Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 956
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2013-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy we olaryň öňünde durýan wajyp hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň toplumy kesgitlendi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa geňeşiň agzalarynyň ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisi geçirmäge taýýardyklary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen döwlet ýol gözegçilik gullugyna degişli ýol belgileriniň hem-de harby lybaslaryň, aýakgaplaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň içeri işler ministri sergide görkezilýän ýol belgileri, olaryň taýýarlanylyşy, belgileri taýýarlamakda ulanylan serişdeler barada milli Liderimize hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen ýol belgilerini synlap, olaryň döwrebap hem-de umumy ykrar edilen halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, bu ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky düzümlerde taýýarlanylan harby lybaslar, olaryň taýýarlanylyşy, şeýle hem birnäçe görnüşli matalar goýlupdyr. Sergide görkezilýän harytlaryň hatarynda ministrlige degişli düzümlerde hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalarda taýýarlanylan aýakgaplaryň dürli görnüşleri bar.

Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilen lybaslar, olaryň aýratynlyklary, ministrlidige degişli düzümlerde dokalan matalar bilen tanyşdy hem-de olaryň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky çeper höwesjeňler üçin peýdalanylyp bilinjekdigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän dürli görnüşli aýakgaplary synlap, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda taýýarlanylan aýakgaplaryň hilini has-da gowulandyrmak boýunça birnäçe bellikleri aýtdy.

Soňra mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebasyşy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi, olar özlerine ynanylan düzümlerde 2013-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol geçen ýylda ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilen çäreler barada habar berdi. Özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, milli howpsuzlyk ministri ýurdumyzda döwlet ösüşini, türkmen halkynyň döredijilikli zähmetini we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin möhüm şert bolup durýan parahatçylyk ýagdaýyny, durnuklylygy saklamak maksady bilen alnyp barylýan anyk işler barada aýtdy.

Birnäçe möhüm çäreleri öz içine alýan harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özygtyýarly Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan berlen we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynyň möhüm şerti bolan bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly bolup galýandygyny aýratyn nygtady.

Ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň saklanmagynda Milli howpsuzlyk ministrligine ägirt uly ornuň degişlidigini bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň milli bähbidiniň goragynda durýan düzümiň işgärleriniň arasynda berk düzgün-tertibiň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns bermegi ministrden berk talap etdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowyň hasabaty diňlenildi, ol Belent Serkerdebaşymyza özüne ynanylan düzümlerde 2013-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli Liderimiziň döwlet serhediniň bikanun bozulmalarynyň öňüni almak, serhet goşunlarynda düzgün-tertibi pugtalandyrmak maksady bilen, ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem mähriban Watanymyzyň mukaddes serhediniň, halkymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda durýan serhetçileriň gulluklary barada habar berildi.

Serhetçileriň öňünde ägirt uly jogapkärçiligiň durýandygyny aýratyn nygtamak bilen, milli Liderimiz olaryň harby we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, ýokary hüşgärlik görkezmelidiklerini belledi. Şunda Türkmenistanyň döwlet serhediniň gadymy döwürlerden bäri dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglanyşýan goňşy ýurtlar bilen dostluk serhedi bolandygy birjik-de unudylmaly däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem bu ulgamda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda döwrebap serhet galalarynyň gurluşygynyň barşyna, Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, watansöýüjilik ýörelgelerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hemişe gözegçilik etmegiň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň öňde goýan wezipeleriniň jähedinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde alnyp barylýan köptaraply işler barada Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berdi. Şeýle hem ol özüniň gözegçilik edýän ministrliginiň düzüminde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň ygtybarly sütüni bolan milli goşunymyzda harby özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýtdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 22 ýyllygyna hem-de her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

“Milli goşunymyz watansöýjiligiň we mertligiň mekdebi bolmalydyr, türkmen esgerleri bolsa beden we ruhy taýdan kämilligiň, belent ruhuň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezmelidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň soňky ýyllarda iň kämil harby tehnikalar bilen üsti ýetirilýän Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň we kämilleşdirmegiň wajypdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlygyny güýçlendirmegi ministrden talap etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz serkerdeler düzüminiň hem, esgerleriň hem hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, ýaş esgerleriň watansöýüjiligiň asylly däpleri hem-de mukaddes harby borja wepalylyk ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda başga işe geçmegi sebäpli S.Babaýew Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň okuw we ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol geçen ýylda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatyň çäklerinde Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde jemgyýetçilik tertibini saklamak we düzgün bozmalaryň öňüni almak, şol sanda ýurdumyzyň ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Şeýle hem ministr düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýol-gözegçilik gullugyny täze tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Ýurdumyzda durnuklylygy üpjün etmekde raýatlaryň kanuny hukuklaryny we erkinligini goramakda Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, milli Liderimiz ministrligiň we onuň ähli düzümleriniň gullukçylarynyň işlerine yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, düzümi häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün etmek boýunça ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň barşynda polisiýanyň maýory A.Baýramowy Ahal welaýatynyň polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesinden boşatmak we bu wezipä polisiýanyň podpolkownigi S.Kerwenowy bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew 2013-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şonda döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine pugta gözegçiligi alyp barmak düzümiň işiniň esasy ugrudyr.

Prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleriniň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň işiniň täze taryhy eýýamyň beýik maksatlaryna hem-de wezipelerine we Türkmenistanyň adamy hem-de onuň bagtyýarlygyny, abadançylygyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew milli kazyýet ulgamyny ösdürmegiň jähedinde, täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara almak bilen dünýä ülňülerine laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Raýatlaryň hukugynyň we erkinliginiň, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň bähbidiniň goragynda durýan kazyýet ulgamynyň işleriniň netijeleri baradaky hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz kazyýet işgärlerine ägirt uly jogapkärçiligiň degişlidigini nygtady we kanunçylygyň berjaý edilişine, hususan-da, kazyýet edaralarynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi alyp barmagy talap etdi.

Milli kazyýet ulgamynyň anyk işlemeginiň zerurdygyna ünsi çekip, Belent Serkerdebaşysy Ýokary kazyýetiň başlygyna işiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy we şunlukda, işgärleriň seçilip alnyşyna, hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermelidigini belledi.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow milli Liderimiziň başlangyjy bilen hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, geçen ýylda bu babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Alnyp barylýan işleriň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz täze kanunlary jikme-jik öwrenmegiň we doly derejede işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Olar döwlet wezipelerini üstünlik durmuşa geçirmek, şeýle hem täze kabul edilýän kanunlary ilatyň dykgatyna ýetirmegiň we düşündirmegiň usullaryny kämilleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolmalydyr we bu babatda ministrligiň işgärleri tarapyndan jemgyýetçilik kabul edişlikleri yzygiderli esasda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemleri we döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Gullugyň işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän ýokarydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistanyň sebitde möhüm ulag we söwda merkezi hökmündäki ornunyň ykrar edilýändigini hem-de hut şu jähede görä-de olaryň işiniň has-da netijeli bolmalydygyny nygtady. Şeýle hem Belent Serkerdebaşyşymyz gulluga işgärleri almak babatda ýokary derejeli seljeriş çäreleriniň geçirilmelidigini, olaryň hünär taýýarlygyndan başga-da, giň dünýägarayýşly, halal bolmalydygyny hem-de Türkmenistanyň serhedinen geçýän ýükleri eserdeňlik bilen barlanmalydygyny aýtdy we bu işleri gözegçilikde saklamagy gullugyň başlygyndan berk talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow geçen ýylda ýerine ýetirilen işler we jemgyýete wehim salýan howply neşe belasyna garşy alnyp barylýan göreşiň çäklerinde durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Neşe we seri dumanladyjy serişdelerini ýaýratmagyň öňüni almak, oňa garaşly adamlary bejermek we olary sagdyn durmuş ýörelgelerine uýgunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de türkmen jemgyýetini häzirki zamanyň howpundan, ilkinji nobatda bolsa adamlaryň saglygyna, durmuş derejesine ýaramaz täsiri bolan zyýanly endiklerden ygtybarly goragy üpjün etmek ýaly asylly işi alyp barýan gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.

Tassyklanan çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow barlag-gözleg işlerini güýçlendirmegi, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini alyp barmagy, şeýle hem gullugyň iri halkara guramalary hem-de sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz podpolkownik T.Gandymowy Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň başlygy wezipesinden boşatmak we bu wezipä podpolkownik P.Ataýewi bellemek baradaky resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, soňky ýyllarda Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlary, jemgyýetçilik-syýasy we işewür toparlarynyň wekillerini, şeýle hem syýahatçylary hasaba almak boýunça durmuşa geçirilen maksatnamalaýyn çäreler barada habar berdi.

Türkmenistana we onuň bäş müň ýyllyk baý taryhyna, häzirki döwürde ýeten belent derejelerine bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi we Döwlet migrasiýa gullugynda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin gullugyň başlygyň işine nägilelik bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda maýor A.Babaýewi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdiriniň başlygy wezipesine belläp, ony gullugyň Ahal welaýaty boýunça başlygy wezipesinden boşatmak, şeýle kapitan M.Meredowy ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň başlygy wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2013-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleriniň üstünde durup geçmek bilen, bu düzümlerde durmuşa geçirilen çäreleriň kähalatlarda häzirki döwruň talaplaryna laýyk gelmeýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe berk käýinç bermek baradaky resminama gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin ýurdymyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowa berk käýinç yglan etdi hem-de onuň polkownik harby adyny podpolkownik harby ada çenli peseltmek baradaky resminama gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.