Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň “”Exhibition Project Management” sergi kompaniýasynyň bilelikde guramakda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VIII ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady.
Eýran önüm öndürijileriniň Aşgabatda her ýylda geçirilýän gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasyndaky özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädim boldy we ol geljegi uly işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi. Eýranyň ylmy- senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar ulgamynda täze gazananlaryny giňden görkezen sergi şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň döwrebap ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýän möhüm ugurlaryny aýdyň beýan etdi. Ýakyn we uzakdaky ýurtlar, şol sanda Eýran bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek bilen, biziň ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, döwrebap tehnologiýalarynyň, maýa goýum serişdeleriniň işjeň çekilmegini ugur edinýär, şeýlelikde Türkmenistan ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň daşary bazarlara bolan gyzyklanmalaryny üpjün edýän giň mümkinçilikleri açýar.
Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň hatarynda 250-ä golaý işewür toparlaryň wekilleri bar. Olar kompaniýalaryň baştutanlaryndan, täjirçilik direktorlaryndan, eksport-import ulgamlardaky bilermenlerden, işläp taýýarlaýjy hünärmenlerden, söwda telekeçilerinden ybaratdyrlar.
Türkmen kärdeşleri bilen ýola goýulýan ýygjam gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýokary gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we firmalaryň 100-den gowragy sergide özleriniň öňdebarajy işläp taýýarlamalaryny, düýpli taslamalaýyn çözgütlerini we täze ugurlaryny, ýokary hilli önümlerini görkezdiler we köpugurly tekliplerini äşgär etdiler. Olaryň hatarynda nebitgaz, elektroenergetika, himiýa pudaklarynda, gurluşykda, obasenagat toplumynda, suw hojalygynda, azyk senagatynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmak arkaly özüni tanadan hyzmatdaşlar bar. Şeýle hem sergide häzirki zaman gurluşyk serişdeleri, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar görkezildi. Olar ylmyň iň soňky gazananlary esasynda taýýarlanylypdyr.
“Petro fanavaran fateh”, “Towzingar”, “Takab ettesal”, “Faýýaz”, “Abrasanan sanat” ýaly iri konsorsiumlar sergiden öz önümlerini görkezdiler. Şeýle hem bu ýerde ugurdaş önümleri we gurluşyk materiallaryny, metal gurnamalaryny, örtükleri, dürli görnüşli turbalary we plastikden polmerden edilen simleri taýýarlaýan, nebit önümlerinden granulirlenen serişdeleri öndürýän, izolirlenen örtükleri işläp taýýarlaýan “Bonjord cement”, “Arian tarding”, “Kabir panel”, “Solen Khorasan”, “Bendam” ýaly kompaniýalar çykyş etdiler.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan täze kompaniýalaryň 80-den gowragynyň sazlaşykly ösýän türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini bellemeli. Eýranyň “JPMS”, “Awand Kawan”, “Shahid Ghandi”, “Mirab Lolen Tooz”, “Tima Tile Co”, “Bonjor Plastik”, “Pet bottle Preform”, “Tabesh Pang”, “Abrash”, “Mogabemat Wandar”, “Araz passillo” ýaly kompaniýalaryň bölümleri owadan bezegi we önümleriniň dürli görnüşliligi bilen özüne çekýär. Olarda görkezilýän sement, ulag ýollary üçin bitumlar, dürli turbalar, plastmas we aýna gaplar, dürli boýuaglar, örtük serişdeleri, şeýle hem suw üpjünçiligi ulgamynyň serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, suw arassalaýjylary, elektroenergetika enjamlary, demir we awtomobil ýollaryň gurluşygy, ýyladyşhana hojalyklary üçin serişdeler goňşy ýurduň senagat önümçiligiň möçberlerinden habar berýär.
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak ýaly innowasion tekliplere, bu ugurdaky toplumlaýyn taslamalara, şol sanda “Sadid Industrial” kompaniýasynyň öndüren ýel bilen işleýän gurnamalaryna aýratyn üns berildi.
Serginiň dürli bölümleri halkyň sarp edýän harytlaryň giň görnüşlerini, durmuş tehnikasynyň, dokma önümçiliginiň, mebelleriň, himiýa senagatynyň, şeýle hem awtomobilleriň ätiýaçlyk şaýlarynyň giň görnüşlerini özünde jemledi.
Gaplanan önümler, şol sanda çaga iýmiti, süýji-köke önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen düzümleriň ýeten derejesi köpugurly sergide öz beýanyny tapdy. “Soda sahra” kompaniýasy bolsa dürli görnüşdäki saýaly we bezeg agaçlarynyň, ösümlikleriň görnüşlerini äşgär etdi.
Eýran halkynyň özboluşly amaly-haşam sungatynyň önümleri, sowgatlyklar, goňşy ýurduň örän gadymy we baý taryhy barada gürrüň berýän gymmatlyklar sergä milli öwüşgin çaýdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hünärmenleriniň eýranly kärdeşleri bilen bilelikde guran sergisi üç günüň dowamynda köpsanly duşuşyklara, türkmen we eýran önüm öndürijileriniň, bilermenleriniň, ykdysadyýetçileriniň, marketing boýunça hünärmenleriniň, söwda wekilleriniň işjeň gepleşiklerine beslendi. Duşuşyklarda bellenilişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi, munuň özi diňe bir Eýranyň eksport mümkinçiliginiň ykdysady gözden geçirilişi bolman, eýsem, ol Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.
Serginiň jemleýji gününde geçirilen ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.
Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VIII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik, ykdysady gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.