlarymyzyň abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýän mizemez ýörelgeleri Garaşsyzlyk we Bitaraplyk, parahatçylyk hem-de raýat agzybirligi, demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygy ýörelgelerini özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak we çalt durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdik.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi we demokratik esasda saýlanan Milli parlamentimiz işläp başlady.

Geçen döwürde durmuş taýdan üpjünçilik, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, oba hojalyk pudagynyň, ýangyç-energetika toplumynyň, ulag we aragatnaşyk pudagynyň, gurluşyk pudagynyň, medeniýet ulgamynyň, kanun çykaryjylyk we maliýe ulgamlarynyň her biriniň öňünde möhüm wezipeler goýuldy. Bu wezipeler täze özgertmeleri amala aşyrmakdan, döwlet maksatnamalary we taslamalary esasynda öz alyp barýan işleriňi üýtgedip gurmakdan, işiň netijesini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze sepgitlere ýetmekden ybaratdyr.
Dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän şertlerinde biz tutanýerli we yhlasly zähmet çekdik. 2013-nji ýylda göz öňünde tutan ähli meýilnamalarymyzy diýen ýaly durmuşa geçirdik. Iri möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem belli bir üstünlikleri gazandyk.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagy we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagy başardyk. Bu bolsa, ýurdumyzyň gazanan esasy ykdysady görkezijilerinde aýdyň görünýär. Geçen ýyl ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 10,2 göterime, senagatda ösüş depgini 7,3 göterime, gurluşykda 17,3 göterime barabar boldy. 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende maýa goýumlarynyň möçberi 7,1 göterim artdy we 46 milliard manatdan hem köp boldy.
Şu döwürde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 31 milliard amerikan dollaryndan hem geçdi. Geçen döwürde bize puluň hümmetiniň peselmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy.
Biz iş haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellenen möçberde ýene-de ýokarlandyrdyk. Ilatymyzyň elektrik energiýasyndan, gazdan, benzinden, agyz suwundan, nahar duzundan we käbir jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanyp bilmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ýardam bermäge hem mümkinçilik tapdyk.
Biz geçen döwürde kabul eden maksatnamalarymyzyň çäklerinde ýurdumyzy ösdürmegi dowam etdik. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy bahasy 13 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik.
Işe girizilen iri desgalaryň hatarynda «Galkynyş» gaz känindäki zawodlar toplumyny we ýerüsti üpjünçilik ulgamlaryny, ýyllyk kuwwaty bir million tonna bolan sement zawodyny, kuwwaty 140 megawatdan hem ýokary bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny, 500 kilometre golaý demir ýollary, 4 sany uly awtomobil köprüsini, şol sanda Amyderýanyň üstünden geçýän 2 köprini, paýtagtymyzda edara binalaryny we bäş ýyldyzly myhmanhanany, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2 350 orunlyk myhmanhanalary we dynç alyş merkezlerini hem-de beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalary görkezmek bolar.
Durmuş maksatly desgalaryň hatarynda tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş merkezleri, 7 500 orunlyk 46 sany çagalar bagy, 79 sany sport mekdebi we orta mekdep, 619 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary bar. Umuman, geçen ýyl bahasy 13 milliard 300 million amerikan dollary bolan 400-den gowrak desgany ulanmaga berendigimizi bellemek isleýärin.
Bulardan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda häzirki döwürde her welaýatda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan, ýagny gaz, suw, elektrik geçiriji we aragatnaşyk ulgamlary, ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, şeýle hem Saglyk öýleri, Medeniýet öýleri, mekdepler we çagalar baglary bolan täze, döwrebap şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär.
Geçen ýyl biz bazar gatnaşyklaryny emele getirmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatymyzy amala aşyrmagy dowam etdik.
Döwletimiz telekeçilere goldaw bermek bilen bir hatarda, ykdysady taýdan kuwwatly hususy kärhanalaryň sanynyň artmagyna ýardam berýär. Bu kärhanalar häzirki döwürde ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny senagat we azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmäge uly goşant goşýarlar.
