Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 1012
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda alnyp barylýan işleriň barşyna, içeri we daşary syýasat babatda döwlet guramalarynyň işine, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuş ugurly syýasatyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, deputatlaryň ýerlerde geçirýän işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň 1-nji martda geçiriljek maslahatyna taýýarlyk görülýär, onda kanunçylygy we hukuk düzgün-tertibini pugtalandyrmak, birjanyň işi we birža söwdasy, ýurdumyzyň býujet ulgamy, ylmy-tehniki syýasat, tebigaty goramak we beýlekiler ýaly ugurlara degişli kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garamak göz öňünde tutulýar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan durmuş syýasatyny, hususan-da, köp çagaly maşgalalary, eneligi we çagany döwlet tarapyndan goldamak çäreleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününde “Ene mähri” diýen hormatly ada we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen täze döredilen “Zenan kalby” ordenine mynasyp aýal-gyzlary hödürlemek boýunça geçirilen işler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni döwlet ösüşiniň häzirki zaman tapgyrynda ileri tutulýan ugurlary, umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen kanunçykaryjylyk işini alyp barmagyň möhümdigine çekdi.

Döwlet Baştutanymyz zähmetde we ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde has tapawutlanan köp çagaly eneleri we zenanlary sylaglamak meselesine degip geçmek bilen, bu çäreleriň bütin ýurdumyz boýunça dabaraly ýagdaýda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Hemişelik geňeşiniň işine gatnaşmak üçin, 26-njy fewral—1-nji mart aralygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, iri halkara guramalary we düzümleri, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi we beýlekiler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde döwletimiz 43 sany halkara guramasynyň agzasy bolmak bilen, 131 sany halkara konwensiýalaryna hem-de beýleki köptaraplaýyn şertnamalara we ylalaşyklara gatnaşýar.

Soňky döwürde däp bolan bu gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdirildi hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Geçen ýyl Türkmenistana halkara guramalarynyň wekiliýetleriniň 171-siniň gelmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde halkara guramalarynyň ugry boýunça Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 242-si daşary ýurtlarda boldy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Wena saparynyň çäklerinde ştab-kwartiralary Awstriýanyň paýtagtynda ýerleşýän esasy halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle hem Awstriýa Respublikasynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň meýilleşdirýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýändigini belledi. Ýurdumyz hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmäni görkezýär, wajyp meseleleriň, sebit we ählumumy howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz wezipeleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

ÝHHG bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we geçen döwrüň dowamynda taraplaryň dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň uly tejribesini toplandygyny belledi. Munuň özi netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ÝHHG-niň Hemişelik geňeşiniň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Wena (Awstriýa Respublikasy) boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, “Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak baradaky” kararyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze redaksiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky” Permanyna hem-de Türkmenistanda umumy bilim berýän orta mekdeplerde okatmagyň on iki ýyllyk usulyna geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynda hereket eden resminamalara garaldy hem-de bular boýunça üýtgetmeler işlenip düzüldi.

Hususan-da, mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky Düzgünnama boýunça üýtgetmeler bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalary terbiýelemek we okatmak üçin olaryň maşgalalarynyň mekdepler hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygyna degişlidir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy işgärleriniň düzümini hünär synagyndan geçirmek we olar üçin hünäri kämilleşdirmek boýunça okuwlary guramak baradaky meseleler kesgitlenildi.

Umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnamanyň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çagalara umumy orta bilim almagy üçin döwlet tarapyndan kepillendirilen deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň berilmegine gönükdirilendir. Ondaky üýtgetmeler okuwçylarda dünýä derejesine laýyk gelýän umumy kesp-kär medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim ulgamyndaky özgertmelere degişli wezipelerden gelip çykýan üýtgetmeleri oňlady hem-de täze Düzgünnamalary tassyklamak hakyndaky resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ilkinji nobatda bilim ulgamyny kämilleşdirmek esasynda ösüşiň innowasion ýoluny saýlap almak arkaly, ruhy taýdan baý, hemmetaraplaýyn kämil jemgyýetiň kemala getirilmegine, ýaş nesliň göwnejaý terbiýelenip ýetişdirilmegine örän jogapkärli çemeleşip, çagalaryň ukyplarynyň ýüze çykarylmagy üçin ähli şertleri döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we mekdepleriň işine degişli Düzgünnamalaryň talaplarynyň dürs ýerine ýetirilmegine yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz çagalary terbiýelemek we olara bilim bermek boýunça işiň täze, netijeli görnüşlerini gözläp tapmak üçin mugallymlaryň höweslendirilmelidigini aýdyp, wise-premýere medeniýet we sport edaralarynyň kuwwatyndan has giňden peýdalanmagy, ýaşlaryň arasynda döredijilik başlangyçlaryny ösdürip, sagdyn we işjeň durmuş ýörelegelerini ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Soňra mejlise çagyrylan Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda eminleri, sport kommentatorlaryny we sport žurnalistlerini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ulgamynda jemi 214 sany sport edarasy we guramasy işleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň 47 görnüşi hereket edýär we bu görnüşler boýunça Türkmenistanyň çempionatlary, kuboklaryny almak ugrundaky ýaryşlar we beýleki köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleri geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça jemi 280-den gowrak milli derejeli eminler bar. Türkmen eminleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän okuw maslahatlaryna gatnaşyp, tapgyrlaýyn synaglardan geçýärler we eminlik tejribesini artdyrýarlar hem-de halkara ýaryşlarynda eminleriň hatarynda çykyş edýärler. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplaryndan geljekde eminleri taýýarlamak maksady bilen, olar ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda milli derejeli eminleriň hatarynda eminlik etmäge çekilýär, 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda eminlerimiziň sportuň 17 görnüşi boýunça daşary ýurtlardan geljek eminler bilen bir hatarda eminlik etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda şol eminleri halkara synaglaryna taýýarlamak işleri geçirilýär.

