Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine baglyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu jähetden hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işleriniň netijelerine garaldy, milli maksatnamalaryň we ileri tutulýan taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna baha berildi. Şeýle hem mejlisde 2014-nji ýylda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryndaky ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, onuň işini guramaçylyk meselelerinden başlady hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Milli Liderimiz P.Taganowy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirmekden boşatmak, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň söwda we birža ulgamlaryna, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine gözegçilik edýän orunbasary wezipesinde galdyrmak kararyna gelendigini mälim etdi. Mundan başga-da, P.Taganowa Ahal welaýatyna gözegçilik etmek hem tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew bellenildi. Ol Aşgabat şäherine hem gözegçiligi amala aşyrar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gurluşyk pudagyna, jemagat hojalygy ulgamyna, energetika we ýol gurluşygy pudaklaryna ýolbaşçylyk edýän orunbasary wezipesine M.Artykow bellenildi we ol energetika ministri wezipesinden boşadyldy.
Energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek, energetika ministriniň orunbasary G.Saryýewiň üstüne ýüklenildi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, T.Japarow işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä şu döwre çenli Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işlän G.Myradow bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine B.Aşyrow bellenilip, ol Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz N.Sazakowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Prezidentbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak we bu wezipä A.Ataballyýewi belläp, ony Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin B.Akmämmedow “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy we bu wezipä P.Allagulyýew bellenilip, ol şol bankyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Täze bellenilen ýolbaşçylaryň hemmesine işlerinde üstünlik arzuw edip we Mejlisiň gün tertibiniň indiki meselesine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, garalýan döwürdäki makroykdysady görkezijiler milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady ösüşiň strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklary boýunça ýokary önümçilik görkezijileriniň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Muňa esasy makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini hem şaýatlyk edýär. 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 113,3 göterime barabar boldy. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly ýokary görkezijiler gazanyldy.
Bölek haryt dolanyşygy boýunça meýilleşdirilen görkezijileriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer onuň ösüş depginleriniň 2012-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 19,1 göterim artandygyny belledi. Daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň görkezijisi 2013-nji ýylda 102 göterim boldy.
2013-nji ýylyň netijeleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi hem ýokarlandy. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan amala aşyrylýan netijeli maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Maýa goýumlaryň çekilmegi netijesinde iri maýa goýum taslamalary, şol sanda ýurdumyzyň sebitlerini özgertmek boýunça maksatnama durmuşa geçirilýär.
Esasy maliýe meýilnamasynyň, ýagny Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi babatda aýdylanda bolsa, ol üstünlikli berjaý edildi. Hasabat döwründe salgyt tölemegiň ähli görnüşleri boýunça meýilnama doly möçberde ýerine ýetirildi. 2013-nji ýylyň dowamynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary boýunça hasaplaşyklar öz wagtynda amala aşyryldy. Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk zähmet haky 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 111 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer çykyşyny jemläp, umuman, geçen ýylyň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” we beýleki özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýadyň goýlandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2013-nji ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine, umuman, kanagatlanma bildirdi. 2014-nji ýylda Watanymyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmek üçin toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekip, döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatda ösüş depginlerini saklamak, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna berk gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, ykdysadyýeti sazlaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Ýurdumyzda özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazarynda maliýe-ykdysady ulgamynyň edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek meselelerine uly üns bermegiň wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, häzirki wagtda Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ş.Hümmedowyň özüni bu wezipede oňat tarapdan görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ony bu gullugyň ýolbaşçysy wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra maliýe ministri D.Sadykow 2013-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejiler böleginiň 130,9 göterim, çykdajylar böleginiň bolsa 98,7 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Durmuş ulgamynyň ösdürilmegi üçin býujet snerişdeleriniň 77,3 göterimi gönükdirildi.
Şeýle hem maliýe ministri “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerine esaslanýan milli standartlaryň kabul edilendigini aýtdy. 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerine esaslanýan milli standartlara geçmek bilen, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky düzümleriň baş buhgalterleriniň we hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär diýip, ministr habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 2013-nji ýylda ýokarda agzalan resminamalarda görkezilýän wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek bilen baglanyşykly işleri kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine we býujet serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ministrligiň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzda maliýe durnuklylygynyň saklanmagyna we maýa goýumlary üçin oňyn şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganowa söz berildi. Onuň hasabatynda bellenilişi ýaly, 2013-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmek boýunça Prezident maksatnamasynda görkezilen meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat bermek bilen, ministr 2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde maýa goýumlaryny özleşdirmegiň möçberleriniň 18,9 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. Bu görkezijiniň Ahal welaýaty boýunça 17,4 göterime, Balkan welaýaty boýunça 23,8 göterime, Daşoguz welaýaty boýunça 31,1 göterime, Lebap welaýatynda 16,1 göterime, Mary welaýaty boýunça 8,8 göterime barabar bolandygy bellenildi.
Tutuşlygyna alnanda, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň 196-synyň gurlandygy, munuň özi 2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 47 birlik ýa-da 31,5 göterim köpdügi habar berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda geçen ýylyň ýanwar aýynda döredilen ýurdumyzyň ykdysadyýetini töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň işi barada aýdyldy. Bellenilşi ýaly, 2013-nji ýylda agentlik tarapyndan ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça iş alyp barýan we oňa gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 78-siniň resminamalaryna seljerme işleri geçirildi. Geçirilen barlaglaryň netijesi boýunça 67 kompaniýa degişli netijenama berildi.
Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet we milli özgertmeler maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň baş maksadynyň welaýatlaryň senagat düzüminiň ösdürilmegine, içerki bazarda ýerli önümleriň önümçiliginiň ösüşiniň artdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we tutuşlygyna alnanda bolsa raýatlaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdygyny nygtady. Daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýet we ösüş ministriniň ünsüni ýurdumyzda işewürçiligi mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere çekdi. Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak baradaky Agentlige möhüm ornuň degişlidigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2013-nji ýylda pudaklaýyn ministrlikler we edaralar tarapyndan gazanylan ykdysady görkezijileriň we işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende önümleriň köp görnüşleriniň önümçilik möçberleriniň ösüşiniň üpjün edilendigi habar berildi. Elektroenergiýanyň öndürilişi boýunça ösüş depgini 104,2 göterim, tebigy gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 100,1 göterim, nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,1 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi boýunça ösüş depgini 102 göterim, benzin öndürmegiň ösüş depgini 102,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça ösüş depgini 100,1 göterim, kerosiniň önümçiligi 100,2 göterim, çalgy ýaglarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 100,3 göterim, nebit bitumynyň çykarylyşy 127,7 göterim, nebit koksynyň önümçiligi boýunça ösüş depgini 100,3 göterim, polipropilen öndürmek boýunça ösüş depgini 103 göterim, sementiň önümçiligi boýunça ösüş depgini 193,3 göterim, magdan däl gurluşyk materiallarynyň önümçiligi boýunça ösüş depgini 123 göterim, armatura we beýleki metal önümlerini çykarmak boýunça ösüş depgini 111,8 göterim, pagta süýüminiň önümçiligi boýunça ösüş depgini 101,4 göterim, nah ýüplükleri öndürmek boýunça ösüş depgini 100,1 göterim, nah matalyryň önümçiligi boýunça ösüş depgini 109,2 göterim boldy.
