Ï Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa-2014 oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa-2014 oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy

view-icon 768
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ol ýerde Halkara Olimpiýa komitetiniň çagyrmagy boýunça Soçi şäherinde geçirilýän XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany bolar.

Milli Liderimiziň dünýäniň dürli künjeklerinden milliardlarça adamlaryň tomaşa etmeginde geçirilýän dünýäniň iri sport baýramçylygy bolan gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy biziň ýurdumyzda sportuň, bu ulgamdaky halkara gatnaşyklarynyň, sebitde sport boýunça merkezleriň biri bolan Türkmenistanyň we türkmen sportunyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejede geçirilýän gepleşiklerde, daşary ýurtlara guraýan saparlarynyň maksatnamasynda sport bilen baglanyşykly meseleleriň ilkinji hatarda goýulýandygyny bellemeli. Şular ýaly gepleşikleriň barşynda döwlet Baştutanymyz dürli ýurtlarda häzirki zaman sport düzümini guramak bilen baglanyşykly oňyn tejribeler bilen tanyşmaga wagt tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrylmagy biziň ýurdumyzyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek jähetinde aýratyn ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar. Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017 şeýle hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň bu saparynyň derejesi we milli Liderimiziň ýanynda bolýan resmi wekiliýetiň düzümi saparyň aýratyn ähmiýete eýedigini aňladýar. Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümine sport ulgamynyň we 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary girdi. Wekilçilkli türkmen toparynyň Soçi şäherine guralan saparynyň baş maksady iri sport çärelerini we olaryň dabaraly açylyşyny guramak, şeýle hem degişli düzümi döretmek bilen baglanyşykly tejribeler bilen tanyşmakdan ybaratdyr. Şu jähetden Russiýada ägirt uly işler bitirildi. Ol sport çärelerini geçirmekde dünýä tejribesine uly goşant boldy hem-de ony öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we täzeçil çözgütler bilen baýlaşdyrdy.

Bu çözgütler Türkmenistan üçin hem ähmiýetlidir. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz ägirt uly sport, dostluk we myhmansöýerlik ýörelgeleriniň has-da kämilleşdirilmegini ugur edinýär. Aşgabatda geçiriljek Aziada hut şu ýörelgelerden ugur alar. Bu iri möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki, şol sanda sport ulgamyndaky abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirer.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sport ulgamynyň tarapdarlarynyň sany barha artýar we onuň jemgyýetdäki ähmiýetliligi ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we sportuň ýakyn geljekde we uzak möhletleýin esasda ösdürilmegine hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen oňyn çäreleri arkaly beýleki ýurtlara nusgalyk görelde bolýar. Bu babatda durmuşa geçirilýän syýasat özüniň anyk netijelerini berýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi milli Liderimiziň we halkymyzyň, döwletiň hem-de jemgyýetiň tagallalarynyň utgaşyklylygyny we sazlaşygyny emele getirdi.

“Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport we olimpiýa hereketini höweslendirmekden, ony ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden, türkmenistanlylaryň bedenterbiýe bilen has irki döwürlerden başlap meşgullanmaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Milli Liderimiziň bu sözleri anyk işler we watandaşlarymyza görkezýän şahsy göreldesi bilen berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gündogaryň söweş sungatynyň iň ýokary derejesine – gara guşagyň altynjy danyna eýe bolandygyny, ony döwlet Baştutanymyza Bütindünýä karate federasiýasynyň gowşurandygyny, şeýle hem milli Liderimiziň taekwondo boýunça edinji derejeli gara guşaga mynasyp bolandygyny aýratyn bellemeli. Halkara sport hereketiniň öňünde bitiren belent hyzmatlarynyň ykrar edilmegi hökmünde döwlet Baştutanymyza Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagy – Hormat ordeni gowşuryldy.

Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan “açyk gapylar” syýasatynyň, giň halkara hyzmatdaşlygyň, ýurtda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň sport ulgamy öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy we olimpiýa hereketina gatnaşýan türkmen türgenleriniň sany barha artýar. Şeýlelikde, 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy türkmen türgenlerini belentliklere ruhlandyrdy. 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna biziň türgenlerimiziň gatnaşmagy we bäsleşiklerde çykyş etmegi olaryň zerur bolan tejribe toplamaklaryny şertlendirdi.

2013-nji ýyl türkmenn türgenleri üçin şanly ýyl boldy. Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen IV Aziýa oýunlarynda we Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen XXVII Bütindünýä uniwersiadasynda türkmen türgenleri uly ýeňişleri gazandylar we ýeňiji bolan türgenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, pul baýraklary gowşuryldy.

