Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli maksatnamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan wezipelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň işi, şeýle hem deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen alyp barýan işleri barada habar berdi.
1-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilen parlamentiň ikinji maslahatynyň barşynda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan döwlet ösüşiniň iri möçberli makstnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaljakdygy bellenildi.
Şeýle hem Mejlisiň ýolbaşçysy ýurdumyzda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly maslahaty we beýleki baýramçylyk çärelerini guramak boýunça işleriň alnyp barylandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, döwrüň talaplaryny, täze taryhy eýýamyň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem strategik döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň ösüşine we onuň raýatlarynyň abadançylygyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň mazmunyny ilatyň giň gatlagyna düşündirmek boýunça alnyp barylmaly işleriň aýratyn wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz halkyň saýlan wekilleriniň ýerlerdäki işleriniň usullaryny has-da kämilleşdirmekleriniň möhümdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa 30-njy aprelden 3-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toplumynyň 54-nji halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berip, 63 döwletden 260 agzany birleşdirýän bu guramanyň düzümi hem-de işiniň ugry hakynda habar berdi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň 2012-nji ýylyň aprelinden bäri bu birleşigiň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny we häzirki wagtda Sport toparynyň çäklerinde onuň bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenip geçildi. Şu özara gatnaşyklaryň netijesinde türkmenistanlylar milli “Türkmenistan--Sport” teleýaýlymy boýunça göni aragatnaşyk arkaly soňky ýyllarda dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçýän iri sport ýaryşlaryna, şol sanda 2012-nji ýylda Londonda bolan tomusky Olimpiada we ýakynda tamamlanan Soçidäki gyşky olimpiada tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar, ýurdumyzyň sport mekdepleriniň okuwçylary hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary bolsa ýaryşlaryň bu ýazgylaryny okuwda peýdalanýarlar
Wise-premýer bu maslahaty Aşgabatda guramak hem-de hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýurdumyzyň hünärmenleriniň 21-27-nji fewralda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň ştab-kwartirasyna baryp görendigini hem habar berdi.
Öňde boljak maslahatyň gün tertibine hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlary milli “Türkmenistan-Sport” teleýaýlymynda göni aragatnaşyk arkaly görkezmegi dowam etmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak, sport gepleşiklerini alyp baryjylary, şeýle hem žurnalistleri, operatorlary taýýarlamak we beýleki meseleler girizildi. Maslahatyň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny alyp görkezmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär, şol oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Maslahatyň işi daşary ýurtly teleradiokompaniýalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, halkara ülňülerine laýyklykda dürli sport ýaryşlaryny beýan etmek babatda öňdebaryjy daşary ýurt teleýaýlymlarynyň tejribesini öwrenmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi hem-de paýtagtymyzda 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryny we beýleki iri spor ýaryşlaryny geçirmegi nazara almak bilen göni ýaýlym arkaly sport ýaryşlaryny beýan etmek hem-de görkezmek babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge aýratyn üns bermelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Daşoguz şäherindäki iri panelleri öndürýän zawodyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, bu zawodyň durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi tarapyndan geçirilen halkara bäsleşigiň netijesinde “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetiniň teklibi saýlanyp alyndy. Deslapky hasaplamalara laýyklykda, zawodyň durkunyň täzelenmegi bilen, ýyllyk taslama kuwwatlylygyny 70 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary üçin demir-beton önümlerini we 50 müň kub metr beýleki ýygnama demir-beton önümlerini öndürmäge ýetirmek meýilleşdirilýär. Göz öňünde tutulan işleri maliýeleşdirmek üçin serişdeleri ýeňillikli esasda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyndan bölüp bermek teklip edilýär.
Hasabatyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky çakyr öndürýän kärhanalar boýunça geçirilen seljerme işleri barada habar berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna olaryň işini kadalaşdyrmak boýunça teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy ýakyn onýyllyklarda okgunly ösdürmäge, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şunda innowasion ösüşi üpjün edýän täze senagat pudaklaryny döretmegiň we ösdürmegiň, şeýle hem hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz hödürlenen teklibi, umuman makullap, bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzdaky çakyr öndürýän kärhanalar boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada durup geçip, bu ugurda işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen netijelere we tekliplere kanagatlanma bildirip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy bilen ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz boýunça iş üpjünçiligine, işgärlere bolan isleglere we raýatlary işe ýerleşdirmegiň mümkinçiliklerine seljerme işleriniň geçirilendigi bellenildi. Geçirilen seljermeleriň netijesinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň boş iş orunlary şu ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýynda hünärler we sebitler boýunça bölünip jemlenildi. Şeýle hem şu ýylda ulanmaga berilmeli iri desgalar boýunça täze dörediljek iş orunlary deslapdan hasaplanyldy, ykdysadyýetiň hususy böleginiň kärhanalarynyň işçi güýjüne bolan zerurlygy öwrenildi.
