Ï Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmakda täze ädim
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmakda täze ädim

view-icon 876
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagatynyň nobatdaky täze desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ýurdumyzyň uly ählihalk baýramçylygynyň – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ajaýyp we täsirli wakalar boldy. Şu gün Lebap welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze we döwrebap pagta egriji hem-de durky täzelenen pamyk egriji fabrikleriň dabaraly açylyşy boldy, bu kärhanalar ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetirdi.

Milli ykdysadyýetiň geljegine has uly umyt baglanýan we eksporty ugur edinýän pudaklarynyň biriniň ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan ýokary tehnologiýaly kärhanalary senagaty batly depginler bilen ösdürmegiň ýolunda ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynyň hem-de tutuş dünýä bileleşigi bilen aragatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň ajaýyp nyşanlaryna öwrüldi. Gaýtadan işleýän senagatyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi dokma senagatyny ösdürmegiň strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň, ony öňdebaryjy hatarlara ýetirmegiň, köp görnüşli we hili boýunça iň ýokary ülňülere laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleriň işlenip çykarylmagyny artdyrmagyň hasabyna düşewüntliligi ýokarlandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararlaryna laýyklykda, Seýdi şäherinde pagta egriji täze fabrigiň gurluşygy, şeýle hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça Türkmenabat şäherinde ozal hereket edýän kärhanany döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan üpjün etmek “Norsel International Inşaat Diş Ticaret Sanayi Limited” türk kompaniýasyna tabşyryldy. Täze önümçilikler tehniki we tehnologiýa taýdan üpjün edilişi boýunça hem-de bu ýerde awtomatiki ulgamyň goýulmagy netijesinde Lebap welaýatynyň çäginde dokma pudagyna degişli döwrebap kärhanalara öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, Lebap elin çig maldan – pagtadan we ýüpekden önüm öndürmek üçin örän uly kuwwata eýe bolan möhüm ähmiýetli senagat sebitleriniň biridir. Diňe bir Türkmenabadyň özünde dokma senagatyna degişli desgalaryň birnäçesi, şol sanda ýokary hilli önümiň öndürilýän möçberi boýunça GDA ýurtlarynyň çäginde has iri kärhanalaryň biri hasaplanýan we her ýylda 17 müň 700 tonna ýüplük öndürýän Türkmenabadyň pagta egriji fabrigi hereket edýär. Şu gün ulanmaga berlen fabrikler ýokary tehnologiýalaryň döwrebap derejesini göz öňünde tutup aýdanyňda, bar bolan kuwwatlyklary dolulygyna peýdalanmak arkaly, bazar bäsdeşligine mahsus şertlerde önümiň ýokary hilli bolmagyny üpjün eder.

... Irden hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde gondy, bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümetiň agzalary, welaýat häkimi, din işgärleri mähirli garşyladylar.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar, hormatly ýaşulular duz-çörek hödürleýärler. Din işgärleri Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygyny, milli Liderimize berk jan saglygyny hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrundaky ähli asylly işlerinde üstünlikleri dileg edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulular bilen söhbetdeşligiň barşynda olaryň saglyk ýagdaýy, lebaplylaryň gündelik iş-aladalary, welaýatda ilkinji nobatda ilatyň ýaşaýşynyň derejesiniň we hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen milli özgertmeleri maksatnamalarynyň durmuşa geçirişili bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän baýramçylyk – Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, şu günki wakanyň – welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabatda durky täzelenen pamyk egriji we Seýdi şäherinde pagta egriji fabrikleriň ulanmaga berilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyna ýurdumyzyň jebisligiň we agzybirligiň, döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny görkezýän subutnama hökmünde ajaýyp sahypalaryň biri bolup ýazyljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetiren medeniýet we sungat işgärleriniň ýokary ussatlygy üçin minnetdarlyk bildirip, täze pagta egriji fabrigiň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, dikuçarda Seýdi şäherine ugraýar.