2013-nji ýylda biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda we dünýä birinjiligi ugrundaky bäsleşiklerde 282 medal, şol sanda 100 altyn medal eýelemegi başardylar. Şunuň ýaly ýokary görkezijiler türkmen sportunyň taryhynda entek bolmandy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn tagallasyny bellemeli. Hut milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy we dünýä sportunyň köp ugurlary boýunça ýokary derejelere ynamly gadam goýýar.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda sportuň täze görnüşleri bolan hokkeý, buzda figuralaýyn typmak ýaly ugurlar batly depginlerde ösdürilýär. Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan ozal biziň ýaşlarymyz şeýle ýaryşlara diňe tomaşa eden bolsalar, 2013-nji ýylda hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiminiň Kubogy ugrundaky ilkinji ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy. Şonda türkmen hokkeýçileri diňe russiýaly türgenlerden ýeňilip, ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldular. Buzda figuralaýyn typmak boýunça türgenleri taýýarlaýan mekdebiň üstünliklere eýe bolýandygy begendiriji hakykatdyr. Biziň ýygyndy toparlarymyzyň gyşky Olimpiada oýunlaryna gatnaşjak pursatlarynyň daşda däldigini bellemeli.

... Üç sagat töweregi wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Soçi şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Ol ýerde döwlet Baştutanymyzy Pussiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Soçi şäheriniň administrasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, türkmen wekiliýetiniň agzalary we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden Gara deňziň kenarynda ýerleşýän “Rus” şypahanasyna tarap ugrady. Ol ýerdäki “Imperial” binalar toplumynda milli Liderimiziň iş sapary mahalynda kabulhanasy ýerleşýär.

Bu ýerde günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ХХII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Soçi şäherine gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow bilen duşuşygy boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen köpasyrlyk medeni-ruhy gatnaşyklaryna daýanýan däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi hakynda pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Şeýle hem iki ýurduň Liderleri şu gün açylýan ХХII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler we onuň halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmeginde, tutuş dünýäniň halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda uly goşant boljakdygyny bellediler.

Häzirki döwürde ýokary derejelere göterilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligine ýokary baha bermek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň deňhukuklylyk, uzakmöhletleýinlik we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ygrarlydygyny tassykladylar.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Liderleri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Sport pudagy hyzmatdaşlygyň uly geljegi bolan ugry hökmünde görkezildi we onuň ösdürilmegine iki ýurduň hem uly üns berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, özbek Lideri aýratyn howa şertlerine garamazdan, Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleriniň işjeň ösdürilýändigini aýtdy we biziň ýurdumyzyň sportuň bu görnüşleri boýunça uly üstünlikler gazanjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Islam Karimow Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-iniň uly ähmiýetini belledi. Bu barada aýtmak bilen, Özbegistanyň baştutany türkmen paýtagtynda geçiriljek halkara sport bäsleşikleriniň üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi uly üstünligiň girewidir diýip nygtady.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan bilen däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna gadyr goýýandygyny hem-de ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meselelerine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Geçen ýylyň noýabrynda döwlet Baştutanymyzyň Özbegistan Respublikasyna bolan resmi sapary we onuň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň bukjasyna gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň maý aýynda biziň ýurdumyzda beýik tükmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň geçiriljekdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz özbek alymlaryny we edebiýat işgärlerini şol dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Özbek lideri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Magtymgulynyň özüniň söýgüli şahyrydygyny belledi. Türkmen halkynyň beýik oglunyň döredijiligini Özbegistanda ýagşy bilýärler we ony söýüp okaýarlar diýip bellemek bilen, Islam Karimow Özbegistanyň wekiliýetiniň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşjakdygyny belledi.

Duşuşugyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Islam Karimow Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar we iki ýurduň doganlyk halklaryna bagt, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Şondan biraz soňrak Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putiniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, BMG-niň, Ýewropa Geňeşiniň, Halkara Olimpiýa komitetiniň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylarynyň hormatyna dabaraly kabul edişligi boldy. Soçide geçirilýän XXII Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna 60-dan gowrak ýurduň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşarlar, Halkara Olimpiýa komiteti olara çakylyklary iberdi.

“Imperial” myhmanhanasynyň banket zalynyň eýwanynda belent mertebeli myhmanlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin garşylaýar. Garşylaýyş dabarasyndan we Russiýanyň lideri döwlet Baştutanlarynyň her biri bilen gyşky Olimpiýada 2014-iň resmi nyşanynyň öňünde bilelikde surata düşmek çäresinden soňra resmi kabul edişlik boldy. Onda Russiýa Federasiýasynyň sungat ussatlarynyň çykyşy ýaýbaňlandyryldy.

Olimpiadanyň belent mertebeli myhmanlarynyň hormatyna guralan kabul edişlikde Wladimir Putin çykyş edip, bu oýunlaryň dünýäniň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi has-da gowulandyrjakdygyny belledi.

Kabul edişlikden soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet we hökümet baştutanlary üçin niýetlenilen ýörite awtobuslarda Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýän “Fişt” stadionyna tarap ugrady.