Şeýlelikde, 2014-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna döwlete degişli edaralarda, kärhanalarda we guramalarda bar bolan boş iş orunlarynyň sany 22,5 müňe barabardyr. Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň kärhanalarynyň işçi güýjüne bolan zerurlygy baradaky maglumatlara laýyklykda, şu ýylyň dowamynda dörediljek iş orunlaryny hem hasaba almak bilen, 10,6 müňden gowrak adamy hususy bölekde iş bilen üpjün etmäge mümkinçiligiň bardygy anyklanyldy.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli buýrugy bilen sanawy tassyklanan, şu ýylda ýurdumyzda gurluşyklary tamamlanmaly we ulanmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly desgalar hem-de binalar boýunça jemi 23,5 müňden gowrak iş orunlarynyň döredilmegine garaşylýar.
Şeýlelikde, 2014-nji ýylda ýurdumyz boýunça döwlet we döwlete dahylsyz eýeçilikde boş duran we täze dörediljek iş orunlarynyň hasabyna jemi 56,7 müňden gowrak raýaty iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we B.Şamyradowa ýüzlenip, onuň degişli ugurda alyp barýan işinden nägiledigini mälim etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda örän köp iş orunlary boş dur. Kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda hem her aýda diýen ýaly täze iş orunlary döreýär. Emma muňa garamazdan, ýurdumyzda zähmete ukyply ilatyň belli bir bölegi işe ýerleşip bilmän kösenýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ministrden ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin haýsy hünärler boýunça işgärleriň zerurdygyny, olary gysga wagtyň içinde nirede we nähili taýýarlap boljakdygyny düýpli seljermegi talap etdi. Bu ugurda Bilim ministrligi bilen bilelikde işlemegi tabşyryp, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin näçe işgäriň gerekdigi we haýsy hünärler boýunça işgärleriň zerurdygy barada Bilim ministrligine teklipleriň berilmegini maksada laýyk boljakdygyny belledi. Adamlar täze hünärleri özleşdirip, özlerine iş tapyp biler ýaly, haýsy ugurlar boýunça ýokary ýa-da orta okuw mekdeplerini açmagyň zerurdygyny öwrenmek gerek. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, işgärleri gaýtadan taýýarlaýan gysga möhletli okuwlary guramak meselesine hem seretmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly häzirki döwürde köp sanly ýaşlarymyz döwletimiziň çäklerinden daşarda, dünýäniň birnäçe ýurtlarynda bilim alýarlar diýip belledi. Ýöne, olaryň daşary ýurtlarda haýsy hünärler boýunça bilim alýandyklaryna ýeterlik üns berilmeýär. Netijede, olar ýurdumyzda ozal hem ýeterlik bolan hünärler boýunça bilim alýarlar. Şoňa görä-de, daşary ýurtlarda okaýan ýaşlar okuwy tamamlap gelenlerinden soň, ýurdumyzda öz ugrundan işe ýerleşip bilmeýärler. Şonuň ýaly-da, olar ýurdumyzda heniz iş orunlary döredilmedik ugurlar boýunça bilim alýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şoňa görä-de, bir tarapdan, ýaşlaryň okan ugurlary boýunça hünärmenler ýurdumyzda köp bolansoň, olary öz ugrundan işe ýerleşdirmekde kynçylyklar döreýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, köp adamlar ýurdumyzda iş orunlary göz öňünde tutulmadyk hünärleri ele alandyklary sebäpli, iş gözläp ýörler diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, täze gurlup ulanmaga berilýän mekdeplerde we çagalar baglarynda işlejek mugallymlary, terbiýeçileri taýýarlamak meselesine hem aýratyn üns bermeli diýip belledi. Ýurdumyzda ýokary taýýarlykly mugallymlaryň we terbiýeçileriň ýeterlik bolmagyny gazanmak üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrine ýüzlenip, häkimler bilen bilelikde ýerlerde göwnejaý işlenmeýän ýene-de bir möhüm meseläni – ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan üpjünçiligi bilen bagly meseläni mysal getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz etraplarda köp çagaly maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýeterlik gyzyklanylmaýandygyny belledi. Biziň Oba Milli maksatnamasyny kabul edendigimize garamazdan, durmuş şertlerini gowulandyrmak zerur bolup durýan maşgalalar üçin ýaşaýyş jaýlary ýeterlik gurulmaýar. Adamlar durmuş ýeňilliklerinden ýeterlik derejede peýdalanyp bilmeýärler. Emma muňa garamazdan, bu işleri göwnejaý ýola goýmak üçin hiç hili teklip berilmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti B.