Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň maksady deňizýaka ülkäniň düzüminiň ösüşini gözden geçirmek, iri maýa goýum-ykdysady taslamalary, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň nobatdaky tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşmak bolup durýar.
Şu gün bu ýerde, Türkmenbaşy şäherinde Awaza etrabynyň häkimliginiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Ol bu etrabyň çäginde täze desgalaryň gurulmagyna badalga berdi.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň tomsunda Türkmenbaşy şäheriniň düzüminde täze etraplaryň ikisi—Awaza we Kenar etraplary döredildi. Olary döretmek baradaky çözgüt “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäkleriniň giňelmegi, onuň düzüminiň ösmegi, Hazaryň kenarynda okgunly kemala gelýän halkara derejeli naýbaşy dynç alyş merkeziniň meşhurlygynyň artmagy bilen şertlendirilendir. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy netijesinde peýda boldy. Geçen ýylyň 31-nji iýulynda Awazany mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan giňişleýin maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz täze döredilen etraplaryň häkimliklerini döretmek hakynda karara gol çekdi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan hem degişli karar kabul edildi.
Ynha, bu gün bolsa Awaza etrabynyň häkimliginiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Balkan welaýatynyň we Türkmenbaşy şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, käbir ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň abadançylygy, bagtly durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi we oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda maksada gönükdirilen işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Netijede şäherleriň we obalaryň keşbi täzelenýär, dürli maksatly köpsanly döwrebap desgalar gurulýar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän we durmuş maksatly häsiýete eýe bolan oňyn syýasatyň aýdyň nyşany bolup durýar. Ony Hazaryň türkmen kenaryndaky hakyky dynç alyş zolagynyň göwher gaşy diýip atlandyrmak bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Awaza etrabynyň döredilmegi düzümine deňiz dynç alyş merkezi giren köpugurly hojalygy dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň düzümini has-da ösdürmek, ýylsaýyn sany artýan dynç alýanlara hyzmat edilişini kämilleşdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam etmäge gönükdirilendir diýlip bellenildi.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat hem-de mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde iäze üstünlikleri arzuw edip, ýurdumyzda ýaýbaňlanan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda Awaza etrap häkimliginiň binasynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şeýlelikde, bu desganyň gurluşygynyň başlanmagyna badalga berildi. Ondan başga-da, etrabyň dolandyryş toplumynyň çäginde beýleki desgalaryň birnäçesini, şol sanda orta mekdebi, çagalar bagyny, saglyk öýüni, şeýle hem jemagat we beýleki gulluklaryň binalaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Ähli desgalaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga büreler. Dabara geçirmek üçin ýörite taýýarlanan meýdançada oturdylan dürli reňkli bannerler täze desgalar barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Deňizýaka şäheriniň aýdym-saz we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara hakyky baýramçylyk öwüşgünini çaýdy. Şol çykyşlarda täze taryhy döwrüň--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy.
...Soňky ýyllarda Hazaryň kenaryndaky bu täsin künjegiň ady giň halkara meşhurlygyny gazandy. Türkmenistanlylaryň özi üçin bolsa ol gülläp ösüşi alamatlandyryp, özgertmeleriň güýjüni görkezýän beýik hakykatyň manysyna öwrüldi. Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan ozal bu ýerleriniň tutuş çöl kenarlary bolanlygyny göz öňünde tutsak, onda häzirki wagtda Awazany täsin özgerme bilen deňeşdirip bolar. Häzir ol Türkmenbaşy şäheriniň diňe bir iň täze etraby däl, eýsem ajaýyp myhmanhanalary, kottej şäherçeleri we dynç alyş merkezleri, ýagtalary, awtobanlary, seýilgähleri, amfiteatrlary we suw çüwdürimleri bolan häzirkizaman syýahatçylyk jennetidir.