Alyp barýan syýasatymyzy mähriban halkymyzyň giňden goldamagy netijesinde, geçen ýyl bize örän köp işleri amala aşyrmagyň we örän köp meseleleri çözmegiň başardandygyny bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, men ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine, öz zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň uly üstünlikleri gazanyp, belent sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşan adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Men mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine öňde goýan belent maksatlarymyza ýetmek, ýurdumyzyň ösüş depginini mundan beýläk-de pese düşürmän saklamak boýunça şu ýyl öňümizde durýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.
A.Nurberdiýewa, biz Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyna garaşýarys. Deputatlarymyz halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk we ykdysady esaslaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlarlar diýip pikir edýärin.
R.Meredow, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleri Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň bähbitlerini yzygiderli goramak, dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça tutanýerli işleri alyp barmalydyrlar. Biz ýurdumyzyň ähli mümkinçiliklerini, geosyýasy ýagdaýyny we oňyn bitaraplyga esaslanýan syýasatymyzy, öňküsi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmek arkaly dawalary parahatçylykly ýol bilen çözmäge, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, dünýäde täze medeni gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirmelidiris.
A.Goçyýew, Siziň we ykdysadyýet we maliýe toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň wezipesi ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmekden, eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän ähli pudaklary ösdürmegi dowam etmekden ybaratdyr.
Ykdysadyýet we maliýe toplumynyň ähli ýolbaşçylary hususylaşdyrmagy mundan beýläk-de netijeli dowam etmek, kärhanalaryň bir bölegini hususy eýeçilige bermek boýunça teklipleri taýýarlamaly. Bilelikdäki kärhanalary döretmegiň we anyk maksatlara gönükdirilen karzlary ulanmagyň tejribesini täze kärhanalary gurmakda, tebigy baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmekde iş ýüzünde has giňden peýdalanmaly.
Biz şu ýyl jemi içerki önümiň ösüş depginini geçen ýyldakydan peseltmän saklamaly.
Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamany, şeýle hem beýleki kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň 2021-nji ýyla çenli döwre niýetlenen, ýagny 2017–2021-nji ýyllar üçin ikinji bäşýyllyk Prezident maksatnamasyny häzirden işläp taýýarlamaga girişmeli. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň ikinji bäşýyllyk maksatnamasy işlenip taýýarlananda ähli taslamalaryň hiline, netijeli bolmagyna, özara baglanyşygyna aýratyn üns bermeli.
Şeýle hem, ikinji bäşýyllyga niýetlenen Prezident maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin içerki maýa goýumlaryny, hususy we döwlet maýa goýumlaryny çekmegiň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamaly.
B.Hojamuhammedow, nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylary!
Açylan ýataklary abadanlaşdyrmak we ulanmaga bermek, aýratyn hem «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge aýratyn üns bermeli.
Nebitiň çykarylyşyny artdyrmaly, tebigy gazyň zerur bolan möçberlerde çykarylmagyny we gol çekilen şertnamalara laýyk möçberlerde daşary ýurtlara iberilmegini üpjün etmeli. Suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we ony daşary ýurtlara ibermek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.
Ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan täzeden döwrebap enjamlaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Bu ugurda şu ýyl göz öňünde tutulan maksatnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmeli. Şunuň bilen baglylykda, bitum öndürýän kärhananyň we önümçilik ulgamlarynyň, gurmak göz öňünde tutulan nebit we gaz geçirijileriniň, şeýle hem beýleki desgalaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça anyk çäreleri görmeli.
M.Artykow we maýa goýum - gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary!
Şu ýyl ýerine ýetirilmeli işler göz öňünde tutulyp kabul edilen gurluşyk maksatnamasynyň örän giň möçberlidigini bellemek isleýärin. Bu maksatnama laýyklykda şu ýyl öňkülere görä has köp desgalary gurmak we köp möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmek göz öňünde tutulandyr.
Şu ýyl milli we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gurluşyk pudagynda 41 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde serişdeleri özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şol serişdeleriň 16 milliard amerikan dollaryny biziň milli gurluşyk kärhanalarymyz özleşdirmelidir.
