Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary

view-icon 952
Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Magtymguly” deňiz ýatagynda bolup, bu ýerde işleýän hünärmenler bilen duşuşdy. Soňra "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy.

.... Irden hormatly Prezidentimiziň dikuçary Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän “Magtymguly” nebitgaz ýatagyndaky deňiz platformasyna gondy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy bu ýatagy özleşdirýän Malaýziýanyň “Petronas Çarigali” (Türkmenistan) Petronas kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary jenap Amir Ali we hünärmenler garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen salamlaşyp, platformanyň esasy iş toplumlaryny gözden geçirýär. Ol guýulary burawlamak we deňziň düýbünde ýerleşen ýangyç çig malyny çykarmak üçin niýetlenen çylşyrymly inženerçilik toplumydyr. Döwlet Baştutanymyz hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, Magtymguly ýatagynda alnyp barylýan işler bilen jikme-jik tanyşýar.

Dünýäniň iri nebit we gaz gorlarynyň sanawyna girizilen Hazar deňziniň baý uglewodorod serişdelerini özleşdirmek, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiki ugry bolup durýar. Hut şu ýerde, deňiz ýalpaklygynda hem-de kenarýaka zolakda ýakyn onýyllyklarda “gara altynyň” we “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, ýurdymyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Häzirki wagtda umumy gorlary 18,2 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde bahalandyrylýan Hazaryň türkmen böleginde önümi paýlaşmak şertlerinde dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň birnäçesi işleýär. Şolaryň hatarynda Malaýziýanyň “Petronas” döwlet kompaniýasy hem bar.

“Petronas” kompanýiasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary jenap Amir Ali Türkmenistanyň Baştutanyna bu iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada jikme-jik habar berdi. Hususan-da, seýsmiki gözleg işleriniň toplumy geçirildi, gözleg, baha beriş we ulanyş guýularynyň onlarçasy burawlandy, Magtymguly, Diýarbekir we Garagol Deňiz ýaly ýataklar tejribe-senagat taýdan ulanmaga bermäge taýýar edildi. Şol ýerlerde uglewodorod çig malynyň iri ýataklarynyň üsti açyldy. Hazar sebitinde döwrebap deňiz we ýerüsti düzümi, şol sanda deňiz ýalpaklygynda işleri alyp barmakda ulanylýan deňiz gurnawlaryny ýygnamak boýunça bölüm guruldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, türkmen ýaşlaryny Malaýziýanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okatmak ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri jenap Mohd Najib Tun Abdul Razakyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gazy gaýtadan işleýän zawod hem-de ýerüsti gaz terminaly işe girizildi. Toplumyň birinji nobatdakysynyň kuwwatlylygy ýylda 5 milliard kub metr tebigy gaza we 2,4 million tonna gaz kondensatyna barabardyr.

Häzirki döwürde meýdançadaky hojalyk toplumyny synlamagyň barşynda bu ýerde işleýän hünärmen “Magtymguly” deňiz meýdançasyndaky guýularyň 6-syndan alynýan gazyň bu zawoda gelip gowşuşy barada gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik desgalaryny synlamak bilen, 5 müň metr çuňlukdan uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşy we munuň üçin ulanylýan enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen tanyşdy.

Bu meýdançanyň gurnamasynda dünýäniň inženerçilik çözgütleriniň iň täze ýörelgeleriniň öz beýanyny tapýandygyny bellemeli. Şunuň ýaly meýdançanyň dünýä ýüzünde bary-ýogy 2-siniň bardygy, olaryň biriniň Türkmenistanda bolup, onuň deňizden gaz çykarmakda ulanylýandygy guwançlydyr. Bellenilişi ýaly, bu gaz käni gaz kondensatyna örän baý hasaplanýar.

Döwlet Baştutanymyza bu ýerdäki deňiz meýdançasynda “mawy ýangyjy” gazulag ulgamyna ibermek boýunça taýýarlygy hem-de onuň basyşyny peseltmek işleriniň ýerine ýetirilişi, gazy guratmak, kondensaty bölüp almak – gazy we kondensaty bölmek bilen baglanyşykly işler barada gürrüň berdiler.

Bu ýerde ähli işler awtomatiki usulda alnyp barylýar we dolandyryş merkezi tarapyndan ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde işleýän hünärmenleriň iş şertleri bilen gyzyklandy. Olar üçin ähli mümkinçilikler bilen bir hatarda, dikuçar hem-de deňiz gämisi hereket edýär. Milli Liderimiz bu meýdançadan uzakda bolmadyk deňiz känlerini synlady.

