Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine sebitleri we umuman, durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalary nukdaýnazaryndan, şol sanda oba hojalyk ulgamynda, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm ugurlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri girizildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda welaýatyň ilatyna mellek ýerlerini bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol oba ýerleriniň, edara-kärhanalaryň töwereklerinde arassaçylygy üpjün etmek, bag ekmek boýunça geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny ýaz ekişine taýýarlamak, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini alyp barmak babatda düzülen iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýtdy. Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Tejen şäherindäki seýilgähde oturdyljak türkmen nusgawy şahyrlarynyň heýkelleriniň görnüşleri hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz adamlar üçin mynasyp iş we ýaşaýyş şertleriniň döredilmeginiň häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we görülýän degişli yzygiderli çäreleri hemişelik gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäginde bar bolan desgalaryň, ulag ýollarynyň ulanyş derejesine ünsi çekip, olary döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çäresini guramaga örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, bag ekiljek meýdanlary häzirden kesgitlemegi, oturdyljak bag nahallaryny taýýarlamagy, şeýle hem ekilen baglara ideg edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyny berk talap etdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem öňde boljak möhüm oba hojalyk möwsümine—ýaz ekişine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz hödürlenen heýkelleriň nusgalaryny makullap, olaryň oturdyljak seýilgähiniň adamlaryň medeniýetli dynç alýan ýerine öwrülmegi üçin ony abadanlaşdyrmak boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryşy ýaly, sebitiň çäklerinde ilata mellek ýerlerini bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, welaýatda ulanylman ýatan metal böleklerini toplamak, şeýle hem ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak, ýerleri gurplandyrmak we şüdügärlemek boýunça durumşa geçirilýän yzygiderli çäreler hakynda habar berdi.
Sebitlerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan meseleleriniň biriniň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak bolup durýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu işleriň bildirilýän talaplara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag ekmek çäresi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde, esasan-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we Türkmenbaşy şäherinde bag ekmek işlerini yzygiderli dowam etmelidigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny doly derejede abatlamak, olary ýaz ekişine birkemsiz taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim çykyşyny döwlet Baştutanymyzyň ilata mellek ýerlerini bermek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň derejesi bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Mundan başga-da, häkim bag ekmek boýunça geçiriljek ýowara taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, senagat kärhanalarynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça giň möçberli we maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň işjeň we ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň we ýaz ekişine taýýarlyk çäreleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Göni aragatanşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, täze desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek ýerlerini bermek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem ol welaýatda bag ekmek boýunça geçiriljek ýowara, oba hojalyk toplumynda möhüm möwsüm bolan ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri hakynda durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde bar bolan desgalaryň, ulag ýollarynyň ulanyş derejesini hemişe gözegçilikde saklamak, olaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmagyň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag ekmek çäresi barada durup geçmek bilen, bag ekiljek ýerleri kesgitlemegi, oturdyljak agaç nahallaryny häzirden taýýarlamagy, şeýle hem ekilen baglara ideg işleri bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim öňi bilen döwlet Baştutanymyzyň oba adamlaryna mellek ýerlerini bermek bilen baglanyşykly meseleler boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnama barada aýtdy. Şeýle hem ol welaýatyň şäherlerinde we obalarynda bag ekiljek ýerleri kesgitlemek, oturdyljak bag nahallaryny taýýarlamak, şeýle hem ekerançylyk meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtamak bilen, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz ekilen baglara zerur idegiň guralmagynyň möhümdigini belläp, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin bagy-bossanlyga büremek çäreleriniň ähmiýetini nygtady. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depgininiň güýçlendirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi, ol paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, bu ýerde geçirilýän işler, şol sanda şäher hojalygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Öňde boljak bagy-bossanlyga öwürmek ýowaryna taýýarlyk görmek hakyndaky habar hem aýdyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda amala aşyrylýan, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagy, has oňaýly göwnejaý şäher gurşawyny döretmegi maksat edinýän ähli işleriň ýerine ýetirilmeginiň hiline we möhletlerine berk gözegçiligiň zerurdygyny belläp, häkime bu barada anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, ýaşaýyş jaý toplumlaryny abadanlaşdyrmaga, şäher ýollaryny we ähli beýleki desgalary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamaga, paýtagtymyzda arassaçylygy üpjün etmäge degişli meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz öňde boljak ählihalk ýowaryna ünsi jemläp, Aşgabat şäheriniň häkimine agaç nahallaryny taýýarlamagy, olaryň oturdyljak ýerlerini kesgitlemegi, şeýle hem agaç nahallaryna göwnejaý ideg etmegi we suwarmagy guramagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam edip, şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, Aşgabatda gurulýan täze desgalaryň käbirinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagynda degişli taslamalar hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaýbaňlanan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol maksatnama adamlar üçin amatly durmuş şertlerini, aşgabatlylaryň döredijilikli zähmet çekmegini we oňaýly dynç almagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olar babatda birnäçe anyk belliklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz desgalaryň aýratynlyklaryny, şähergurluşyk we döwrebap bezegleri nazara almak bilen, gurluşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işläp düzmeleri durmuşa işjeň ornaşdyrmagyň ähmiýetini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýazmyradowy we A.Goçyýewi çagyrdy.
Wise-premýer A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ýurdumyzda suwdan rejeli we netijeli peýdalanylyşynyň üpjün edilişi barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu meseläni hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, suw serişdelerini aýawly peýdalanmaga, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ulanmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler baradaky hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi.
