Ï WATANA BAGYŞLANAN YKBAL
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

WATANA BAGYŞLANAN YKBAL

view-icon 1080
Fewral aýy ata Watanymyzyň iň täze taryhynda hem-de türkmen halkynyň häzirki bagtyýar durmuşynda uly ähmiýete eýe boldy. 7 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlaryň barşynda ýokary döwlet wezipesine parasatly syýasatçy Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlady. Bu waka täze eýýamyň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Iki ýyl mundan ozal, 12-nji fewralda türkmen döwletiniň Baştutanynyň nobatdaky saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar ýokary raýat işjeňligi, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçip, halkymyz özüniň erk-islegini beýan etdi hem-de mundan beýläk-de Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda rowaçlyk we ösüş ýoly bilen, öňe gitjekdigine aýdyňlyk bilen görkezdi.

Bu saýlawlaryň netijeleri ösüşiň täze derejä çykandygyny – ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basandygyny alamatlandyrdy. Şol saýlawlar döwletimiziň geçen döwründe alyp baran işiniň özboluşly netijesine öwrüldi hem-de milli ösüşiň ýakyn geljek üçin wezipelerini kesgitledi.

17-nji fewralda türkmen paýtagtynda, Maslahat köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan wezipesine girişmek dabarasy boldy. Şonda milli Liderimiz Watanymyza hem-de halkymyza wepalylyk kasamyny kabul etdi we şeýlelikde, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berdi. Bu maksatnamada ýakyn bäş ýyl üçin ylmyň iň täze gazananlaryna daýanmak arkaly ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bellenildi. Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzyň goldamagynda we ruhubelentliginde, tutanýerli hem-de edermenlikli zähmeti netijesinde bu jogapkärli wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirdi. Häzirki wagtda eýýäm biziň öňde goýan maksatlarymyza tarap okgunly öňe gitmegimiziň depginine, bu ugurda gazanan üstünliklerimize baha bermek bolar. Şu geçen iki ýylyň dowamynda ägirt uly işler amala aşyryldy, örän ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Şol wajyp işler we wakalar barmak büküp sanardan örän köpdür. Olaryň ählisine doly syn bermek üçin bolsa aýratyn neşir gerek bolýar.

Şeýle-de bolsa, biz ägirt uly we köpugurly işiň esasy ugurlaryny beýan etmäge synanyşyp göreris. Beýik we asylly maksatlardan ruhlanan halkymyz bolsa şol uly işleri amala aşyrmakda milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşdi.

Ilki bilen Türkmenistanyň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri barada ýatlap geçsek, maksada laýyk bolardy. Çünki, biziň döwletimizde özgertmeler strategiýasynyň durmuşa geçirilişi dünýäniň köp ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen giň we oňyn hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyrylýar.

“Biz geljekde hem ähli ýurtlar bilen deňhukukly esasda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we netijeli gatnaşyklary alyp barmak üçin açyk bolan halkara syýasatymyzy bitaraplyk ýörelgelerimizi nazara almak bilen durmuşa geçirmegi maksat edinýäris” diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde maksatnamasynda nygtady.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen giň möçberli çäreler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, belli syýasatçylar we işewür toparlaryň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň onlarçasy, oňyn halkara gatnaşyklaryny hem-de Türkmenistanyň ýakyn goňşulary we alysdaky ýurtlar, Ýewropa Bileleşigi hem-de dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze tapgyr açýan daşary syýasat başlangyçlary we bu ugurda ädilen möhüm ädimler ýokarda aýdylan sözleriň iş ýüzünde durmuşa geçendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şol döwürde Türkmenistan 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna, şu möhlet üçin BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň wise-başlyklygyna saýlandy, şeýle hem ilkinji gezek 2013-2017-nji ýyllar üçin BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasynyň (UNESKO) Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine girdi, Halkara migrasiýa baradaky guramasynyň doly ygtyýarly agzasy boldy.

