Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 849
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýanwar aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, oňa gatnaşyjylara çykyş etmek üçin söz berdi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň ýanwar aýyndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sazlaşykly ösüş depgini üpjün edildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen meýilnamalaýyn borçnamalaryň hem-de wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Wise-premýer Türkmenistanyň 2013-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň ahyrky netijeleri barada hasabat berip, geçen ýyl milli ykdysadyýetiň esasy görkezijisiniň—jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 110,2 göterim üpjün edilendigini belledi.

2013-nji ýylda daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2012-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 102,4 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” göz öňünde tutulanyndan 34,6 göterim artandygyny görkezýär.

Geçen ýyl özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 51,8 milliard manada barabar bolup, 7,1 göterim ösüş bilen ýerine ýetirildi. Munuň özi maksatnamada göz öňünde tutulandakysyndan 28 göterim ýokarydyr. Düýpli maýa goýumlaryň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 46,4 göterim möçberde emele geldi.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary 2014-nji ýylyň ýanwar aýynyň makroykdysady görkezijilerine geçip, hasabat döwründe 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 113,4 göterim üpjün edilendigini aýtdy. Sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň döredilmegi we ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagy netijesinde bölek-satuw haryt dolanyşygy 2,4 milliard manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda ösüş depgini 18,6 göterim artdy.

Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem habar berildi. Bellenilişi ýaly, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler görülýär. Ýanwar aýynda ýurdumyz boýunça jemi 669 binanyň we desganyň, şol sanda 39 sany hassahananyň, 73 sany saglyk öýüniň, 183 sany çagalar bagynyň, 193 sany orta mekdebiň, 69 sany medeniýet öýüniň, 74 sany sport mekdebiniň, 39 sany sport desgasynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Şunuň bilen birlikde, awtomobil ýollarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, elektrik geçirijileriň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada durup geçip, hasabat döwründe ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji böleginiň 110,7 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 96,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary hem-de pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýelşedirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 11 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine kanagatlanma bildirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depginini saklamak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegine ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň seljermesini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-permýere anyk tabşyryklary berdi. Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän kanunçylyk – hukuk binýadyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň täze saýlanan deputatlarynyň öňünde eden taryhy çykyşynda öňde goýlan gaýragoýulmasyz wezipelerden ugur alnyp, 2014-nji ýyl üçin iş meýilnamasy taýýarlanyldy. Şol meýilnama laýyklykda, milli Liderimiziň başyny başlan, türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, şeýle hem aýry-aýry ulgamlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge ýardam etjek kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ençemesi işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, deputatlar ýerlerde düşündiriş işlerini alyp barýarlar, saýlawçylar bilen duşuşýarlar, olaryň sargytlary, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri bilen tanşyp, köpsanly wajyp meseleleri çözmäge ýardam edýärler.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmekde milli parlamentiň möhüm orny eýeleýändigini hem-de saýlawçylaryň bildiren ynamyna laýyklykda, deputatlaryň jogapkärçiliginiň ýokarydygyny nygtady.

Deputatlaryň işi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna hem-de jogapkärli wezipelerine laýyk gelmelidir. Türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagy şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegine baglydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Geçen aýda DIM-niň geçiren işleriniň netijeleri we ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde giň netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasyny gyşarnyksyz we yzygiderli amala aşyrýandygy nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady aragatnaşyklaryn we medeni-gumanitar gatnaşyklaryny häsiýetlendirýän yzygiderli ösüşler bellenip geçildi. Muňa ýanwar aýynda DIM-niň üsti bilen ýurdumyzda daşary ýurt wekiliýetleriniň 32-siniň bolmagy şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda-da ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 44-si daşary ýurtlara ugradyldy. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eden maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 12-si geçirildi. Şeýle hem geçen aýda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeler, şeýle hem ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň mejlisleri Türkmenistan bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky netijeli, dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Hasabat döwründe şeýle geňeşmeleriň 7-si geçirildi, şonuň ýaly-da, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky, 13-nji mejlisi bolup geçdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine üýtgewsiz eýerjekdigini, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine sebit we dünýä möçberinde ygtybarly özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.

Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, häzirki zaman ýagdaýlaryny we mümkinçilikleri nazara almak arkaly özara hereket etmegiň täze netijeli usullaryny işläp taýýarlamak üçin milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ç.Rüstemowany şol bir wagtda Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Nurberdiýewi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynyň şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat bilen çykyş etdi.