Döwlet Baştutanymyz şol ýerde oturan çarlaga üns berdi, bu guş hormatly Prezidentimiziň dikuçaryndan biraz öňräk gelip gonupdyr. Çarlak bu ýerde işleýän adamlar bilen öwrenişen bolara çemeli we olaryň hödür-keremine garaşýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde bir pursat bolup, deňiz guşuny eli bilen iýmledi we ýoluny dowam etdi.

Deňiz meýdançasynyň merkezi dolandyryş bölümine baranynda, döwlet Baştutanymyz bu ýerde işleýän hünärmenler bilen gürrüňdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz deňizde nebitgaz çykarmagyň aýratynlyklary, bu ýerde ulanylýan tehnologiýalar, alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem daşky gurşawy goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Hazaryň deňiz ýataklaryny doly möçberde özleşdirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, munuň ýurdumyzyň energetika kuwwatyny has-da berkitjekdigini, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak işine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de özüniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýany amala aşyrmak bilen, Türkmenistan daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmen hünärmenleriniň daşary ýurt kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, şol gatnaşyklarda öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň hem-de tehnologiýalaryň özleşdirilmngi aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynda tebigy gazyň senagat taýdan çykarylyp başlanmagy Türkmenistanyň energetika senagatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Dünýäniň energetika döwletleriniň hatarynda ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerini giňden ulanmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Gyýanlydaky gazy gaýtadan işleýän zawodyň kuwwatyny artdyrmagyň geljegi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň kuwwatyny 10 milliard kub metr tebigy gaza we gaz kondensatynyň öndürlişini ýylda 4 million tonna ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Petronas” kompaniýasynyň işjeň maýa goýum syýasatyna ýokary baha berip, malaýziýaly hyzmatdaşlara Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Malaýziýanyň ýolbaşçy düzümine türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygy üçin hoşniýetli sözlerini aýtdy.

Öz nobatynda, jenap Amir Ali öz ýurdunyň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň artýan kuwwatyna ýokary baha berýändigini belledi. Türkmenistan halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna okgunly goşulyşýar. Şunuň bilen baglylykda, “Petronas” kompaniýasynyň nebitgaz pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Milli Liderimiz platformada işleýän hünärmenler bilen söhbetdeşligiň barşynda olaryň zähmet, durmuş şertleri, gündelik iş-aladalary bilen içgin gyzyklandy. Döwletimiz nebitgaz pudagyny ösdürmäge, şol sanda geljegi uly täze ýataklary özleşdirmäge ägirt uly maýa serişdelerini goýýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu maksat bilen iň kämil tehnikalar satyn alynýar, hyzmatdaşlyga esasy daşary ýurt kompaniýalary çekilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki taryhy tapgyrda ýurdumyzyň öňünde durýan wajyp wezipeler barada aýtmak bilen, ykdysadyýeti mundan beýläk-de diwersifikasiýaşdyrmak, ylmy, bilimi we saglygy goraýşy ösdürmek, türkmen topragynyň ähli künjeklerinde döwrebap durmuş düzümini döretmek boýunça bilelikde uly işleri amala aşyrmagyň zerur bolup durýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we bütin dünýäde wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 290 ýyl dolýar, bu şanly sene ýurdumyzda hem-de düný-de giňden we dabaraly ýagdaýda, halkara derejesinde bellenilip geçiler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de milli buýsanjymyza öwrülen nusgawy şahyryň adynyň Hazaryň geljegi uly ýataklarynyň birine dakylandygyny belledi.

Magtymguly özüniň döredijiliginde Watana, halka we bütin adamzada söýgi ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary wasp edýär, häzirki wagtda beýik şahyryň garaşsyz türkmen döwletiniň esasyna goýlan belent pelsepewi we ynsanperwerlik ýörelgeleri halkymyzyň hem-de ýurdumyzyň durmuşynda ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi bolmak bilen, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz beýik türkmen şahyrynyň ýubileýi mynasybetli bu ýerde işleýän hünärmenlere sowgat hökmünde Magtymgulynyň keşbi şekillendirilen halyny gowşurdy. Ol haly meýdançadaky dolandyryş merkeziniň bezegine öwrüler.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň wekili jenap Amir Ali Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, bu ýerde iş alyp barýan kompaniýalaryň netijeli işiniň üpjün edilmegine we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge döwlet tarapyndan goldaw berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.