Mundan başga-da 2013-näi ýylyň iýun aýynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlandy. Şol ýyl biziň ýurdumyz gidrometeorologiýa we Hazar deňziniň hapalanmagyna monitoring boýunça Utgaşdyryjy komitetine başlyklyk etdi. 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 65-nji mejlisiniň Baş komitetiniň agzalygyna saýlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň tomsunda Rio-de-Žaneýroda geçirilen “Rio+20” Bütindünýä maslahatynda Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, Hazarýaka sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek we Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegini göz öňünde tutýan täze möhüm başlangyçlary beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde täze ýöriteleşdirilen düzümi—BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek baradaky teklibi hem öňe sürdi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde Türkmenistanyň ählumumy meseleler boýunça ileri tutulýan garaýyşlary hödürlenildi. Bütindünýä forumynyň belent münberinden milli Liderimiziň BMG-niň agzasy bolan döwletleriň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmäge gönükdirilen täze başlangyçlary we teklipleri beýan edildi.

2012-nji ýylyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutanyny 2013-2017-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny tassyklady. Bu resminamada ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri we maksatlary kesgitlenilýär, geljek 5 ýyl üçin wezipeler beýan edilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur), Ýaponiýadaky (Tokio) we Koreýa Respublikasyndaky (Seul) ilçihanalaryny açmak baradaky çözgütler kabul edildi. Şeýle hem geçen ýyl ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan), Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt) we Gazagystandaky (Aktau) konsullyklary açyldy.

Daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilişi we hyzmatdaşlyk etmegiň wezipeleri barada aýtmak bilen, halkara forumlarynyň çäklerinde häzirki döwrüň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgüdini gözlemek barada hem ýatlaman geçmek bolmaz. 2012-2013-nji ýyllaryň dowamynda Aşgabatda wekilçilikli duşuşyklaryň köpsanlysy, şol sanda musulman dünýäsinde bosgunlaryň meseleleri, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ulag hem-de üstaşyr geçirmek ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, öňüni alyş diplomatiýasy, maliýe ulgamyny globallaşdyrmak, energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş ýaly meseleler boýunça ýokary derejedäki halkara maslahatlary geçirildi. Aşgabatda “Saglyk-2020” syýasatynyň düzgünleri babatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynyň geçirilmegi hem indi taryha giren 2013-nji ýylyň aýdyň wakalarynyň biri boldy. Bu maslahata türkmen döwletiniň Baştutany gatnaşdy.

“Döwletimiziň ösüşiniň indiki tapgyrynyň düýp manysy durmuşa geçirýän özgertmelerimizi yzygiderli ösdürmekden we durnukly amala aşyrmakdan ybaratdyr. ...Biziň wezipämiz – XXI asyrda Türkmenistany berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmekden ybaratdyr” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda belledi.

Bu maksat hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýär. Geçen döwür bolsa ony durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr boldy. Şol strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri maýa goýum syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllaryň dowamynda ykdysadyýete gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 8 esseden gowrak, şol sanda daşary ýurt maýalarynyň möçberi 8,6 esse artdy. 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl maýa goýumlarynyň ösüşi 7,1 göterime barabar boldy.

BMG-niň Söwda we ösüş baradaky maslahaty tarapyndan 2013-nji ýylyň başynda çap edilen “2012-nji ýyl üçin dünýäniň maýa goýumlary hakyndaky hasabata” laýyklykda, Türkmenistan göni daşary ýurt maýalaryny çekmek görkezijisi boýunça dünýäniň ýurtlarynyň ilkinji onlugynyň hataryna girdi. Olaryň möçberi ýurdumyzyň jemi içerki önümine degişlilikde 15,6 göterime barabar boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň uly kuwwaty, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi türkmen döwletine bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryna, ýaşaýyş jaý gurluşygyna, jemagat hojalygyna özüniň maýa serişdelerini maksada laýyk gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, 2013-nji ýylda durmuş ulgamyny ösdürmäge býujet serişdeleriniň 77,3 göterimi gönükdirildi.

