Ï Türkmenistan-ABŞ: ylmy-ykdysady hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: ylmy-ykdysady hyzmatdaşlyk

view-icon 550
Şu günler Aşgabatda “Ykdysady seljerişiň mukdar usullary” atly maglumat – usulyýet maslahaty geçýär. Ol ABŞ-niň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan Türkmenistanyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Halkara söwda gatnaşyklarynyň nazarýetiniň we tejribesiniň dürli ugurlaryna, şol sanda pudagara balanslary düzmegiň usulyýetine bagyşlanan üç günlük okuw maslahatyna Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň hem-de beýlekileriň hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlanan durmuş-ykdysady özgertmeleriň giň gerimli we ylmy taýdan esaslandyrylan ýokary depginleri maliýe - ykdysady işlerini yzygiderli kämilleşdirmegiň, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň möhümligini şertlendirýär. Bu bolsa degişli ugurda biziň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Okuw maslahatynyň gün tertibine makroykdysadyýetiň we halkara söwdasynyň ösüşiniň geljegi uly ýörelgelerini nazaryýet taýdan öwrenmek, şeýle hem ykdysady nusgalary döretmegiň ýörite kompýuter programmalaryny iş ýüzünde özleşdirmek ýaly meseleler girizildi.