Hasabatda bellenilşi ýaly, tutuş obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depgini 110,4 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 108,1 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça – 102,9 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça – 105,8 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça – 114,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça – 102 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça – 103,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça – 114,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça – 125,2 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça – 105,7 göterime deň boldy.

Häzir ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaçanyň ýazky ekişine işjeň taýýarlyk görülýär. Agrotehniki kadalara laýyklykda sürlen ýerler mineral dökünler bilen gurplandyrylýar, tehnika we tohum taýýarlanylýar. Şeýle hem güýzlük bugdaýa ideg işleri amala aşyrylýar.

Wise-premýer Daşoguz welaýatyna bolan iş saparyň netijesi barada hem hasabat berdi. Iş saparynyň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky Prezident Maksatnamasy esasynda gurluşygy alnyp barylýan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň barşy bilen tanyşmakdan ybarat boldy.

Şu ýyl S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurulýan iri maldarçylyk toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu desga 500 baş tohum mallary saklamaga hem-de ýylda 2 müň tonna süýt we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Häzir bu ýerde döwrebap enjamlary gurnamak işleri alnyp barylýar, bu işleriň netijesinde sygyrlary sagmak we beýleki işler doly awtomatlaşdyrylar.

Gurulýan desgalaryň hatarynda Boldumsaz we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndaky her birinde 50 müň tonna bugdaý saklamaga niýetnenen iki elewator, Köneürgenç etrabynda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhana hem-de Görogly etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasynyň täze önümçilik bölümi bar. Bu ýerde hem enjamlary gurnamak hem-de sazlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurda milli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly bolan ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy, şol sanda oba hojalyk toplumynda, dokma, pagtany gaýtan işleýän we beýleki pudaklarda amala aşyrylmaly welaýatlaryň köp ugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk toplumyna degişli desgalaryň gurluşygyny we üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Bereketli hasyly almak üçin esas bolup durýan agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täze serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň hem-de oba hojalygyny üstünlikli ösdürmegiň aýrylmaz şerti bolan ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de fewral aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň 7-10-njy fewralda ýurdumyzda geçiriljek Medeniýet günlerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işi barada habar berip, hasabat döwründe ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilen halkara derejeli çäreler barada durup geçdi. Hususan-da, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda amerikan filmleriniň görkezilişi guraldy, şeýle hem amerikan aýdym-saz toparlarynyň konsertleri geçirildi.

Fewral aýynda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy barada aýdyp, B.Nurmyradowa olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe, şeýle hem milli senenamamyzyň beýleki senelerine bagyşlanan çäreleriň bardygyny, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyşyna medeni çäreleriň ençemesiniň taýýarlanandygyny habar berdi.

Wise-premýer Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerine taýýarlyk görlüşi barada durup geçip, bu çäräniň çäklerinde 7-10-njy fewral aralygynda türkmen paýtagtynda amaly-haşam sungatynyň sergisiniň, dostlukly ýurduň döredijilik toparynyň çykyşynyň boljakdygyny we eýran kinofilmleriniň görkeziljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça işleriň täze usullaryny we serişdelerini gözlemegiň, ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgerişlikleriň döredijilik taýdan beýan edilmegine jogapkärli çemeleşmegiň, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz milli medeniýeti we sungaty ösdürmäge, türkmen halkynyň ruhy mirasyny bütin dünýäde giňden tanyşdyrmaga, goňşy ýurtlar bilen dostluk-doganlyk we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän halkara çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow şu ýylyň birinji aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, nebit önümlerini öndürmek, ulanmaga berlen senagat hem-de durmuş maksatly desgalarda maýa goýumlaryny özleşdirmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler aýdyldy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň hünärmenleriniň işi hem-de olary okatmak, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konsernini maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň adyna birnäçe nägilelikleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyz birinji çärýegiň ahyryna çenli kärhananyň işini seljermek hem-de işleri döwrebap guramak barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzda nebit çykarylyşynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga, şol sanda gury ýerde hem, nebitiň uly gorlaryna eýe bolan Hazar deňziniň türkmen böleginde hem ýangyç känlerini işjeň özleşdirmegiň hasabyna artdyrmaga degişli birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow şu ýylyň ilkinji aýynda ýgözegçilik edýän milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Habarda beýan edilişi ýaly, Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň derejesi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 141,8 göterim möçberde hasaba alyndy. Hususan-da, sementiň önümçiligi 160,3 göterime ýetdi. Magdan däl materiallaryň önümçiligi 135,5 göterim, gurnama demir-beton önümleriniň önümçiligi 124 göterim, sozulan metalyň önümçiligi degişlilikde 103,2 göterim boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda 2013-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 110,4 göterime ýetdi, şol sanda nah matalaryň önümçiliginde 112,7 göterim, örülen we tikin önümleriniň önümçiliginde 123,5 göterim ösüş gazanyldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýynyň önümçilik meýilnamasy 100,1 göterim berjaý edildi.Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça pudakda önüm öndürilişiniň ösüş depgini 113 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň hil taýdan ösüşiň täze derejelerine çykýandygyny nygtady. Muňa ulanmaga tabşyrylýan ýokary tehnologik senagat kärhanalary, pudaklaýyn düzümleriň hereket edýän desgalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy we gaýtadan enjamlaşdyrylmagy şaýatlyk edýär. Dokma we himiýa pudaklarynyň, gurluşyk materiallary senagatynyň depginli ösüşiniň türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, milli Liderimiz öňdebaryjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda çykarylýan önümleriň hil meselesini, olaryň möçberlerini artdyrmak we görnüşlerini köpeltmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň netijeleri, şeýle hem 11-13-nji fewralda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, garalýan döwürde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň ösüş depgini 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105,6 göterim boldy, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 110,1 göterime, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi bolsa 103 göterime ýetdi.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň ýanwar aýy boýunça netijeleri barada hasabat berip, wise-premýer birža söwdalarynyň 12-siniň geçirilendigini habar berdi. Baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 11 milliard 194 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 118,6 göterim derejesinde üpjün edildi.

