Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň ozalky prezidenti jenap Stepan Mesiçi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň we Horwatiýanyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçiň salamyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Stepan Mesiç Türkmenistanyň we aýratyn hem onuň paýtagty Aşgabat şäheriniň okgunly ösýändigini aýdyp, Ýewropanyň işewür toparlarynyň, şeýle hem Horwatiýanyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns berýän Türkmenistanyň dünýäniň uly tejribä we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan meşhur kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalarynyň ugry boýunça hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Jenap Stepan Mesiç türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty barada aýdyp, türkmen döwletiniň daşary ýurt işewürlerini işjeň çekmek arkaly bilelikde netijeli işlemek üçin ähli şertleri döredýändigine ýokary baha berdi. Türkmenistanyň maliýe, salgyt we gümrük ýeňilliklerini göz öňünde tutýan oýlanyşykly maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirýändigi, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirýändigi, ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirýändigi hem uly ähmiýete eýedir diýip, myhman belledi.
Duşuşygyň çäklerinde ulag ulgamynda, hususan-da, deňiz flotuny kämilleşdirmek, şeýle hem nebitgaz, energetika, derman senagaty, suw hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ýewropanyň kompaniýalarynyň eýýäm uly tejribe toplan we önümçilik kuwwatyna eýe bolan türkmen telekeçilik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň uludygy bellenildi.
Myhman horwatiýaly hyzmatdaşlara bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, olaryň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Hoşlaşan mahaly, jenap Stepan Mesiç duşuşygyň barşynda geljegi uly işewür hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna ýetmekde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.