Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wekilçilikli toparyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wekilçilikli toparyny kabul etdi

view-icon 638
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçini kabul etdi, ol Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen öz ýurdunyň wekiliýetine baştutanlyk edýär. Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň başlygy Mehmet Buýukekşi gatnaşdylar.

Myhman wekiliýetiň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň we Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Ykdysadyýet ministriniň belleýşi ýaly, Türkiýe öz milli Lideriniň baştutanlygynda gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Myhman Iki ýurduň arasynda dürli ugurlar, şeýle hem medeni-gumanitar ulgam boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň gerimde ösdürilýändigini belledi. Bu barada aýdylanda bolsa, “TÜRKSOÝ” halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi, düzüminde medeniýet we sungat işgärleri, alymlary, ýazyjy-şahyrlary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolan türkmen toparynyň Türkiýe Resupblikasynyň Ankara şäherinde bolup, beýik türkmen şahyrynyň hormatyna guralan dabaralara gatnaşmagy Gündogaryň akyldaryna, söýgüli şahyryna goýulýan uly hormatdan nyşandyr, bu biziň üçin beýik buýsançdyr diýip, Nihat Zeýbekçi aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkiýäniň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzy taryhda kemala gelen ruhy ýörelgeleriň umumylygynyň, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik esasynda döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça ýola goýlan gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn bilelikdäki hereketi ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ony işjeňleşdirmek üçin bolsa ähli şertler we mümkinçilikler bar. Milli Liderimiz we türk wekiliýetiniň agzalary deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin iň amatly şertler döredilen türkmen bazarynyň geljegi barada aýtmak bilen, jenap Nihat Zeýbekçi Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli milli we sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge öňdebaryjy türk kompaniýalarynyň gyzyklanma bildirýärler, Türkiýäniň Eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky sergisine gatnaşýan wekilçilikli toparyň düzümi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzda işlemäge uly gyzyklanma bildirilýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilýän ýyllary içinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde baý tejribe toplanylandygyny nygtady. Türk kompaniýalarynyň türkmen paýtagtynlda şäher gurluşyk maksatnamasyny, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyny hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Milli Liderimiz şu gezekki geçirilýän serginiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu serginiň däp bolan ugurlarda, şeýle hem täze pudaklarda üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigini belledi.

Şu nukdaýnazardan medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan iki doganlyk halkyň medeni we taryhy umumylygy bu gatnaşyklaryň özenini düzýär. Döwlet Baştutanymyz we Türkiýäniň wekiliýetiniň agzalary bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirmek bilen, bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak baradaky pikiri aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Türkiýäniň ykdysadyýet ministri türkmen-türk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga şeýle hem Türkiýe Respubliekasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mutewelliogly gatnaşdy.