Ï Türkmenistanyň Prezidenti Halkara gümrük terminalynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara gümrük terminalynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

view-icon 832
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk-gündogarynda gurulýan Halkara gümrük terminalynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ilki bilen hormatly Prezidentimiz binasyna geldi. Binanyň eýwanynda goýlan gurluşyk bilen baglanyşykly taslamalar bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň garamagyna Halkara gümrük terminalynyň baş meýilnamasy, toplumyň edara binasynyň taslamasy, şol sanda desgalaryň içerki bezeg aýratynlyklary, toplumyň çäginde dürli ýükleri saklamaga niýetlenen ammarlaryň, ýörite gümrük enjamlary bilen üpjün edilen desgalaryň we bu ýerden geçirilýän awtoulag serişdeleriniň görnüşleriniň taslamalary, çyzgylary görkezildi. Şeýle hem bu ýerde terminalyň merkezi geçelgesiniň, ýeňil hem-de ýük awtoulaglaryna niýetlenen duralgalaryň, myhmanhananyň we naharhananyň taslamalary bar. Bu taslamalar bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gurluşygy alnyp barylýan “Artyk” we “Sarahs awtoýollary” serhetýaka gümrükhanalarynyň we olara barýan ýollaryň, köprüleriň, şeýle hem 3 gatly Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň edara binasynyň, gullugyň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary görkezildi.

Täze terminal häzirki zaman desgalarynyň tutuş toplumyny, iki sany üç gatly edara ediş binalaryny, dürli görnüşdäki ýükleri saklamak üçin niýetlenen ýapyk ammarlary, birnäçe ýöriteleşdirilen meýdançalary, şol sanda ýükleri bir ulagdan beýleki ulaga geçirmek üçin niýetlenen meýdançany, iri göwrümli ýükleriň we konteýnerleriň düşürilýän meýdançasyny, ýeňil awtoulaga we ýörite tehnikalara niýetlenen açyk duralgany, hojalyk jaýlaryny, barlaghanany, myhmanhanany we naharhanany öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, ähli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, syýahatçylyk ugrunda netijeli özara peýdaly sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu oňyn syýasatyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady aragatnaşyklary has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň möçberleri birsyhly artýar. Bu bolsa öz gezeginde çynlakaý hem-de jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirýän Döwlet gümrük gullugynyň işiniň möhümdigini şertlendirýär.


Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň awgust aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Halkara gümrük terminalynyň gurluşygy we enjamlaşdyrylyşy Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) talaplaryna doly laýyk gelýär. Terminalyň gurlup ulanmaga berilmegi halkara ýük daşamalaryň kitapçasyny peýdalanmak arkaly Bütindünýä Gümrük guramasy tarapyndan kabul edilen gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak hakynda Kioto Konwensiýasynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berer.

Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden geçýän Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna we degişlilikde Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa ýükleriň amatly hem-de tygşytly daşalmagyny üpjün eder. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky möhüm çatryga öwrüler hem-de ulag çykdaýjylarynyň ep-esli azalmagyna, yklymyň çäklerinde ýük-haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berer.

Häzirki döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümine möhüm orun degişlidir. Bu babatda Türkmenistan birnäçe anyk başlangyçlar, şol sanda BMG-niň belent münberinden öňe sürlen teklipler bilen çykyş etdi.

Olaryň hatarynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm baglanyşygy emele getirmäge gönükdirilen Demirgazyk-Günorta üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça başlangyç, şeýle hem Gündogar-Günbatar ugry boýunça ýük gatnatmagyň ähli mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, şol sanda Hazar, Gara we Baltika deňizleri sebitiniň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly täze ugurlary döretmek boýunça teklipler bar.

Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman, Katar ulag ugrunyň döredilmegi halkara üstaşyr - ulag ugrunyň möhüm bölegine öwrüler. 2011-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde bu ugry döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag ugry – TRASEKA taslamasyna Türkmenistanyň gatnaşmagy ägirt uly ykdysady bähbitleri şertlendirer.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň gadymy döwürlerde bu ýerden geçen we Atlantika ummanyndan Ýuwaş ummanyna çenli aralygy öz içine alýan we bu ugur boýunça işewür-söwda işleriniň netijeli alnyp barylmagynda, bilim we medeni gymmatlyklary alyşmakda möhüm ähmiýeti bolan Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn bellemeli.

Şu görkezilen ugurlaryň üstüne Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol ugrunyň açylmagyny hem goşsaň, onda Türkmenistanyň örän möhüm ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülýändigini ynamly aýtsa bolar.