Sport žurnalistikasy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyndan başga-da, V Aziýa oýunlaryny beýan etmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň degişli hünärleriniň talyplaryny – 2017-nji ýyla çenli bu okuw mekdeplerini tamamlan we okuwyny dowam etdirjek 200-den gowrak ýaş hünärmeni hem-de talyby çekmek göz öňünde tutulýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ýurdumyzda sporty ösdürmäge uly üns berýäris, şu maksat bilen, etraplarda sport mekdepleriniň gurluşygyna ägirt uly möçberde serişdeleri sarp edýäris, häzirki döwürde köpsanly sport mekdepleri eýýäm gurlup ulanmaga berildi diýip aýtdy. Milli Liderimiz gynansak-da, şol sport mekdepleri talaba laýyk işlemeýär, olaryň käbirinde sport enjamlary ýetmezçilik edýär, beýleki mekdeplerde bolsa, başga birnäçe kemçilikler bar diýip belledi. Ýöne esasy zat - bu sport mekdepleriniň köpüsinde mugallymlar, ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetmezçilik edýär. Hünärmenler ýeterlik bolmasa, ýaş türgenleri taýýarlamak meselesiniň üstünlikli çözülmejekdigi hemmeler üçin düşnüklidir.

Döwlet Baştutanymyz Sport baradaky döwlet komitetiniň işi babatda düýpli nägilelik bildirip, onyň ýolbaşçysyna ynanylan ugurlar boýunça işleriň göwnejaý guralmandygy we ýurdumyzyň sport mekdepleriniň işiniň göwnejaý ýola goýulmaýandygy babatda birnäçe tankydy bellikleri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerlerde sport mekdeplerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň wagtlaýyn togtadylýandygyny hem-de degişli Karar esasynda, Obalary özgertmek baradaky milli maksatnama üýtgetmeleriň girizilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz muňa garamazdan, geljekde ähli orta okuw mekdepleriniň sporty ösdürmegi göz öňünde tutulyp guruljakdygyny, olaryň ählisinde döwrebap sport zallarynyň we sport meýdançalarynyň bolmagyna aýratyn üns beriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, sport mekdeplerini talaba laýyk ýagdaýda saklamakda we olaryň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Hususan-da, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda, sport mekdeplerini we desgalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy baradaky habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenle tutuş ýurdumyz boýunça bu maksatnamanyň çäklerinde sport mekdepleriniň 90-sy we sport desgalarynyň 121-si ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde, umumybilim berýän mekdepleriň gurluşygy alnyp barylýar, olarda döwrebap sport meýdançalarynyň we sport zallarynyň bolmagy göz öňünde tutulýar. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň seljermeleri bu ugurda birnäçe kemçilikleriň bardygyny ýüze çykardy. Bu bolsa ýerlerde serişdeleri has netijeli paýlamak we bar bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen oňa birnäçe düzedişleriň girizilmegini talap edýär.

Milli Liderimiz milletimiziň saglygyny berkitmäge, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş türkmenistanlylaryň kemala gelmegine ýardam berýän döwrebap düzümleriň döredilmeginiň ähmiýetini belläp, sporty ösdürmek meselesiniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar we ol bu babatda örän jogapkärli we oýlanyşykly çemeleşmeleri talap edýär.

Degişli ýolbaşçylaryň işe hut şeýle çemeleşmelidiklerini nygtap, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, resminama laýyklykda sebitlerde gurulmaly 29 sany sport mekdebi we 45 sany sport desgasy agzalan maksatnamadan aýrylyp, olar üçin göz öňünde tutulan malie serişdeleri sport zallary we meýdançalary bolan döwrebap mekdepleriň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.

Gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlendi we gysga möhletiň içinde diňe bir mugallym-tälimçileri däl-de, eýsem, umumybilim berýän mekdepler üçin bedenterbiýe we sport boýunça mugallymlary taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek barada tabşyryk berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň mekdepleriniň ýokary hünärli mugallymlar bilen üpjünçiligini seljermegi, zerur bolsa degişli ýokary okuw mekdeplerinde gerekli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň sanynyň artdyrylmagyny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew Türkmenistanyň Prezidentine şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitetiň gaznasyny döretmek baradaky meseläni öwrenmek boýunça degişli işler geçirildi. Bu düzümiň döredilmegi öňde boljak örän uly ähmiýetli sport çärelerine taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly maliýe çykdajylaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Aziýa oýnlaryny guramak we oňa netijeli taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň özara baglanyşyklydygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu halkara derejesindäki iri sport ýaryşyny ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur guramaçylyk çäreleriniň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekip, sport ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça gözegçilik babatynda wise-premýere hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýewe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz “V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň gaznysyny döretmek hakyndaky” kararyň taslamasyny tutuşlygyna makullap, bu resminama gol çekdi we täze düzümiň işini düzgünleşdirýän degişli kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine taýýarlyk görülýär, ýerler şüdügärlenýär, agrotehniki kadalara laýyklykda mineral dökünler bilen gurplandyrylýar. Ekiş tehnikalary taýýarlyk hataryna çykarylýar. Şu işler bilen bir hatarda, güýzlük däne ekinlerini goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny bermek işleri, haşal otlara garşy degişli çäreler alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde şu ýylyň dowamynda Milli tokaý maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meýilleşdirilen çäreler barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamygyna hödürlenen kararyň taslamasyna laýyklykda, 2014-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary we häkimlikler tarapyndan paýtagtymyzyň töwereklerinde we welaýatlarda saýaly, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahaly oturdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere şu ýyl däneden we pagtadan doly derejeli hasyl ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleriň möhletlerine we hiline berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini öz wagtynda ýokary hilli geçirmek bilen bir hatarda, güýzlük ak ekinlere degişli derejede ideg etmegiň zerurdygyny belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz agrotehniki çäreleriň anyk ýerine ýetirilişine, öňdebaryjy hojalyk usullarynyň we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giň möçberli bag ekmek çäresiniň täze tapgyryna badalga berýän Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň möçberli gök zolaklary döretmek maksatnamasynyň Watanymyzyň gülläp ösýän künjege öwrülmegini, daşky gurşawy goramak babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegini, halkymyzyň göwnejaý durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegini şertlendirjekdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy hem-de mart aýynda geçiriljek beýleki medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýurdumyzyň ähli medeniýet ojaklarynda, edaralarynda, kärhanalarynda, ylmy institutlarda, ýokary okuw mekdeplerinde we orta mekdeplerinde sergiler, konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, maslahatlar geçiriler. Şeýle hem mart aýynda “Ýylyň zenany” we “Talyp gözeli-2014” bäsleşikleriniň, şahyrana bäsleşikleriniň we zenan suratkeşleriniň arasyndaky bäsleşikleriň jemleri jemleniler.

Milli bahar baýramy mynasybetli guralýan dabaralar asylly däbe görä, türkmen paýtagtynyň töwereginde açyk tebigatda geçiriler. Şeýle hem şol döwürde beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe maslahatlar bolar.

Şeýle hem “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy”, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda 12-13-nji martda geçiriljek “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýanyň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahatyna, şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagyna birnäçe medeni çäreler bagyşlanylar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, olara ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny ýola goýmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň her biriniň terbiýeçilik, aň-bilim taýdan ähmiýetli bolmalydygyny belledi.

Durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem paýtagtymyzdaky Halkara howa menziliniň kiçi ýolagçy terminalynyň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralara ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz gezeginde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin pudaklarynda alnyp barylýan işleriň we “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň ýagdaý barada hasabat berdi.