Mälim bolşly ýaly, bu künjegi özgertmek hem-de bu ýerde milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça ilkinji meýilnamalar 2007-njy ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan beýan edildi. Şonda Türkmenbaşy şäherinde üç döwletiň – Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi. Geljegi uly bolan ykdysady taslama gatnaşmaga hemme gyzyklanma bildiren taraplary çagyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetiniň ilkinji tapgyrda onuň gurluşygyna ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan az bolmadyk serişde goýmaga taýýardygyny habar berdi.
Beýik pikirlere badalga berlenine iki aý geçenden soň, milli taslamanyň ilkinji tanyşdyrylyşy bolup geçdi. Bu çärede daşary ýurt firmalarynyň uly wekilçiligi dynç alyş işewurligine geljegi uly netijeli maýa goýumlaryna daşary ýurt maýadarlarynyň hakyky gyzyklanmalaryny örän aýdyň häsiýetlendirdi. Bu gyzyklanma maýadarlar üçin ýeňillikleriň üpjün edilmegi arkaly türkmen hökümetiniň kepilligi bilen, şeýle-de işewürlige halkara ülňülerine laýyklykda hukuk kepilliklerini döretmek bilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek meýilleri bilen tassyklandy.
Örän tiz wagtda geljekki gurluşyk desgalarynyň täsir galdyryjy taslamalary durmuşda öz beýanyny tapyp başlady. Örän gysga wagtyň içinde bu ýerde bolup geçen täsin galdyryjy özgertmeler Türkmenistanyň diňe bir depginli ykdysady ösüşine şaýatlyk etmän, eýsem-de ýurduň kuwwatly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.
Wagt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň meýilleriniň hakykydygyny tassyklady. Awazany gurmagyň ilkinji taslamalarynyň tanyşdyrylan pursatyndan bäri geçen döwrüň içinde dynç alyş kenary tanalmaz derejede özgerdi. “Lýuks” derejeli täze myhmanhanalarynyň hatary ak mermerli öwüşgünler bilen ýalpyldap, kenar ýakasyny göýä owadan şuglaly şaý-sepe besledi. Olary ähli welaýatlardan bu ýere dynç almaga gelýänleriň uly akymy doldurdy. Bu ýerdäki derýa dynç alyş zolagynyň gözellikleriniň birine öwrüldi. 2010-njy ýylyň oktýabrynda ägirt uly interaktiw deňiz suw çüwdürimi ulanylyşa tabşyryldy. Ol kenardaky dürli saz yşykly çüwdürimler bilen umumy sazlaşygy emele getirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Awazany döretmegiň baş maksady ýurdumyzyň ajaýyp gözel künjegi bolan deňiz ýakasynyň dynç alyş mümkinçiliklerini amala aşyrmak, türkmenistanlylar üçin amatly dynç alyş şertlerini üpjün etmek bolup durýar. Çünki adamlar hakynda, olaryň abadançylygy we saglygy barada alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.
Şol bir wagtda türkmen topragynyň iň owadan künjekleriniň birinde ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejeli saglygy dikeldiş we halkara hyzmatdaşlyk merkezine öwrülmelidir. Bu bolsa şeýle iri möçberli taslamanyň ilkibaşdan binýadynda goýlandyr. “Awaza” eýýäm halkara döredijilik festiwallarynyň, sungat ussatlaryny we dürli ýurtlardan ýaş zehinleri birleşdirýän medeni durmuşa degişli iri wakalaryň, dürli ykdysady forumlaryň geçirilýän ykrar edilen meýdançasyna öwrüldi. Ine, zehinli çagalaryň “Awaza dostluk mekany” halkara festiwalyny geçirmek däbe öwrüldi. Ol her ýylda onlarça ýurtlardan çagalaryň ýüzlerçesini Hazaryň kenaryna ýygnaýar. Biziň wezipämiz Awazany halkara ähmiýetli dürli çäreler geçiriljek meşhur sport merkezine öwrülmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýdýar.
Awazanyň durmuş düzümi ösýär we gözümiziň alnynda kämilleşýär. Awaza her ýyl bingagärleriň, taslaýjylaryň baý pikir-oýundan deňiziň kenaryna geçýän täsin gözelligi emele getirýär. 2012-nji ýylda bu ýerlda “Bereket” myhmanhanasy we “Şapak” kottejler toplumy ulanyşa tabşyryldy.