Öz nobatynda, ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri milli Liderimiziň ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz dikuçar meýdançasyna gaýdyp geleninde, bu ýere çarlaklaryň ýene-de bir toparynyň gelendigini gördi. Bu ýagdaý şu duşuşyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz deňiz guşlaryny ýene bir ýola iýmläp, bu ýere ýygnananlaryň ünsüni deňiz guşlarynyň ýygnanmagynyň bu künjegiň ekologiýa taýdan arassadygynyň nyşanydygyna ünsi çekdi. Ekologiýa meselesiniň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, şol sanda senagat ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz deňizde bolşy ýaly, gury ýerde hem uglewodorod serişdeleriniň känlerini özleşdirmegiň dürli tapgyrlarynda tebigy serişdelere toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda deňziň kenarynda gurlup ulanmaga berlen binalaryň ýagdaýy, möhüm gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi we deňiz ýakasynyň abadanlaşdyrylyşy, şeýle hem deňiz şypahanasynyň täze desgalarynyň guruljak ýer parçalary, şol sanda täze Awaza etrabyny toplumlaýyn abadanlaşdyrmagyň çäklerinde guruljak desgalaryň ýerleri bilen tanyşdy. Bu ýerde edara binalaryndan başga-da, täze desgalaryň birnäçesini, şol sanda orta mekdebi, çagalar bagyny, saglyk öýüni we beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Şu gün döwlet Baştutanymyz deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan we geljekde ýerine ýetiriljek işlere syn edip, şypahana etrabyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş-durmuş we syýahatçylyk düzümini ösdürmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Daşky tebigy gurşaw bilen özara sazlaşyk bu ýerdäki ýaşaýyş giňişligini döretmegiň esasy ýörelgesi bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Meýilnamalaşdyrylyş çözgütlerini täze çäkleri toplumlaýyn özleşdirmäge – ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş, ulag we inženerçilik desgalarynyň gurluşygyny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda gurulýan desgalary gözden geçirip, olara ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek meselesine ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere ýolbaşçylara seýilgäh zolaklaryny döretmek babatda görkezmeleri berdi. Şol zolaklar bolsa Awaza gelýän myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy hem-de olaryň saglygyny berkitmek üçin amatly şertleri döreder. Awazany ösdürmegiň konsepsiýasynda “şäher-bag” döwrebap şähergurluşyk usullaryny ulanmak ýörelgesi göz öňünde tutulandyr.

Milli Liderimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dikuçardan synlamagyny tamamlap, Awazany mundan beýläk-de gurmagyň, abadanlaşdyrmagyň we bu ýerde gurulýan desgalary bezemegiň, şeýle hem deňizýaka sebitinde beýleki desgalary gurmagyň taslamalarynyň tanyşdyrylyşyna gatnaşdy.

Şondan öň, “Serdar” myhmanhanasyna barýarka, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol ugrunda syýahatçylyk zolagynyň şu bölegindäki desgalaryň, hususan-da, awtomobil ýollarynyň, şeýle hem köpçülikleýin medeni çäreleriň we dabaralaryň geçirilýän ýeri bolan uly sahnaly suw çüwdürim—seýilgäh toplumynyň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde tertip-düzgüni saklamakda, jemagat gulluklarynyň işini utgaşdyrmakda käbir säwliklere ýol berlendigini wise-premýeriň ünsüni çepkip, bu babatda gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi, desgalaryň netijeli ulanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegi we mundan beýläk bu meselelere ünsi güýçlendirmegi talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz awtoulagda “Serdar” myhmanhanasyna tarap ugrady.

“Serdar” myhmanhanasynyň eýwanynda geçirilen tanyşdyryş çäresine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna gurluşygy Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasyna ynanylan birnäçe durmuş maksatly binalaryň taslamalary hödürlendi. Döwlet Baştutanymyzy bu taslamalar bilen kompaniýanyň ýolbaşçysy E.Tabanja tanyşdyrdy.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary bar. Milli Liderimiz Kongres merkeziniň umumy görnüşindäki, oňa barýan köpriniň taslamalary, maslahatlar zalynyň we ýanaşyk ýerdäki beýleki jaýlaryň bezeginiň çyzgylary, bu ýerde oturdyljak agaç nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem binanyň tehniki üpjünçiligi, gurluşykçylaryň we bezegçileriň ulanýan serişdeleri, myhmanlar üçin hyzmatlaryň guralyşy bilen jikme-jik gyzyklandy.