Maliýe guramalarynyň we bank ulgamynyň edaralarynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň, olaryň işine döwrebap usullaryň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz şol bir wagtyň özünde wideoşekilli göni aragatnaşyga welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerini ýene-de bir gezek çagyrdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa ýene-de söz berdi.
Wise-premýer A.Ýazmyradowyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksadynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksady bilen, mellek ýerlerini almak üçin ýüz tutýan ýaşaýjylaryň arzalaryna bellenilen tertipde, öz wagtynda we talabalaýyk seretmek boýunça gaýragoýulmasyz işler geçirilýär.
Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de ilatymyzyň ösüşini göz öňünde tutup, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak üçin, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin hususy eýeçilige ýer bermek maksady bilen, ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça welaýat häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler geçirildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň 2008-nji ýylda oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak üçin, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin ýurdumyz boýunça döredilen ýer gaznasyndan 25337 gektary raýatlara paýlanmaga degişli bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde paýlanylmagy göz öňünde tutulýan mellek ýerleriniň çyzgylaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna ýurdumyz boýunça goşmaça 35671 gektar ýer gaznasyny döretmek , şol sanda Ahal welaýaty boýunça 1443,50 gektar, Balkan welaýaty boýunça 840,60 gektar, Daşoguz welaýaty boýunça 10072,60 gektar, Lebap welaýaty boýunça 9525,50 gektar, Mary welaýaty boýunça 13789 gektar döretmek hem-de ozalky bar bolan ýer gazanasyndan medeni zolakdan uzakda ýerleşýändigi we amatsyzdygy sebäpli 3771,7 gektary aýyrmak, şeýle hem 2008-nji ýylda Aşgabat şäheri üçin döredilen 257 gektar ýörite ýer gaznasyny şäheriň ilaty üçin Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda gurulýan döwrebap täze obanyň demirgazyk tarapyna geçirmek baradaky mesele hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şäherlerde bolşy ýaly, obalarda hem döwrebap durmuş-ykdysady, inžener-tehniki, ulag-aragatnaşyk düzümlerini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdi. Bu düzümler täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna hemme ölçegler boýunça gabat gelmelidir. Döwlet Baştutanymyz her bir howluda ekin ekmek üçin ýeri, mal saklamak üçin niýetlenen ýerler, ot-iým saklamak üçin bassyrmalar, ulag goýar ýaly ýerler üçin ähli şertleriň döredilmelidigini, raýatlaryň isleglerine görä, gurluşyk jaýlarynyň binagärlik babatda döwrebap bolmalydygyny belledi. Şeýle hem mellek paýlanylan täze obalarda mekdepler we çagalar baglary, medeni-durmuş maksatly ähli zerur binalar -- aragatnaşyk bölümi, oba geňeşliginiň jaýy, dükanlar, medeniýet öýi we beýlekiler göz öňünde tutulmalydyr.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze ýerlerde adamlaryň oňaýly ýaşaýşy we abadan durmuşy üçin ähli şertler döredilmelidir, şunda bilim, saglygy goraýyş, iş bilen üpjünçilik, medeniýetli dynç alyş, aragatnaşygyň döwrebap görnüşleriniň elýeterligi ýaly şertler göz öňünde tutulmalydyr. Şunda oba adamlarynyň we şäherlileriň durmuşy üçin uzakmöhletli ýeňillikli karzlaryň ýa-da öz serişdeleriniň hasabyna özbaşdak ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny, şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak üçin mellek ýerini bermegi goşmak bilen amatly şertleriň döredilmegi esasy wezipe bolup durýar.
Raýatlara ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly çäreleriň meýilnamasyny oňlap, döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine degişli anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowy çagyrdy, ol gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda işleriň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Etrekde guruljak demir ýol menziliniň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi, ol “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginde gurlar.
Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyny, şol sanda demir ýol ulgamyny toplumlaýyn mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalary nazara almak bilen, bu babatda öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli, oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz menziliň hödürlenen taslamasyna garap we tutuşlygyna alnanda ony makullap, ulag düzümleriniň gurulýan beýleki desgalarynyň ählisinde bolşy ýaly, bu desgada hem gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek barada wise-premýere tabşyryk berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada aýdyp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzalary bolan ýurtlaryň mekdepleriniň medeni-sport festiwalyny geçirmek meselesi boýunça hasabat berdi, şol festiwaly "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda şu ýyl tomus paslynyň ahyrynda-güýz paslynyň başynda guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Awazada" GDA-a gatnaşyjy ýurtlaryň mekdepleriniň medeni-sport festiwalyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu çäräniň guralmagy we maksatnamasy bilen baglanyşykly ähli meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Arkalaşygyň döwletlerinden gelen çagalary myhmansöýer türkmen topragynda birleşdirjek şu festiwalyň dostlugyň we bagtyýar çagalygyň hakyky baýramçylygy bolmagy, sport başarnyklaryny açmaga ýardam etmegi üçin ähli çäreleri görmek zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda gyşky görnüşlerini ösdürmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi, sportuň gyşky görnüşleriniň meşhurlygy, türkmenistanlylaryň ösüp gelýän ýaş neslini sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek ýurdumyzda soňky ýyllarda ep-esli artdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, wise-premýere sportuň bu görnüşini mundan beýläk-de ösdürmek hem-de halkara ýaryşlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply türgenleri taýýarlamak maksady bilen buzda figuralaýyn typmak boýunça ykdysadyýet toplumynda we ulag toplumynda toparlary döretmegi tabşyrdy. Munuň özi halkara derejesindäki sport ýaryşlarynda ýaş türkmen türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmeklerine ýardam eder.
Şeýle hem maslahatyň barşynda döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň hemmesine öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.