Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meseleleriň birnäçesine, şeýle hem resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Milli Liderimiz mejlisi açyp we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýene birnäçe günden Türkmenistanda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli baýramlaryň biri bolan Döwlet baýdagynyň gününiň giňden we dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy. Ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler mynasybetli beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli şunuň ýaly sahawatly çäräni geçirmek kararyna gelnendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky topar günä geçmek bilen bagly resminamalary taýýarlady diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Bu meseleler boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan toparyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däpleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini we eden etmişine ak ýürekden ökünip, toba gelen raýatlaryň günäsini geçmek çäreleriniň asylly däbe öwrülendigini belledi hem-de “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we bu asylly däplere eýermek bilen, Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň iş kesilen raýatlarynyň 859-syny tussaglykdan boşatlmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, biz şunuň ýaly sahawatly çäreleri geçirmek bilen, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Milli Liderimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ministrliklerindäki we pudak edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz taprapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, 2013-nji ýylyň iýun aýynda kabul edilen “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndaky kadalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen işler barada hasabat berildi. Şu kanunçylyk namasyna laýyklykda, gozgalmaýan emläk boýunça biržanyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň ýanynda degişli düzümiň döredilmegi boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça geçiriljek işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýän uzakmöhletleýin maksatnamanyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary ýurt bazarlaryny öwrenýän institutyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi, şol institutyň esasy wezipesi ýurdumyzyň haryt dolanyşygy bilen bagly mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ylmy-barlaglary geçirmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş taýdan möhüm ähmiýetlidigini hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylymagyna, hususy eýeçiligiň ösdürilmegine, ilatyň ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna ýardam berjekdigini hem-de öz gezeginde türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň ösüşine oňaýly täsirini ýetirjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz haryt dolanyşygyna goldaw bermegiň möhümdigini hem-de munuň daşary ykdysady işiň ösdürilmegine degerli badalga berýändigini belläp, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde şu ugruň ileri tutulýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz geçirilen işler babatda orta atylan teklipleri oňlady hem-de wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk we hukuk binýadyny döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek, milli parlamentimiziň alyp barýan işleri, şeýle hem deputatlaryň ýerlerde geçirýän işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň şu ýylyň 1-nji martynda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahatynda türkmen döwletiniň durmuş ugurly syýasatyny yzygiderli amala aşyrmaga, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmyny we türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň beýleki ulgamlaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjek birnäçe kanunlaryň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna taýýarlyk görülýär.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine deputatlaryň saýlawlaryny, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşleriň agzalarynyň çykyp gidenleriň ýerine agzalarynyň saýlawlarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Karary bilen 2014-nji ýylyň 20-nji apreline bellenilendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmak, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kanunçykaryjylyk işi Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen hemişe aragatnaşyk saklamagyny göz öňünde tutýar. Çünki kanunlaryň ählisi, ilkinji nobatda, adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmelidir, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmelidir. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, täze kanynçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllarda daşary syýasatynyň ugrunyň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň jähetinde Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk çäreleri barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň 2009-njy ýylda gol çeken Permanyna laýyklykda, milli senenamamyza girizilen türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy mynasybetli şu ýylyň 16-17-nji fewralynda birnäçe çäreler geçiriler. Olaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň toparlarynyň arasynda sport bäsleşikleri bar. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçiriler.
17-nji fewralda Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli we ýurdumyzyň diplomatlarynyň hünär baýramçylygynyň döredilmeginiň bäş ýyllygyna bagyşlanyp, sergi, maslahat we baýramçylyk konserti bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, işjeň halkara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan we ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.
