Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 680
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji aýynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem olaryň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk ädimler bellenildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary milli Liderimiziň ozal beren görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimiziň başyny başlan, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň maksatlaryndan hem-de wezipelerinden gelip çykýan gelip çykýan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Milli howpsuzlyk ministri şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Bitaraplyk derejesine gyşarnyksyz ygrarly bolan türkmen döwletiniň parahatçylygyň we asudalygyň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň goragynda duran gulluklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň geçirýän işiniň ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamaga berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, munuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimizi ösdürmegiň hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň özeni bolup durýandygyny, belent maksatlara tarap ynamly barýan halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da berkemegine hyzmat edýändigini belledi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow gullugyň 2014-nji ýylyň ilkinji aýynda amala aşyran işleriniň netijeleri we Belent Serkerdebaşymyzyň Döwlet serhetleriniň goralyşyny güýçlendirmek hem-de serhetçileriň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda beren möhüm tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gullugyň täze döwrebap serhet galalarynyň binalarynyň we harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün edýän serhetçileriň üstüne ýüklenen wezipäniň örän wajypdygyny we jogapkärlidigini belläp, olaryň öz gulluklarynda hemişe mizemez ýörelgelerden – Döwlet serhediniň goragynda sak durmak ýörelgesinden ugur almalydygyny nygtady. Şunda Türkmenistan köpasyrlyk dostluk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine hemişe ygrarly bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Munuň özi köp babatda tutuş sebitde amatly ýagdaýyň bolmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, käbir düzedişleri girizdi we bellikleri aýtdy hem-de olary umuman oňlady.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň kuwwatyny berkitmek we kämilleşdirmek, onuň harby – tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem milli harby işgärleri taýýarlamak babatda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek jähedinde şu ýylyň birinji aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda iň kämil harby tehnikalar bilen üpjün edilýän milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bir hatarda, harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda terbiýeçilik-watançylyk işine, harby gullukçylaryň söweşjeň we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmaga, şeýle hem amala aşyrylýan harby özgertmeleriň beýleki möhüm meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew şu ýylyň ilkinji aýynda kanunçylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek boýunça geçirilen işler, şeýle hem prokuratura işgärleriniň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň geçirýän işleriniň wajypdygy barada aýdyp, olaryň işi döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, täze taryhy eýýamyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelmelidir diýip, ýene-de bir gezek nygtady.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň hasabaty diňlenildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleri hem-de jenaýatçylygyň derejesini peseltmek we islendik düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyny nygtap, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň özleriniň gulluk borjuny hemişe ak ýürekden ýerine ýetirjekdiklerine hem-de özlerine tabşyrylan işi birkemsiz berjaý etjekdiklerine ynam bildirdi. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysyna şeýle hem gyş paslynyň sowuk, ýollaryň sürçek halatynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmek tabşyryldy.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew gözegçilik edýän düzümleriniň milli kazyýet ulgamyny gyşarnyksyz kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler babatda şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz kazyýet işgärleriniň öz işlerinde hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerinden ugur almalydygyny belläp, işgärleri seçip almaga jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Mejlisiň barşynda Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda döwletimiziň öňünde bitiren uly hyzmaty üçin, ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýewi Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow milli Liderimiziň başyny başlan, ýurdumyzyň kanunçylygyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň ilerledilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, onuň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, dünýäniň iň gowy tejribesini içgin öwrenmegiň zerurdygyny nygtady. Şol tejribäniň esasynda bolsa häzirki döwrüň talaplaryna hem-de döwlet ösüşiniň gaýragoýulmasyz wezipelerine doly laýyk gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylmalydyr.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda döwletimiziň öňünde bitiren uly hyzmaty üçin, ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşandy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandy.

Soňra Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew şu ýylyň ilkinji aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň ýolbaşçysyna berlen görkezmeleriň, şol sanda iki ugur boýunça hem Türkmenistanyň serhedinden geçýän ýükleriň içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek babatda berlen tabşyryklaryň takyk we birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasynyň” çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň hem-de neşekeşligiň öňüni almak boýunça hasabat döwründe görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz neşe we seri dumanladyjy serişdelerini ýaýratmagyň öňüni almak, oňa garaşly adamlary bejermek we sagdyn durmuş ýörelgelerine uýgunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, abraýly halkara guramalary hem-de sebit düzümleri bilen has ysnyşykly işlemegiň möhümdigini nygtady. Soňky ýyllarda şol düzümler bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki wajyp taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy.

Ýurdumyzyň neşe serişdeleriniň hem-de psihotrop maddalaryň dolanyşygyna garşy göreşmek baradaky halkara konwensiýalaryna goşulmagy Türkmenistanyň bu meselede işjeň orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň, şol sanda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek baradaky çäreleriň wajypdygyny belläp, bu işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, raýatlarymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyny, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesliň kemala gelmegini üpjün etmelidigini nygtady.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýanwar aýynda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň gerimini has-da giňeltmekde migrasiýa gullugynyň işgärleriniň saldamly goşandyny belläp, özleriniň sazlaşykly işi bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni – gumanitar gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagyna ýardam edýändigini aýtdy.

Mejlisiň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik-watançylyk işine, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan işleriň birkemsiz berjaý edilmegine jogapkärçiligini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň ösüş ýolunda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine saldamly goşant goşýandygyny belläp, döwletimiziň olaryň netijeli gulluk etmegi üçin, hünär we bilim derejsiniň ýokarlandyrylmagy, gulluk we durmuş - ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi hem-de Watan goragçylarynyň geljekde hem mukaddes harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine, rowaçlygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň parahat, bagtyýar we abadan durmuşyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.