Şu nukdaýnazardan alanyňda, ýurdumyzyň çäginde Halkara gümrük terminalynyň gurluşygynyň örän uly ähmiýetiniň boljakdygy şübhesizdir. Täze gümrük terminalynyň ýerleşýän ýeriniň amatlylygy bu ýere gelip düşýän ýükleri seljermek, paýlamak we ugratmak bilen baglanyşykly işleriň sazlaşykly ýola goýulmagyny üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bolar.

Bu künjekden geçýän halkalaýyn ulag ýolunyň Halkara gümrük terminalyna gelýän ýükli ulaglaryň paýtagtymyzyň daşyndan aýlanyp geçmegine we olaryň dürli ugurlar boýunça ugradylmagyna şert döredýän esasy mümkinçilikdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Gümrük işleriniň we degişli gözegçiligiň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen, bu terminalda gümrük gözegçiligini ýerine ýetirmäge niýetlenen iň häzirki zaman enjamlary tehnikalar oturdylar. Bu ýerde gümrük gözegçiliginden geçýän halkara ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli zerur şertler dörediler.

Alnyp barylýan işler baradaky hasabaty diňläp we bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz gurluşyk işleriniň hiline we depginine aýratyn ünsi çekdi. Şunda döwlet Baştutanymyz terminalyň işgärleri üçin zerur şertleriň döredilmegini tabşyrdy. Terminalyň öňdebaryjy enjamlar we döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi degişli gümrük gözegçiligini we beýleki çäreleri netijeli alyp barmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük edaralary boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň we oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň we gümrük gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara Halkara gümrük gullugynyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Ýurdumyzyň gümrükhanalaryndan geçýän ýükleriň, esasan-da azyk önümleriniň, söwda harytlarynyň degişli derejede seljerilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz degişli gulluklaryň harytlaryň hem-de önümleriň öz ugurlaryna laýyklykda seljerilmelidigini, hiliniň, baha derejeleriniň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk kadalaryna laýyk gelmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Halkara gümrük terminalynyň çäginde birnäçe ammarlaryň gurulýandygyny nazara alyp, serhetden geçýän önümleriň hersiniň häsiýetine laýyklykda aýratyn ammarlarda saklanmagynyň möhümdigini nygtap, döwlet Baştutanymyz degişli gulluklaryň ýolbaşçylaryna ýurdumyza getirilýän önümleriň we harytlaryň halkara ülňülerine hem-de önümler babatda hereket edýän kanunçylyk resminamalaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň ünsüni bu ýerde gerekli tölegleri, paç ýygymlaryny amala aşyrmak maksady bilen bank işini ýola goýmagyň zerurdygyna çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli gümrükhanalarynda bolşy ýaly, täze döredilýän Halkara gümrük terminalynda hem tertip-düzgüniň berk ýola goýulmagy, serhetden geçýän ýükleriň degişli derejede barlanmagy bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Bu ýerden geçýän ýüklere gözegçilik etmekde iň häzirki zaman enjamlaryň ulanylmalydygyny, olara yzygiderli wideogözegçiligiň amala aşyrylmalydygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň öz işlerinde döwrebap tehnologiýalary, dünýäniň iň kämil enjamlaryny ulanmaklarynyň zerurdygyny belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz bu ýerde ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin binanyň döredilmelidigini we ýurdumyza gelýän raýatlaryň migrasiýa gullugy bilen baglanyşykly çäreleri ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz binanyň ýokarky gatyna çykyp, bu künjekde gurluşygy alnyp barylýan desgalary synlady. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu künjekde gurluşygy alnyp barylýan Saglygy goraýyş we derman senagaty minsitrligine degişli Baş dermanhana birleşiginiň ammarynyň binasynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilişine we öz wagtynda gurlup gutarmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Bu binanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna we häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz onuň iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Bina bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi we gurluşygy alyp barýan potratçylara talaby güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Bütindünýä gümrük guramasynyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Türkmenistanyň Döwlet serhebini dostluk we hyzmatdaşlyk serhedi diýip ynamly aýtsa bolar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän we parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýerýän daşary syýasatymyz milli bähbitlere bolşy ýaly, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Bularyň hemmesi halkara söwdasynyň möçberleriniň ýokarlanmagy we üstaşyr ýüklere bolan çykdajylaryň peselmegi üçin iň amatly şertleri döredýär. Munuň özi ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine sebit we giň möçberli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertidir.

Şeýlelikde, halkara ulag ugurlarynyň möhüm strategik çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr-ulag kuwwatyny has doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Diýmek, türkmen döwletiniň serhedinden geçýän ýük akymlarynyň möçberleri, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sany ýyl-ýyldan we yzygiderli artýar.

Täze Halkara gümrük terminalynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygy tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.