Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly jenap Kun Minneni kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi esasy milli baýramçylyklarymyzyň biri bolan Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady hem-de öz Lideriniň ýolbaşçylygynda döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Jenap Kun Minne ýurdumyzyň şu ösüş ýolunda gazanan uly üstünliklerine haýran galýandygyny aýdyp, Belgiýanyň syýasy we işewür toparlarynyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbitlere laýyk gelýän giň möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz köpden bäri türkmenistanlylaryň dosty bolan myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, belgiýaly hyzmatdaşlar bilen toplanan köp ýyllyk bilelikdäki işiň tejribesine oňyn baha berdi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak ugruny seçip alan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň meşhur kompaniýalaryndan gelip gowuşýan täze teklipleriň ählisine garamaga taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly bar bolan ägirt uly serişdeler kuwwatyny hem-de Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan döwletleriň gyzyklanmasynyň barha artýandygyny nazara almak bilen, işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň garamagyna senagatlaşdyrmaga we elektrik energetika ulgamyna, hususan-da, ýokary woltly elektrik energetikasy düzüminiň gurluşygyna degişli käbir taslamalar hödürlenildi. Şol taslamalary amala aşyrmaga Ýewropanyň meşhur kompaniýalary çekilip bilner.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meýlini kanagatlanmak bilen kabul edip, energetika ulgamynyň döwrebap we ösen ulgamyny döretmegiň tutuş halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Bu toplumy ösdürmekde ýurdumyz dünýäniň iň gowy tejribesini çekmäge aýratyn üns berýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly wagt tapyp kabul edendigi hem-de Belgiýanyň kompaniýalaryna bildirýän ynamy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözlerini aýtdy we olaryň öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.