Şamyradowdan ilata durmuş taýdan goldaw berýän gulluklaryň işini talaba laýyk guramagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleriniň we häkimligiň işgärleriniň köp çagaly maşgalalara ýygy-ýygydan baryp, olaryň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanyp durmaklaryny ýola goýmak zerur bolup durýar. Eger zerur bolan ýagdaýynda, olara möhüm durmuş meselelerinde ýakyndan ýardam bermeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti aýdylanlardan degerli netije çykaryp, ministrden ýolbaşçylyk edýän Ministrliginiň işini gowulandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan iri maýa goýum taslamalary barada habar berildi. Şol taslamalaryň hatarynda ekologiki görkezijileri babatda «Ýewro-5» halkara ekologik ülňülerine laýyk gelýän kuwwatlylygy ýylda 2,5 million tonna bolan dizel ýangyjyny wodorod bilen arassalaýan desga bar. Mundan başga-da, bu ýerde ýylda 1,7 million tonna çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenen, benzini wodorod bilen arassalaýan desgany gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebithimiýa pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz olaryň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylanda tebigy serişdeleri netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän hem-de daşky gurşawyň howpsuzlygy babatda bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary, geljegi uly ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagatda, hususan-da, dokma pudagynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler netijesinde önümçilik düzümi giňelýär. Önümçilige ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalaryň esasynda daşary ýurtlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümler öndürilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, wise-premýer senagat pudagyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibine üýtgetmeler girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagaty ösdürmek, innowasion esasda senagat pudagyny berkitmek we giňeltmek, bar bolan senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, senagat önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Senagat pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen netijeli çäreleri görmegiň möhümdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma toplumyny has-da ösdürmek meselelerine üns bermegi tabşyrdy. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak hem-de daşarky bazarlaryň isleglerini we mümkinçiliklerini, daşary ýurt biržalarynyň tejribesini öwrenmek we işiň täze usullaryny ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow söwda ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, hasabatda sarp edijileriň hukuklaryny üpjün etmek we olara zerur hem-de ygtybarly maglumatlary bermek, haryt öndürijileriň bäsleşigini ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda öndürilen önümlere çyzykly şertli belgileriň goýulmagyny girizmek boýunça geçirilen işler hakynda aýdyldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň teklibi boýunça we onuň agzalarynyň paýly gatnaşmagynda çyzykly şertli belgileriň goýulmagy boýunça Milli täjirçilik däl guramany döretmek hem göz öňünde tutulýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň hilini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny bazar arkaly düzgünleşdirmegiň möhüm guraly bolup durýan GSI “Global Standart” halkara ulgamyna Türkmenistanyň goşulyşmagy meýilleşdirilýär.
Çyzykly şertli belgileriň goýulmagynyň ulgamyny 2017-nji ýyla çenli doly ýola goýmak bellenildi, ol harytlaryň hereketini hasaba almagy we haryt öwreniş taýdan seljermegi elektron görnüşde alyp barmaga ýardam berer. Bu babatda degişli kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.
Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutyny döretmek boýunça geçirilen işler hakynda hasabat bilen öz çykyşyny dowam etdi, bu baradaky degişli kararyň taslamasy hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi.