Halkara işewürlik we syýasy işjeňligiň merkezine öwrülen Awaza belent mertebeli myhmanlar, şol sanda daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary gelýärler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Myhmanlary kabul etmegiň derejesi we olar üçin döredilýän ýokary şertler duşuşyklar hem-de gepleşikler üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Şoňa görä-de, wekilçilikli forumlary hem-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen binalaryň taslamalary işlenilip düzülende VIP-şahsyýetler üçin ýokary hilli hyzmatlary etmek boýunça dünýä ülňülerinden ugur almak wajypdyr.

Kongresler merkezinde 2 müň orunlyk uly maslahatlar zalyndan başga-da, birnäçe mejlisler hem-de gepleşikler üçin zallar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde şeýle hem banket zaly, kinoteatr, VIP- derejeli aýratyn sport toplumy we beýlekiler ýerleşer. Bu ýerdäki otaglaryň ählisi döwrebap enjamlaşdyrylar. Munuňň özi bu işewürlik merkezinde netijeli we oňaýly işlemegi üpjün eder.

Şeýle hem Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ýolbaşçysy R.Kutlyýew deňziň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýän maýagyň taslamasy bilen tanyşdyrydy. Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen gyzyklanyp, onuň sütüniniň beýikligine, berkligine, maýagyň yşygynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Bu ýerde Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň gurluşygynyň taslamasy hödürlendi. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak barada ýapon kompaniýalary bilen şertnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan saparyň barşynda gol çekilipdi. Şertnamanyň taraplary hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni, “TOYO Engineering” Corporation korporasiýasy hem-de LG International we Hyundai Engineering korporasiýalarynyň konsorsiumy çykyş edýär. Häzirki wagtda bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanýar.

Polietilen, polipropilen we beýleki poliperleri öndürmek boýunça döwlet derejesinde goýlan wezipeler ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalşdyrmaga hem-de ýene-de bir geljegi uly pudagy – nebitgazhimiýa pudagyny döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz bu iri taslamany durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Türkmen deňizýakasynyň ykdysadyýetiniň täze hilini döretmek maksady bilen, biz uglewodorod çig malynyň gaýtadan işlenilişiniň ösdürilmegini mundan beýläk-de dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Awazada täze köpugurly sport toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy. Bu desga 28 gektar meýdanda ýerleşer, köpugurly toplum sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin uly mümkinçilikleri döreder. Oňa 1500 orunlyk münberli buz meýdançasy, basketbol, gandbol, woleýbol, kiçi futbol, tennis we beýlekiler boýunça ýaryşlary hem-de türgenleşikleri geçirmek üçin niýetlenen meýdançalar girer. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin fitnes-zal göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde bouling bilen meşgullanmak, batutlarda bökmek üçin ähli şertler dörediler. Bularyň ählisi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga isleg bildirýän adamlary kabul etmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz taslama boýunça birnäçe bellikleri aýtdy we oňa käbir düzedişleri girizdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türmkenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin bu toplumyň ähmiýeti örän uludyr, çünki ol sport, şol sanda sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin düýbünden täze, ajaýyp mümkinçilikleri döreder.

Milli Liderimiziň garamagyna Garabogaz şäherinde iki zawody – natriý sulfatyny we ýuwujy serişdeleri hem-de ammiak we karbamid öndürýän zawodlary gurmagyň taslamalary hödürlendi.

Bu kärhanalary gurmak barada “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de ýapon we türk kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasyndaky Çarçuwaly ylalaşyga geçen ýylyň sentýabr aýynda Tokioda, türkmen Lideriniň Ýaponiýanyň iri işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy mahalynda gol çekilipdi.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow deňizýaka künjeginiň dolandyryş merkeziniň we Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýyş jaý toplumyny ösdürmegiň meýilnamalary barada hasabat berdi. Balkanabatda dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 20-sini we Türkmenbaşyda şeýle binalaryň 10-syny gurmagyň, Awaza etrabynda gurulmagy göz öňünde tutulýan täze desgalaryň taslamalary hödürlenildi. Olaryň hatarynda häkimligiň, polisiýa bölüminiň, jemagat hojalygy müdirliginiň, ýangyna garşy göreşmek gullugynyň binalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň desgalary bar.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalary synlap, Balkan welaýatynyň, Türkmenbaşy şäheriniň we şäheriň Awaza etrabynyň häkimlerine täze etrapda gurulýan desgalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmegi, olarda döredijilikli işlemek, göwnejaý ýaşamak we dynç almak üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi, bu künjekde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi, iň esasy bolsa arassaçylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halkara deňiz menzilini ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde döwrebaplaşdyrylan deňiz menziliniň umumy görnüşi we onuň täze terminallary, gulluk binalary, awtomobil we demir ýollaryň ýerleşişi görkezilýär.