Welaýatyň merkezinden 90 kilometre golaý uzaklykda ýerleşýän Seýdi ýaş senagat şäheridir. Ol, ilkinji nobatda, tutuş ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody bilen meşhurdyr. Iň gowy inžener çözgütler hem-de döwrebap tehnologiýalar nazara alnyp gurlan täze dokma kärhanasy ozal hereket eden pes kuwwatly fabrigiň ornuna şäheriň täze özleşdirilen ýerlerinde peýda boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, pagta egriji fabrik umumy meýdany 4,5 gektara barabar bolan ýerde gurlup, önümçilik, iki gatly edara binasyndan, myhmanhanadan, ammar jaýlaryndan, inžener-tehniki düzüme degişli we önümçiligi üpjün edýän desgalaryň birnäçesinden ybaratdyr. Ekologiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň berk berjaý edilmegi ýurdumyzda gurulýan ähli desgalara bildirilýän talapdyr. Onuň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi, bu ýerde pürli we ýaprakly ýaş agaç nahallary, bezeg ösümlikler oturdyldy.

Açylyş dabarasynyň başlanmagyna ähli zat taýýar edilipdir. Dikuçar meýdançasyndan fabrige barýan, baýramçylyk lybasyna beslenen ýoluň ugrunda ýaşyl baýdaklar parlaýar. Köpsanly şäherliler milli Liderimizi mähirli sözler bilen garşylaýarlar. Dabara gatnaşýan ýaşlaryň ellerinde ajaýyp güller we dürli reňkde öwşün atýan şarlar bar. Iki gatly edara binasynyň esasy girelgesi haşamlanyp, altynsow öwüsýär.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlanýar.

Bu ýerdäki meýdançada welaýatyň ussat artistleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz we tans çykyşy ýaýbaňlanýar. Onda pagtanyň ösdürilip ýetirilişi, bol hasylyň ýygnalyşy, ondan ýüplükleriň hem-de owadan matalaryň taýýarlanylyşy beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, fabrigiň esasy girelgesiniň öňünde ýörite goýlan münbere çykýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, olaryň ählisini uly baýramçylyk – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem-de şanly wakalar – Seýdi şäherinde täze gurlan, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen pagta egriji fabrigiň we Türkmenabat şäherinde döwrebaplaşdyrylan pamyk egriji fabrigiň açylyş dabaralary bilen gutlady.

Baýramçylyk günlerinde eziz Diýarymyzda täze gurlan köpsanly kärhanalar, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary we beýleki durmuş maksatly döwrebap binalar hem-de desgalar dabaraly açylyp ulanmaga berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli ulanmaga berilýän bu desgalaryň mähriban halkymyza uly sowgat boljakdygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, eziz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna hyzmat etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artmagy netijesinde, ýurdumyzyň ilatynyň hal – ýagdaýynyň we ýaşaýyş - durmuş şertleriniň düýpli gowulanýandygyny aýdyp, Lebap welaýatynyň ykdysadyýetiniň hem çalt depginler bilen ösýändigini belledi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ähli üstünlikleriň ylma esaslanýandygyny aýratyn nygtady.

Welaýatda Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, iri howa menzilleri, kaliý dökünlerini öndürýän dag -magdan toplumy, döwrebap elektrik stansiýalary, elewatorlar, bazarlar we söwda merkezleri, häzirki zaman kitaphanalary we medeniýet öýleri gurulýar, täze gaz ýataklary özleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gürrüňi dowam edip, eziz Diýarymyzy häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna esaslanýan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Dokma senagaty hem milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda häzirki zaman iri pagta egriji fabrikleriniň we dokma toplumlarynyň onlarçasynyň gurlup, ulanmaga berilmegi netijesinde, bu pudakda müňlerçe täze iş orunlarynyň yzygiderli döredilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça geçirilýän çäreleriň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda nah ýüplügiň öndürilişi 17 esse, nah matalaryň öndürilişi bolsa, 8 esse artdy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Täze fabrikleriň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kuwwaty we eksport mümkinçilikleri has-da artar.

Döwlet Baştutanymyz Seýdi şäherinde gurlan pagta egriji fabrigiň we Türkmenabat şäherinde döwrebaplaşdyrylan pamyk egriji fabrigiň ulanmaga berilmeginiň welaýatda 400-den gowrak täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini aýdyp, bu döwrebap kärhanalarda «Zähmet bagtyň gözbaşydyr!» diýen pähime eýerip, zähmet çekjek ýüzlerçe ýigitleriň we gyzlaryň geljekde ýokary taýýarlykly, ökde hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine hem-de döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Dokma pudagynyň kärhanalarynda öndürilýän önümler ýokary hilli bolmak bilen, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, bu kärhanalarda öndürilýän önümlere alyjylar tarapyndan hemişe uly isleg bildirilýär. Biz geljekde hem ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmäge aýratyn üns bereris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlap, dabara gatnaşýanlaryň ählisini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem Seýdi we Türkmenabat şäherlerinde täze pagta egriji fabrikleriň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär hem-de fabrigiň önümçilik binasyna birigýän edara jaýyna barýar. Bu ýerde, esasy hünärmen önümçiligiň barşyny jikme-jik görkezýän çyzgy boýunça milli Liderimizi nah ýüplügi öndürmegiň ähli tehnologik amallarynyň yzygiderliligi bilen tanyşdyrýar.

