Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty boldy, oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyrldy. Maslahatyň gün tertibine täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryň taslamalary girizildi.
Kanun taslamalary ara alyp maslahatlaşmazdan ozal çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzümi bilen şu ýylyň 7-nji ýanwarynda geçirilen duşuşygyndaky maksatnamalaýyn çykyşy milli parlamentiň işinde esasy ugur görkeziji bolup durýar diýip bellediler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň işi, ozaly bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini hukuk taýdan üpjün etmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän milli kanunçylygyň döredilmegi her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň ygtybarly kepili bolup çykyş etmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goragynda durmaga, Garaşsyz Türkmenistanyň has-da ýokary durmuş-ykdysady ösüşe eýe bolmagyna ýardam bermäge, türkmen halkynyň abadan, parahat we bagtly durmuşyny üpjün etmäge hyzmat etmelidir. Mejlisiň üstüne ýüklenilen wezipeleri netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen deputatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň düzgünlerine laýyklykda kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işi alyp barýarlar. Mysal üçin, şu günki geçirilýän maslahata býujet ulgamyny, birža söwdasyny, ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmäge, tebigaty goramagyň, kanunçylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmegine gönükdirilen kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy.
Deputatlaryň garamagyna hödürlenilen esasy kanunçylyk taslamalarynyň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” medalyny döretmek hakynda” Kanunyň taslamasy bar. Bu kanunçylyk namasy milli Liderimiziň beýik türkmen şahyrynyň, filosofynyň, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňe süren teklibi göz öňüne tutulyp işlenip taýýarlanyldy.
Kanun taslamasynyň düzgünlerine laýyklykda bu döwlet sylagy şygyrýeti dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde bitirilen hyzmatlar üçin gowşurylar. Mundan başga-da, resminamanyň taslamasynda sylaglamaga hödürlemegiň tertibi, şeýle hem bu medala mynasyp bolan adamlar üçin göz öňüne tutulan ýeňillikler kesgitlenilendir.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň innowasiýa ýoluny üpjün etmäge gönükdirilen häzir hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek we täze kanunlary kabul etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümliginden ugur alyp, milli parlamentiň deputatlary degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarladylar. Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň taslamasy býujet ulgamyny guramagyň we hereket etmeginiň umumy düzgünlerini belleýär, býujet işiniň esaslaryny we býujetara gatnaşyklarynyň kadalaryny, şeýle hem edaralaryň býujet hukuk gatnaşyklarynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.
Bellenilşi ýaly, kodeksde şeýle hem býujetleri döretmegiň we ýerine ýetirmegiň tertibini belleýän resminamalaryň, döwlet maliýe gözegçiliginiň amala aşyrylmagynyň we býujet kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçiligiň tertibi beýan edilýär.
Öňdebaryjy halkara tejribesi we bu ulgamdaky dünýä ülňüleri hasaba alnyp işlenip taýýarlanylan kanunçylyk taslamasy býujet ulgamynyň bitewi guralyny kemala getirmäge, şeýle hem bu ugurdaky netijeli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa öz nobatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysayd taýdan ösdürmek boýunça strategiki maksatnamalaryň esasy wezipelerine ýetmek üçin giň mümkinçilikler döreder.
Soňra maslahat “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen dowam etdirildi, bu taslamada Türkmenistanda harytlaryň lomaý bazaryny döretmäge, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, söwdalaşyklary guramaga we geçirmäge, harytlara bolan islegleri we teklipleri anyklamagy amala aşyrmaga, şeýle hem birža nyrhlaryna täsir edýän ýagdaýlara seljerme bermäge degişli biržanyň alyp barmaly işleri kesgitlenilendir. Täze Kanunyň kabul edilmegi haryt-çig mal biržalarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kemala getirmegiň ýolunda möhüm ädimleriň biri bolar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etmek bilen, ylmy işleriň hukuk ýagdaýyny kadalaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň döwlet ylmy-tehniki syýasaty, durmuş-ykdysady syýasatyň düzüm bölegi bolmak bilen, döwletiň ylmy işe bolan garaýşyny beýan edýär, ylym we tehnika, innowasiýalaryň we ylmyň gazananlaryny durmuşa geçirmek ulgamynda döwlet häkimiýet edaralarynyň wezipelerini, ugurlaryny, iş düzgünlerini kesgitleýär.
Bu meseläniň ileri tutulýandygy göz öňünde tutulyp, milli parlamentiň deputatlary tarapyndan “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy, onda Türkmenistanyň döwlet ylmy tehniki syýasatyny kemala getirmegiň we durmuşa geçirmegiň esasy maksatlary, ylmy işleri alyp barýan subýektler kesgitlenilendir. Bu kanun taslamasy döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň hem-de ylmy işleri peýdalanyjylaryň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Şol sanda innowasiýa işlerine döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň tertibini kesgitleýär.
Daşky gurşawy goramak meselesi milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ekologiýa ulgamy ýaly aýratyn möhüm ähmiýetli meseleler halkara gepleşiklerine işjeň gatnaşyjy hökmünde abraýly düzümleriň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň tarapdary bolup çykyş edýär we tutuş adamzadyň gelejegi bilen bagly bolan bu möhüm meselede bilelikdäki hereketi işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Bu ulgamda kanunçylygy üpjün etmek babatynda ileri tutulýan wezipelerden ugur alnyp, deputatlar tarapyndan “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagyň we olary gaýtadan dikeltmegiň, hojalyk işleri we beýleki işleriň daşky gurşawa zyýanly täsiriniň öňüni almagyň hukuk esaslary kesgitlenilýär. Ara alyp maslahataşmagyň çäklerinde deputatlar täze düzgünleriň birnäçesini özünde jemleýän bu kanunçylyk namasy ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge we degişli hukuk aň-düşünjesini döretmäge ýardam etmelidir diýip bellediler. Bu kanun tebigaty goramak, türkmen topragynyň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak işinde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şu gezekki maslahatyň gün tertibine şeýle hem “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi. Bu resminama bilen korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri, korrupsiýany ýüze çykarmagyň, öňüni almagyň we oňa garşy göreşmegiň hem-de korrupsiýa hukuk bozulmalarynyň netijelerini ýok etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslary bellenilýär.
Maslahatyň barşynda şeýle hem “Türkmenistanda Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň “Goranmak hakyndaky” Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Suw hauynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary ara alyp maslahatlaşlydy.
Milli parlamentiň deputatlary şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň “Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýanyndaky Hemişelik wekiliýetiniň düzümini tassyklamak hakyndaky”, “Aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň 2014-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy hakynda” kararlarynyň taslamalaryna garaldydar.
Mejlisiň ikinji maslahatynyň jemlerine laýyklykda, ýokarda görkezilen kanunçylyk taslamalary milli parlamentiň deputatlary tarapyndan biragyzdan makullanyldy we kabul edildi. Bellenilişi ýaly, täze kanunçylyk namalary ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen döwletiniň mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan batly depginler bilen ösmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.