Wise-premýer esasan-da, Hazar sebitinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän we Gyýanly şäherçesinde polietilen hem-de polipropilen öndürmek boýunça döwrebap gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny ugur edinýän maýa goýum taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň uglewodorod känlerini özleşdirmek boýunça işleriň gerimini giňeltmek bilen bir hatarda, nebithimiýa pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebap gazhimiýa kärhanalarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz nebiti we gazy gaýtadan işlemek, ýurdumyzyň we daşary ýurtly sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýan önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek babatda öňdebaryjy tejribelere, tehniki we tehnologik mümkinçiliklere eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn esasda giňeltmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we hususan-da, dokma senagatynda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu ulgamda pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, önümçilik düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda täze desgalary gurmak, ozal bar bolanlarynyň gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, könelişen enjamlaryň esasynda işleýän, dokma kärhanalarynyň durkuny düýpli täzelemek meselelerini içgin öwrenmek barada wise-premýere tabşyryk berdi. Olaryň öndürýän önümleri ýokary hil derejeine laýyk gelmeýär we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukypsyzdyrlar. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň ýurdumyzyň we daşary ýartlaryň sarp edijilerinde ýokary islegden peýdalanmagyny üpjün etmek maksady bilen, bazar şertlerini, diňe bir häzirkizaman enjamlaryny däl, eýsem netijeli önümçiligi guramak usullaryny öz içine alýan tehnologik täzelikleri hasaba almak arkaly pudagyň hojalyk düzümini döwrebaplaşdyrmaga ulgamlaýyn çemeleşmeler zerurdyr. Bu ugurdaky esasy wezipeleri kesgitlemek bilen, döwlet Baştutanymyz B.Italmazowa olaryň oňyn çözülmegini esaslandyrýan toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynyň çäklerinde şu ýylyň 27-nji fewraly-1-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň VIII ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu sergä Eýran Yslam Respulikasyndan uly wekilçilikli topar gatnaşar. Onda nebithimiýa, himiýa senagaty boýunça ýöriteleşdirilen, gurluşyk serişdelerini, azyk harytlaryny, oba hojalyk önümlerini eksport edýän öňdebaryjy eýran kompaniýalarynyň harytlary giňden görkeziler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, dünýäniň beýleki döwletleri bilen hem özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanyň Eýran bilen dostlukly esasda ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzda geçirilýän sergileriň baş maksadynyň ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzda gurulýan täze binalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş hem-de edara ediş düzümleriniň netijeli işlerini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem wise-premýere paýtagtymyzda bina edilýän ähli desgalaryň täze döwrüň ýokary talaplaryna ähli ölçegler babatda laýyk gelmelidigini hem-de olarda ýokaryh iliň, ygtybarlylygyň üpjün edilmelidigini, binalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, öýjükli we ýerli telefon ulgamynyň göwrümlerini giňeltmek hem-de bu ulgamlara goşmaça aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Wise-premýer häzirki wagtda “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderileriniň sanynyň 3,7 milliondan geçýändigini aýtdy. “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň we Aşgabat şäher telefon ulgamynyň sanly telefon beketleriniň göwrümlerini giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda goşmaça 60 sany awtomatlaşdyrylan telefon beketlerini işe girizmek, 63 müň 264 telefon nokadyny gurnamak meýilleşdirilýär, olaryň 26 müň 944 nokadynda müşderilere giň zolakly internet hyzmaty ediler.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz wise-premýere Türkmenistanda internetiň we häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalarynyň her bir raýat üçin elýeterli bolmagy babatda ähli şertleri döretmegi we şunuň bilen baglylykda, döwrebap tehnikalary netijeli ulanmak boýunça guramaçylykly we sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöremeginiň tertibini sazlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, uly gabaraly ulaglaryň sürüjilerine diňe degişli düzümleriň ýörite ygtyýarnamasy bolan halatynda bu ulaglary sürmäge rugsat berler. Ýol hereketiniň has ýygjam bolan wagtlarynda bu görnüşli awtoulag serişdelerine awtombil ýollary boýunça ýöremek gadagan ediler. Olaryň hereket ediş ugurlaryny we tizligi “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni we beýleki düzümler bilen ylalaşylar.

Milli Liderimiz ýol gurluşyk ulgamynda maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrylan şaýollarynyň gara ýollary gurujylaryň özboluşly ölçegi hem-de türkmen paýtagtynyň ýüzi bolmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz “Agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöremeginiň tertibini tassyklamak hakyndaky” karara gol çekmek bilen, wise-premýere agyr agramly awtomobilleriň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek we paýtagtymyzda awtomobil ýollaryna zyýan ýetirmeleriň öňüni almak babatynda birnäçe tabşyryklary berdi we ýol gurluşyk we abatlaýyş işleriniň hilini, şeýle hem ýollaryň göwnejaý ýagdaýda saklanmagyny we ulanylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini ösdürmek, täze ýollary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri ösdürmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Sazlaşykly ösýän şäheriň çäkleriniň giňelmegi, onda awtomobilleriň sanynyň artmagy bilen ýollaryň uzak geljegi nazarlaýan ýokary hil derejesiniň we hereket howpsuzlgynyň üpjün edilmeginiň häzirkizaman ulgamynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyga degişli başgada birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkynyň parahatçylykly we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.