Şu döwürde Söwda-senagat edarasy tarapyndan edilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüşi 154 göterim boldy. Hyzmatlaryň hasabyna gazanylan girdejiler 388 müň manada ýetdi, bu bolsa 61 göterim ýokarydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe öndürilen senagat önümleriniň möçberleriniň ösüşi 184 göterim, oba hojalyk önümleriniň ösüşi bolsa 134 göterim boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň ösüş depgini 76 göterim artdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy haryt dolanyşygy 221 göterim derejesinde üpjün edildi, ilata edilen hyzmatlaryň möçberi bolsa 211 göterime ýetdi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine görülýän taýýarlyk barada jikme-jik habar berdi. Bellenilişi ýaly, öňde boljak foruma 90 sany türk kompaniýalaryndan 200 töweregi wekiller gatnaşar. Sergide esasan gurluşyk materiallarynyň nusgalary, azyk senagaty kärhanalary, bilim, sport, elektroenergetika ulgamlary, himiýa senagaty we beýleki pudaklar üçin enjamlar görkeziler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda ulgamyny we hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine uly üns bermegiň möhümdigini belledi. Ileri tutulýan wezipeler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýygjam daşary-ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem daşary bazarlaryň islegini we mümkinçiliklerini, daşary ýurt biržalarynyň tejribesini öwrenmegiň, işlemegiň täze has netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz şeýle hem hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň möhüm döwlet taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksadynda anyk işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Öňdebaryjy türk kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak hem-de tejribe alyşmak nukdaýnazarynda öňde boljak Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýanwar aýynda gözegçilik edýän bilim we ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk hem-de sport ulgamlarynyň işiniň jemleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş etdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň bilim we mekdebe çenli edaralarynyň, saglyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk kärhanalarynyň täze binalaryny, beýleki desgalary gurmak, olary häzirki zaman enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirildi

Hasabat döwründe syýahatçylyk we sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek bu ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça hem çäreler görüldi. Türkmen türgenleri ýurdumyzyň sport babatda gazanýan üstünliklerini täze medallar bilen baýlaşdyryp halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşdylar. Häzirki wagtda öňde boljak sport çärelerine taýýarlyk görmek boýunça işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de bilim we ylym babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, milletimiziň intellektual mümkinçiliklerini pugtalandyrmagy we giňeltmegi,ýaşlaryň halkara standartlarynyň derejesinde döwrebar bilim alyp bilmegi üçin ähli şertleri döretmegi maksat edinýän düýpli özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, bu möhüm ugurda belli bir maksada gönükdirilen işi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynda bellenilen özgertmeler meýilnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy hem wise-premýere tabşyrdy, şol ulgam Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda syýahatçylygy hem-de sporty ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge, bu geljegi uly ulgamlary öz mümkinçiliklerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga çynlakaý üns bermegiň möhümdigini nygtady.