Türkmenistanyň eksport kuwwatyny, döwletimiziň eksport syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, haryt öwrenişiň döwrebap usullaryny işläp taýýarlamaga we ýurdumyzyň önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilmegine, daşary söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen ylmy-barlag işleriniň täze institutyň esasy wezipesi boljakdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary hilli türkmen harytlaryny öndürmegiň artýan möçberlerini we olara bolan islegi nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, olaryň eksporta iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak, görnüşlerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Bazaryň dünýä bäsleşigini, düzüm böleklerini oýlanyşykly seljermek, çeýe hem-de netijeli eksport syýasatyny kemala getirmäge ylmy taýdan esaslandyryp çemeleşmek, milli ykdysady bähbitleri goramak ýurdumyzyň söwda-ykdysady ulgamynda täze Institutyň esasy işi bolmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtap, şol instituty döretmek hakyndaky karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda öndürilen önümlere çyzykly şertli belgileri ornaşdyrmak hakyndaky” resminama hem gol çekip, şu gün kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek, söwdanyň döwrebap netijeli usullaryny ösdürmäge gönükdirilen, bellenen meýilnamalaryň we çäreleriň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek boýunça wise-premýere görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag enjamlaryny satyn almagy hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty üçin skanirleýji we fluoresent elektron mikroskoplaryny satyn almak üçin geçirilen halkara bäsleşiginiň netijesi boýunça ylmy barlag işlerini geçirmek üçin toplumlaýyn innowasion çözgütleri hödürleýän daşary ýurt kompaniýasy Ýeňiji diýlip ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy üçin ylmy-barlag enjamlaryny satyn almak hakyndaky karara gol çekip, wise-premýere resminamanyň we şertnamanyň ähli borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi guramagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz döwletimiziň ylmy ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldajakdygyny we höweslendirjekdigini aýdyp, ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga maýa goýmagyň Türkmenistanyň ileri tutulýan ykdysady strategiýalaryna laýyklykda, innowasion işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmegiň netijeli usulydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu geçirilýän ylmy barlaglary ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalary bilen ýakyndan baglanyşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag toplumy we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň barşy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň howa ulaglary kärhanalarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak bilen bagly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda 2014-2016-njy ýyllar üçin ýerli howa gatnawlary ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.
Häzir ýurdumyzda howa gämileriniň toplumyny döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde ýerüsti gullugy hem ösdürilýär. Halkara ülňülerine laýyklykda, Lebap welaýatynyň Atamyrat hem-de Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýerli howa menzilleriniň işe girizilmegi bilen, bu ugurlarda gatnawlary ýerine ýetirmek üçin 50-den 100-e çenli ýolagçy gatnatmaga niýetlenen uçarlary satyn almak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň, döwletimizi yzygiderli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan ulag-aragatnaşyk duzümini kemala getirmegiň “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda, şol sanda raýat awiasiýasynda giň gerimli taslamalaryň başy başlandy.
Gürrüň, hususan-da, täze howa menzillerini, terminallaryny, inžener-tehniki maksatly desgalary gurmak, şeýle hem bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek, şeýle hem uçarlaryň üstüni yzygiderli ýetirmek hakynda barýar. Welaýat we etrap howa menzilleriniň düzümleriniň kämilleşdirilmegi olaryň tehniki mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmaga we ýokary halkara ülňüleriniň talaplaryna ýetirmäge şert döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýerli howa gatnawlary ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilmeli çäreleriň 2014-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamasyny umuman makullap we oňa gol çekip, ýerli howa gatnawlarynyň ösdürilmegi howa ulaglarynyň ösen düzümini döretmek boýunça umumy strategiýa bilen sazlaşykly utgaşar diýip belledi.
Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Aşgabatda iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşyklarynyň barşy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dolandyryş ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak, hemme degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda öňde goýlan wezipeleriň hemmesiniň üstünlikli we öz wagtynda çözülmeginiň özeni bolup durýan döwrebap usullary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmagyň ähmiýetini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzdaky möhüm desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly hemme meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, şunda hemme ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilli we öz möhletinde ulanmaga tabşyrylmagynyň üpjün edilmeginiň baş talap bolup durýandygyny nygtady.
Obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy baradaky hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi.
Häzirki wagtda ähli sebitlerde ýazky gowaça ekişine işjeň taýýarlyk görülýär. Güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri amala aşyrylýar.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyz tarapyndan welaýatlarda täze döwrebap şäherçeleriň gurluşygyna degişli ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” hem-de "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň işjeňleşdirilişi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşlak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakynda” kararyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlendi.