Merkezi Olimpiýa stadiony ilki başda giň möçberli çäreler üçin taslamalaşdyryldy. Ol 40 müň tomaşaça niýetlenendir. Häzir bu stadion 2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul edýän stadionlaryň sanawyna girizildi.

Özboluşly binagärlik keşbi bolan bu stadionyň gar basan gerişlerinden Uly Kawkaz daglarynyň ajaýyp keşbi görünýär. Olaryň biriniň ady Fişt bolup, bu stadion şol dagyň adyny göterýär. Rowaýata görä, hudaýlar Fişt dagynda Olimpiň hudaýlary Prometeýi daňypdyrlar. Ol hudaýlardan ody ogurlap, ony adamlara peşgeş beripdir. Soçi şäherindäki bu stadiona çenli getirilen alawyň Olimpiýa hereketiniň dowamlylygy şol rowaýatyň häzirki zamandaky dowamyny alamatlandyrdy.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň 83-siniň paýtagtlarynyň üsti bilen getirilen alaw älem giňişliginde, suw astynda, dag belentliklerinde boldy. Umumy uzyndygy 65 müň kilometre barabar bolan aralykda alaw göterijileriň 14 müňüsi Soçi şäherine çenli 123 günläp ýol geçdiler. Bu ýoluň dowamynda alaw ulagyň dürli görnüşlerinde ýol ýöredi. Ol daş daşaýan ýük ulaglarynda, itlere tirkelen arabalarda, üç at goşulan, sugun, düýe, goşulan we çöl atlaryna tirkelen arabalarda ýol aşdy. Alawy göterijiler onuň öçmezligi ugrunda tagallasyny gaýgyrmadylar. Gresiýada gün şöhlesinden alnan alaw aýawly saklanyp, ol Olimpiýa alawyny esaslandyrdy. Düýn Olimpia alawyny göterijileri Halkara Olimpiýa komitetiniň baştutany Tomas Bah we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun kabul etdiler. Ine häzir bolsa, mukaddes alaw “Fişt” stadionynda öz ýoluny tamamlar.

Stadiona gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we beýleki döwletleriň Baştutanlary “VIP” münberlerinde öz orunlaryna geçýärler.

Sagadyň dilleri Soçi şäherinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ägirt uly baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan pursadyny görkezýär. Bu ýere ýygnananlar dabaralary uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Dabara gatnaşýanlaryň hatarynda dünýä sportunyň ýyldyzlary, halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylary, belli syýasy, medeniýet, sungat işgärleri bar.

Moskwa wagty bilen 20 sagat 14 minut. Bu tolgundyryjy pursat Russiýanyň taryhynda ilkiji gezek geçirilýän gyşky Oýunlaryň ýylyny alamatlandyrýar. Şeýlelikde, dabara başlanýar.

Açylyş dabarasynyň başlangyjynda Russiýa hakynda gürrüň berýän birnäçe wideofilm görkezildi, bu dabaralar ýurduň täsirli keşbini açyp görkezýän sahnalaşdyrylan görnüşler bilen dowam etdirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti we Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy dabara gatnaşýanlary mübärekleýärler we Russiýanyň döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen olimpiýa-2014-iň geçirilýän ýurdunyň baýdagy galdyrylýar. Bu hormat Russiýanyň kosmonawtlaryna ynanylypdyr.

Soňra däp boýunça türgenleriň dabaraly ýörişi başlanýar. Ýurtlaryň ýygyndy toparlary milli baýdaklaryny göterip geçip başlaýarlar. Dabaraly ýörişe 88 wekiliýetiň 3 müňden gowrak türgenleri gatnaşýar. Dabaranyň şu bölümi üçin ýörite köpri şekilli ýol döredilipdir. Ol kosmosdan Ýeriň görnüşini alamatlandyrýar. Her gezek haýsy ýurduň topary bu ýere gelende ýer togalagy aýlanýar, şeýlelikde türgenler öz ýurdunyň içinden çykyp gelýän ýaly görünýär.

Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, bu dabara degişli çäreleriň taryhynda iň ýokary tehnologiýaly dabara boldy. Gyşky XXII Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyny geçirmek üçin 12 müňden gowrak adam jemlenipdir.

Türgenleriň dabaraly ýörüşinden soň Olimpiýa oýunlarynyň üç sany nyşanyny alamatlandyrýan Ak aýyjyk, Geçi gaplaň we Towşanjyk tomaşaçylary mübäreklediler. Soňra dabaranyň sahnalaşdyrylan bölüminde Russiýanyň – döwletliligiň kemala gelmeginden başlap, häzirki döwre çenli geçen ösüş taryhynyň esasy tapgyrlary ýokary çeperçilik derejesinde şekillendirildi.