Oba hojalyk pudagynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. 2013-nji ýylda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Watan harmanyna 2012-nji ýyldakydan 1,3 esse köp bugdaý tabşyryldy. Pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilişi 113,7 göterime deň boldy. Hasabat döwründe şaly hasylyny ýygnamak boýunça ösüş depgini 18,3 göterim derejesinde üpjün edildi. Şunuň bilen bir hatarda, geçen ýylda miwe, gök önüm we bakja önümleriniň, şeýle hem süýt we et önümleriniň öndürilişi ýokarlandy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, gurluşyk ulgamynda hem ýokary görkezijiler gazanyldy. Hususan-da, 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça gurluşyk işleri 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20,1 göterim köp ýerine ýetirildi.
Geçen ýylda ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň ösüş depgini 105,7 göterime barabar boldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça daşalan ýükleriň möçberi 11,4 göterim ýokarlandy, şol sanda awtomobil ulagy arkaly ýük daşalyşy 13,3 göterim, howa ulaglary arkaly ýük daşalyşy 9,1 göterim, demir ýol arkaly ýük daşalyşy 15,9 göterim artdy. Ilata aragatnaşyk pudagynda edilýän hyzmatlardan alnan girdejileriň möçberi 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18,5 göterim köpeldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, düzümiň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri hemmetaraplaýyn seljermegi, onuň netijelerini jemlemegi, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň geljegini çaklamagy, bar bolan ätiýaçlyklary ýüze çykarmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi hem-de Statistika baradaky döwlet komiteitiniň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa 2013-nji ýylda gözegçilik edýän ulgamlarynda gazanylan netijeler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi we goldawy netijesinde medeniýet ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilendigini belledi. Hasabat döwründe durmuş-medeni maksatly desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi, neşirýat işi işjeňleşdirildi, halkara ähmiýetli iri medeni çäreler geçirildi, halkara döredijilik alyşmalary dowam etdi. 2013-nji ýylda ýurdumyzyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň 25-si goýuldy. Muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşandynyň bardygyny subut edýän ýerli we daşary ýurtly arheologlaryň Diýarymyzyň çäklerinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylar bilen baýlaşdyrylyp durulýar. Hasabatda ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak, habar beriş serişdeleriniň hem-de neşirýat işiniň, kinematografiýanyň ösdürilmegi boýunça geçirilen çäreler, milli mirasy goramak we wagyz etmek, ilatyň boş wagtyny göwnejaý geçirmek üçin şertleri döretmek, türkmen medeniýetine daşary ýurtlarda mynasyp wekilçilik etmek, şeýle hem beýleki ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek barada hem habar berildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda 70-e golaý halkara çäresi geçirildi. Şol çäreler ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge hem-de häzirki zaman gazananlaryny dünýä ýaýmaga ýardam edýär. Şeýle hem Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň milli öwüşginlere baý görnüşde bellenilip geçilmegi, ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň we onuň çäklerinde halkara sungat sergisiniň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli guralmagy, “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty ýaly halkara çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegi daşary ýurtlardan gelen myhmanlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen içgin tanyşdyrmaga giň mümkinçilik döretdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp we milletiň milli gymmatlyklary saklamakda, ýurdumyzyň raýatlarynyň medeni derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda, ýaşlary ahlak we ruhy taýdan terbiýelemekde, Türkmenistanyň häzirki gazananlaryny wagyz etmekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly ähmiýete eýedigini nygtap, teleýaýlymlarda berilýän gepleşikleri pes hilli we durmuşdan üzňe taýýarlamagyň dowam edýändigine wise-premýeriň we teleýaýlymlaryň ýolbaşçylarynyň ýene-de bir gezek ünsüni çekdi. Milli Liderimiz teleýaýlymlarda berilýän gepleşiklerde režissýorlyk taýdan göz-görtele kemçiliklere ýol berilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şeýle kemçilikleriň goýberilýändigi barada aýdylanlar gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryna hem degişlidir. Metbugatda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri ýeterlik derejede beýan edilmeýär. Çap edilýän materiallaryň çeperçilik derejesi hem pes. Gazetleriň we žurnallaryň köpüsi öz işgärleriniň taýýarlan materiallaryny ýerleşdirmegiň deregine, häzire çenli hem merkezi gazetleriň materiallaryny göçürip çap edýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Medeniýet ministrliginiň işinde hem kemçilikleriň bardygyny belledi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz köp obalarda Medeniýet öýleriniň, kitaphanalaryň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän jaýlarda ýerleşýändigini, olaryň käbiriniň asla işlemeýändigini aýtdy.
Biz 2014-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileýini belläp geçmek barada 2012-nji ýylda karar kabul etdik diýip, döwlet Başutanymyz sözüni dowam etdi. Emma, gynansak-da, karar kabul edilenden soň, köp wagtyň geçendigine garamazdan, häzire çenli bu ugurda hiç hili iş edilmedi diýen ýaly.
Şoňa görä-de, milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin medeniýet ministri G.Mämmedowa berk käýinç, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Altaýewe käýinç yglan etdi. Şonuň ýaly-da, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Saparmuhammedowa hem berk käýinç yglan etdi we degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow 2013-nji ýylda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Hususan-da, nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de eksport etmek boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler, ýetilen sepgitler, nebit önümleriniň önümçiligi, maýa goýumlaryň özleşdirilişi we senagat, durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Şeýle hem häzirki döwürde iri düzümleýin taslamalarda, şol sanda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan abatlamagyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy, şeýle hem “Gündogar-Günbatar” magistral gaz geçirijisiniň, polietilen, polipropilen, kükürt kislotasynyň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiligi boýunça täze döwrebap zawodlaryň gurluşygy babatda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer B.Hojamuhammedowyň we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa bu ulgamda alnyp barylýan işler degişli netijäni bermeýär. “Türkmennebit” döwlet konserniniň çykarýan nebitiniň möçberi ýyl-ýyldan azalýar. Ýurdumyzda sarp edijilere mugt berilýän tebigy gazyň ulanylyşyna degişli gözegçilik alnyp barylmaýar.
“Türkmengaz” döwlet konserninde pudagyň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça netijeli çäreler amala aşyrylmaýar, suwuklandyrylan gazyň we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan beýleki önümleriň önümçilik we ýerleşdiriliş möçberlerini artdyrmak mümkin diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Bu babatda döwlet Baştutanymyz birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary zerur bolan guramaçylyk işlerini amala aşyrandyklaryny we özleriniň walýuta hasabyna gelip gowuşýan serişdeleriň möçberleriniň artmagyny gazanandyklaryny belledi.
