Türkmenistanyň “Türkmendöwletätiýaçlandyryş” Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Korol ätiýaçlandyryş (beýik Britaniýa) instituy bilen bilelikde halkara kadalaryny we ätiýaçlandyryş işlerini nazara almak bilen işgärleriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamany işläp düzdüler we ony üstünlikli amala aşyrýarlar. Maksatnamanyň çäklerinde hem “Türkmendöwletätiýaçlandyryş” edarasynyň merkezi diwanynyň, hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň işgärleri okuw sapagyny geçdiler.
- Ätiýaçlandyryş işiniň möhüm meseleleri boýunça okuw sapaklarynyň tapgyrlaýyn geçirilmegi Türkmenistanda 2011-2015-nji ýyllarda ätiýaçlandyryş we ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň Maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň bir bölegi bolup durýar – diýip, iri töwekgelçilik we gaýtadan ätiýaçlandyryş bölüminiň müdiriniň orunbasary Maral Orazowa gürrüň berýär. – Türkkmenistanda ätiýaçlandyryş we ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň maksatnamasynda onuň hazirki zaman ýagdaýyny we ony giňeltmegiň halkara ugurlaryny nazara almak bilen, ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hususanda, ýurtda innowasion taslamalaryň ep-esli bölegi daşary ýurt maýasyny çekmek bilen amala aşyrylýar. Mundan hem başga, Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramalary ýuwaş-ýuwaşdan halkara kadalaryna geçýärler we ätiýaçlandyryşyň halkara işini nazara almak bilen ätiýaçlandyryşyň şertlerini kämilleşdirýärler. Maksatnamada öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagy atiýaçlandyryş işinde tejribeli hünärmenleri talap edýär.
Biziň öz hyzmatdaşlarymyzyň – Korol ätiýaçlandyryş institutynyň öňünde goýan esasy maksady Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş işi üçin geljegi uly bolan ugurlary boýunça halkara iş tejribelerini nazara almak bilen çuňlaşdyrmak bolup durýar. Maksatnama, hususanda, ätiýaçlandyryşyň we emlägi ätiýaçlandyrmagyň ýörelgeleri; töwekgelçilige we garşylyk bildirmelere garamak; töwekgelçiligiň esasy ugry we aktual hasabatlar; ätiýaçlandyryşyň jogapkärçiligi; töwekgelçiligi ätiýaçlandyrmak we dolandyrmak ýaly temalar goşulandyr.
Okuw sapaklary alty aýa niýetlenendir – ol 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2014-nji ýylyň fewral aýyny öz içine alýar. Uly iş tejribesi we ätiýaçlandyryş senagatynda halkara iş tejribesi bolan ätiýaçlandyryş hünärmenleri öz çykyşlary bilen tanyşdyrdylar. Okuw sapaklarynyň maksatnamasyna tanyşdyrylyşdan başga nem okuw mysallary we praktiki sapaklary hem goşuldy. Bu bolsa oňa gatnaşyjylara bu ugurda täze bilimleri almaga we öz derejelerini halkara şahadatnamalary bilen tassyklamaga şert döretdi.