Almaty şäherinde (Gazagystan) “Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki merkezini (MASEM)” dörediji ýurtlaryň dolandyryjylarynyň Geňeşiniň 31-nji nobatdaky Mejlisi geçirildi. Şunuň ýaly mejlis ýylda ik sapar MASEM-i dörediji ýurtlaryň tebigaty goraýyş edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem bäş ýurduň jemgyýetçilik ekologiki guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýär.
MASEM 2000-nji ýylda ony dörediji ýurtlar bolan Gazagystan Respublikasy, Gyrgyzstan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy tarapyndan BMGÖM we Ýewropa Bileleşigini goldamagynda döredildi. Merkezi Aziýada milli, sebitleýin we halkara derejelerinde ekologiki hyzmatdaşlygy ösdürmek onuň maksady bolup durýar. Bu döwrüň içinde suw serişdelerini dolandyrmak we netijeli peýdalanamak, çöleşmä garşy göreşmek, tokaý dikeldiş, biologiki dürliligi saklamak ulgamlary boýunça birnäçe bilelikdäki ekologiki taslamalar ýerine ýetirildi.
Bu mejlis rotasiýa ýörelgesi boýunça 2013-nji - 2015-nji ýyllarda MASEM-ň dolandyryjy Geňeşine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi. Mejlisiň dowamynda merkeziň ýyllyk hasabaty diňlenildi, Geňeşiň garamagyna birnäçe resminamalar berildi. Olar ara alnyp maslahatlaşyldy, işlenildi we tassyklanyldy. Ol MASEM-ň HDDG (hökümete degişli däl guramalar) bilen Merkezi Aziýada özara işleşmegiň Konsepsiýasyndan, MASEM-i ösdürmegiň strategiýasyndan, MASEM-ň 2014-2020-nji ýyllarda strategigiki meýilnamasynyň konsepsiýasyndan ybaratdyr.
MASEM-ň dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň ýolbaşçysy Muhammet Durikowyň belleýşi ýaly, geçen ýyl MASEM üçin özgerişler ýyly boldy – ösüş we täzeden guraýyş, durkuny täzeleýiş konsepsiýasy amala aşyrylyp başlandy, MASEM-ň işi kämilleşdirilip we gowlandyrylyp başlandy, seitleýin iri taslamalara badalga berildi. Olaryň biri bolsa biodürliligiň, tebigy tokaýlaryň we öri meýdanlarynyň ýagdaýyny seljermäge gönükdirilen Ýewropa Bileleşiginiň “Daşky gurşawyň ýagdaýynyň monitoringini goşmak bilen tokaýlary we biodürliligi dolandyrmak” atly taslamasy bolup durýar.
Taslama Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda hem, şol sanda Türkmenistanda hem, ýerine ýetiriler. Taslamany biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi gözegçilikde saklar. MASEM, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýeti (GIZ) we Awstriýanyň daşky gurşaw boýunça federal gullugy bu taslamanyň halkara hyzmatdaşlary bolup durýarlar. Taslamanyň çäklerinde tokaý we tebigaty goraýyş kanunynyň kämilleşdirilmegine ýardam berjek maslahat beriji duşuşyklar, treningler, tejribe alyşmak, tanyşdyrylyş saparlar, çäreler geçiriler.