Döwletimiziň ýurdumyzyň diplomatlarynyň netijeli işi üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleri döretjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-iniň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumunyň dürli pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişine taýýarlyk görülýär, sürüm işleri dowam edýär. Agrotehniki kadalara laýyklykda, sürlen ýerler mineral dökünler bilen gurplandyrylýar, tekizileýiş işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri amala aşyrylýar, şol ekinlere goşmaça dökün berilýär, ösüş suwy tutulýar.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat beridi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2014-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi. Şu resminama laýyklykda, Mary welaýatynda 13 müň 900 gektarda, Balkan welaýatynda bolsa 3 müň gektarda güýzlük gant şugundyryny ekmek bellenildi. Mundan başga-da, Mary welaýatynda 1 müň gektarda ýazlyk gant şugundyry ekiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegine, obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn özgertmek babatda geçirilýän işleriň möhüm ugry hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa oba hojalyk pudagyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze sepgitlere çykarmakdan ybaratdyr. Milli Liderimiz oba hojalyk ekinlerini suw bilen, şol sanda emeli howdanlarda toplanan suwuň hasabyna, bökdençsiz üpjün etmegi wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2014-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky” kararyň taslamasyny, umuman, makullap we oňa gol çekip, onuň ýerine ýetirilişi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem wise-premýere ýakyn wagtda geçiriljek meýdan işlerine, şol sanda gowaça ekişine taýýarlyk görmek babatda degişli görkezmeler berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa hasabatynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen paýtagtynda bina edilýän Ýadygärlikler toplumy üçin sungat eserlerini taýýarlamak we ony muzeý gymmatlyklary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hususan-da, ýadygärlik toplumy üçin sungat eserleriniň taýýarlanylyşy we onuň düzümine girýän muzeýiň gymmatlyklar bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi. Toplumyň daşky we içki bezeg işleriniň esasy bölegini Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň ýerine ýetirýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu toplum üçin muzeý gymmatlyklaryny almak baradaky kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýanynda döredilen ýörite topar degişli işleri amala aşyrýar.
Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly çäräniň maksatnamasy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Ýadygärlikler toplumynyň ähmiýetini nygtamak bilen, bu binanyň mukaddes künjege öwrülmedidigini, türkmen halkynyň edermenliginiň we belent watançylygynyň nyşany bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde gurulýan ähli desgalaryň, şol sanda muzeýiň içki görnüşiniň we heýkelleriň bezeginiň milli öwüşgün bilen tapawutlanyp, täze taryhy eýýamyň belent ruhuna, çuň many-mazmuna eýe bolmalydygyny nygtady.
Bu Ýadygärlikler toplumy türkmen binagärliginiň, heýkeltaraşlygynyň we bezeg sungatynyň ähli gazananlaryny özünde jemlemelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň tutuşlygyna şol bir wagtyň özünde taryhy hakydany we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhy galkynyşyny alamatlandyrmalydygyny belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň giňden we dabaraly geçirilmegi üçin ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.
Öz nobatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň düzüm böleklerindäki işleriň ýagdaýy, şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda, ýurdumyzyň ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak boýunça taslamalaryň ýerine ýetirilşiniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, düzümlerini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, bu ulgamda amala aşyrylýan işler nebitiň we gazyň çykarylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň we daşary ýurtlara iberilişiniň, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmaga ýardam bermelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulýan täze şäherçeleri gazlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada tabşyryk berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, şol sanda himiýa pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ammiak selitrasyny satyn almagy hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny, ilkinji nobatda bolsa milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumyny ýokary hilli mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň himiýa senagatynyň öňünde durýan möhüm wezipedigini belledi. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, bu pudak üçin täze önümçilik desgalaryny gurmak we ozal hereket edýänlerini, şol sanda azot dökünlerini öndürýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ammiak selitrasyny satyn almagy hakyndaky” karara gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görkezmelerinden gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň iri halkara sergilerine, maslahatlaryna we işewür forumlaryna işjeň wekilçilik etmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde geçiriljek “EKSPO- 2015” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu wekilçilikli forum “Planetany iýmitlendirmek, ýaşaýyş üçin güýç-kuwwat” mowzugy astynda 2015-nji ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji oktýabry aralygynda geçiriler. Serginiň mowzugyndan görnüşi ýaly, ol ýokary hilli we sagdyn iýmit, azyk önümleriniň howpsuzlygy, azyk howpsuzlygy, azyk senagatynyň öňdebaryjy däpleri we bu ugurdaky täzeçillikler meselelerine, şeýle hem oba hojalygynyň, ekologiýanyň, mundan başga-da Bütindünýä sergisiniň mowzugy bilen baglanyşykly beýleki ugurlara bagyşlanar. Oňa gatnaşmaga dünýäniň 142 döwleti we öňdebaryjy halkara guramalary isleg bildirdiler.
