Düzüminde ýokary okuw mekdepleriniň dördüsiniň – lukmançylyk we oba hojalyk uniwersitetleriniň, ulag we aragatnaşyk hem-de D.Azady adyndaky dünýä dilleri institutlarynyň mugallymlaryndan ybarat bolan türkmen wekilýeti okuw saparyndan gaýdyp geldiler. Olar üç hepdäniň dowamynda Polşada we Ispaniýada boldylar.
Polýak, ispan we türkmen hünärmenlerini Türkmenistan üçin telelukmançylyk boýunça okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamaga we bu ulgamda ýurduň ýokary hünärli hünärmenlerini taýýarlamaga gönükdirilen Ýewropa Bileleşiginiň “TEMPUS” Makastnamasynyň bilelikdäki taslamasy birleşdirýär.
Taslamanyň jemleýji tapgyrynda lukmançylyk uniwersitetinde we ulag we aragatnaşyk institutynda telelukmançylyk boýunça barlaghanany döretmek göz öňünde tutulýar. Oba hojalyk uniwersiteti bolsa weterinariýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly telelukmançylygyň tejribesine garaýar, D.Azady adyndaky dünýä dilleri instituty bolsa taslama dil taýdan ýardam bermegi üpjün edýär. Onuň hünärmenleri degişli adalagalar sözlügini düzmegiň üstünde işleýärler.
Iş saparynyň mazmuna baý bolan maksatnamasy ýurduň geljekki telelukmançylygy boýunça barlaghanalar we serişde merkezleri üçin okuw meýilnamasyny we okuw materiallaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Türkmen mugallymlarynyň bilim gorlarynyň baýlaşmagyna olar üçin ýörite guralan Madridiň gospitalyna, Polşadaky Mariýa Kýuri-Sklodowskaýa uniwersitetine baryp görmekleri özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Onuň esasynda telelukmançylygyň esaslary boýunça öwrediji trening geçirildi.