“Türkmengaz” döwlet konserninde işleriň ýaramaz guralandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow konserniň ýolbaşçysy K.Abdyllaýewi başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Döwlet Başutanymyz bu wezipä pudagyň işi boýunça ýeterlik tejribesi bolan Ç.Hommadowy bellemek baradaky resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijelliligini ýokarlandyrmak maksady bilen ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde 2013-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda gurlup ulanmaga berlen desgalar barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bilim-terbiýeçilik edaralarynyň 74-si gurlup ulanmaga berildi. Şol sanda umumybilim berýän orta mekdepleriň 30-sy, çagalar baglarynyň 37-si, şeýle hem 7 sany çagalar sagaldyş merkezleri guruldy. Geçen ýylda her welaýatda maliýe-ykdysady orta hünärment mekdepleri we iki sany başlangyç hünärment mekdepleri döredildi. 2013-nji ýylda Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara derejesi berildi we ol Halkara nebit we gaz uniwersiteti diýlip atlandyryldy.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-sinde hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri açyldy. Ýokary okuw mekdepleriniň ulgamynda täze hünärleriň 4-si, orta hünärment mekdeplerinde bolsa täze ugurlaryň 12-si açyldy.
Şeýle hem hasabatyň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olary türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan täze okuw we ylmy gollanmalar bilen üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 178 görnüşi neşir edildi. Okatmagyň 12 ýyllyk usulyna geçilmegi bilen, orta mekdeplerde milli we dünýä tejribeleriniň esasynda okuw meýilnamalary, maksatnamalary, okuw gollanmalary işlenip taýýarlanyldy.
Gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça halkara sergileri we ylmy maslahatlar geçirildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi boýunça 2013-nji ýylda paýtagtymyzda Stomatologiýa merkezi we Infuzion erginlerini öndürýän zawod işe girizildi. Şeýle hem Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň, Halkara saglygy goraýyş merkeziniň täze binasynyň, okuw-ylmy merkeziniň düýbi tutuldy. Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň durky täzelenen binasy açyldy.
Syýahatçylyk ulgamy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Aşgabat şäherinde Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasynyň we pudagyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýandygy aýdyldy.
2013-nji ýylda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 167-sine, şol sanda Koreýanyň Inçhon şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna, Kazanda (Russiýa Federasiýasy) Bütindünýä tomusky uniwersiadasyna we beýleki ýaryşlara gatnaşyp, medallaryň 282-sini, şol sanda 100 altyn, 96 kümüş we 86 bürünç medallary eýelemegi başardylar.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde 2013-nji ýylda geçirilen işler barada aýdyldy. Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir ýerine ýetirilen işleriň jemini jemlemek däl, eýsem, möhüm meseleleri hem-de olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemegiň derwaýysdygyny nygtady. Wise-premýer S.Toýlyýewiň gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda köpsanly kemçilikleriň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bilim ulgamyndaky özgertmeleri amala aşyrmakda Bilim ministrliginiň taýýarlyk derejesiniň pesdigini aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde mugallymlar ýetmezçilik edýär, iňlis dilini okadýan mekdep mugallymlarynyň hünär derejesi häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär, şeýle hem çagalar baglarynda we käbir ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler ýetmezçilik edýär diýip hormatly Prezidentimiz nygtady.
Bilim ulgamyny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek meselesinde wise-premýeriň has-da işjeňlik görkezmelidigini aýtmak bilen, milli Liderimiz ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrýan okuwlary guramagyň, zerur bolan halatynda daşary ýurtlardan mugallymlary çagyrmagyň, ýurdumyzda mugallymlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň sanyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň, çagalar baglarynyň terbiýeçilerini taýýarlaýan mekdepleri açmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynda işleriň ýaramaz guralandygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz guramanyň merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradowa ýüzlenip, ýurdumyzda ýaşlary döwrebap terbiýelemek üçin döredilen maddy binýadyň mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmakda we medeni, sport çärelerini ösdürmekde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Ýurdumyzda medeniýet öýleriniň, kitaphanalaryň, sport desgalarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulýandygyny we bu ugurda alnyp barylýan işler mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýaşlar bilen iş alnyp barlanda bu serişdeleri işjeň ulanmagyň zerurdygyna we olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz medeniýet öýlerinde tagam taýýarlamak, tikinçilik, halyçylyk we öý hojalygyny ýöretmek, daşary ýurt dillerini öwredýän, çeper höwesjeňlik bilen meşgullanmak we beýleki köp ugurlar boýunça gyzlar üçin okuwlaryň guralmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy we durmuşda zerur bolan dürli hünärleri öwrenmegi üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynyň işine ünsi çekip, ony kämilleşdirmek boýunça çäreleriň haýal durmuşa geçirilýändigini belledi we bu babatda G.Mezilowa birnäçe tankydy bellikleri aýtdy. Akademiýanyň döredilenine köp wagt geçen hem bolsa, häzire çenli guramaçylyk we beýleki meseleleriň çözülmän gelýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň döwlet tarapyndan goldaw berilýändigine garamazdan, anyk netije bermeýändigini aýtdy.
Aýdylan bellikleri jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz S.Toýlyýewe iki hepdäniň dowamynda bilim we ylym ulgamlaryny, şeýle hem Ýaşlar guramasyny goldamak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmek boýunça anyk meýilnamany taýýarlamagy we ony Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
2013-nji ýylda özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilen işleriň jemleri, möhüm desgalaryň taslamalary, gurluşygy we ýurdumyzda ozal hereket edýän binalaryň hataryna goşulan desgalaryň, şeýle hem 2014-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalaryň we binalaryň meýilnamasy hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hasabat berdi.
Hususan-da, Gurluşyk ministriligi boýunça harytlaryň öndürilişi, geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda jemi öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberi 111,4 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň dowamynda ýaşaýyş öýleriniň 1687-si ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň netijesinde dürli maksatly binalaryň 196-sy, şol sanda Ahal welaýatynda 39, Balkan welaýatynda 21, Daşoguz welaýatynda 47, Lebap welaýatynda 51, Mary welaýatynda bolsa 38 desga bina edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň habar bermegine görä, Energetika ministrligi boýunça 2013-nji ýylda elektrik geçiriji ulgamlarynyň 2205 kilometri çekildi, bu görkeziji meýilnamanyň 107 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 110,5 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 104,6 göterime deň boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ýerine ýetirilişiniň ösüş depgini 131,9 göterime barabar boldy.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 109,3 göterim üpjün edildi.
Degişli döwürde Aşgabat şäheri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna serişdeleriň 113,2 göterimi özleşdirildi. Wise-premýeriň habar bermegine görä, 2013-nji ýylda paýtagtymyzda desgalaryň 60-a golaýy ulanmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de 2014-nji ýylda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň we binalaryň hödürlenen meýilnamasyna garap, öňde goýlan täze maksatlaryň we wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzy senagat taýdan ösen, ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürýän döwlete öwürmäge mümkinçilik berer diýip nygtady. Bu wezipeler häzirki zaman tehnikasyny we iň täze tehnologiýalary, innowasiýa önümçilik düzümlerini döretmek esasynda çözülmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda çözülmegine garaşýan birnäçe meseleleriň bardygyny aýtdy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna senagat we durmuş maksatly desgalaryň, esasan-da, ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan desgalarda işleriň alnyp barlyşyny we hilini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny tabşyrdy.
