Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik görnüşinde adam hukuklary boýunça milli institutlaryň dolandyryş ulgamlaryny düzümleýin seljermek işi boýunça halkara we öňdebaryjy tejribelere bagyşlanylan duşuşyk geçirildi. Türkmen döwletiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky hukuk ulgamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki meýilnamanyň çäginde geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň we Ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan Kanunyň rüstemligini we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň we şahsyýetiň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri diýip yglan etdi. Biziň ýurdumyz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde BMG-niň Konwensiýalarynyň we beýleki möhüm halkara resminamalarynyň ençemesine, ozaly bilen bolsa adam hukuklaryna degişli resminamalara goşuldy. Häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan demokratik ýörelgelere gyşarnyksyz eýermek bilen, halkara işlerine üstünlikli gatnaşyp, öz üstüne alap borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins duşuşykda çykyş edip, BMG-niň Türkmenistanyň yzygiderli geçirýän demokratik özgertmelerini, raýat hukuklaryna we azatlyklaryna degişli kanunçylygy kämilleşdirmek we berkitmek boýunça ädimlerini tutuşlygyna goldaýandygyny nygtady.
Forumyň barşynda Bruksyň Oksford uniwersitetiniň dolandyryş we adam hukuklary boýunça uly mugallymy, halkara bilermeni doktor Riçard Karwer “tegelek stola” gatnaşyjylary adam hukuklary boýunça milli institutlary dolandyrmak ulgamyndaky alnyp barylýan öňdebaryjy halkara tejribeleri bilen tanyşdyrdy.
Bu ýere ýygnananlar halkara guramalar bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň wajyp düzüm bölekleriniň biri hasaplanýan hukuk ulgamyndaky özara bähbitli gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.
Ertir “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk öz işini dowam eter.