Ï Germaniýadan gelen hünärmen – mugallymyň ornunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Germaniýadan gelen hünärmen – mugallymyň ornunda

view-icon 855
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi, Gündogar we Günorta Ýewropa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar meseleleri boýunça, şeýle hem Federal Kansleriň Edarasynda Merkezi Aziýa bölümine ýolbaşçylyk edýän Kristofor Israng bilen mugallymlaryň we talyplaryň duşuşygy geçirildi. Ol “Germaniýa-Merkezi Aziýa-Türkmenistan: daşary syýasatyň we howpsuzlygyň meselelri” atly tema boýunça talyplaryň öňünde çykyş etdi.

Okuw sapagy geljekki diplomatlar bilen bolan gyzgalaňly söhbetdeşligi öňünden kesgitledi. Talyplar bu ýokary okuw mekdebiniň hormatly myhmanyna beren köp sanly sowallaryna doly bahaly jogap aldylar. Çekişme ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary boýunça Türkmenistanyň we Germanyýanyň hyzmatdalygy ýaly tematiki ugurlar boýunça ösdürildi. Şeýle hem taraplaryň geljegi uly bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelr ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kitap – iň gowy sowgat

Biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisine Amerikanyň EhsonMobil kompaniýasynyň adyndan talyplaryň hünär okuwy boýunça okuw edebiýaty sowgat berildi. Matematika we kompýuter tehnologiýalary boýunça okuw edebiýatyny Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti aldy, nebitgaz ugry boýunça, geologiýany goşmak bilen, okuw kitaplarynyň 30 töweregi görnüşi Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kitaphasynyň gaznasynyň üstüni ýetirdi.

Nebit gaz ýokary okuw mekdebiniň kitaphanasy öňden EhsonMobil-den ýörite edebiýatyň saldamly goruna eýedir. Bu edebiýatlary kompaniýa öňki politehniki institutyna beripdi. Bu ýokary okuw mekdebiniň täzeden guralmagy sebäpli okuw edebiýatlary hukuk taýdan täze okuw mekdebine – Halkara Nebit we gaz uniwersitetine berildi. HNGU adminstrasiýasynyň nygtaýşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebiniň ýokarda ady agzalyp geçilen Amerikanyň iri nebitgaz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň depgini barha ösdürilýär. Onuň hünärmenleri yzygiderlilik esasda talyplar bilen halypaçylyk işi üçin – nebitgaz temasy boýunça leksiýalary okamaga çekilýär.