Milli Liderimiz gurluşyk ministri B.Ereşowa ýüzlenmek bilen, gurluşyk pudagynda işleriň görkezijileriniň ýokarlanýandygyna garamazdan, degişli işleriň talaba laýyk ýokary depginlerine ýetilmeýändigini, tersine, iş depginleriniň peselýändigini, kähalatlarda bolsa, perwaýsyzlyga ýol berilýändigini aýtdy.
Etraplarda we welaýatlarda gurluşyk taslamalarynyň dürli derejelerde ylalaşmak işlerine örän köp wagt sarp edilýär. Welaýatlarda gurluşyk boýunça hünärmenleri taýýarlamak işleri ýaramaz alnyp barylýar we şonuň üçin hem dürli gurluşyk hünärleri boýunça işgärleriň ýetmezçiligi hemişe duýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam etmek bilen, gurluşyk işlerine, esasan-da, etraplarda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine girýän hususy kärhanalary giňden çekmegiň zerurdygyny nygtady. Olaryň gurýan desgalarynyň hiliniň daşary ýurt kompaniýalarynyň gurýan binalarynyň hilinden hiç hili pes däldigini tejribe görkezýär, şonuň üçin hem ýerli gurluşyk kärhanalarymyz hem wagtyň ýetmegi bilen iri gurluşyk kompaniýalaryna öwrülerler hem-de Gurluşyk ministrligi bilen bilelikde gurluşyk pudagynyň binýadyny tutarlar.
Şu jähetden milli Liderimiz halkara güwänamasy bolan we meşhurlyk gazanan daşary ýurt kompaniýalary bilen bäsleşmäge ukyply kuwwatly milli gurluşyk kompaniýalarynyň döredilmegine degişli meselelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, Ş.Durdylyýewe we M.Artykowa ýurdumyzyň ähli gurluşyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýygnak geçirip, gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem hökümet derejesinde garamak üçin resminamanyň taslamasyny taýýarlamagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmagyň, olaryň ykrar edilen ygtybarlylyk ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine 2014-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň öz wagtynda gurluşygynyň gutarylmagyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda 2013-nji ýyldaky işleriň netijeleri, olary ösdürmegiň geljegi baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, umuman, ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 107,8 göterime deň boldy.
Hususan-da, demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ösüş depgini 105,3 göterime ýetdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, 2013-nji ýylda “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň “Bereket-Etrek” demir ýol şahasynyň 180 kilometrden gowragy guruldy, içerki demir ýollarda 47 kilometri goýuldy we 150 kilometriniň durky täzelenildi, ýük wagonlarynyň 813-si we ýolagçy wagonlarynyň 58 –si satyn alyndy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 145,7 göterim, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 110,2 göterim, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça 108,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Hasabat döwründe umuman Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy, ýurdumyzda 575 müňden gowrak täze telefon nokatlary gurnaldy, bu bolsa 188 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamynyň ösüşiniň depginleriniň pesdigine ünsi çekdi. Biz ösen döwürde ýaşaýarys, muňa garamazdan, ilat aragatnaşyk hyzmatynyň işiniň hilinden nägile, obalarda hyzmatlar talaba laýyk guralmaýar. Aşgabat şäherinde döwrebap ykjam aragatnaşyk ulgamy ýola goýlan hem bolsa, bu ulgam diňe şäheriň içinde işleýär. Onuň çäklerinden daşarda bolsa talaba laýyk işlemeýär.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, biziň ýurdumyzda Internet ulgamynyň ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyny ösdürmek meselelerine degip geçip, döwletiň ýolagçy we ýük awtoulaglaryny uly möçberlerde satyn alýandygyny nygtady, muňa garamazdan, ýurdumyzda ulag ulgamy gowy işlemeýär. Şunuň bilen baglylykda, sürüjileri taýýarlamak hem-de pudakda zähmet düzgün-nyzamyny pugtalandyrmak boýunça işleri geçirmek zerurdyr.
Milli Liderimiz demir ýol ulaglarynyň işine nägilelik bildirip, bu pudagy ösdürmekdäki, şol sanda pudakda alnyp barylýan gurluşyk işlerindäki birnäçe kemçilikleri görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Pudakda howpsuzlygy üpjün etmek we demir ýolda bökdençsiz hereketi ýola goýmak we onuň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça hyzmatlary ýokary hil derejesinde etmek üçin pudakda zähmet düzgün-nyzamyny berkitmek ugrunda gaýragoýulmasyz çäreleri görmek möhüm diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra ýolbaşçylyk edýän pudaklarynda 2013-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyza milli ykdysadyýetiň senagat ulgamynyň esasy görkezijileri barada aýtmak bilen, wise-premýer bellenen meýilnamalary berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň barşynda hasabat döwründe pudakda, umuman, oňat netijeleriň gazanylandygyny habar berdi.
Senagat ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 143,6 göterim boldy. Sement önümçiliginde ýokary görkezijiler bellenildi. Şonda ösüş 193,3 göterime, magdan däl materiallary öndürmekde 122,5 göterime, diwara örtülýän materiallary öndürmekde 120 göterime, gurnama demir-beton önümlerini öndürmekde 119,9 göterime, sozulan metal we keramzit öndürmekde degişlilikde 111,7 we 115,5 göterime deň ösüş gazanyldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça 2013-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 108,8 göterim berjaý edildi. Hususan-da, nah matalary, taýýar trikotaž we tikin önümlerini öndürmek boýunça bu görkeziji 109,2 göterime ýetdi. Ýüpek matalary öndürmekde ösüş depginleri 101,7 göterimde üpjün edildi.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe haly önümleriniň 42 müň inedördül metri öndürildi. Önümçiligiň ösüş depgini 101,4 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň bölümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak we Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginleriniň üpjün edilmeginiň häzirki tapgyrda ilkinji derejeli wezipe bolup durýandygyny belledi, çünki bellenen ähli meýilnamalaryň we uzakmöhletli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi şuňa bagly bolup durýar. Öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ykdysady ulgamyň düzümleriniň işine täze badalga bermek we ähli pudaklar boýunça, şol sanda senagat pudagynda mundan beýläk-de ýokary görkezijileri üpjün etmek gerek, munuň özi ýolbaşçy düzümiň işgärleriniň hünär ussatlygyna we başarjaňlygyna baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylygyndaky ministrliklerde we senagat ulgamynyň edaralarynda boş duran degişli wezipelere işgärleri bellemek boýunça teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowy borçly etdi.
Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary bilen dowam etdi. Geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow hasabat berdi. Hususan-da, däneçiligi, pagtaçylygy, maldarçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy we olary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Bellenilşi ýaly, 2013-nji ýylda welaýatyň gallaçylary Watan harmanyna 472 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, bu baradaky meýilnamany 104,9 göterim ýerine ýetirdiler. Geljekki ýylyň galla hasyly üçin 225 müň gektar ýerde bugdaý ekildi. Meýilnama boýunça ondan 450 müň tonna däne alnar. Geçen ýylda welaýatyň zähmetkeşleri 251 müň 656 tonna pagta ýygnap, bu baradaky meýilnamany 122,7 göterim ýerine ýetirdiler. Oba hojalygynyň beýleki ugurlarynda, maldarçylykda, şol sanda et, süýt, ýumurtga öndürmek yzygiderli ösüş gazanylýar.