2012-nji ýylda Bütindünýä bankynyň sanawynda Türkmenistana girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň statusy berildi. 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan guramalaryň we kärhanalaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haky we döwlet kömek pullarynyň möçberi 10 göterim, pensiýalaryň möçberi bolsa 15 göterim artdy. Şol ýylyň 1-nji sentýabryndan umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň aýlyk zähmet haklary ýokarlandy. 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberi nobatdaky gezek ýokarlandy. Şunuň bilen birlikde, döwletimiz elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan, suwdan, duzdan, benzinden peýdalanmakda ýurdumyzyň ilatyna berilýän ýeňillikleri saklap galýar. Jemagat hojalyk ulgamynyň hyzmatlary, jemgyýetçilik ulaglarynda gatnawlar üçin tölegler hem ujypsyzdyr.

Welaýatlary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler hem türkmen öwletiniň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Bu meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Her bir welaýatyň orta möhletli geljegi üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň Meýilnamalary işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işler dowam edýär. 2013-nji ýlda bu maksatnamanyň çäklerinde düýpli maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi özleşdirildi. Şeýlelikde, 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkeziji 18,9 göterim artdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy bahasy ABŞ-nyň 13 milliard dollaryndan gowrak bolan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň örän köpsanlysy ulanmaga berildi.

Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmek hem türkmen döwletiniň ösüş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ABŞ-nyň 34,9 milliard dollaryndan hem ýokary boldy. Munuň özi 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 125,9 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň geljegi hem bu ulgamda täze mümkinçilikleri açýar.

“Öňümizde durýan giň gerimli wezipeleri durmuşa geçirmek üçin, biz elbetde, iň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagy, netijede, Watanymyzda ylmy we bilimi mundan beýläk-de hil taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Ylym we bilim bolsa, eziz Diýarymyzy ösdürmegiň ileri tutulýan iň esasy ugurlarynyň biri bolupdy we geljekde hem şeýle bolmagynda galar”.

Milli Liderimiziň bu sözleri ähli ulgamlaryň we pudaklaryň hünärmenleriniň hünär derejesine, ýokary bilimli ýaşlaryň, ýokary hünärli milli işgärleriň täze nesillerini terbiýeläp ýetişdirmäge täze talaplary bildirýän innowasiýalar ulgamynda döwlet syýasatynyň many-mazmunyny kesgitleýär.

2012-nji ýylda Garaşsyzlyk döwrüniň ähli ýyllarynyň dowamynda ilkinji gezek bilim ulgamyna degişli desgalaryň iň köpsanlysy guruldy we ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda umumybilim berýän mekdepleriň 36-sy we çagalar baglarynyň 48-si bar. Ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň sanawy Türkmen döwlet nebit we gaz instituty hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ýetirildi. Mundan başga-da, täze orta hünär okuw mekdepleriniň 5-si işläp başlady. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ilkinji gezek bilim ulgamynyň şeýle köp möçberdäki desgasy ulanmaga berildi.

Geçen, 2013-nji ýylda umumybilim berýän orta mekdepleriň 30-sy we çagalar baglarynyň 37-si ulanmaga berildi, welaýatlaryň her birinde maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleri we iki sany başlangyç hünär mekdebi döredildi. Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara derejesi berildi we ol Halkara nebit we gaz uniwersiteti diýlip atlandyryldy. Halkara uniwersitetiniň, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň binalarynyň gurluşygyna badalga berildi.

Umuman, iki ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 24-si, orta hünär mekdeplerinde bolsa 12-si girizildi. 2013-2014-nji okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleri 12 ýyllyk okuw möhletine geçirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, mekdep okuwçylary üçin täze okuw sapaklary girizildi. Alty ýaşly 1-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary hem-de gollanmalary taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine täze netbuklar gowşurylýar.

Türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi Türkiýäniň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň we beýleki ýurtlaryň esasy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa gidýär. Daşary ýurtly mugallymlar hem Türkmenistanda okuw sapaklaryny geçirmek üçin çagyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyz halkara ylmy durmuşyň işjeň merkezine öwrülýär. Mähriban Diýarymyzda halkara maslahatlary, sergiler, ylmy işgärleriň we mugallymlaryň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň maddy we ruhy medeniýeti boýunça ylmy barlaglaryň dürli meselelerine bagyşlanan forumlardan başga-da, dünýä ylmynyň we tehnologiýalarynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýan çäreler guralýar. Şeýlelikde, geçen ýyl “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanda biotehnologiýalary ösdürmek meseleleri boýunça halkara ylmy maslahat geçirildi. 2012-nji ýylda UNESKO-nyň goldaw bermeginde Köýtendagyň ajaýyp ýerlerini öwrenmek boýunça guralan halkara ylmy ekspedisiýa hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka boldy.

Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işi ýylsaýyn giň gerime eýe bolýar, geljegi uly barlaglary, tejribe – synag we tehnologiki işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek gowulanýar. Soňky döwürde ýurdumyzyň ylmynyň maddy we tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça goşmaça çäreler göz öňünde tutuldy, munuň üçin ABŞ-nyň 20 million dollary bölünip berildi.

Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Tehnoparkyň döredilmegine hem möhüm orun degişlidir, Iň täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň iň soňky gazananlary, innowasion teklipleriň hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň bankynyň döredilmegi bu Tehnoparkyň işiniň netijeliliginiň, peýdaly täsir koeffisiýentini kesgitlemegiň görkezijisi bolup durýar.

Milli Liderimiz gurbanguly Berdimuhamedow innowasion ösüş ýoluny döwlet syýasatynyň strategiki ugry hökmünde kesgitläp:

“Bu wezipeler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diňe bir täze zawodlaryň we fabrikleriň guruljakdygyny däl-de, eýsem iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, gutarnykly önümçilik tapgyry bolan, ägirt uly senagat toplumlarynyň dörediljekdigini hem aňladýar” diýip nygtady.

Şu döwürde işe girizilen senagat desgalarynyň ählisini sanap geçmek mümkin däldir. Garlyk şäherçesiniň golaýynda gurlan “Lebap” sement zawodyny ýatlap geçmek ýeterlikdir. Bu kärhana geçen ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Taslama kuwwaty ýylda 1 million tonna önüme barabar bolan täze zawod özüniň tehnologiki üpjünçiligi babatda tutuş Merkezi Aziýada şeýle görnüşdäki kärhanalaryň iň döwrebaby hasaplanýar. Bu kärhananyň gurulmagy Köýtendag etrabynda tutuş senagat ulgamyny döretmekde uly ädim boldy. Şol ýerde milli ykdysadyýetimiziň täze pudagy – dag-magdan senagaty döredilýär. Bu ýerde, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagynda Türkmenistandaky ilkinji kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan – baýlaşdyryş toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň beýleki bir sebitinde ýene-de bir iri önümçilik toplumynyň – Marynyň karbamid we ammiak öndürýän zawodynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Himiýa pudagyny ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda iri nebit we gazhimiýa önümçiliklerini döretmek, ýagny ýurdumyzyň halk hojalygynyň nobatdaky täze pudagyny döretmek wezipesi hem bar. Ýakyn wagtda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna barabar bolan senagat desgalarynyň ençemesi gurlar. Olaryň hatarynda tebigy gazy gaýtadan işläp suwuk ýangyja öwürýän, benzin öndürýän, ýokary hilli polietilen çykarýan zawodlar, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Türkmenabadyň himiýa zawodynda kükürt kislotasyny çykarýan seh, natriý sulfatyny we sintetiki ýuwujy serişdeleri öndürýän kärhanalar, şeýle hem Garabogaz şäherinde ammiak we karbamid çykarýan zawodlar ugurdaş gazdan sintetiki nebit öndürýän kärhana bar.

Häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdakysy ýaly iri taslamalar amala aşyrylýar. Geçen ýyl şol ýerde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumy işe girizildi. Bu täsin käniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ählumumy energetiki howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny döretmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu käniň ägirt uly serişdeler gory 26,2 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrylýar we ol dünýäde ikinji orny eýeleýär.

Bularyň ählisi milli Liderimiziň iki ýyl mundan ozal aýdan sözleriniň aýdyň beýanydyr:

“Biz ýurdumyzyň ähli mineral-çig mal serişdelerini adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdireris, oba hojalyk, senagat hem-de nebitgaz önümleriniň doly möçberde gaýtadan işlenmegini gazanarys”.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy hem barha ilerledilýär, uzynlygy 800 kilometre golaý bolan “Gündogar-Günbatar” “içerki” gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär.

Döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda “köpri” bolup hyzmat etjek “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň döredilmegi bu ulgamda durmuşa geçirilýän örän ähmiýetli taslamalaryň biri bolup durýar. 2013-nji ýylyň maý aýynda bu halkara polat ýolunyň türkmen-gazak bölegi ulanmaga berildi. Demir ýoluň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdylar.

Türkmenistan – Owganystan - Täjigistan demir ýoly hem Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky ulag gatnawlarynyň möhüm ulgamy bolar. Onuň birinji nobatdakysynyň – Atamyrat-Ymamnazar-Andhoý türkmen-owgan böleginiň gurluşygyna geçen ýylyň iýun aýynda taslama gatnaşýan ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmaganyda badalga berildi. 2013-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz menziliniň düýbüni tutdular. Geçen ýylyň başynda bolsa Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy.

Geljekde diňe bir Ýeriň ýüzünde däl, eýsem, älemde hem täze desganyň peýda bolmagy haýran galdyrýar. Ýakyn geljekde Türkmenistan ilkinji milli aragatnaşyk hemrasyny orbita çykarar. Munuň özi ähli ulgamlary informatizasiýalaşdyrmakda hem-de älem giňişliginde barlaglary geçirmek bilen baglanyşykly türkmen ylmynyň täze ugrunyň peýda bolmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz:

“Adamzat paýhasynyň gazanan häzirki zaman ösüşiniň iň çylşyrymly wezipelerini çözmäge ukyply, ösen maglumatlar jemgyýeti boljak biziň ýurdumyzyň geljegi şol adamlara bagly bolar” diýmek bilen, bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Awtoulag ýollary düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň bütin taryhynyň dowamynda entek awtoulag ýollaryny gurmak baradaky täze taslamalaryň şeýle giň gerimde amala aşyrylmandygyny bellemek bolar. Esasy awtoulag ýollarynyň durky doly täzelener, zerur ýol düzümi, köprüleri, estakadalary we ýol aýrytlary bolan ýokary tizlikli täze ýollar gurlar.

Awtoulag ýollaryny gurmak işleriniň aglaba böleginiň ýurdumyzyň paýtagtynda amala aşyrylýandygyny bellemelidiris. Ak mermerli paýtagtymyzda özüniň gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Aşgabat indi diňe bir aýry-aýry binalary we desgalary bilen däl, eýsem, tutuş ýaşaýyş jaý toplumlary, täze edara ediş – işewürlik merkezleri bilen çägini giňeldýär.

Türkmen paýtagtynda döwrebap düzüm döredildi we ol yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň birine öwrüýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň iň ajaýyp ýerleri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2013-nji ýylda bolsa paýtagtymyz ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde bu kitapdan mynasyp orun aldy.

“Ýurdumyzyň her bir sebitinde, her bir aýratyn etrapda, şäherde we obada raýatlarymyz üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek biziň esasy üns berýän wezipämiz bolupdy we geljekde hem şeýle bolmagynda galar”.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri welaýatlaryň döwrebap durmuş-ykdysady düzümini döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işlerde öz aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň kartasynda täze ýollar, şäherçeler peýda bolýar. Her ýyl welaýatlaryň her birinde durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň onlarçasy gurulýar. Olaryň hatarynda senagat kärhanalary we uly bolmadyk sehler, ýaşaýyş jaýlary hem-de saglygy goraýyş merkezleri, bilim we medeniýet, hyzmat ulgamynyň edaralary, sport desgalary we beýlekiler bar.

