Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri jenap Zarar Ahmad Osmanini kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildiren myhman döwlet Baştutanymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol ähli türkmen halkyna we onuň milli Liderine abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Jenap Zarar Ahmad Osmaniniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýarlar. Bu syýasat sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Owganystanda soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan döwletara türkmen-owgan gatnaşyklarynyň esasyny düzýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna örän uly sarpa goýulýar. Owgan halky Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin Türkmenistanyň berýän yzygiderli kömegine we goldawyna ýokary baha berýär diýip, jenap Zarar Ahmad Osmani nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýa mähirli salamyny ýollady hem-de Türkmenistanyň goňşy ýurt bilen däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Döwletara türkmen-owgan gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.Türkmen halky owgan halkynyň asuda, durnukly we abadan durmuşa ymtylmagy bilen tüýs ýürekden raýdaşdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem goňşy döwlete hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Mälim bolşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk we özara kömek bermek ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän Türkmenistan Owganystana ýeňillikler esasynda elektroenergiýany iberýär we ony ibermegi artdyrmak boýunça anyk ädimler ädýär, goňşy döwletiň serhetýaka etraplarynda medeni-durmuş ähmiýetli desgalary gurýar, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegini berýär.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, elektroenergetika, demir ýol gurluşygynda, şeýle hem beýleki pudaklarda mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Şunda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde däbe öwprülen medeni-gumanitar gatnaşyklaryny berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Iri düzümleýin taslamalaryň – Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman milli Liderimize öňe süren döredijilikli halkara başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şol başlangyçlar Owganystany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, owgan topragynda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, geljekde hem ähli ugurlar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi gatnaşdy.
Düýn, 3-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-owgan geňeşmeler geçirildi. Onda Owganystanyň wekiliýetine bu ýurduň daşary işler ministri jenap Zarar Ahmad Osmani ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2014-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.

* * *