Milli Liderimiz Hazar sebitiniň ykdysady we syýasy nukdaýnazardan barha strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň halkara portunyň ösdürilmegi sebitiň üstünden geçýän ulag akymlarynyň gatnaşygyny özgertmäge ukyply möhüm taslama bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we entek taslamalar işlenilip düzülen mahaly, portuň kuwwatlylygyny artdyrmak, ýükleri kabul etmegiň we ibermegiň döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, port hojalygyny inženerçilik we ulag taýdan üpjün etmek boýunça mümkinçilikleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.

Bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hususyýetçileriň güýji bilen gurulmagy meýilleşdirilýän 700 orunlyk kottejler toplumynyň taslamalary barada habar berdi. Bu ýerde ýokary amatlylyk bilen tygşytlylygyň sazlaşygyndan ýaşamak üçin amatly bahanyň emele gelýändigi toplumyň esasy aýratynlygydyr. Dynç alyş üçin şeýle amatlylyk uly maşgalalar üçin has-da bähbitlidir.

Kottejler toplumyny gurmak üçin 4 gektar ýer bölünip berlipdir. Onda binalaryň we desgalaryň tutýan meýdany 120 müň 800 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde gurnama görnüşindäki kottejleriň 48-si, 7 sany jübütleýin kottejler we köp çagaly maşgalalar üçin iki gatly iki sany ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Bu ýerde häzirki döwürde tutuş dünýäde, şol sanda syýahatçylyk merkezleri hökmünde belli bolan ýurtlarda giňden ulanylýan myhmanhana hyzmatynyň we beýleki zerur hyzmatlaryň giň sanawy hem-de müşderiler üçin oňaýly şertler dörediler. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda şunuň ýaly mümkinçilikleriň döredilmegi bu ýere gelýän jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň sanynyň artmagyny, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanmagyny şertlendirer diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem A.Dadaýew döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hyzmatdaşlar” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Serdar etrabynda şeker zawodynyň gurluşygy boýunça teklip edýän taslamalary barada habar berdi. Bellenilşi ýaly, bu kärhana ýylda 45 müň tonna gant şugundyryny işläp taýýarlamaga we 120 müň tonna taýyn önümi çykarmaga niýetenendir.

Serdar etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda ýylda 30 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenen baýlaşdyrylan iým öndürýän zawodyň gurluşygy bar.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew türkmen telekeçilerine yzygiderli berilýän döwlet goldawy hem-de hususyýetçiligiň sazlaşykly ösdürilmegini şertlendirýän mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin ýurdumyzyň telekeçileriniň adyndan hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda ýurdumyzyň hususy kompanýalyrynyň ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan telekeçileriň öndürijilikli çekýän zähmeti üçin olara minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň hususyýetçileriniň mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy ugrunda mundan beýläk-de döwlet tarapyndan goldaw beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz telekeçileriň öz işlerine dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak, häzirki zaman kämil tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn çemeleşmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan iri söwda merkezini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalar bilen tanyşdy. Üç gatly söwda merkeziniň umumy meýdany 40 müň inedördül metre barabar bolup, onuň desgalarynyň eýeleýän meýdany 6 müň inedördül metrdir. Söwda merkeziniň binasy 2,5 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Merkez dürli görnüşli harytlaryň söwdasy üçin häzirki zaman enjamlary üpjün ediler we dynç alyş binalary gurlar. Merkeziň ýanaşyk ýerlerinde ýapyk awtoduralga, çagalar oýun meýdançasy, elektromobilleri bolan awtodrom bolar. Onuň eýeleýän gök zolagynyň meýdany 15 müň inedördül metre barabardyr.

Şypahanany bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan taslamalar hem hödürlendi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmasy boýunça bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň, suw we oýun attraksionly seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň, köp derejeli awtoduralgalaryň, inženerçilik-kommunikasiýa düzüminiň desgalarynyň we beýlekileriň gurluşygynyň taslamalaryna garady.