Senagat önümçiliginiň ösüş depgini sazlaşykly häsiýete eýe boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi 117,9 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi 143, 2 göterime, halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişi 129 göterime barabar boldy. Haryt dolanyşygynyň möçberleriniň ösüş depgini 117,3 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe sebitde durmuş-medeni maksatly desgalaryň 42-si gurlup ulanmaga berildi. Ýerli býujetiň girdeýji böleginiň ýerine ýetirilişi 106,1 göterime, çykdaýjy böleginiň ýerine ýetirilişi bolsa 99,6 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýygnalan däne we pagta hasylyny degişli derejede saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi we önümleriň gaýtadan işlenişini guramak, şeýle hem ýaz ekişine oba hojalyk tehnikalaryny irgözünden taýýarlamak boýunça binnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz sebitde döwrebap durmuş-ykdysady düzümini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.
Öz gezeginde Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow 2013-nji ýylda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri, şeýle hem häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işliri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende elektroenergiýanyň öndürilişi 5,5 göterim, sementiň öndürilişi 2,6 esse, nebitiň çykarylyşy 2 göterim artdy, bölek söwda dolanyşygynyň möçberi 18,1 göterim ýokarlandy.
Oba hojalygy barada aýdylanda, 2013-nji ýylda welaýatda 120 müň tonnadan gowrak däne we 8,5 müň tonna pagta ýygnaldy. Etiň, suýdüň we ýumurtganyň öndürilişi artdy. Häzirki wagtda ýetişdirilýän güýzlük bugdaýyň maýsalaryna ideg etmek, şeýle hem gant şugundyryny ekmäge taýýarlyk görmek boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär. Gant şugundyryny 3 müň gektar meýdanda ekmek bellenendir. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň üstünlikli gyşladylmagy üçin zerur bolan hemme çäreler görüldi.
Häkim şeýle hem, döwlet Baştutanymyzyň ilaty elektroenergiýa, gaz we suw bilen üznüksiz üpjün etmäge hem-de olaryň sarp edilişine gözegçiligi ýola goýmaga degişli ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde durmuş-ykdysady ähmiýetli täze desgalaryň gurluşyklarynyň barşyna degişli habarlar aýdyldy. Şol desgalaryň hatarynda gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, dikeldiş merkezli mekdep-internaty, kitaphana we beýlekiler bar.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçen ýyl günbatar sebitde maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 169,6 göterim berjaý edildi, ösüş depgini 23,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 9-sy, umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, sport mekdepleriniň 6-sy we beýleki desgalar, saglyk öýü, 59,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar ulanmaga tabşyryldy. Ýeňillikli şertlerde uzakmöhletleýin karz bermäge degişli maksatnamanyň çäklerinde bir we iki gatly öýleriň 124-si bina edildi we şeýle öýleriň häzir ýene-de 695-siniň, şeýle hem dört gatly jaýlaryň 6-synyň gurluşygy dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýan ýazky meýdan işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, senagat we durmuş-medeni ähmiýetli täze döwrebap binalaryň gurluşyklaryna ilkinji derejede üns bermek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de adamlaryň zähmet çekmegi, durmuşy we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegi sebitlerde amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň baş maksadydyr diýip nygtady.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew 2013-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem häzirki döwürde sebitiň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçiriolýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler gurluşygyna başlanan we ulanmaga berilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy we gurluşyk işlerini öz wagtynda tamamlamak hem-de olaryň ýokary hilini üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.
Bellenilşi ýaly, welaýat boýunça geçen ýylda ýerli býujetde göz öňünde tutulan meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Amala aşyrylan gurluşyk işleriniň berjaý edilişi 150 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe desgalaryň 40-sy, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň üçüsi, orta mekdepleriň 21-isi, 4 sany sport toplumy, 7 sany sport mekdebi, Medeniýet öýleriniň 5-si, şeýle hem ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berildi.
Şeýle hem häkim welaýatda geçen ýylda pagta taýýarlamak boýunça meýilnamanyň 115,4 göterim ýerine ýetirilendigini we 265 müň tonna “ak altyn” ýygnalandygyny habar berdi.
Şeýle hem häkim ýurdumyzyň medeni durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljek Medeniýet hepdeligini hem-de onuň çäklerinde halkara sungat sergisini ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça şu günlerden taýýarlyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny habar berdi.
Hasabaty diňläp, milli Liderimiz sebitiň ilatynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, raýatlary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda we gurluşyk işlerinde senagat kärhanalarynda hem-de maldarçylyk toplumlarynda ýokary görkezijileriň gazanylmagyna gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda senagat desgalaryny gurmak bilen bir hatarda, sebitde hemmetaraplaýyn ösüş üçin möhüm ähmiýeti bolan ulag düzümini, gaz geçirijileriň gurluşygyny we elektrik geçirijiler ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra çykyş eden Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew sebitiň 2013-nji ýyldaky esasy ykdysady görkezijileri, oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat bermek bilen, häkim geçen ýylda sebitde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 38-siniň gurlup ulanmaga berilendigini, şol sanda 10 Saglyk öýüniň, çagalar baglarynyň 8-siniň, orta mekdepleriň 5-siniň, sport mekdepleriň 7-siniň, 3 sany Medeniýet öýüniň, sport toplumlarynyň 2-siniň, suw arassalaýjy desganyň gurlandygyny habar berdi.
Şeýle hem häkim 2014-nji ýylda Lebap welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Halkyň abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilaty arassa agyz suw, gaz, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi we bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Oba düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde görkezmek bilen, döwlet Baştutanymyz häkime bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri dowam etmegi hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa söz berildi. Ol 2013-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şeýle hem oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabat döwründe welaýatyň senagat kärhanalarynda 9 milliard 565 million 4 müň manatlyk önümiň öndürilendigi, bu görkezijiniň 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,4 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Gazlyp alynýan senagatyň öndüren önümleriniň möçberi 8 milliard 438 million manada barabar bolup, ol geçen ýylyň görkezijisinden 17,6 göterim, şeýle hem gaýtadan işleýän pudagyň önümleriniň möçberi ýokarlandy.
Ýurdumyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 1 milliard 139 million 231 müň 700 manatlyk iş ýerine ýetirilip, ýyllyk meýilnama 128,1 göterim amal edildi. Bu bolsa 2012-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdireniňde 8 göterim köpdür.
Häkim 2013-nji ýylda ulanmaga tabşyrylan 38 sany durmuş-ýaşaýyş we medeni ähmiýetli desgalar barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary, saglyk merkezleri we medeniýet öýleri bar, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welaýatyň sagaldyş merkezi guruldy, “Galkynyş” gaz käninde zawodlar toplumy, Mary şäherinde Bagt köşgi, Mary etrabynda 50 müň tonna dänäni gaýtadan işlemäge niýetlenen elewator, Mary we Wekilbazar etraplarynda kiçi göwrümli suw arassalaýjy desgalar bina edildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň 460-synyň gurluşygy tamamlandy we öýleriň 84-siniň gurluşygy, şol sanda uzakmöhletleýin karzyň hasabyna raýatlaryň 544-si üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.