Önümçilik-tehniki maksatly pudaklar öňküsi ýaly, maýa goýumlaryny goýmak üçin ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar. Iş orunlarynyň esasy bölegi şol pudaklarda döredilýär. Şoňa görä-de, bu pudaklara maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň esasy bölegi gönükdiriler.
Siziň esasy wezipäňiz beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde göz öňünde tutulan desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Biz şu ýyl Bekrewede gurulýan Ýadygärlikler toplumynyň gurluşygyny tamamlap, ony hökman ulanmaga bermelidiris.
Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynda bar bolan elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga, Lebap we Mary welaýatlarynda täze gazturbinaly elektrik stansiýalaryny gurmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmeli.
Şeýle hem, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri tamamlamaly. Täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmaly. Şonuň ýaly-da, elektrik energiýasyny paýlaýjy onlarça täze beketleri gurmaly. Paýtagtymyzyň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň elektrik üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamlaryny täzelemeli.
«Aşgabat–Türkmenbaşy», «Aşgabat– Garagum–Daşoguz» we «Aşgabat–Mary–Türkmenabat–Farap» tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dowam etmeli.
A.Ýazmyradow, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary!
Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Oba hojalyk toplumynyň köptaraply mümkinçiliklerini ulanmaga bütinleý täzeçe, netijeli usullar arkaly çemeleşmeli. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini ulanmak esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary derejede girdejili pudaga öwürmeli.
Bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanylanda, şu ýyl ýurdumyzda 1 million 600 müň tonna galla we 1 million 200 müň tonna pagta hasylyny öndürmek bolar. Şeýle hem, beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň, miweleriň we ir-iýmişleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaly.
Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, gara mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmaly.
Ýurdumyzyň ähli hojalyklarynda etiň öndürilişini artdyrmaly. Şeýle hem, et-süýt, ýag, süýji-köke önümlerini öndürýän kärhanalaryň gurluşygyna başlamaly hem-de olary bellenen möhletlerde gurup, ulanmaga bermeli. Şonuň ýaly-da, oba hojalyk pudagynda bar bolan kärhanalaryň durkuny täzelemeli.
Göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda, 1 milliard 600 million manat möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmeli. Şol maýa goýumlarynyň esasy bölegini obalarda suw hojalyk desgalaryny, energetika desgalaryny, içerki awtomobil ýollaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini, sport desgalaryny, mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmaga gönükdirmeli. 7 sany pagta arassalaýjy zawody gurmaly we durkuny täzelemek işlerini geçirmeli, 8 sany elewatoryň gurluşygyny tamamlamaly. Şeýle hem, 3 sany iri maldarçylyk we guşçulyk toplumyny gurup, ulanmaga bermeli. Suwarymly ýerleriň azyndan 80 müň gektarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaly.
S.Satlykow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary!
«Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň gurluşygyny oktýabr aýynda tamamlamaly. «Atamyrat–Ymamnazar» demir ýolunyň gurluşygyny dowam etmeli. Bar bolan demir ýollarda abatlaýyş işlerini geçirmeli. Aşgabat şäherinde halkara derejeli ýolagçy awtoulag menziliniň gurluşygyny tamamlamaly.
Howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Aşgabatda täze gurulýan howa menzilinde ýolagçylara niýetlenen binany şu ýyl ulanmaga bermeli. Ýerli howa gatnawlaryny açmaly.
Ýurdumyzyň deňiz flotuny ösdürmeli. Şu ýyl Türkmenbaşy şäherinde halkara deňiz portunyň gurluşygyna başlamaly.
Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek barada aýdylanda bolsa, şu ýyl öz emeli hemra ulgamymyzy älem giňişligine çykarmaly. Şonuň esasynda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmegi, kompýuter tehnologiýalaryny, Internet ulgamyny ornaşdyrmagy dowam etmeli.
S.Toýlyýew, bilim we ylym ulgamynyň ýolbaşçylary!
Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeleri iş ýüzünde amala aşyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bilim ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň geljegini, jemgyýetimiziň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biridir.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýadyny iň oňat dünýä tejribesi, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklary we milli däp-dessurlary, örän baý taryhy we medeni mirasy düzmelidir.
