Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda gurluşyk işleriniň barşy we binagärlik taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda gurluşyk işleriniň barşy we binagärlik taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 781
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň paýtagtymyzda alyp barýan gurluşyk işleri, şeýle hem hususy kärhanalar tarapyndan işlenip taýýarlanan, ýagny paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen paýtagtymyzyň merkezi künjeginde ýerleşýän we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna geldi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjeginde bar bolan desgalar bilen täze gurlan hökümet binasynyň bir bitewi utgaşyklylygy emele getirmelidigini, onda häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri bilen milli däplerimiziň sazlaşygy üpjün edilmelidigini bellemek bilen, bu babatda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Hökümet binasynyň içine girip, onuň bezeg aýratynlyklary boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Bu ýerde Fransiýanyň belli “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň wekili binada alnyp barylýan işler, onuň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň aýratynlyklary, şeýle hem desganyň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk bilen tanyşlygyň barşynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmäge niýetlenen uly zala baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde hökümetiň mejlisini geçirmek hem-de döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, zalyň bezeg aýratynlyklarynda milli däplerimiziň hem-de medeni baýlyklarymyzyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hökümet binasynda dürli derejedäki duşuşyklary geçirmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri guramak üçin niýetlenen otaglary synlady.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içki bezeg işlerine baha berip, bu ýerde hünärmenleriň netijeli işlemeklerii üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini, her bir iş otagynyň dünýäniň iň ösen tehnologiýalary, kompýuter tehnikalary bilen enjamlaşdyrylmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz binanyň otaglarynda her bölümiň aýratynlyklaryny nazarda tutup, olarda reňkleriň sazlaşygynyň emele getirilmelidigini aýratyn belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerden paýtagtymyzy synlady. Aşgabadyň edara ediş merkeziniň emele gelýän ýerinde ulag gatnawynyň ýokarydygyny nazarda tutup, binanyň ýanyndan geçýän Görogly köçesiniň ugrunda ýerasty geçelgeleriň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we bu babatda degişli çäreleriň işlenip taýýarlanmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz binada dürli derejedäki duşuşyklar, maslahatlar we gepleşikler geçirilen mahaly olar barada habar taýýarlaýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen ýörite otaglarda ähli amatly şertleriň döredilmelidigini, şol sanda otaglarda häzirki zaman kompýuter we aragatnaşyk tehnikalarynyň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz binanyň içgi bezeginde, olaryň otaglarynda milli bezeg aýratynlyklarynyň, medeni mirasymyza degişli gymmatlyklaryň, türkmen heýkeltaraşlarynyň, suratkeşleriniň milli tebigatymyzy, bedew atlarymyzy janlandyrýan eserleriniň esasy orun tutmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda gurulýan desgalarda bolşy ýaly, bu binada hem gurluşygyň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we desganyň öz wagtynda gurlup gutarylmagy esasy talap bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan binada häzirki döwürde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşlygynyň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe we “VINCI Construction Grands Projets” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiline ýüzlenip, binada alnyp barylýan işleriň, gurluşygyň ýokary hil derejesini üpjün etmek we bu möhüm desgany öz wagtynda gurup ulanmaga bermek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta tarapynda iri söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýan ýere geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň käbir agzalary, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Häzirki wagtda 10 ýyl Abadançylyk we Atatürk köçeleriniň kesişýän ýerinde, geljekki Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan iri söwda-dynç alyş merkezini we işewürlik merkezini gurmak üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu desganyň buýrujysy bolup çykyş edýär. Umumy meýdany 17,5 gektara barabar bolan söwda-dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri “Gujurly inžener” hojalyk jemgyýetinden hem-de “Hilli”, “Belent jaý” we “Beýik bina” hususy kärhanalaryndan ybarat bolan konsorsium tarapyndan amala aşyrylýar.

Taslama laýyklykda, söwda merkeziniň umumy meýdany 100 müň inedördül metrden, işewürlik merkeziniň umumy meýdany bolsa 35 müň inedördül metrden gowrakdyr.

