Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 792
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini aýdyp, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly baýram – Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde paýhasly Lideriniň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ulgamda uly üstünlikleri gazanýan doganlyk Türkmenistana dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmen halkynyň baý taryhynyň, ajaýyp medeni we ruhy gymmatlyklarynyň biziň halklarymyzyň we medeniýetlerimiziň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna ýardam edýändigini bellemek bilen, Ahmet Çalyk ajaýyp nusgawy eserleri bilen dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna guralýan medeni çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda türk kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini kemala getirmäge, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny nazarlaýandygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ösüşine goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny bellemek bilen, türkiýeli işewür milli Liderimize bu kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menziliniň, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid we ammiak önümçiligi boýunça kärhananyň, Aşgabadyň eteginde we käbir welaýatlarda gaz turbinaly elektrik beketleriniň, paýtagtymyzda hem-de sebitlerde “Gaýragoýulmasyz tiz köme” merkezleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň beýleki desgalarynyň gurluşygy barada habar berildi. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň dowam etmegi meýillidigini aýtmak bilen, Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyzy bildirilen ýokary ynama abraý bilen hötde gelmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.