Şoňa görä-de siziň örän möhüm wezipäňiz ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmakdan, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin zerur şertleri döretmekden, ähli pudaklar we ulgamlar üçin ýokary derejeli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek biziň öňümizde durýan esasy wezipeleriň biridir.
Bedenterbiýe we olimpiýa hereketini has-da giňeltmek, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny goraýan çempionlary ösdürip ýetişdirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmeli. Ýurdumyzda oňat sport binýadyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.
Şu ýyl ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde 10 sany hassahanany, 21 sany Saglyk merkezini, 77 sany çagalar bagyny, 64 sany orta mekdebi, 31 sany sport mekdebini we sport desgasyny gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyz Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň, Bekrewedäki Tehnologiýalar merkeziniň gurluşygyny tamamlamaly.
B.Nurmyradowa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary!
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri has doly we hemmetaraplaýyn beýan etmekden, gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmek arkaly amala aşyrylýan özgertmelere goldaw bermekden ybaratdyr.
Ýene-de bir örän möhüm ugur ýurdumyzda medeniýeti ösdürmek bilen bagly meseledir. Medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan syýasata hemişe durnukly ösüş strategiýasynyň esasy şertleriniň biri hökmünde garalýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýurdumyzyň ilatynyň medeni gymmatlyklarymyzyň ähmiýetine has giňişleýin düşünmegini gazanmak maksady bilen, täze mümkinçilikleri döretmeli. Şahsyýetiň ruhy we ahlak mümkinçiliklerini artdyrmak üçin esasy şertleri döretmäge, durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmekde medeniýet ulgamynyň ornuny güýçlendirmäge aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň maddy binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.
Şu maksat bilen, 2014-nji ýylda ýurdumyzda birnäçe kitaphanany gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şol kitaphanalaryň hatarynda Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde gurulýan iki sany uly kitaphana hem bar. Şeýle hem, şu ýyl Aşgabatda 3 müň orunlyk teatr we konsertler merkezini, şeýle hem umumy 6 600 orunlyk bolan 24 sany medeniýet öýüni we beýleki köp sanly medeni desgalary gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem, şu ýyl möhüm ähmiýetli çäreleri milli şahyrymyz, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli.
P.Taganow, söwda toplumynyň ýolbaşçylary!
Biz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işini has-da gowulandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli.
Şeýle hem, ýurdumyzyň telekeçilerine giňden goldaw bermegi dowam etmeli. Şu maksatdan ugur alyp, 2014-nji ýylda hususy telekeçilere 300 million manat ýa-da 100 million amerikan dollary möçberde karz serişdelerini bereris.
B.Italmazow, senagat toplumynyň ýolbaşçylary!
Şu ýyl siziň öňüňizde hem möhüm wezipeler durýar.
Siz himiýa senagatynyň kärhanalaryny ösdürmek we olaryň durkuny täzelemek, Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny ulanmaga bermek we beýleki tebigy baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek boýunça düýpli işleri durmuşa geçirmeli. Şeýle hem, Mary şäherinde gurulýan ammiak we karbamid öndürýän zawodlary açyp, ulanmaga bermeli.
Senagat kärhanalaryny, aýratyn hem, dokma toplumynyň kärhanalaryny giň möçberde döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Şol kärhanalaryň işini dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge gönükdirmeli.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli.
Magdan däl materiallaryň, gurnalýan demir - beton önümleriniň, keramzitiň we beýleki gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaly.
Ş.Durdylyýew, Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysynyň wezipesine çaltrak girişiň!
Ministrler Kabinetiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyny hem bellenen möhletde tamamlamaly. Şeýle hem, Siz Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň täze etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Şonuň ýaly-da, V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmeli.

Görşüňiz ýaly, biz şu ýyl örän giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys. Şol maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmekde döwlet dolandyryş edaralaryna, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Ähli derejedäki ýolbaşçylar geçen ýyldaky ýaly agzybir we ýokary derejede guramaçylykly işläp, öz öňlerinde durýan wezipeleriň ählisiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmalydyrlar.

Üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmek bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, mähriban halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrmak ugrunda berkarar Watanymyzyň öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellemek isleýärin!