Ï Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi

view-icon 721
Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi açyldy. Ol türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň we ozal meýilnamalaşdyrylan ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu çärelere gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri jenap Mohammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilýän mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň birnäçesi girizildi, bu hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýuldy. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň iň ýakyn goňşy döwletler, şol sanda Eýran bilen däp bolan dostluk, özara ynanyşmak gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Toparyň agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp, şu mejlisiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň umumy taryhy, medeni we ruhy däp-dessurlary birleşdirýän iki ýurduň we dostlukly halklaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň barşynda söwda, energetika, nebitgaz, oba hojalygy we suw hojalygy pudaklarynda, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerine garaldy.

Mejlisiň jemleri bolýunça ikitaraplaýyn Teswirnama gol çekildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we Eýranyň wekiliýetleriniň agzalary iki ýurduň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesine ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dürli ugurlardaky bilelikdäki hereketleri, halkara syýasatynyň we iri sebitleýin taslamalaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.