Diňe geçen, 2013-nji ýylyň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly desgalaryň 196-sy guruldy. Munuň özi 2012-nji ýyldakydan 47 sany köpdür.

Sebitlerde, oba ýerlerinde durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin şertler döredilýär, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrylýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2013-nji ýylda ilkinji gezek ýurdumyzyň iň gowy etraby boýunça bäsleşik geçirildi. Durmuş-ykdysady ösüşiň ähli görkezijileri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby ýeňiji diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, bu etrabyň häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanyldy. Şeýle bäsleşigiň geçirilmegi türkmen obasyny täzeden galkyndyrmak üçin uly höweslendiriş çäresi boljakdygy gürrüňsizdir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň her bir raýaty üçin oňaýly şertleriň döredilmegini ähli özgertmeleriň esasy ugry hökmünde yglan edip, halkyň abadançylygyny ösdürmegi we saglygyny berkitmegi ýurdumyzy ösdürmegiň esasy maksady hasaplaýar. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny guramagyň meseleleriniň düýpli çözülmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Şu maksatlar üçin döwlet tarapyndan bölünip berilýän köp millionlyk maýa serişdeleri täze lukmançylyk edaralarynyň hem-de sport-sagaldyş we şypahana toplumlarynyň gurluşygyna hem-de enjamlaşdyrylyşyna gönükdirilýär. Aşgabat iri saglygy goraýyş merkezine öwrülýär. Bu ýerde iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalar jemlenendir. Geçen ýyl olaryň hataryna döwrebap Stomatologiýa merkezi goşuldy, lukmançylyk senagatynyň düzüminiň üsti bolsa infuzion erginleri öndürýän kärhana bilen ýetirildi. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem täze anyklaýyş merkezleri we hassahanalar gurulýar. Welaýatlarda şu geçen döwrüň içinde täze Saglyk öýleriniň we merkezleriniň 20-si işe girizildi.

2013-nji ýylda Aşgabatda geçirilen “Saglyk-2020” syýasatynyň düzgünleri babatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatyna gatnaşyjylar hem türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda geçirýän giň möçberli işlerine ýokary baha berdiler. Aşgabatda şeýle wekilçilikli forumyň geçirilmegi dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine uly gyzyklanma bildirýändiginiň, türkmen Lideriniň bu ileri tutulýan ulgamda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine goşýan saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ýurdumyzda döwrebap saglygy goraýyş düzümini döretmek möhüm mesele bolup durýar. Şol düzüm bolsa özüne lukmançylyk edaralaryndan başga-da, sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny birleşdirýär. Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeler sportunyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň strategiki ugruna öwrüldi. Bu hereket biziň ýurdumyzda öň görlüp-eşidilmedik gerime we okgunly ösüşe eýe boldy. Bu işleriň amala aşyrylmagynda milli Liderimiziň hyzmaty örän uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan sagaldyş çärelerine ildeşlerimiziň müňlerçesi ruhubelentlik bilen gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp göreldesine eýerdiler.

Şol çäreleriň irileriniň biri geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişe bolup durýar. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşdy. Şol gün diňe bir hereket howpsuzlygynyň bir aýlygyna badalga berilmän, eýsem ol Aşgabatda Türkmenistanyň awtomobil sporty merkeziniň açylan senesi hökmünde türkmen sportunyň taryhyna girdi.

2013-nji ýyl türkmen sportunyň dünýä derejesinde täze orna çykan ýyly hökmünde hem ýatda galar. Biziň türgenlerimiz dünýäniň onlarça ýurdunda geçirilen halkara ýaryşlarynyň 167-sine, şol sanda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna hem-de Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen Bütindünýä tomusky uniwersiada, beýleki uly ýaryşlara gatnaşdylar. Türgenlerimiz şol ýaryşlarda medallaryň 282-sine mynasyp boldular. Olaryň 100 sanysy altyn medallardyr! Şeýle ýokary görkezijiler türkmen sportunyň taryhynda entek bolan däldir.

Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baýdagyny garşylamak dabarasy ýatdan çykmajak waka boldy. Türkmenistanda 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ýurdumyzyň sport binýadyny ösdürmek we türgenleri taýýarlamak üçin uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjigi şol ýaryşlaryň geçiriljek ýerine öwrüler. Ýene-de üç ýyldan şol ýerde V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 17 görnüşi boýunça uly ýaryşlar geçiriler.

Ýene-de bir ileri tutulýan taslamalaryň biri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Taslamanyň ilkinji tapgyrlary eýýäm üstünlikli amala aşyryldy. Her ýyl deňiz şypahana düzüminiň üsti täze kaşaň myhmanhanalar, dynç alyş merkezleri, kottejler toplumlary, dynç alyş düzüminiň desgalary bilen ýetirilýär, bu ýerde ýurdumyzdaky ilkinji ýaht-klub hem açyldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň deňiz ýakasyndaky zolaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bar bolan gyzykly we ajaýyp ýerleri abadanlaşdyrmagyň, şol ýerlerde myhmanhanalaryň we degişli düzümleriň gurulmagynyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz syýahatçylygy sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýän ulgam hökmünde häsiýetlendirýär. Ol ýerlerde ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, kiçi we orta işewürligi işjeňleşdirmäge, şeýle hem ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmaga, diýmek, raýatlarymyzyň girdejilerini ýokarlandyrmaga ukyplydyr.

“Biz sözüň doly manysynda, medeniýetimizi ösdürmegi we jemgyýetimiziň durmuşyna giňden ornaşdyrmagy hem dowam ederis. Türkmeniň ýurdy ähli döwürlerde hem milli möçberdäki ýiti zehinlere baý bolan mekandyr. Biz hemişe halkymyzyň gözellige bolan söýgüsini we islegini hemmetaraplaýyn höweslendirmäge çalşarys” – döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri anyk işlerde amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitläp, halkara derejesinde milli medeniýeti we milletiň mirasyny giňden wagyz etmäge, medeniýetleriň milletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, medeni düzümi giňeltmäge aýratyn üns berdi. Mysal üçin, 2013-nji ýylyň baharynda Ahal welaýaty Halkara Nowruz baýramy mynasybetli uly dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Şol dabaralara birnäçe döwletleriň baştutanlary hem-de daşary ýurt wekiliýetleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz şeýle hem täze däbiň – her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda Medeniýet hepdeligini geçirmek däbiniň başyny başlady. Ilkinji gezek şeýle giň möçberli çäre 2013-nji ýylyň tomsunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi, şu ýyl bolsa bu çäre Daşoguz welaýatynda guralar. Eýýäm häzirden ýurdumyzda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny giňden bellemek maksatnamasynyň çäklerinde çäreler geçirilýär.

Umuman, häzirki wagtda milli medeniýetimiziň ösüşi diňe bir san babatdaky görkezijiler bilen däl, eýsem, onuň many-mazmuny, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek ugry, çuňňur ruhy kökleri, täsin mirasy we özboluşly däp-dessurlary bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň täze keşbini döretmäge gönükdirilendigi bilen kesgitlenilýär.