Harytlaryň görnüşlerine baglylykda hem-de alyjylar üçin amatly bolar ýaly, taslamada birnäçe zolaklar göz öňünde tutulypdyr. Hususan-da, gurluşyk materiallary, durmuşda ulanylýan tehnikalar, awtomobil salony we beýlekiler aşaky gatda satylar. Söwda merkeziniň birinji gatynda, esasan hem, azyk önümlerini, senagat we hojalyk harytlaryny satýan dükanlar ýerleşdiriler. Ikinji gatda halkyň sarp edýän harytlaryny, egin-eşikleri, aýakgaplary, çagalar üçin niýetlenen harytlary, zergärçilik we milli önümleri, beýleki harytlary satýan dükanlar ýerleşer.

Döwlet Baştutanymyz gurluşygyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtap, täze desganyň keşbinde häzirki zaman binagärliginiň gazananlarynyň hem-de milli binagärliginiň iň gowy däpleriniň sazlaşygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we täze desganyň ak mermerli türkmen paýtagtynyň özboluşly binagärligi bilen sazlaşmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulýan we bina edilmegi meýilleşdirilýän ähli desgalarda ýokary hilli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, şol sanda ekologiýa we bezeg babatdaky talaplara gabat gelýän döwrebap gurluşyk materiallarynyň ulanylmalydygyny aýratyn nygtap, bu babatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi. Bu ýerde ornaşdyryljak enjamlary satyn almak babatda hem degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanmagynyň hem-de onuň işiniň ilerledilmeginiň häzirki Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini okgunly ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan innowasion önümçilikleri döretmek we ýokary hilli önümleri çykarmak baradaky strategiki wezipeleri çözmekde döwlete degişli däl ulgamyň wekillerine möhüm orun degişlidigini nygtady.

Söwda – dynç alyş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan işlenip taýýarlanan täze desgalaryň -- 400 orunlyk köp derejeli awtoduralgalaryň, Aşgabat şäherindäki kottejler toplumynyň, ýokary hilli alýuminiý öndürýän zawodyň, egin-eşik tikilýän “Ak bägül” merkeziniň, “Awazada” dynç almak üçin kottejler toplumynyň, Aşgabat şäherindäki awtoulaglara hyzmat edýän merkeziň, paýtagtymyzdaky 88 öýli ýaşaýyş jaýynyň, söwda merkezleriniň, “Toý zaman” banket merkeziniň, Gökderedäki restoranlaryň we dynç alyş merkezleriniň, Ahal welaýatynyň Derweze etrabyndaky keramiki plitalary hem-de faýans önümleri öndürýän zawodyň, Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky maldarçylyk fermasynyň, şol etrapdaky miwe we gök önümleri öndürýän hojalyklaryň birnäçesiniň, Lebap welaýatynyň häkimliginiň binasynyň, Atamyrat şäherindäki howa menziliniň, şeýle hem welaýat merkezlerindäki karting boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen sport desgalaryň taslamalarynyň maketleri we çyzgylary görkezildi.

Soňra döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän gurluşyk önümleriniň sergisi görkezildi. Sergi pola düşelýän keramiki plitalaryň, dürli materiallardan ýasalan gapylaryň, binalaryň içki we daşky bezeginde ulanylýan dürli önümleriň nusgalaryny özünde jemledi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza täze söwda – dynç alyş merkeziniň binasynyň bezeginde ulanyljak timarlaýyş materiallarynyň we enjamlaryň nusgalary görkezildi. Olaryň arasynda liftler, dizel – generatorlary, energiýa üpjünçilik, sowadyş ulgamlary, suw sorujylar we howany çalşyş ulgamlary, bug gazanlary we beýlekiler bar.