Döwlet tarapyndan işjeň goldaw berilmegi we hut milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen onuň taslamalarynyň amala aşyrylmagy dünýä derejeli deňiz dynç alyşynyň döremeginiň ilkinji tapgyrynyň hakykatda işjeň amala aşyrylmagyny şertlendirdi. Şu wagtyň dowamynda “Awaza” diňe bir okgunly, depginli gurulmak we abadanlaşdyrmak bilen çäklenmän, her ýylyň tomusynda bu ýerdäki ajaýyp myhmanhanalarda hem-de idegi ýetirilen kenarýakalarynda dynç almak isleýänleri barha köp çekmek arkaly, işewür, döredijilik dynç alyş durmuşy bilen ýaşady.
Häzirki wagtda bu dynç alyş şäheri kadaly durmuş şertleri üçin hemme zerurlyklar – ulag we beýleki aragatnaşyklar, agyz suwy we ş.m. üpjün edilendir, özi-de olar häzirki sarp edijiligiň möçberlerinden aşyp, geljek üçin ösüşiň şertlerine gabat gelýär.
Özüniň ösüşiniň ölçegleri boýunça bu dynç alyş-sagaldyş künjegi bir möwsümiň çäklerinden çykyp, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, medeni we halkara durmuşynyň tutuş ýyl işleýän merkezine öwrüldi. Şeýle iri çäre hökmünde 2013-nji ýylyň iýun aýynda Awazanyň kenarýakasynda geçirilen Medeniýet hepdeligini görkezip bolar. Bu çärä ýene-de on bäşe golaý desgalaryň – ajaýyp myhmanhanalaryň, kottej şäherçeleriň, dynç alyş merkezleriniň we ş.m., şol sanda “Ýelken” ýaht-klubynyň açylmagy gabatlandy. “Ýelken” deňziň tebigy bejerijilik serişdeleriniň üstüne suwda işjeň dynç almakdan täsin lezzet almak duýgusyny goşdy. Täze desgalaryň ulanyşa tabşyrylmagy bilen myhmanhana düzümi iki esse artyp, 7 müň adamdan gowrak möçbere ýetdi.
2013-nji ýylyň oktýabrynyň başynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýene-de täze desgalaryň ulanyşa tabşyrylmagy mynasybetli dabaralar bolup geçdi. Olar hem kemala getirilýän halkara deňzi dynç alşynyň myhmanhana düzüminiň üstüni ýetirdi.
Şonda aýratyn derejeliligiň buşlukçysy hökmünde ilki bilen belent baýdak sütüni açyldy. Bu dabarada milli Liderimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyryldy. Ägirt belent baýdak sütüni bu ýere gelinýän ýolda ýerleşen aýlaw çatrygynda bina edilip, milli syýahatçylyk zolagyna özboluşly “derweze” hökmünde göz öňüňde janlanýar. Mundan beýläk meýdany 600 inedördül metr bolan 100 metr belentlikde parlaýan milli tug “Awazanyň” myhmanlaryny ilkinji bolup garşylar.
Güýzki binagärlik açylyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň toý bagyny ilkinji kesen desgasy milli syýahatçylyk zolagynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk toplumyna girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmasy boýunça bina edilen 12 gatly “Seýrana” myhmanhanasy boldy. Şol gün hem belent gatly myhmanhanasy we kottejler toplumy bolan “Täjir” dynç alyş merkezi açyldy. Bu desgalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýçleri we serişdeleri bilen bina edildi.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň örän täsin galdyrýan täze gurluşyklarynyň biri ýokary derejeli köpugurly “Berkarar” dynç alyş merkezidir. Türkmenistanyň Mejlisiniň buýurmasy boýunça bina edilen bu ajaýyp dynç alyş merkezi bäş ýyldyzly myhmanhanany we medeni-dynç alyş hem-de sport-sagaldyş ähmiýetli 30 töweregei desgalary özünde birleşdirýär. Onuň daşky görnüşi we adaty bolmadyk binagärlik keşbi aýratyn ünsüňi çekýär. “Berkarar” myhmanhanasynyň umumy keşbi uzaklardan äşgär görnüp, şemala pasyrdaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilini alamatlandyrýar. Onuň baýdak sütüni hökmünde milli tugumyzy bezeýşi ýaly, türkmen haly gölleriniň bäşisi bezeýän belent ymarat hyzmat edýär.