Hormatly Prezidentimiz bu taslamalara garap, landşaft-dynç alyş zolaklaryny döretmek üçin tebigy ekologiýa ulgamyny ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Senagat desgalarynyň taslamalary barada aýdylanda bolsa, olaryň durmuşa geçirilmegi sebiti okgunly ösdürmegiň wezipelerini çözmäge gönükdirilmelidir. Mundan başga-da, maýa goýumlaryny çekmek arkaly täze önümçilikleri döretmegiň üstünde işlemek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Munuň özi deňizýaka sebitiň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Syýahatçylyk zolagynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän düzümini üpjün etmek barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz daşky gurşawa aýawly çemeleşmeginiň, bu ýerde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, Awazada sagaldyş ulgamy baş ugur bolmalydyr. Deňizýaka sebitiniň ajaýyp howa şertleri, bejerjilik ukyby bolan dermanlyk serişdeler sagaldyş ulgamynyň ösdürilmegini şertlendirýän ýagdaýdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary, bedenterbiýe-sagaldyş binalary bilen üpjün edilmegi adamlaryň saglygyny berkitmek bilen bir hatarda, sport düzüminiň ösdürilmegine hyzmat eder.

Kenarýakasynda alnyp barylýan giň möçberli bag ekmek çäresi, tokaý zolaklarynyň, täze seýilgähleriň döredilmegi, ynsan saglygy üçin oňaýly howanyň, adam bedeni üçin peýdaly deňiz suwunyň bolmagy bu künjegiň syýahatçylyk bilen bir hatarda, sagaldyş babatdaky ähmiýetini ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekmek işleriniň ylmy esasda alnyp barylmalydygyny we bag nahallary oturdylanda sebitiň toprak-howa şertleriniň nazara alynmalydygyny tabşyrdy.

Seýilgäh zolaklary döredilende adamlaryň dynç alşy üçin amatly gurşawyň kemala gelmegini nazarda tutmagyň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz seýilgählerde oturdylýan baglara bolşy ýaly, onuň bezeg aýratynlyklaryna ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şu nukdaýnazardan milli Liderimiz seýilgähleriň dürli çeper şekiller, bagçylyk sungatynyň usullary bilen bezelmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we olarda türkmen tebigatynyň gözelliginiň, aýratynlygynyň äşgär duýulmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz deňiz ýakasyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy hem-de dürli maksatly desgalar boýunça taýýarlanylýan taslamalary göwnejaý seçip almagyň zerurdygyny belledi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň dürli künjeklerinden köpsanly jahankeşdeleriň gelýän merkezine öwürlmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu ýere gatnaşýanlara zolagyň geljekki ösüşinde hut şu ýörelgelerden ugur alynmalydygyny tabşyrdy.

Mundan başga-da, Türkmenbaşy şäheri halkara ulag geçelgeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýerde sazlaşykly ösýän ulag-aragatnaşyk ulgamy üstaşyr geçýän ýükleri guramakda, yklymara, sebitara ähmiýetli ulag-aragatnaşyk toplumyny kemala getirmekde bäsdeşlige ukyply artykmaçlygy döredýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňky ýyllarda türkmen portuna köpsanly täze gämileriň gelip gowuşmagy hem döwlet tarapyndan Milli deňiz söwda flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda şol gämiler Hazarda halkara gatnawlaryny amala aşyrmakda ulanylýar. Geçen ýyl türkmen flotunyň üsti ýene-de iki sany tanker—“Alaja” we “Kenar” tankerleri bilen ýetirildi.

Geçen ýylyň iýun aýynda Türkmenbaşy deňiz menziliniň çäginde gurlan ilkinji gäminiň suwa goýberilendigini bellemeli. Munuň özi 320 orunlyk “Çarlak” ýolagçy gämisidir. Ol häzirki döwürde Türkmenbaşy-Gyzylsuw adasy, Türkmenbaşy-Hazar şäheri ugurlary boýunça hereket edýär. Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty üçin dört sany gäminiň gurluşygyna buýurma berildi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýada awtoulaglaryň 53-sini we ýolagçylaryň 200-sini gatnatmak üçin niýetlenen “RO-PAХ” kysymly parom gämileriniň ikisi gurulýar.