Oba hojalyk görkezijileri barada hasabat berip, welaýatyň ýolbaşçysy geçen ýylda sebitiň ýer eýeleri tarapyndan 406 müň 68 tonna däne ýygnalandygyny, pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen berjaý edilip, Watan harmanyna 366 müň 914 tonna pagta tabşyrylandygyny habar berdi. 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende sebitde mallaryň baş sany hem-de maldarçylyk önümleriniň öndürilişi ýokarlandy.
Häzirki wagtda 2014-nji ýylyň däne hasyly üçin ekilen bugdaýlara ideg işleri agrotehniki kadalara pugta laýyklykda alnyp barylýar, hasylyň saklanmagyna we gaýtadan işlenmegine berk gözegçilik edilýär, şu ýylyň “ak altyn” hasylynyň düýbüni tutmak boýunça işler, şeýle hem gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamaga degişli işler tamamlandy. Mallaryň baş sanyny abat saklamak we olaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtamak bilen, bu ugurda amala aşyrylýan işlere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyndan arzalaryň has köp gelip gowşandygyny belledi hem-de raýatlaryň arzalaryna we ýüztutmalaryna garamak bilen baglanyşykly bellikleriň hökümetiň mejlisine gatnaşýan ýolbaşçylaryň ählisine degişlidigini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2013-nji ýylda ýerine ýetirilen işler, oba hojalygynda özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak maksadynda görülýän çäreler, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, jemi içerki önümde ýurdumyzyň oba hojalygy boýunça ösüş depgini 110,1 göterime deň boldy, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 109,7 göterim, Suw hojalyk ministrligi boýunça 100,6 göterim, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 107,3 göterim, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 117,8 göterim, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 103 göterim, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterim, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 104,6 göterim, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,1 göterim, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 115 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna käbir resminamalaryň taslamalary hödürlenildi. Olara laýyklykda 2014-nji ýylda ýurdumyz boýunça jemi 1 million 465 müň gektardan gowrak meýdanda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Ýene-de bir Karar bolsa şahsy taraplara kärendesine berlen gara mallary hususy eýeçiligine bellenen tertipde musdsuz bermek bilen baglanyşyklydyr.
Mundan başga-da, wise-premýer “Döwlet maldarçylyk birleşiginiň welaýat önümçilik birleşikleriniň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklaryna ot-iým üpjünçiligi üçin ýer böleklerini bermek hakyndaky”, we “Welaýatlaryň, etraplarynyň we şäherleriniň suwdan peýdalanyjylarynyň suwdan peýdalanmagynyň çäkli möçberlerini tassyklamak hakyndaky” buýruklaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagtanyň we bugdaýyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ylmy taýdan esaslandyrylan hasyl dolanyşygyny ornaşdyrmaga we umuman, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba hojalygyny özgertmek maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalary umuman makullap we olara gol çekip, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe söz berildi. Ol Azyk senagaty döwlet birleşiginiň “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde geçirilen barlagyň netijeleri barada hasabat bermek bilen, birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde goýberen kemçilikleri üçin W.Weliýewi Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orazmyrat Gurbannazarowy belledi hem-de ony Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy N.Baýramowy bilim ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy. Bilim ministriniň orunbasary wezipesine Baýramgül Orazdurdyýewa bellenilip, ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygy wezipesine şu döwre çenli birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän A.Myradow bellenildi. Döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa S.Mominow bellenildi.
Soňra milli Liderimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň hem-de kabul edilen maksatnamalaryň ministrlikler, pudak edaralary we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan ýerine ýetirilişini seljermek boýunça pudagara toparyň geçiren işleriniň netijeleri hakynda hasabat berdi. Bu seljermede ýurdumyzyň sebitleriniň toplumlaýyn ösüşini üpjün etmegiň we ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň ýagdaýyna degişli işlere-de baha berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat barada aýtmak bilen, şäherlerimizi we obalarymyzy durmuş taýdan ösdürmek boýunça işleriniň sebitleriň ýolbaşçylaryna bu işleri has güýçli depginlerde durmuşa geçirmegiň zerurdygy barada ençeme gezek ýatladylandygyna garamazdan örän haýal alnyp barylýar diýip aýtdy. Biz şäherlerimizi we obalarymyzy abadanlaşdyrmak üçin welaýatlara hem-de etraplara ägirt uly möçberde serişdeleri goýberýäris, emma muňa garamazdan, bu serişdeler doly möçberde özleşdirilmeýär. Netijede ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, söwda merkezleri we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulan möçberlerden pes derejede alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti B.Atdaýewiň hasabatyndan degişli netije çykarmak bilen, ýerlerde taslamalar düzülende haýallyklara we köp sanly düzgün bozulmalara ýol berilýändigini belledi. Aýry-aýry etraplaryň häkimleri durmuş meseleleriň oňyn çözülmegine, ýaşlara göwnejaý terbiýe berilmegine, olaryň medeni we bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy baradaky meselelere ýeterlik üns bermeýändiklerini, häkimlikleriň derejesinde bu ulgamlary maliýeleşdirmegiň pes derejede galýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz welaýat häkimleriniň borçlaryna diňe bir galla, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek däl-de, eýsem oba zähmetkeşleriniň mynasyp şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek hem olaryň gündelik aladasy bolmalydygyny belläp, sebitleriň ýolbaşçylarynyň esasy wezipeleriniň adamlaryň durmuş derejesini we abadançylygyny ýokarlandyrmak olaryň esasy borjy bolup galýandygyny ýene bir gezek nygtady.
Hut şu görkezijiler boýunça – halk üçin nähili ýollary gurýandygyňyz, ýaşaýyş jaýlarynyň, täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, dükanlaryň we durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň näçesini ulanmaga tabşyrýandygyňyz boýunça hem siziň işiňize baha berilýär. Eger kim şu bildirilýän talaba düşünmeýän bolsa we geljekde hem öňküsi ýaly işlemegini dowam etse, onda şeýle ýolbaşçylary eýeleýän wezipesinden boşatmaly bolarys. Bize mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada yzygiderli alada etjek täze ýolbaşçylary belläris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Biziň döwlet dolandyryş ulgamynda welaýatlar we etraplar derejesinde alnyp barylýan işleri gowulandyrmak üçin ähli mümkinçiliklerimiz bar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenilen orunbasarlaryna, welaýatlaryň häkimlerine, şeýle hem A.Nurberdiýewa we Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň başlyklaryna şu günki hökümet mejlisinden soň ýygnak geçirmegi tabşyrdy. Şol ýygnakda her welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmalydyr, sebiti ösdürmek boýunça heniz peýdalanylmaýan mümkinçiliklere baha berilmelidir, oňa päsgelçilik berýän ýagdaýlar anyklanylyp, ýurdumyzyň kanunçylygyna nähili üýtgetmeleri girizmegiň maksada laýyk boljakdygy, hereket edýän maksatnamalara nähili düzedişler girizmegiň möhümdigi, bar bolan mümkinçilikleri jebisleşdirmek üçin döwlet derejesinde nähili çözgütleriň kabul edilmeginiň zerurdygy kesgitlenilmelidir. Türkmenistanyň Prezidenti geçirilen işleriň jemleri boýunça hasabat bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, 12-nji ýanwara düşýän dynç gününi şu ýyl Hatyra gününiň ýekşenbä düşýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kodeksine laýyklykda, bu dynç gününi 13-nji ýanwara geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy M.Ýazmuhammedowa söz berildi, ol ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar tarapyndan bäsleşigiň jemleri jemlenilende "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" üstünlikli durmuşa geçirilişiniň görkezijileri, galla we pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalaryň ulanmaga berilişi, şeýle hem ilaty iş bilen üpjün etmek meseleleriniň üstünlikli çözülişi, ekologiýa howpsuzlygy, ilatyň medeni dynç alyşyny guramak we bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga çekmek işleri hasaba alyndy. Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler göz öňünde tutuldy. Şu görkezijileri seljermegiň esasynda Ahal welaýatynyň “Ak bugdaý” etraby 2013-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen ady almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp we bäsleşigiň ýeňijilerine gutlaglaryny aýtmak bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň bäsleşigiň ýeňijisi bolandygy we onuň ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanýandygy hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz maksatnamalaýyn çykyş etdi. Onda milli Liderimiz 2013-nji ýylyň jemlerine baha berdi we 2014-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tutuşlygyna alnanda geçen ýyl ýurdumyz üçin örän üstünlikli boldy. Daşary syýasatda göz öňünde tutan meýilnamalarymyza we saýlap alan ugrumyza laýyklykda, biz beýleki döwletler bilen ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem gatnaşyklarymyzy anyk maksada gönükdirip yzygiderli ösdürdik. Biziň alyp barýan daşary syýasatymyz bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda amala aşyryldy.