Olimpiýa senasy ýaňlanýar, Olimpiýa baýdagy galdyrylýar. Dabara stadiony ýyldyzly asmana öwren dürli öwüşgünli şöhleleriň şekilleri bilen dowam etdirilýär. Olimpiýa jamyndaky alawyň ýakylmagy bilen açylyş dabarasy tamamlanýar. Bu özboluşly dabaranyň aýratynlyklary guramaçylar tarapyndan gizlin saklanypdyr. Ine, şeýlelikde, älem giňişligine hem çykarylan 2014-nji ýylyň XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy stadionda peýda bolýar, ony dürli ýllaryň Olimpiýa oýunlarynyň çempionlary – Russiýanyň ady rowaýata öwrülen türgenleri biri-birine geçirip, alaw ýörüşiniň iň soňky tapgyryny tamamlaýarlar we iň tolgundyryjy pursat ýetip gelýär – meşhur türgenler Olimpiýa alawyny ýakýarlar.

Şu pursatda Soçi şäheriniň asmanynda Olimpiýa feýerwerki peýda boldy. Onuň 3500 gezek asmana atylmagy olimpiýa ýeňişleriniň hasabyna barabardyr. Sportuň 7 olimpiýa görnüşinde jemlenen gyşky sport ýaryşlarynyň 15 görnüşi 2014-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Ýaryşlara badalga berildi we ol 23-nji fewrala çenli dowam eder. Olarda 98 jübüt medallar ugrunda bäsleşiler. Munuň özi 2010-njy ýylda Wankuwerde geçirilen gyşky Olimpiýa ounlaryndakydan 12 sany artykdyr.

Mundan başga-da, Olimpiýadanyň uly medeni maksatnamasy işlenip taýýarlanypdyr. Tutuşlygyna alnanda şunuň ýaly giň möçberli waka ýurduň ykdysadyýetine, medeni durmuşyna we syýahatçylyk ulgamyna oňyn täsir edýär. Dürli derejedäki halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirmegini şertlendirýär, dostlukly we işewür hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini we dünýäniň halklarynyň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm wezipeleriniň durmuşa geçirilmegini hut şu nukdaýnazardan ugur edinýär. Geçen ýylyň ahyrynda Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň geçirilen mejlisinde şu meseleler dogrusynda gürrüň edildi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek iri ýaryşlary guramak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýakyn geljek üçin maksatnamasyny anyk kesgitledi.

2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlanan işler ýurdumyzyň sport binýadyny ösdürmek hem-de sport işgärlerini taýýarlamak üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle derejedäki ýaryşlar Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler. Şonuň üçin olara taýýarlyk görmegiň barşynda şonuň ýaly çäreleri geçirmekde iň gowy dünýä tejribesi işjeň öwrenilýär. Bu işe belli daşary ýurt kompaniýalary hem-de Olimpiýa oýunlaryny, beýleki uly sport wakalaryny guramaga gatnaşan bilermenler çekildi.

Ýaryşlary dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek aýratyn düzüm bölegi bolup durýar. Bu babatda “John Tibbs and Associates” (JTA, Beýik Britaniýa) kompaniýasy biziň hyzmatdaşymyz bolup durýar. Onuň bilen hyzmatdaşlykda 2013-nji ýylda Aşgabat şäherinde dürli ýurtlardan bolan habarlar agentlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda sport media – forumynyň iki tapgyry geçirildi. Taýýarlyk işlerine dünýä belli iňlis kompaniýalary hem çekildi. Olaryň işleri iri möçberli ýaryşlarda hyzmatlary etmekden hem-de Olimpiýa şäherçesini, sport desgalaryny dolandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň üçünji nobatdakysynyň gurluşygyna badalga berildi. Şäherçe jemi 157 gektar meýdany eýeläp, onda desgalaryň 30-dan gowragy ýerleşer. Bu taslamany amala aşyrmaga ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna golaý serişde gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk komitetiniň mejlisinde “V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komiteti döretmek baradaky” Permana we guramaçylyk meselelerine degişli beýleki resminamalara gol çekdi, şeýle hem ilkinji nobatdaky wezipeleriň toplumyny kesgitläp, birnäçe pudaklaryň we duzümleriň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Gönüden-göni Sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetine berlen şol tabşyryklaryň hatarynda V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 17 görnüşi boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak wezipesi durýar.

Bu ägirt uly sport baýramçylygyndan biziň ýurdumyz diňe bir iri ýaryşlary guramak boýunça tejribe toplamak bilen çäklenmän, eýsem sporty ösdürmek, Olimpiýa oýunlaryna ýygyndy toparlary kemala getirmek babatda ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolar. Milli Liderimiziň Soçide geçirilýän gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bu işlere täze itergi berer.

XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Soçi şäheriniň howa menzilinden Aşgabada tarap ugur aldy.