Soňra ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar aýyndaky işleriň netijeleri, olaryň işini mundan beýläk kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň geçen aýda gol çeken degişli buýrugyny ýerine ýetirmek maksadynda paýtagtymyzda 2014-nji ýylda ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýän dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Ýurdumyzda giň möçberde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň döwlet dolandyryş edaralarynyň öz işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyny talap edýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerindäki işleri utgaşdyrmak bilen baglanyşykly hemme meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ulanmaga tabşyrylmagy şu ýylda bellenen desgalaryň gurluşygy baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz täze gurluşyklaryň ählisinde işleriň ýokary hiliniň hem-de öz möhletinde berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine uly üns bermegiň zerurdygyny nygtap, bu barada anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Aşgabady gurmagyň nobatdaky tapgyrynyň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda degişli meseleleriň hemmesiniň çözülmegine juda oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Satlykow gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk ulgamlarynda 2014-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen işleriň jemleri, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, tutuşlygyna alnanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça hasabat döwründe meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmek hem-de hyzmatlary etmek boýunça ösüş depgini 116,5 göterime barabar boldy. Demir ýol we awtomobil ulaglary, aragatnaşyk ministrlikleri, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy tarapyndan edilýän hyzmatlar ulgamynda ýokary görkezijiler gazanyldy.

Hususan-da, ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak boýunça hasabat döwründe ösüş depgini degişlilikde Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça 100 we 100,5 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça 101,7 we 100,7 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 107,4 göterime barabar boldy.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça edilen uçar hyzmatlarynyň möçberiniň ösüş depgini 153,1 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk hyzmatlaryny etmekde ýokary görkezijiler gazanyldy, bu 102,7 göterime barabar boldy.

Mundan başga hem wise-premýer “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginde polat ýoluň 210 kilometriniň çekilendigini habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň sazlaşykly işi Türkmenistanyň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän kesgitleýji şertleriň biri bolup durýandygyny belledi, oňa häzirki döwürde ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň hili hem-de ygtybarlylygy babatda ýokary talaplar bildirilýär, munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, Orta Aziýanyň üstünden geçýän yklymüsti üstaşyr-ulag ugurlaryny netijeli peýdalanylmagyna hem ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn kärhanalaryň işini has-da kämiileşdirmek maksady bilen häzirki zaman tehnikasyny hem-de enjamlaryny has göwnejaý we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz ulaglaryň ähli görnüşlerinde--deňiz, demir ýol, howa we awtomobil ulaglarynda hyzmat etmegiň ýokary derejesini hem-de degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow garamagyndaky pudaklaryň 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, ýurdumyz boýunça gurulýan möhüm desgalar hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda Gurluşyk ministrligi boýunça iş meýilnamasy şu ýylyň ýanwar aýynda 121,8 göterime deň boldy. Geçen döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 34-si ulanmaga berildi.

Energetika ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 110,9 göterime, elektrik energiýasyny öndürmek boýunça ösüş depgini 117,5 göterime deň boldy.

Degişli döwür üçin işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça 135,2 göterime deň boldy. Konserniň edara kärhanalary tarapyndan Türkmenbaşy-Farap we Aşgabat-Garagum-Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşyk işleri dowam edýär, hususan-da, ortaça 1308 kilometr ýer işleri ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Jemagat hojalygy ministrligi boýunça işler 121 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna goşmaça elektrik geçiriji ulgamlaryny gurmagyň çyzgylary hödürlendi. Mysal üçin, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýanyň möçberlerini artdyrmak maksadynda gündogar ugurda Mary döwlet elektrik bekediniň energobloklarynyň durkuny täzelemek, şeýle hem Mary döwlet elektrik bekedinden Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine çenli elektrik geçiriji ulgamy çekmek işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk ulgamyny we elektroenergetikany ösdürmegiň ýokary depginlerini saklamak häzirki wagtda möhüm wezipe bolup, ähli bellenilen meýilnamalary we uzakmöhletleýin maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegi şoňa bagly bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem Owganystanyň çägindäki kuwwatlyklara birikdirmek maksady bilen, öz energetika düzümini giňeltmek meselelerine seretmäge taýýardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiz goňşy ýurt bilen hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek, Owganystanyň çäginde möhüm ykdysady desgalary gurmak boýunça taslamalary amala aşyrýandygyny belledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, welaýatlarda energiýa tygşytlamagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekdi. Bu işler energo desgalarynyň birnäçesiniň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak işlerini öz içine alýar. Olar elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berer.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk we Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň, türkmen halkynyň bagtynyň we abadançylygynyň bähbidine işde uly üstünlikler arzuw etdi.