Häzirki wagtda bu ýerde 30-dan gowrak desgalar işleýär. Olar ajaýyp myhmanhanalar, dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary we myhmanhana ulgamynyň beýleki desgalarydyr. Bu ýerde ýokary derejeli awtobanlar bar, “Awazany” Türkmenbaşy şäherindäki halkara howa menzili bilen birleşdirýän duralgalary bolan ajaýyp şaýollar boýunça ýolagçy awtobuslar gatnaýar, öz ulaglary bilen gelýän myhmanlara amatly bolar ýaly köp derejeli awtoduralga hem bar. Söwda merkezleri, kinoteatrlar, akwaparklar, täze myhmanhanalar, sport desgalary we bu künjegiň durmuşyny baýlaşdyrjak we köp öwüşgünli etjek köp sanly beýleki desgalar gurulýar.
Tiz wagtda bu ýerde ýaşaýyş toplumlary hem peýda bolar. Çünki syýahatçylaryň gelmeginiň artmagy bilen köp dürli hünärler boýunça işgärleri köpeltmek hem talap ediler. Köp täze iş orunlary peýda bolar, diýmek, ýerli ýaşlar türkmen dynç alyş merkeziniň we ýurduň abraýyny ýokarlandyryp iri möçberli düzümlerde işlemek üçin bilim almaga hem-de hünär edinmäge gyzyklanar.
Hakykatda, Hazar kenarynda innowasion syýahatçylyk merkezi döredilýär. Bu ýere adamlar gyşyna-da, tomsuna-da gelmäge ymtylarlar, sebäbi olar şu ýerde ekologiýa taýdan arassa deňziň, täsin tebigatyň we ajaýyp binagärlik görnüşleriň, ýokary hyzmatyň, amatlylygyň we däp bolan türkmen myhmansöýerleginiň gaýtalanmajak sazlaşygyny taparlar. Mundan başga-da "Awazanyň" myhmanlary iri sport ýaryşlarynyň janköýerleri, halara döredijilik fesitwalarynyň we özboluşly öwüşgünli milli baýramçylyklaryň şaýatlary bolup bilerler. Olar sebitiň täze syýahatçylyk merkezinde bolup geçjek ýatdan çykmajak ýene-de köp sanly çärelere gatnaşyp bilerler.
Kenarýaka sebiti ilatyň medeni we durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy maksadynda ileri tutulýan ugurly täze durmuş-ykdysady nusgasynyň işlenip taýýarlanylýan ilkinji meýdançalaryň birine öwrüldi. Muňa garamazdan gurulýan sagaldyş-dynç alyş we senagat desgalarynyň esasy alamatlarynyň biri ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ülňülerine gabat gelýändigi bolup durýar.Daşky gurşawy goramak türkmen döwletiniň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär.
Özgertmeleriň we täzeçillikleriň ruhuny şöhlelendirýän aýdyň üstünlikler we gazanylanlar, türkmen döwletiniň Baştutanynyň içeri we daşary syýasatynyň özgertmeleriniň mazmuny we ileri tutýan ugurlary syýahatçylyk zolagynyň ykbalynda täze gözýetimleri açýar. Hazar deňziň kenarýaakasynda syýahatçylyk merkezini we halkara derejeli dynç alşyny--"Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça işler sähel pursat hem gowşamaýar. Dünýäniň hemme döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň görnükli netijesi bolan bu täsin taslama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriniň aýdyň nyşanydyr.