Netijede Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň gerimi yzygiderli giňeldi, geçen ýyl biz hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlary bilen bir hatarda, onuň täze, sebitleýin görnüşlerini hem işjeň ösdürip, geljek üçin oňyn şertleri we zerur bolan berk esasy döretmegi başardyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu ugurda amala aşyrylan işleriň ählisi ýurdumyzyň dünýädäki ornuny ýokarlandyrmaga, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga, jogapkärli, ygtybarly, aç-açanlyga eýerýän hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň abraýyny berkitmäge ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
“Döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatyna, türkmen bitaraplygyna häzirki döwürde sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşiň möhüm hem-de aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Biziň alyp barýan, bitaraplyga eýerýän daşary syýasatymyza Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, bu sebitde ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini emele getirmegiň netijeli guraly hökmünde baha berilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň halkara giňişligindäki işiniň netijelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 20132017-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny» atly rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegini bellemek bolar. Bu wakalar dünýä bileleşigi tarapyndan Bitarap ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň işine goşýan uly goşandynyň ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Tutuşlygyna alnanda munuň özi biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň işine goşýan goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň bu abraýly guramanyň Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlygy täze tapgyrda has-da artdyrylýar we onuň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär. Geçen ýylda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň, şeýle hem hökümet wekiliýetleriniň derejesindäki gepleşikleriň netijesi boýunça syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda möhüm resminamalara gol çekildi.
Şu jähetden milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň energetika, ulag, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna dünýä- ýüzünde barha uly gyzyklanma bildirilýär. Ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýan ýurtlaryň sany artýar. Bu bolsa öz gezeginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär we türkmen döwletiniň halkara abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň esasyny düzýän we raýatlarymyzyň abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýän mizemez ýörelgeleri Garaşsyzlyk we Bitaraplyk, parahatçylyk hem-de raýat agzybirligi, demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygy ýörelgelerini özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak we çalt durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi.
Şu jähetden hormatly Prezidentimiz 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň demokratik esasda saýlanandyklaryny, olaryň häzir işe girişendiklerini nygtady.
Geçen döwürde durmuş taýdan üpjünçilik, ylym we bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, oba hojalyk pudagynyň, ýangyç-energetika toplumynyň, ulag we aragatnaşyk pudagynyň, gurluşyk pudagynyň, medeniýet ulgamynyň, kanun çykaryjylyk we maliýe ulgamlarynyň her biriniň öňünde möhüm wezipeleriň goýulandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz olaryň baş maksadynyň täze özgertmeleri amala aşyrmakdan, döwlet maksatnamalary we taslamalary esasynda öz alyp barýan işleriňi üýtgedip gurmakdan, işiň netijesini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze sepgitlere ýetmekden ybaratdygyny aýtdy.
Dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän şertlerinde biz tutanýerli we yhlasly zähmet çekdik diýip, aýtmak bilen döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýylda göz öňünde tutan meýilnamalaryň ählisiniň diýen ýaly durmuşa geçirilendigini, iri möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde üstünlikleriň gazanylandygyny nygtady. Şeýlelikde, ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 10,2 göterime, senagatda ösüş depgini 7,3 göterime, gurluşykda 17,3 göterime barabar boldy. 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende maýa goýumlarynyň möçberi 7,1 göterim artdy we 46 milliard manatdan hem köp boldy. Şu döwürde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 31 milliard amerikan dollaryndan gowrak obldy diýip, döwlet Baştutanymzy belledi.
Biz iş haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellenen möçberde ýene-de ýokarlandyrdyk. Döwletimiziň goldaw bermeginde ilatymyzyň elektrik energiýasyndan, gazdan, benzinden, agyz suwundan, nahar duzundan we käbir jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanyp bilmekleri üçin ýardam bermäge hem mümkinçilik tapdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormtaly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, geçen döwürde kabul eden maksatnamalarymyzyň çäklerinde ýurdumyzy ösdürmegi dowam etdik. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy bahasy 13 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 400-den gowragy ulanmaga berildi.
Işe girizilen iri desgalaryň hatarynda «Galkynyş» gaz känindäki zawodlar toplumyny we ýerüsti üpjünçilik ulgamlaryny, ýyllyk kuwwaty bir million tonna bolan sement zawodyny, kuwwaty 140 megawatdan hem ýokary bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny, 500 kilometre golaý demir ýollary, 4 sany uly awtomobil köprüsini, şol sanda Amyderýanyň üstünden geçýän 2 köprini, paýtagtymyzda edara binalaryny we bäş ýyldyzly myhmanhanany, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2 350 orunlyk myhmanhanalary we dynç alyş merkezlerini hem-de beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalary görkezmek bolar. Durmuş maksatly desgalaryň hatarynda tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş merkezleri, 7 500 orunlyk 46 sany çagalar bagy, 79 sany sport mekdebi we orta mekdep, 619 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bulardan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki döwürde her welaýatda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan döwrebap şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz 2014-nji ýylda öňde durýan birnäçe wezipeleri kesgitledi. Olaryň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň ösüş depginini saklamagyň bähbidine ýokary sepgitleriň eýelenmegini şertlendirer diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk we ykdysady esaslaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etmelidirler diýip nygtady.
