Ï Germaniýanyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Germaniýanyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 635
Şu günler Germaniýanyň Federal Kansleriniň edarasyndaky Merkezi, Gündogar we Günorta Ýewropa, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar meseleleri baradaky bölüminiň ýolbaşçysy jenap Kristof Israngyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda bolýar.

Şu gün türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Olarda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri we iki dostlukly ýurduň köpugurly kuwwatyny hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, köp ýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň ugry boýunça, şol sanda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen soňky ýyllarda ýola goýan oňyn gatnaşyklarynyň çäklerinde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde, şeýle hem ýurdumyzyň iri ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy edaralarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklaryň çäklerinde hem esasy ugurlarda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada jikme-jik pikir alşylar. Hususan-da, Germaniýanyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde çykyş etmegi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyna baryp görmegi meýilleşdirýärler.