Serginiň guramaçylyk topary tarapyndan Türkmenistanyň bölümini gurnamak üçin 1175 inedördül ýer meýdançasy teklip edilýär. Bütindünýä sergisiniň köpugurly meýilnamasyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň milli bölüminde Türkmenistanyň bu babatda gazanan tejribelerini, üstünliklerini, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ýeten derejesini, medeni-taryhy mirasymyzy, obasenagat toplumynyň kuwwatyny, şeýle hem bu çäräniň esasy mowzugy hasaplanýan ekologiýa meselelerini çözmekde gazanan tejribelerimiz bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň bu wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň halkara jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýeten derejesi we üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi. Şeýle hem dürli pudaklar boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan özara peýdaly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge amatly şertleri üpjün eder. Döwlet Baştutanymyz “EKSPO-2015”-e taýýarlyk bilen baglanyşykly ähli meseleleri oýlanyşykly işläp taýýarlamgyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugur boýunça guramaçylyk meselelerine degişli birnäçe teklipleri aýtdy.
Halkara derejesinde geçirilýän çäreleriň möhümdigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini görkezmekde hem-de ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri giňden mahabatlandyrmakda we önümleriň daşary ýurtlara ugradylmagynda önümçilik pudaklarynyň we kärhanalarynyň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmakda, olaryň öndürýän harytlaryna bolan islegiň ýokarlanmagynda örän wajyp ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “EKSPO-2015” sergisine gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Munuň özi türkmen halkynyň dünýäniň halklary bilen işjeň we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de artdyrmagyny şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabata başlamazdan ozal, döwlet Baştutanymyza “Döwlet guşy” kitabynyň türk dilinde neşir edilen sowgatlyk nusgasyny gowşurdy. Munuň özi daşary ýurtlarda Türkmenistana, hususan-da, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ägirt uly özgertmeleriň başyny başlan görnükli syýasatçy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýetine uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Soňra wise-premýer milli Liderimiziň Türkmenistanyň ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirmek, milli ylmynyň ykdysadyýete goşýan goşandyny artdyrmak, ylym-bilim ulgamyna we önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy barlaglaryň netijelliligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, türkmen alymlarynyň işläp taýýarlamalaryny halk hojalygynyň ileri tutulýan ugurlarynda netijeli ulanmak boýunça beren görkezmeleri babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagynda degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.
Olaryň hatarynda “Ylmy maksatnamalar we taslamalar boýunça bäsleşikleri geçirmegiň, ýeňijileri kesgitlemegiň hem-de bäsleşikli maksatnamalaryň we taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” kararyň tasalamasy hem bar. Ol ylmy işi, şol sanda zerur bolan enjamlary satyn almak, maslahatlary geçirmek, ylmy toparlary guramak, iş saparlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri maliýe taýdan goldamaga, şeýle hem ylmy-barlaglary we taslamalary höweslendirmäge gönükdirilendir.
Beýleki resminamalar bolsa ylmy işgärleriň hünär taýýarlygynyň derejesine baha bermegiň tertibine, Türkmenistanda alnyp barylmagy gadagan edilen we çäklendirilen ylmy işleriň sanawlaryny we biziň ýurdumyzda alnyp barylmagy çäklendirilen ylmy işleri ýerine ýetirmegiň tertibine degişlidir.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ylmyň milletimiziň abraýynyň we jemgyýetimiziň intellektual ösüşiniň derejesiniň aýdyň görkezijisidigini belledi. Ylmyň ösdürilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, bilimlere, Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüş babatda halkara bileleşigine işjeň goşulyşmagyna esaslanan maglumatlar jemgyýetini döretmegiň möhüm şertidir.