Wise-premýer, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredowa Türkmeni stanyň 2013-2017-nji ýyllarda daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara hyzmatdaşlyk etmek arkaly meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýäde täze medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de diwersifikasyýa edilmeginiň, maliýe-bank pudagyny kämilleşdirmegiň, eksport ugruny nazarlaýan pudaklary ösdürmegiň zerurdygyny belledi. Şunlukda hormatly Prezidentimiz hususylaşdyrmagy mundan beýläk-de netijeli dowam etmek, kärhanalaryň bir bölegini hususy eýeçilige bermek boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Goçýewe bilelikdäki kärhanalary döretmegiň we anyk maksatlara gönükdirilen karzlary ulanmagyň tejribesini täze kärhanalary gurmakda, tebigy baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmekde iş ýüzünde has giňden peýdalanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Goçýewe Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2017–2021-nji ýyllar üçin Prezident maksatnamasyny häzirden işläp taýýarlamaga girişmek, şeýle hem, içerki maýa goýumlaryny, hususy we döwlet maýa goýumlaryny çekmek boýunça anyk meýilnamany işläp taýýarlamak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Hojamuhammedowa we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, açylan ýataklary abadanlaşdyrmak we ulanmaga bermek, aýratyn hem «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge aýratyn üns bermegiň, nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň, tebigy gazyň zerur bolan möçberlerde çykarylmagynyň we baglaşylan şertnamalara laýyk möçberlerde daşary ýurtlara iberilmegini üpjün etmegiň, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň we ony daşary ýurtlara ibermek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan täzeden döwrebap enjamlaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, bitum öndürýän kärhananyň we önümçilik ulgamlarynyň, nebit we gaz geçirijileriniň, şeýle hem beýleki desgalaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça anyk çäreleri görmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.
Gurluşyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şu ýyl milli we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gurluşyk pudagynda 41 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde serişdeleri özleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny, şol serişdeleriň 16 milliard amerikan dollaryny biziň milli gurluşyk kärhanalarymyzyň özleşdirmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer M.Artykowa täze desgalaryň gurluşygynda ýokary hiliň üpjün edilişine we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynda bar bolan elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga, Lebap we Mary welaýatlarynda täze gazturbinaly elektrik stansiýalaryny gurmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmeli, şeýle hem, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri tamamlamaly diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň elektrik üpjünçiliginiň gowulandyrmalydygyny we yşyklandyryş ulgamlarynyň täzelenilmelidigini aýtdy. «Aşgabat–Türkmenbaşy», «Aşgabat– Garagum–Daşoguz» we «Aşgabat–Mary–Türkmenabat–Farap» tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dowam etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Bu pudagyň ýolbaşçylary oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanyp, şu ýyl ýurdumyzda 1 million 600 müň tonna galla we 1 million 200 müň tonna pagta hasylyny öndürmek bolar. Şeýle hem, beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň, miweleriň we ir-iýmişleriň öndürilýän möçberlerini, gara mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmaly. Mundan başga-da, et-süýt, ýag, süýji-köke önümlerini öndürýän kärhanalaryň gurluşygyna başlamaly hem-de olary bellenen möhletlerde gurup, ulanmaga bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda, 2014-nji ýylda 1 milliard 600 million manat möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmeli. Şol maýa goýumlarynyň esasy bölegini obalarda suw hojalyk desgalaryny, energetika desgalaryny, içerki awtomobil ýollaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini, sport desgalaryny, mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmaga gönükdirmeli. 7 sany pagta arassalaýjy zawody gurmaly we durkuny täzelemek işlerini geçirmeli. Şeýle hem milli Liderimiz şu ýylda 8 sany elewatoryň gurluşygyny tamamlamak, 3 sany iri maldarçylyk we guşçulyk toplumyny gurup, ulanmaga bermek, suwarymly ýerleriň azyndan 80 müň gektarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ulag-aragatnaşyk toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň gurluşygyny tamamlamak, şeýle hem Aşgabat şäherinde halkara derejeli ýolagçy awtoulag menzilini gurup ulanmaga bermek, şu ýylda Aşgabat şäherinde täze gurulýan howa menzilinde ýolagçylara niýetlenen binany şu ýyl ulanmaga bermek, ýerli howa gatnawlaryny açmak ýaly wajyp meseleleriň bardygyny belledi.
Ýurdumyzyň deňiz flotuny ösdürmek, Türkmenbaşy şäherinde halkara deňiz portunyň gurluşygyna başlamak bilen baglanyşykly meselä ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz aragatnaşyk pudagynda öz emeli hemra ulgamymyzy älem giňişligine çykarmak, şonuň esasynda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmek, kompýuter tehnologiýalaryny, Internet ulgamyny ornaşdyrmak işlerini dowam etmelidigini aýtdy.
Ylym, bilim babatda aýdylanlda bolsa, bu ugurda pudagy dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we olaryň dünýä garaýşynyň giňemegi üçin zerur şertleri döretmek, ähli pudaklar üçin ýaş alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça başy başlanan işleri dowam etdirmek zerurdyr diýip, hormatly prezidentimiz aýtdy.
Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek meselelerine geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bedenterbiýe we olimpiýa hereketini has-da giňeltmek, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny goraýan çempionlary ösdürip ýetişdirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde 10 sany hassahanany, 21 sany Saglyk merkezini, 77 sany çagalar bagyny, 64 sany orta mekdebi, 31 sany sport mekdebini we sport desgasyny gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň, Bekrewedäki Tehnologiýalar merkeziniň gurluşygyny tamamlamaly.
Medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz milli medeni mirasyň çuňňur öwrenilmeginiň, onuň ýaş nesilleriň arasnyda giňden wagyz edilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Pudagyň maddy – enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin 2014-nji ýylda Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde gurulýan iki sany uly kitaphananyň gurulýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz mundan başga-da, şu ýyl Aşgabatda 3 müň orunlyk teatr we konsertler merkezini, şeýle hem umumy 6 600 orunlyk bolan 24 sany medeniýet öýüni we beýleki köp sanly medeni desgalary gurup, ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz üstüne ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri doly we hemmetaraplaýyn beýan etmek wezipesi ýüklenen habar beriş serişdeleriniň işini degişli derejede guramagyň, gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem, milli Liderimiz milli şahyrymyz, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer P.Taganowa we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, öňde goýlan wezipeleriň hatarynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işini has-da gowulandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem, ýurdumyzyň telekeçilerine giňden goldaw bermegi dowam etmegi nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz şu maksatdan ugur alyp, 2014-nji ýylda hususy telekeçilere 300 million manat ýa-da 100 million amerikan dollary möçberde karz serişdeleriniň beriljekdigini aýtdy.
Ýurdumyzyň senagat toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýlelikde, himiýa senagatynyň kärhanalaryny ösdürmek we olaryň durkuny täzelemek, Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny ulanmaga bermek we beýleki tebigy baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek boýunça düýpli işleri durmuşa geçirmek barada degişli ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da Mary şäherinde gurulýan ammiak we karbamid öndürýän zawodlary açyp, ulanmaga bermeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Dokma toplumynyň kärhanalaryny giň möçberde döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli, şol kärhanalaryň işini dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge gönükdirmeleriniň, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli, magdan däl materiallaryň, gurnalýan demir - beton önümleriniň, keramzitiň we beýleki gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaly diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysynyň wezipesine bellenilen Ş.Durdylyýewe ministrler Kabinetiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyny tamamlamak, paýtagtymoyzyň täze etraplaryny döwrebaplaşdyrmak, V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklar beridi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we yzy üzülmeýän el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlamak bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.