Çünki hut milli medeniýetiň özboluşlylygy onuň bäsleşige ukyply artykmaçlygyny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, medeni syýasat dünýäde Türkmenistanyň oňyn keşbini döretmäge hem-de onuň abraýyny has-da artdyrmaga ýardam etmelidir. Bu görkeziji bolsa hemişe diňe bir ýurduň syýasy ugry we ykdysady serişdeleri bilen däl, eýsem, onuň medeni baýlygy, ruhy – ahlak kuwwaty bilen kesgitlenýärdi.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň gadymy milli mukaddesliklerini dikeltmäge gönükdirilen syýasaty ahalteke bedewleriniň şöhratyny dikeltmäge ýardam edýär. Geçen ýyl “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna gatnaşyjylar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň agzalary ýurdumyzyň çäginden daşda hem uly üstünliklere eýe boldular. Olar Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda haýran galdyryjy ýeňiş gazandylar. Şol ýerde türkmen jigitleri ajaýyp ahalteke bedewleri bilen bäsleşigiň baýraklarynyň birnäçesine, şol sanda eminleriň baş baýragyna – “Altyn idol” Kubogyna hem-de Monte Karloda geçiriljek 15-nji Halkara sirk festiwalyna çakylyga mynasyp boldular. Türkmen jigitlerine Türkiýe Respublikasynda, Täjigistanda, şondan öňräk bolsa Ukrainada we Belarusda el çarpylandygyny ýatlatmalydyrys. Şol ýerlerde biziň jigitlerimiz üstünlikli çykyş etdiler.

Milli Liderimiziň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ýene-de bir pursatyna ünsi çekmelidiris:

“Biz jemgyýetimiziň syýasy ulgamyny hem kämilleşdirmelidiris, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti pugtalandyrmalydyrys, jemgyýetçilik institutlaryny mundan beýläk-de demokratiýa ýoly bilen ösdürmelidiris. Sebäbi, häzirki döwürde jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň işini täzeçe guramak zerurlygy ýüze çykdy. Bu guramalaryň geljekde alyp barjak işleri we kabul edýän çözgütleri döwrüň talaplaryna, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerine we biziň alyp barýan syýasatymyza laýyk gelmelidir”. Bu ýerde sözüň anyk işler bilen berkidilýändigini bellemelidiris

2013-nji ýylyň dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary munuň aýdyň subutnamasy boldy. Giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilen saýlawlar ähli türkmen jemgyýetiniň raýat işjeňligi, ruhubelentlik ýagdaý bilen alamatlandyryldy. Onda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň oňyn häsiýete eýedigi öz beýanyny tapdy.

Ilkinji gezek Türkmenistanda parlament saýlawlaryna iki partiýa – Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşiklerini we beýlekiler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, maksada okgunlylyk halkymyzyň özboluşlylygynyň esasyny düzýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň örän oýlanyşykly we oňyn bolmagyny şertlendirýär. Şol özgertmeler bolsa ähli halkymyz tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan, makullanan hem-de goldawa eýe bolan çözgütlere esaslanýar.

Häzirki döwürde köp halatda deňi-taýy bolmadyk ägirt uly ykdysady we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy durmuş taýdan goraglylygyň ähli ulgamlaryny pugtalandyrmak, jemgyýetiň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň, halkyň döwleti dolandyrmaga gatnaşmagynyň milli tejribesiniň dowamatlylygynyň esasynda jemgyýetiň yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagy boýunça gündelik işler bilen utgaşdyrylýar. Hut şu sazlaşyk özgertmeleriň ähli tapgyrlarynyň özara baglanyşygyny üpjün edip, jemgyýetimiziň ösüşiň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine tarap okgunly öňe gitmegini kepillendirýär.

Milli Liderimiz tarapyndan beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, giň möçberli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de döwlet gurluşynyň esaslaryny we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alan düýpli özgertmeleriň haýran galdyryjy netijeleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini dolandyrmakda özboluşlylygy hem-de öňdengörüjiligi ruhy gymmatlyklar bilen utgaşykly sazlaşdyrýan häzirki zaman döwlet işgärdigini aýdyň görkezýär.

Synymyzyň ahyrynda ýene-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini getirmek isleýäris:

“Men öz mähriban halkymyň öňündäki borjumy ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan we parahat durmuşda, geljegine ynamly bolup ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginde görýärin. Berkarar Watanymyzyň aýdyň geljegine barýan bu ýolda meniň esasy daýanjym mähriban halkym bolar!”.