Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri bolan Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçilýär. Türkmen paýtagtynda ählihalk baýramynyň hormatyna paýtagtymyzdaky belent başly Baýdak sütünine gül goýmak dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Täze taryhy eýýamda -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ýaşyl Baýdagy ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolmak bilen, türkmen halkynyň mizemez agzybirligini we jebisligini, milletimiziň gadymdan gelýän asylly däplerini – parahatçylygy we ylalaşygy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän özgertmeler syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwerligi we döredijiligi alamatlandyrýar. Bu öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ösüşiniň kepilnamasy bolmak bilen, Türkmenistana ýokary halkara abraýyny getirdi.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milli mukaddesligimiz bolmak bilen, Bitarap Watanymyzyň ählumumy adabançylygyň bähbidine oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ugrunyň ileri tutulýan nyşany bolup, tutuş Ýer ýüzüne meşhurdyr we belent sarpa eýedir.
Türkmen döwleti ýaşyl Tugunyň saýasynda durmuşyň ähli ulgamlarynda haýran galdyryjy üstünliklere ýetdi we häzirki wagtda hemmetaraplaýyn okgunly ösüşiň nusgasyny görkezýär. Watanymyzyň mukaddes Baýdagy Diýarymyzyň asuda asmanynda buýsançly we erkana pasyrdap, türkmen halkyny täze ajaýyp zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta böleginiň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança geldi, bu ýerde dünýäde iň beýik flagştoklaryň biri bolan, 133 metrlikdäki baýdak sütüni dikildi. Bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mukaddes sütüniň etegine gül goýmak dabarasy boldy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri mähirli garşylýarlar. Ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomtaik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler köpsanly aşgabatlylar bar.
Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Onuň belent ruha beslenen owazy astynda paýtagtymyzyň nurana asmanynda milli Tugumyz belentde pasyrdap, dabara gatnaşyjylaryň kalbynda gülleýän Watanymyza bolan buýsanjy alamatlandyrdy.
Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde, Köpetdagyň eteginde oturdylan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy göze gelewlüligi we buýsanjy bilen paýtagtymyzyň ähli künjeklerinden görünýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagy belentlikde säher şemalyna adaja pasyrdaýar. Munuň özi milletimiziň mähriban Watanymyza bolan beýik söýgüsini, şöhratly pederlerimiziň paýhasly ýörelgelerine wepalylygyny alamatlandyrýan ruhy gymmatlygymyzy aýdyň äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda ägirt uly baýdak sütüniniň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, yzly-yzyna gül desselerini goýdular. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň bu gözel künjegi al-elwan güllere beslendi.
Dabaraly çäre tamamlanandan soň, milli Lidreimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Ol türkmen halkynyň agzybirldigini we bitewüligini, mähriban Watanymyzyň döredijilik ýoly bilen ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew badyny alamatlandyrdy.