Bu resminama laýyklykda, ýurdumyz boýunça 240 müň 710 hojalyk üçin goşmaça 35 müň 671 gektar, şol sanda Ahal welaýatynda 1 müň 443,5 gektar, Balkan welaýatynda 840,6 gektar, Daşoguz welaýtandy 10 müň 072,6 gektar, Lebap welaýatynda 9 müň 525,5 gektar, Mary welaýatynda 13 müň 789 gektar ýer gaznasyny döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň raýatlaryna ýer gaznasyndan hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýer böleklerini bermek hem-de ýaşaýjylaryň isleglerine görä bir we iki gatly hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl dänäniň we gowaçanyň bereketli hasylyny ýygnap almak üçin alnyp barylýan işleriň möhletine we hiline pugta gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.
“Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakyndaky” kararyň taslamasyna gol çekip, döwlet Baştutanymyz onuň ýerine ýetirilişine degişli birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu resminamada meýilleşdirilen çäreler türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň gyşarnyksyz ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ösen durmuş-ykdysady düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
Täze ilatly ýerleriň gurulmagyna toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Olarda adamlaryň amatly we abadan ýaşamagy üçin hemme şertler döredilmelidir, şol sanda medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna üns berilmelidir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow Jemagat hojalygy ministrliginiň düzümini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ministrligiň düzüminde hereket edýän “Aşgabatagyzsuw” trestiniň düzümine “Aşgabatzeýsuw” müdirliginiň hem-de täze döredilen Zeýkeş-aragatnaşyk ötügi trestiniň, şeýle hem “Abadanagyzsuw” we “Ruhabatagyzsuw” müdirlikleriniň girizilmegi sebäpli “Aşgabatagyzsuw” trestiniň adyny kanunçylyga laýyklykda “Aşgabatagyzsuw” birleşigi diýip atlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ministrligiň üstüne ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şol sanda ýaşaýyş-jemagat hyzmatlaryny etmek we agyz suwy bilen üpjünçiligi gowulandyrmak boýunça möhüm wezipeleriň ýüklenýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz adamlar baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan esasy ugry bolýandygyny we şeýle bolmagynda hem galjakdygyny aýratyn nygtady. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi we oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan gurluşyk ministri B.Ereşow ýurdumyzyň raýatlary üçin şäherlerde, şäherçelerde we obalarda hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin dörediljek ýer gaznasynda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem orta mekdebiň, çagalar bagynyň we Medeniýet öýüniň nusgalarynyň taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Ministriň habar berşi ýaly, şäherleriň ýaşaýjylary üçin 0,08 gektar ýer, şäherçeleriň ýaşaýjylary üçin 0,10 gektar ýer, oba ýaşaýjylary üçin bolsa 0,12 gektar mellek ýeri bölünip berler. Şol ýerlerde häzirki döwrüň binagärliginiň talaplaryna gabat geljek we raýatlaryň isleglerini nazara almak bilen, guruljak 1-2 gatly ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de hödürlenen taslamalary gözden geçirip, öňde goýlan täze maksatlaryň we wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň oba we şäher ilaty üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu toplumlaýyn strategiýanyň maksatlary we wezipeleri barada durup geçmek bilen, onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň üpjün edilmegi üçin möhüm ähmiýetini belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz häzirki döwürde ilatymyz üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli durmuş taslamasyny amala aşyryp başlaýarys. Şu maksat bilen, 25 müň gektardan hem köp ýer bölünip berildi. Şoňa görä-de, binagärler ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki, ulag-aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalaryny düzmelidirler.
Ýaşaýyş jaý toplumlarynda ilatymyz üçin zerur bolan ähli amatly şertler döredilmelidir, şol sanda mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, dükanlar we ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaşaýyş jaý toplumlarynda degişli ulag üpjünçilik ulgamlarynyň, tebigy gaz, elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň, suw hem-de lagym geçirijileriň üpjün edilmegine ünsi jemledi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýurdumyzyň raýatlaryna ýeňillikli karzlary bermek meselesine ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykowa desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurulmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowa ýüzlenip, göz öňünde tutulýan bu işleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň telekeçilerini çekmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa ýaşaýyş jaý toplumlarynyň suw üpjünçiligi bilen bagly ähli meseleleri çözmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemlemek bilen, ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlaryny köp mukdarda we ýokary hilli gurmagyň gerimini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän baýramçylyk—bütin dünýäde dabaraly bellenilýän Halkara zenanlar baýramy bilen bagly meseläni gozgamak bilen, ösüp gelýän nesli mynasyp terbiýelemekde zenanlaryň hyzmatynyň örän uludygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlarymyza pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky» Permana gol çekip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, sylaglanan ähli enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanyny gowşurmak dabaralarynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meselelere-de garaldy hem-de resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.