Ï Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 796
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki dostlukly ýurduň Baştutanlary birek-birek bilen doganlarça mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň käbir ugurlaryny ara alyp masalahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirýändiklerini beýin etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän, şol sanda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli dabaralary giňden geçirmek baradaky başlangyjyny goldandygy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň dekabrynda “Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparyny mähirli garşylandyklary we Türkiýede görnükli türkmen şahyry Magtymguly pyragynyň ýadygärlikleriniň oturdylandygy üçin türk tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi şu ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň Bodrum şäherinde geçiriljek türki dilli ýurtlaryň baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem Abdulla Gül milli Liderimize aşgabatda geçirilen Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen türk wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Taraplar özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler, yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlary we duşuşyklar, şeýle hem indi asylly däbe öwrülen Türkiýäniň eksport harytlarynyň Türkmenistandaky sergileri bu hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz ösdürilmegine hyzmat edýär.

Netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül türkmen-türk gatnaşyklarynyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň iki ýurduň we tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmegini ugur edinýän täze giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türk Lideri döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, milli Liderimizi özi üçin islendik amatly pursatda Türkiýä sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz türkiýe Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Hoşlaşanlarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Abdulla Gül birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, doganlyk türkmen we türk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.