Döwlet Baştutanymyz täze söwda – dynç alyş merkeziniň Aşgabadyň iň ajaýyp ýerleriniň birine, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň oňaýly dynç alýan ýerine öwrüljekdigini aýdyp, söwda merkeziniň çäginde bu ýere gelýänler üçin dynç alyş meýdançalarynyň hem-de çagalaryň oýun meýdançalarynyň gurulmagyny göz öňünde tutmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Merkeziň binasynyň häzirki döwrüň talaplaryna we dünýä ülňülerine laýyk gelmegi üçin, döwlet Baştutanymyz ony zerur bolan inženerçilik we tehniki serişdeler bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew ýurdumyzyň işewürleri tarapyndan hödürlenen taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Milli Liderimiz hödürlenen maketler we çyzgylar bilen tanşyp, umuman, olary makullap, şol ýerdäki ýolbaşçylara bu taslamalary amala aşyrmak babatda türkmen telekeçilerine goldaw bermek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunçylyk – hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda degişli kanunlary işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şol kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň telekeçilerine ýardam bermäge hem-de goldamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän kanunçykaryjylyk işiniň wajypdygyny belläp, bu işe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini çekmegiň möhümdigini nygtady we bu babatda anyk teklipleri aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa welaýat merkezlerinde karting ýaryşlaryny geçirmek üçin niýetlenen sport desgalarynyň gurluşygynyň taslamasyny jikme-jik öwrenmegi hem-de häkimlikler bilen bilelikde olaryň ýerleşjek ýerini kesgitlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça maksatnama işlenip taýýarlananda, dünýäniň dürli ýurtlaryndan geljek türgenleriň türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmagyny guramagy göz öňünde tutmak barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz köp derejeli awtomobil duralgalarynyň taslamalary barada durup geçip, wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe Aşgabat şäheriniň haýsy etraplarynda döwrebap awtomobil duralgalaryny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky meseläni öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz olaryň gurluşygynda hem ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowa hem-de gurluşyk ministri B.Ereşowa ýüzlendi hem-de Türkmenistanda gurulýan desgalaryň ählisinde işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmelisiňiz hem-de şu işlere gözegçiligi güýçlendirmelisiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, wise-premýer B.Italmazowa daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallarynyň hem-de senagat harytlarynyň ornuny tutjak önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi we şu harytlar bilen üpjün etmek boýunça merkezleriň döredilmegini guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda keramiki plitalary we faýans önümlerini öndürýän zawodyň hem-de ýokary hilli alýuminiý çykarýan zawodyň taslamalary barada durup geçip, bu kärhanalaryň önümleriniň ýurdumyzyň gurluşyk materiallar bazaryny doldurmaga we milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän kottejler toplumynyň taslamasy babatda birnäçe teklipleri aýtdy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa ýüzlenip, A.Dadaýew bilen bilelikde dynç alyş merkeziniň ýerleşjek ýerini kesgitlemegi tabşyrdy hem-de türkmenistanlylaryň oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň taslamalaryna degip geçip, binalaryň içki bezeglerine hem-de olaryň öň tarapynyň daşky bezegine aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady. Desgalaryň her biri bezeg babatda özboluşlylygy bilen tapawutlanmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer P.Taganowyň hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewiň ünsüni söwda edaralarynyň we hyzmatlar ulgamynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek meselelerine çekdi. Hususan-da, ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Bu işe kiçi we orta telekeçiligi giňden çekmek örän möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem söwda ulgamynyň edaralarynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda miwe we gök önümleri ýetişdirmek boýunça hojalyk birleşiklerini, maldarçylyk we et-süýt önümleri fermalaryny döretmek baradaky meselelere garap, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa şol desgalaryň gurluşygy üçin ýer böleklerini bermek meselesini çözmegi hem-de şunuň bilen bagly geçiriljek işlere gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa we “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowa Atamyrat şäherinde täze howa menzilini gurmagyň taslamasy bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi. Täze howa menzili iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmelidir we ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan hödürlenen taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň telekeçileriniň milli ykdysadyýeti ösdürmäge saldamly goşandy boljakdygyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň gülläp ösmegine we türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini aýratyn belledi hem-de ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.