Kärhana her ýylda pagta süýüminiň 6 müň 700 tonnasyny gaýtadan işläp, pnewmomehaniki usulda işlenip taýýarlanan 34/1 belgili ýokary hilli nah ýüplügiň 6 müň tonnasyny işläp çykarar. Işlenip taýýarlanan önümiň agramly bölegini daşary ýurtlara eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti fabrigiň önümçilik binasyna baryp, fabrikde goýlan enjamlar bilen tanyşýar, kärhanada ornaşdyrylan enjamlar, tehnologik işiň aýratynlyklary bilen tanyşýar.

Fabrigiň bölümleri Germaniýanyň öňdebaryjy “Trützchler” we “Schlafhorst” kompaniýalarynyň dürli maksatly, ýokary öndürijilikli egriji enjamlary bilen üpjün edildi, mälim bolşy ýaly, bu firmalar ýurdumyzyň pagta egriji önümçilikleri üçin enjamlary we abzallary iberýän esasy kompaniýalar bolup, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde özlerini görkezdiler. Orta Aziýanyň çäginde iri kärhana hasaplanan Abadanyň pagta egriji fabrigine berlen “Belcoro” halkara güwänamasy bu önüm öndürijileriň maşynlary arkaly elin çig maldan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümiň işlenip taýýarlanmagyny kepillendirýän subutnamadyr. Şu kompaniýalaryň Aşgabatdaky hyzmat ediş merkeziniň üstünlikli işlemegi pudagyň kärhanalaryny tehnolgiýa taýdan üpjün etmek boýunça özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň dokma senagaty ätiýaçlyk şaýlaryny gös-göni ibermek arkaly durnukly üpjün edilýär, enjamlar gijikdirilmän abatlanýar.

Mundan başga-da, işlenip çykarylýan ýüplügi zerur derejede çyglylandyrmak üçin bölümde Şweýsariýanyň “Xorella” kysymly ýörite enjamy oturdyldy.

Iň täze tehnologiýalar we innowasiýalar hasaba alnyp gurulýan ähli dokma kärhanalarynda bolşy ýaly, önümçiligiň ähli tapgyrlarynda sazlaýyş gözegçiligi amala aşyrylýar.

Fabrigiň işi bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baryp gören kompýuterleşdirilen ýörite barlaghanasy Şweýsariýanyň “Uster” firmasynyň öndüren dürli gözegçilik-ölçeg enjamlary bilen üpjün edilipdir. Takyk işleýän enjamlar kärhana gelip gowuşýan pagta süýümine anyk seljeriş geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, işlenip taýýarlanylýan ýüplügiň hiline dogry baha bermäge, öndüriljek önümleriň möçberini öňünden çaklamaga kömek edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti gaplaýyş bölümine barýar we bu ýerde geçirilýän amallaryň aýratynlyklary bilen tanyşýar. Gaplaýyş we toplaýyş bölüminde Italiýada öndürilen “Zanсaner” abzalynyň kömegi bilen taýýar ýüplükli tegekler awtomatik usulda ilki bilen her biri aýratynlykda polietilen gaplara, soňra bolsa sarp edijiniň buýurmasy boýunça polipropilen haltalara, galyň kagyzdan ýasalan gapyrjaklara gaplanylýar.

Kärhananyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin oňat şertleri döretmek maksady bilen “Luwa” ulgamly howa arassalaýjy we sowadyjy enjamlar oturdulypdyr. Şeýle hem oňat enjamlaşdyrylan naharhana olaryň hyzmatynda bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze fabrigiň iş tertibi bilen tanyşlygyny tamamlap, mejlisler zalyna barýar. Milli Liderimiz şol ýerde ýaşulular bilen bolan gysgajyk söhbetdeşlikde Lebap welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çözülmeli wezipeler barada pikir alyşýar. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýaşlary ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň esasynda terbiýelemek işinde ýaşululara möhüm ornuň degişlidigini belledi. Milli Liderimiz ýaş nesilde mähriban Watanymyza söýgi, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýaly häsiýetleri terbiýelemegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ilaty iş orunlary bilen üpjün etmekde ulanmaga berlen täze fabrigiň ähmiýetini aýratyn nygtap, degişli ýolbaşçylaryň ünsüni dokma kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň, fabrigi çig mal-pagta süýümi bilen öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmegiň wajypdygyna çekdi we şunuň bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.

Bu ýerde, maslahatlar zalynda döwlet Baştutanymyz pagta egriji kärhananyň açylyş dabarasy mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Seýdiniň täze pagta egiriji fabriginiň işgärleri türkmen döwletiniň Baştutanyna dokma senagatyny ösdürmek barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy, ýokary öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigine, şeýle hem dokmaçylaryň oňat şertlerde ýaşamagy we dynç almagy üçin yzygiderli tagallalaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Türkmenabat şäherine tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, her ýylda 4 müň tonna ýüplük öndürmek kuwwatyna eýe bolan Türkmenabadyň pamyk egiriji fabriginiň meýilnamalaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we täzeden doly enjamlaşdyrylmagy “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň golaýynda ýörite taýýarlanylan meýdança gonýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül gowşurýarlar.

Welaýatyň ussat artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen köp öwüşginli sahnalaşdyrylan çykyşda Watanymyzyň ekin meýdanlarynda pagta hasylynyň ýetişdirilişi, ondan owadan matalaryň we egin-eşikleriň taýýarlanylyşy beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow höwesjeňlere minnetdarlyk bildirip, fabrigiň edara binasynyň girelgesine bardy we dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, täze önümçilik desgasyny açdy.

Soňra fabrigiň edara binasynyň eýwanynda ýaş hünärmen ozal hereket eden önümçiligiň ornunda peýda bolan, durky doly täzelenen fabrik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi önümçilik tehnologiýasynyň yzygiderliligi bilen tanyşdyrýar.

Türkmenabadyň durky täzelenen fabrigi ýylda 4 müň 500 tonna pagta süýümini gaýtadan işlemäge we “Open End” 34/1 belgili ýokary hilli nah ýüplügiň 4 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Onuň esasy bölegi daşary ýurtlara iberiler.

Döwlet Baştutanymyz fabrikde işgärleriň netijeli işlemegi we dynç almagy, hünärmenleri okatmak üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. Ýaş hünärmen fabrikde gurluşyk işleriniň barşynda Ýewropadan getirilen döwrebap abzallarda hem-de enjamlarda işlemek üçin dürli hünärli hünärmenler hem-de işçileri okatmak işiniň hem alnyp barlandygyny habar berdi. Hünärli dokmaçylary taýýarlamak işini geljekde hem dowam etmek meýilleşdirilýär. Hünärmen täze fabrikde işgärleriň zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli oňaýly şertleriň döredilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti kärhananyň esasy önümçilik bölümlerine baryp, pagta süýüminden ýüplügiň taýýarlanyş tapgyrlaryny synlaýar. Okuw taýýarlygyny geçen ýokary hünärli işgärler döwlet Baştutanymyzy täzeden gurnalan enjamlaryň tehniki aýratynlyklary we artykmaçlyklary bilen jikme-jik tanyşdyrýarlar. Bu ýerde Şweýsariýada öndürilen has ýokary tygşytly we ýokary öndürijilikli “Pieter” enjamy oturdylypdyr, ol halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berildi. Munuň özi tebigy serişdeleri aýawly saklamaga hem-de önümçilik galyndylarynyň azalmagyna ýardam eder.

Hil gözegçiligi toplumlaýyn barlaghanasy kompýuterleşdirilen tehnika – ýokary takykly ölçeg enjamlary bilen üpjün edilipdir. Olaryň her biri özüne degişli zolakda öndürilen önümiň ähli tapgyrlarynyň saz işlemegi üçin göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde çig malyň tehniki görkezijileri deslapdan barlanylýar, ýüplügi bellenilen ölçegler boýunça işlemek üçin garmagyň mümkin bolan usullarynyň netijeliligi kesgitlenilýär.