Döwletimiziň ylmyň esasy ugurlaryny hemmetaraplaýyn goldamagy, wajyp taslamalaryň maliýeleşdirilmegi we ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň hem-de merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy esasynda zehinli ýaşlaryň arasynda işleri alyp barmak, täze ylmy zehinleri ýüze çykarmak, ýaş alymlary höweslendirmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz döwlet ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirmäge yzygiderli we toplumlaýyn çemeleşmegiň ähmiýetini nygtap, şeýle çemeleşmeleri kemala getirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekdi hem-de olaryň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, Aşgabadyň günorta böleginde gurulýan Mejlisler merkeziniň hem-de 3 müň orunlyk teatr we konsertler merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada habar berdi. Häzirki wagtda bu iri desgalarda gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňlemek bilen, paýtagtymyzda gurulýan bu we beýleki möhüm desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri pugta gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady we işleriň ýokary hilini hem-de desgalaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagyna içgin üns bermegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe tabşyryklary, şol sanda Mejlisler merkezini hem-de teatr-konsertler merkezini iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrmak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak barada anyk tabşyryklary berdi. Şunda milli Liderimiz Aşgabatda bina edilýän täze binalaryň we desgalaryň ak mermerli türkmen paýtagtyny has gözel görnüşe besläp, onuň barha täzelenýän binagärlik ulgamyna sazlaşykly goşulmalydygyny aýratyn nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň howa ulaglary kärhanalarynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we howa ulaglary ulgamynda alnyp barylýan çäreler barada durup geçip, ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede guramak boýunça birnäçe wezipeleri kesgitledi. Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini üpjün etmek maksady bilen, bar bolan ähli mümkinçilikleriň işe girizilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu wezipeleriň durmuşa geçirilmegine, esasan-da, täze howa menzilleriniň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şeýle hem milli howa ýollary kärhanalarynyň häzirki zaman uçarlary bilen üstüniň ýetirilmegi boýunça uzakmöhletldeýin maksatnamanyň ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň howa ulaglary ulgamynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap howa uçarlary bilen ýetirilýär. Täze satyn alynýan uçarlaryň tehniki aýratynlyklary olary diňe bir içerki ugurlar boýunça däl, eýsem, Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik künjegine duralgasyz uçuşy amala aşyrmaga ýardam berýär. Onda milli howa ýollary kärhanalary yzygiderli halkara ýolagçy ugurlarynyň gerimini has-da giňeldip we hereket edýän ugurlaryň ýygylygyny artdyrmak mümkinçiligine eýe bolýar. Munuň özi Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda has-da möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljegi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda binalar we desgalar toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada habar berdi.
Hasabatyň dowamynda “Arçman-Türkmenbaşy”, “Aşgabat-Mary”, “Mary-Türkmenabat”, “Türkmenabat-Farap” we “Aşgabat-Garagum-Daşoguz” awtomobil ýollarynyň gurluşygy we olaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ýokary depginlerde durmuşa geçirilýändigini, onuň barşynda ähli welaýatlarda köpsanly senagat, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulýandygyny belledi.
“Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda binalar we desgalar toplumyny gurmak hakyndaky” karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz adamlaryň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmegiň, olaryň göwnejaý ýaşaýşy hem-de netijeli dynç alşy üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmek özgertmeler maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda bolsa degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň möhüm meselelerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz ozal hereket edýän ulag ýollarynyň ýokary hilli döwrebaplaşdyrylmagynyň, täze ýollaryň gurulmagynyň we ýokary ulanyş derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Ulag ýollarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi we bu işlere toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady nukdaýnazardan ulag ýollary ýolagçy gatnatmak, ýük daşamak, şol sanda üstaşyr ýükleri ugratmak üçin amatlylygy üpjün edýändigini nygtady. Häzirki şertlerde ýük dolanyşygynyň möhletleriniň gysgaldylmagy bäsdeşlige ukyply artykmaçlygy üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde işjeňligiň artmagyny şertlendirýär we ahyrky netijede halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan, bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.