Ï Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi açyldy

view-icon 660
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, ol iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam eder. Bu ykdysady gözden geçirilişi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen EYR-nyň “Eхhibition Projeсt Management” Halkara sergiler kompaniýasy bilelikde guradylar.

Aşgabatda däp boýunça geçirilýän bu sergi eýranly öndürijileriň iň täze gazananlaryny, Türkmenistan bilen EYR-yň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny gözlemekde olaryň ägirt uly ylmy we senagat mümkinçiliklerini görkezmek üçin täsirli meýdança öwrüldi.


Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän işewürler maslahatlary iki ýurduň işewür toparlarynyň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryň artmagyna, ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna göniden-göni täsir edýär. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işine häzirki döwrüň we gelejegiň talaplaryny hasaba almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ygtybarly gural hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

Iň gowy dünýä tejribesini we öňde baryjy tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna uly üns berilýändigine türkmen paýtagtynda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergä gelen Eýranyň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzümi hem şaýatlyk edýär.

Olaryň köpüsiniň iri senagat kompaniýalarynyň, şeýle hem ugurdaş firmalaryň ýolbaşçylary, menejerleri, hünärmenleri hökmünde şu ýylyň başynda geçirilen türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşandyklaryny belläp geçmelidiris, onda şol sanda hususy telekeçiligiň derejesinde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary bellenildi. Olar üçin, şeýle hem türkmen bazary bilen ilkinji gezek tanyşýan hyzmatdaşlar üçin bu sergi öz önümlerini, taslamalaryny we hyzmatlaryny hödürlemek hem-de ilkinji nobatda, Türkmenistanyň geljegi uly bazarynda has köp isleg bildirilýän ugurlary bilen ýerinde tanyşmak üçin ýene bir örän öňat mümkinçilikdir.


Gurluşyk harytlaryny we enjamlaryny, ulag serişdelerini, dag-magdan we himiýa pudaklarynyň önümlerini, durmuş tehnikasyny, dokma we azyk harytlaryny, gül-bezeg we bagçylyk önümlerini öndüriji hem-de iberiji kompaniýalaryň ýüzden gowragy häzirki geçirilýän sergä işjeň gatnaşmak bilen işewür hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirýändiklerini äşgär edýärler.

Ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramlaryň baştutanlary, daşary ýurt işewürleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz bu serginiň ähmiýetini bellemek bilen, “Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyza täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak bilen, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýäris” diýip nygtady. Bu sergi Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde iki goňşy dostlukly ýurduň işewürleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini öwrenmekde, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmakda, isleg bildirýän eýran kompaniýalary bilen bilelikde işlemegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri döreder.


Goňşy ýurduň senagatçylarynyň we telekeçileriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Reza Nematzade dabarada çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “açyk gapylar” we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, öz ýurdunyň işewürler toparlarynyň bütin dünýäde ygtybarly hem-de ykdysady taýdan kuwwatly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Öz pudaklarynda iri konsorsiumlaryň düzüminde, şeýle hem özbaşdak işlemek bilen möhüm orunlary eýeleýän eýranyň öňdebaryjy kompaniýalary Sergi köşgüniň giň zallarynda öz harytlaryny görkezdiler. Olaryň hatarynda – “JPMS”, “Awand Kawan”, “Sadid”, “Towzinger”, şeýle hem ugurdaş firmalar “Behbam”, “Fayyaz”, “Shahid Ghandi”, “Mirab Lolen Tooz”, “Tima Tile Сo”, “Bonjor Plastik”, “Kabir Panel”, “Snoy Pars” we köpsanly beýlekiler bar. Olaryň ählisi Eýranyň dürli iri senagat merkezlerinde bolmak bilen, iň täze işläp taýýarlamalaryň we ýokary tehnologiýalaryň esasyndaky toplumlaýyn taslama çözgütlerini hem-de degişli ýöriteleşdirilen enjamlary we tehnikany, nebitgaz we energetika pudaklarynyň, suw üpjünçiligi we arassalaýyş ulgamlarynyň desgalary, demirýol we awtoulag ýollary üçin gurluşyk materiallaryny hödürleýärler. Bu ýerde şeýle hem älem tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri görkezilýär.

Eýranyň awtoulag kärhanalarynyň bölümleri “Saipa khodro” we “Iran khodro Aşhabat” dürli nusgalardaky “Saira” we “Pegout” kysymly kiçi göwrümli awtoulaglary sergä gelýänlere hödürlemek bilen awtoulag öndürijileriň kuwwatlyklaryny görkezdiler.

Ýörite bölümlere bölünen sergide şeýle hem halkyň sarp edýän harytlarynyň dürli görnüşlerini – durmuş tehnikasynyň, santehnikanyň, dokmanyň, mebel toplumlarynyň, himiýa önümleriniň has ýokary hilli nusgalaryny öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň harytlarynyň dürli görnüşleri görkezilýär.

“Süýji” önümler Eýranyň eksport harytlarynyň esasy bölegini tutýar.”Negar Taymaz”, “Shahr Babana”, “Razavi” ýaly kompaniýalaryň sergi bölümlerinde görkezilen çagalar üçin suýt önümleri, çörek önümleri, şeýle hem miwe içgileriniň köp dürli görnüşleri özüne çekiji bezegli gaplary bilen hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.

Sergi mýdançalary şeýle hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, täze özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen işewür duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilýän ýeri bolup hem hyzmat eder.

Sergi köşgündäki köpugurly ykdysady gözden geçiriliş bilen aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üç güniň dowamynda – 1-nji marta çenli tanşyp bilerler.