Taslamalar bilen tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe desgalaryň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Işewür “Polimeks” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine we türkmen Lideriniň başyny başlan hem-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge gatnaşýandygyna buýsanýandygyny nygtady. Duşuşygyň barşyda Erol Tabanja döwlet Baştutanymyza kompaniýanyň gurýan desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada habar berip, Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna ynanylan taslamalary durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýändigi hem-de işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz türkmen buýrujylarynyň potratçy kompaniýalara esasy talaplarynyň biriniň işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi bilen baglanyşyklydygyny ýatlatdy.

Soňra Erol Tabanja hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Polimeks” kompaniýasy bilen Windsurfing hünärment Assosiasiýasy (Professional Windsurfing Assosiation –PWA) bilen windserfing boýunça Dünýä kubogy—2014 bäsleşiginiň bir tapgyryny Awazada geçirmek boýunça şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

Resminama laýyklykda, ýaryşlar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 1-6-njy iýuly aralygynda “Ýelken” ýaht-klubunyň binýadynda geçiriler. Onuň baş şerti sportuň suwdaky görnüşleri bolar. Mundan başga-da, ýaryşyň maksatnamasyna esasy bäsleşikden başga suw sportunyň we ýelkenli sportuň beýleki görnüşleri boýunça bäsleşikler giriziler. Garaşylyşy ýaly, oňa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 100-e golaý türgen, şeýle hem daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly topary gatnaşar. Ýaryşlary göni ýaýlymda görkezmek, şol sanda Internet ulgamynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Şu ýylky möwsümiň ýaryşyň taryhynda örän giň möçberli boljakdygyny we onuň tertipnamasyna Türkmenistanyň ilkinji gezek goşulandygyny bellemeli. Awaza winserfing boýunça Dünýä kubogy—2014-iň geçirilýän bäşinji ýerine öwrüler we ol bu bäsleşigi Wenesuelanyň Margarita adasyndan kabul eder. Ýaryşyň dowamynda 15 tapgyr bolup, olar şu ýylyň maý aýyndan noýabry aralygynda Koreýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Polşanyň, Täze Zelandiýanyň kenar ýaka şäherlerinde, Karib we Gawaý adalarynda geçiriler. Bäsleşik Çilide tamamlanar.

Duşuşygyň ahyrynda Erol Tabanja türkmen döwletiniň Baştutanynyň tanyşdyryş çäresiniň barşynda aýdan ähli teklipleriniň we maslahatlarynyň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyny nygtap, “Polimeks” kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem duşuşyga gatnaşýan ýolbaşçylara ýüzlenip, sport ulgamynyň ýagdaýynyň ykdysady we medeni babatdaky rowaçlygyň görkezijisi bolup hyzmat edýändigini belledi we ýurdumyzda sportuň Türkmenistan üçin täze görnüşlerini, şol sanda ýelkenli, şeýle hem golaýda Olimpiýa maksatnamasyna girizilen gyşky görnüşlerini has işjeň ösdürmek üçin mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de olardan peýdalanmagy tabşyrdy. Tejribäniň görkezişi ýaly, ilatyň arasynda sportuň bü görnüşlerine bolan gyzyklanma örän ýokarydyr, mundan başga-da, bizde halkara ýaryşlaryny guramak we geçirmek üçin zerur bolan düzümiň we serişdeleriň ählisi bar.

Awazada, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde sportuň täze görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport meýdançalaryny ýörite enjamlaşdyrmak, hünärmenleri gözläp tapmak, tälimçileri taýýarlamak, köpçülikleýin sportuň ähli görnüşlerini wagyz etmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi munuň üçin oňat binýat bolup hyzmat eder. Eýýäm häzirden 2017-nji ýylda Aziýa oýunlary geçirilenden soň, dünýäniň sport durmuşynyň merkezi hökmünde Türkmenistany has ýokary orunlara çykarmak babatda möhüm ädimleri ätmek barada oýlanmalydyrys.

Bir söz bilen aýdylanda, toplumlaýyn ulgamy, milli sport abraýyny ýokarlandyrmaga, ilkinji nobatda bolsa halkyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen sporty ösdürmegiň täze konsepsiýasyny döretmek wajypdyp. Gazanylanlar bilen birjik-de arkaýynlaşman, bu ugurda täze sepgitleri eýeläp, diňe öňe gitmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu günki çärä gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady we ol ýerden Aşgabada dolanyp geldi.