70 göterim çyglylykda saklanylýan ergin öndüriji bölümde taýýar ýüplük tegekleri ähli tehniki görkezijileri berkitmek üçin synagdan geçirilýär.

Toplaýyş we gaplaýyş bölüminde önümçilik tehnologiýasynyň ähli tapgyry tamamlanýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Zanсaner” enjamynyň kömegi bilen taýýar önümiň ilki polietilen gaba, soňra bolsa buýrujynyň islegi boýunça polipropilen haltalara ýa-da galyň kagyzdan ýasalan gapyrjaklara gaplanylyşy görkezilýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dokma senagatyny ösdürmegiň strategiýasyna laýyklykda, täze kärhananyň işe girizilmegi dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýan, welaýatda köp möçberde ýetişdirilýän orta süýümli pagtadan alnan arassa çig maldan öndürilýän ýokary hilli önümiň öndürilişini artdyrmak meselesini çözmäge ýardam berer.

Bu kärhanada önümçilik işleri ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ýola goýlandyr, bu bolsa ýurdumyzda gurulýan täze senagat desgalaryna bildirilýän baş talapdyr. Bu sözüň doly manysynda galyndysyz önümçilik diýen ýalydyr, sebäbi pagta süýümi gaýtadan işlenenden soňky galyndylar ýörite enjamlar arkaly arassalanylýar.

Durmuş üpjünçiliginiň awtomatlaşdyrylan ulgamlary kärhananyň işgärlerine oňaýly şertlerde zähmet çekmäge mümkinçilik berer, onda işgärler üçin iş otaglary, naharhana göz öňünde tutulandyr. Ýokary taýýarlykly ýaş hünärmenleri işe çekmek, aňrybaş durmuş şertlerini döretmek maksady bilen toplumyň çäginde umumy ýaşaýyş jaýy gurlupdyr. Ýagty, rahat otaglar häzirki zaman mebeli we durmuş tehnikasy bilen doly üpjün edilipdir.

Milli Liderimiz önümçilik bilen tanyşlygyny tamamlap, fabrigiň işgärleri üçin niýetlenen medeni dynç alyş otagyna barýar. Işgär zenan döwlet Baştutanymyzyň ünsüni bu ýerde döredilen kitaphana çekdi. Şol ýerde çeper eserler we suratly neşirler, gazetler we žurnallar bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary görnükli ýerde goýlupdyr. Bu ýerde boş wagtyň küşt-şaşka oýnap bolýar we ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda bolup geçýän möhüm wakalar baradaky maglumatlary alyp bolýar.

Döwlet Baştutanymyz ildeşlerimiziň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin şertleri döretmegiň, jemgyýetçilik işinde olaryň ornuny ýokarlandyrmagyň türkmen jemgyýetini durnukly ösdürmegiň möhüm şertleri bolup durýandygyny belledi.

“Norsel International Inşaat Diş Ticaret Sanayi Limited” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ibragim Kölük öz kompaniýasyna iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga bildiren ynamy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi dokma pudagynda geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalary bilen tanyşdyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz bilen köp wagtdan bäri netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýän türk kompaniýasynyň Türkmenistanyň dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge goşýan goşandy üçin meşhur türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz kompaniýanyň hyzmatdaşlyk meselelerine işjeň çemeleşýändigini belläp, Ibragim Kölüge täze taslamalary işläp taýýarlamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz önümçilik desgalarynda zähmeti guramak meselelerine gaýdyp gelip, işgärleriň saglygy üçin howpsuzlyk talaplarynyň ählisiniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz kärhanalarda lukmançylyk hyzmatlarynyň öz wagtynda edilmegi, arassaçylyk talaplarynyň ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmagy, işgärleriň ýokary hilli iýmit bilen üpjün edilmegi babatda oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi we fabrigiň binasyndan çykdy.

Binanyň öňündäki meýdançada milli Liderimiz il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz bilen söhbetdeşligiň barşynda öňde duran meýilnamalar we Lebap welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy. Öz nobatynda, ýaşulular ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy türkmen topragyny gülledip ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna güýçleriniň ýetdiginden ýardam etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Türkmenabat şäheriniň howa menziline geldi, şol ýerden bolsa uçarda türkmen paýtagtyna uçdy.