Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 851
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzyň gündelik durmuşyna degişli wezipelere, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň, pudaklaýyn meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M. Nurmämmedowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary P. Taganowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Iş maslahatynda wise-premýer P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde howanyň sowandygyny nazarda tutup, welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny, sebitiň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, welaýatda medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleriniň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, wise-premýere we häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamuhammedow häzirki döwürde alnyp barylýan işler, welaýatda Oba milli masatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hususan-da, häkim welaýatda güýzlük däne ekinlerine ideg etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, sebitiň ilatynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, sebitde gurulýan döwrebap obalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde täze desgalary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutangymyz hasabatlary diňläp, welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede hereket etmeginiň baş meseledigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine ünsi çekip, işleriň haýal alnyp barylýandygyny belledi we zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, milli Liderimiz gurulýan täze döwrebap obanyň we şäherçäniň gurluşygynyň pes derejede alnyp barylýandygyny aýratyn belledi. Sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalar baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz türkmen halkynyň beýik şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan dabaralara taýýarlyk derejesine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn girişilmeginiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň we bu welaýata gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatlary bilen dowam etdi.

Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler hem-de welaýatyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek ugrunda döredilýän şertler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada aýtdy.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň barşy, mallaryň gyşladylyşy, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmakda amala aşyrylýan wajyp çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz howanyň sowandygyny nazarda tutup, welaýatyň ýaşaýyş jaýlaryny, mekdeplerini, çagalar baglaryny göwnejaý ýylatmak, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini ýola goýmak ýaly möhüm meseleleriň ählisiniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Daşoguz welaýatynyň çäklerinde medeni-durmuş maksatly binalary we döwrebap obany gurmak boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygyny, käbir gurluşyklaryň meýilnamadan yza galýandygyny belläp, bu işleriň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini yzygiderli ýola goýmagyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini aýdyp, wise-premýere degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Soňra göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu welaýata gözegçilik edýän orunbasary S.Satlykow çagyryldy.

Häkim sebitiň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreleri yzygiderli alyp barmak, pudaga ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny peýdalanmak we bu ugurda oňyn netijeleri gazanmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň döwrebap durmuş ulgamyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi.

Wise-premýer S.Satlykow öz gezeginde döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Lebap welaýatynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňi bilen welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Başutanymyz sebitiň obasenagat toplumynda anyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna we agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini aýtaryn belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda döwrebap obany gurmak boýunça işleriň juda pes derejede alnyp barylýandygyny bellemek bilen, bu desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýyny seljerip, işleriň depginini güýçlendirmek we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan möhletlerde ýokary derejede tamamlamak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň we welaýata gözegçilik edýän wise-premýer A.Goçyýewiň gatnaşmagynda dowam etdi.

Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň obasenagat topdlumynda, hususan-da, maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler, sebitde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, raýatlaryň döwrebap durmuş ulgamyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada aýtdy.

Iş maslahatynyň barşynda A.Goçyýew welaýatyň durmuş düzümini kämilleşdirmek, Milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan igşleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriniň, çagalar baglarynyň ýyladylyşynyň, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilişiniň möhüm mesele bolup durýandygyny aýratyn belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş –durmuş derejesini gowulandyrmagyň özeni bolan döwrebap özgertmeleriň depgininiň pesdigini belläp, bu işleri göwnejaý çözmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýat döwrebap obany we şäherçäni gurmak boýunça gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow we paýtagtymyza gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew çagyryldy.

Ilki bilen häkim şäheriň döwrebap düzümini yzygiderli ösdürmek, paýtagtymyzda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem şäheriň köçeleriniň, meýdançalarynyň arassaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş. Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Aşgabat şäheriniň bagçylyk we gülçülik ýyladyşhanalarynyň, paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap binalaryň taslamalarynyň we çyzgylarynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy we olary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz häkimiň hasabatyny diňläp, şäheriň etraplarynda abadanlaşdyryş işleri, durmuş maksatly desgalaryň göwnejaý ýyladylyşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisiniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Paýtagtymyzy ösdürmek, onuň döwrebap düzümini kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz täze desgalary gurmagyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmeginiň döwrüň möhüm meselesidigini aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanyşdy, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň seçilip alnyşyna örän jogapkärli we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz desgalaryň gurluşygynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny we daşky keşbiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidigini tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow çagyryldy. Ol häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem topluma degişli gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň we binalaryň taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň häzirki döwrüň talabyna we ruhuna laýyk derejede ösmeginde gurluşyk we energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine doly laýyk gelmelidigini belledi. Ulgamda hereket edýän kärhanalary netijeli dolandyrmaga we olaryň düşewüntliligini artdyrmaga, düzümlere innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we häzirki zaman usullaryny peýdalanmaga degişli meseleler hemişe gözegçilikde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Görkezilen ýer bölegi baradaky meselä degip geçmek bilen, bu babatda degişli düzümler bilen sazlaşykly işi üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer sport ýaryşlaryny göni ýaýlymda we ýazgyda görkezmek we bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bilen baglanyşykly çäreleri geçirmek işleriniň alnyp barlyşy barada aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ulgamlardaky düzümleriň bar bolan mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek we bu babatda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz howanyň häzirki sowuk günlerinde, ýollaryň sürçek mahalynda ilatyň arasynda şikes ýetmeleriň öňüni almak maksady bilen, şonuň ýaly-da sowuklama garşy zerur çäreleriň geçirilmelidigini, adamlaryň jan saglygy baradaky aladanyň döwrüň baş talabydygyny aýratyn nygtap, şunda gije-gündiz işleýän dermanhanalarda ähli derman serişdeleriniň bolmalydygy, maşgala lukmanlarynyň işiniň ýokary derejede guralmalydygy barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Çünki ýurudumyzda adam hakdaky aladanyň, olaryň jan saglygynyň ygtybarly goraglylygy bilen baglanyşykly wezipeleriň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu işleriň hemmetaraplaýyn we örän netijeli esasda alnyp barylmagynyň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz halkara derejesinde geçirilýän dürli ýaryşlary göni ýaýlymda görkezmek bilen baglanyşykly çärelere jogapkärçilikli çemeleşilmeginiň we bu işleriň ikitaraplaýyn bähbitli esasda ýola goýulmagynyň derwaýysdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow hasabatyny şu ýylyň 29-njy ýanwar-1-nji fewral aralygynda Belarus Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri baradaky hasabatdan başlady. Wise-premýer gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň senagat toplumynda halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim berilýändigini we şeýle gatnaşyklaryň anyk netijelere eýe bolýandygyny belledi. Şeýle hem ol häzirki döwürde toplumda alnyp barylýan işler, düzümlere häzirki zaman usullaryny we öňdebaryjy tejribelerei ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň senagat toplumynda işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, bu babatda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz toplumy döwrebap ösdürmek, onuň düzümleriniň iş netijeleriniň we düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz toplumda bar bolan guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, N.Kadyrowy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu günki maslahata gatnaşan häkimleri hem-de ýurdumyzyň Baş prokurory A.Hallyýewi we Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewi çagyrdy.

Milli Liderimiz olara ýüzlenip, häzirki döwürde sebitlerde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek işleriniň haýal alnyp barylýandygyny, hususan-da, welaýatlarda täze obalary we şäherçeleri gurmak işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine we ýurdumyzyň Baş prokuroryna täze, döwrebap obalary gurmak boýunça ýol berlen kemçilikleri seljermegi, ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda maslahata gatnaşyjylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.