Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahata käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalary, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedowy çagyrdy, ol türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika toparynyň 45-nji maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, maslahatyň barşynda resmi statistikanyň esasy ýörelgelerini durmuşa geçirmek, statistika toparynyň iş usullary, ösüşe baha bermegiň görkezijileri, milli hasabatlar, ekologiýa-ykdysady hasaba alyş, ösüş bähbitleri üçin maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy, halkara deňeşdirmeler maksatnamalary we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga hem maslahatda maglumatlaryň möçberiniň artýan şertlerinde statistika ulgamyny kämilleşdirmek, BMG-niň ulgamynda statistika boýunça işi utgaşdyrmak, sebit derejesinde statistikany ösdürmek, BMG-niň Statistika bölüminde metbugat neşirleri hakyndaky meseleler boýunça pikir alşyldy. Maslahatyň çäklerinde durmuş statistikasynyň dürli ugurlary, energetika, halkara söwdasy ulgamynda hyzmatlar, syýahatçylyk, nyrhlaryň statistikasy boýunça, statistikanyň netijeliligini ýokarlandyrmak hakyndaky maglumatlar diňlendi. Gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Türkmenistan tarapyndan bu ugurda geçirilýän uly möçberli işler hakyndaky çykyş bilen türkmen tarapynyň çykyş edendigini belledi. Hususan-da, “Statistika hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti bellenip geçildi, onda resmi statistikanyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
Şunuň bilen bir hatarda, ösüşe giňişleýin baha bermek boýunça görkezijileriň ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda statistika babatda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen geçirilýän işler hakynda hem habar aýdyldy. Şeýle-de sebit derejesinde statistikany mundan beýläk-de ösdürmäge degişli birnäçe teklipler hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň statistika hasabyny ýöretmegi kämilleşdirmegiň, bazar ykdysadyýetine geçilmegini häsiýetlendirýän görkezijileriň ornaşdyrylmagynyň zerurlygyny şertlendirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm netijeleriniň we deňeçerliginiň umumy häsiýetnamasyny üpjün etjek makroykdysady görkezijilere degişlidigini nygtap, halkara iş tejribesinde kabul edilen hem-de milli hasabatlar ulgamyna esaslanan usulyýeti ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň işiniň möhüm ugry bu ulgamda ýöriteleşdirilen esasy halkara düzümleri bilen, ilkinji nobatda BMG bilen arkalaşykly hereket etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz statistika baradaky döwlet komitetiniň işinde statistika babatda öňdebaryjy usullary ulanmagyň hem-de milli statistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen BMG-niň Statistika toparynyň 45-nji maslahatynda kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmegiň hasabyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz toplanýan statistika maglumatlaryň sanawyny, düzümini we hilini bir wagtyň özünde gowulandyrmak bilen statistikanyň usulyýetini we guralyşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek barada görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Statistika baradaky döwlet komitetiniň usulyýet, seljeriş, statistika işleriniň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeler boýunça işi dowam etdirmegi, şeýle hem statistika hasabatlaryň takyklygyny we ýokary hilini üpjün etmegi hem tabşyrdy.
Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy R.Ilamanow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalar barada hasabat berdi. Hususan-da, ol döwlet Baştutanymyzyň işlenýän ýataklarda uglewodorod çig malynyň alnyşyny artdyrmaga, geljegi uly bolan täze meýdançalary abadanlaşdyrmagy çaltlandyrmaga degişli ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Milli ykdysadyýetimizde ýangyç-energetika toplumynyň depginli ösüşini ileri tutulýan wezipe hökmünde belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow konserniň ýolbaşçysyndan nebit gazyp alýan kärhanalaryň önümçilik düzümlerini has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz pudaga innowasion tehnologiýalary, tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän hem-de daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän geljegi uly ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy A.Gurbanow çagyryldy. Ol özüne ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy, nebitgaz toplumynyň gurluşyk bölümleri tarapyndan bina edilýän önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň türkmen halkynyň abadançylygyny we gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyz konserniniň ýolbaşçysyna bina edilýän desgalaryň birnäçesinde işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz konserniň ýolbaşçysynyň adyna birnäçe düýpli kemçilikleri aýtdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärleriniň arasyndaky zähmet düzgün-nyzamynyň pes derejededigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda gözegçiligi gowşadandygy üçin A.Gurbanowa berk käninç yglan edip, gysga möhletde degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy D.Hojamyradowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol gözegçilik edýän ulgamynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda balyk hojalygynyň häzirki zaman önümçilik düzümleriniň döredilmegi içerki sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge tabyn edilendir diýip nygtady, munuň özi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ykdysady toplumyň geljegi uly pudaklarynyň biri hökmünde balyk hojalygyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga iri düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Şunda suw howdanlarynda balyklary ösdürip ýetişdirmäge esasy üns berilýär. Munuň özi senagat taýdan balykçylygyň ýokary ykdysady netije berýändigine şaýatlyk edýär, ol häzirki wagtda bütin dünýäde giňden ulanylýar. Tebigy balyk serişdelerini gorap saklamak we ösdürmek babatda onuň ekologiýa tarapy hem möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” amala aşyrylmagy bilen baglylykda komitetiň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmegiň wajypdygyna ünsi çekip, döwletimiziň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga üns berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişine degişli derejede gözegçilik etmegi hem-de pudaklaýyn kärhanalaryň önümçilik meýilnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna gurluşyk ministri B.Ereşow çagyryldy. Ol milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, hususan-da, ýurdumyzda täze döwrebap şäherçeleri, şol sanda durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şol desgalaryň gurulmagy adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şäherlerde we obalarda döwrebap durmuş-ykdysady, inženerçilik-tehniki, ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek meselelerine ünsi çekdi. Düzüm ähli ölçegleri boýunça täze taryhy döwrüň ýokary talaplaryna gabat gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşyk işleriniň ýokary depginlerde we oňat hilli alnyp barylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleri yzygiderli amala aşyrmagyň her bir ýolbaşçynyň baş aladasy bolmalydygyny nygtap, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Ereşowa kiçi toparyň döredilmegi, onuň düzümine ýerli häkimlikleriň we beýleki degişli düzümleriň wekilleriniň girizilmegi, şol toparyň çözgüdi bilen gurluşygy tamamlanan desgalaryň olarda ýaşajak adamlar bilen bilelikde kabul edilmegini guramak barada görkezme berdi. Soňra bolsa gurluşyk ministrliginiň we beýleki degişli edaralaryň wekillerinden ybarat Döwlet toparyny döredip, täze şäherçeleriň bellenen tertipde doly kabul edilmelidigini belledi. Bu topar adamlaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegini nazara almak bilen bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň hili bilen bagly meselelere sereder.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada aýtdy. Hususan-da, häkim welaýatda gowaça ekişine hem-de bag ekmek boýunça geçiriljek ýowara taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Bulardan başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Çagalar dünýäsi” seýilgähiniň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, baharyň häzirki ilkinji günleriniň oba hojalygynda aýratyn ähmiýetini belledi hem-de göz öňünde tutulan hemme meýilnamalaryň, şol sanda gowaça ekişine taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmegiň, ak ekinlere göwnejaý ideg etmegiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz öňde boljak köpçülikleýin bag ekmek boýunça çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmäge ünsi çekip, bu ählihalk ýowaryň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky durmuşa geçirilýän maksatnamanyň möhüm çäreleriniň aýrylmaz bölegidigini nygtady. Bu işler bilen birlikde, ozalky ekilen baglara hem ideg işlerini göwnejaý ýerine ýetirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gürrüňini dowam edip, tomus paslynyň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekdi. Şoňa görä-de, welaýatda çagalaryň we ulularyň sagaldyş hem-de dynç alyş merkezlerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň hem-de täze gurulýan sagaldyş we dynç alyş merkezlerini ulanmaga bermegiň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu merkezlerde gurluşyk we abatlaýyş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda täze obalaryň gurluşygynyň depgininiň güýçlendirilmelidigini belläp, olaryň bellenilen möhletde we ýokary hil derejesinde ulanmaga tabşyrylmagy, göçüp barýan adamlar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi babatda hiç bir zadyň sähelçe-de ünsden düşürilmeli däldigi barada welaýatyň häkimine anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslama degişli düzedişleri girizdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow hasabat bilen çykyş etdi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada habar berip, şu ýylyň iki aýynyň netijeleri, şeýle hem şenbe güni bag ekmek boýunça geçiriljek ýowara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim Balkan welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegi we olaryň hiliniň bildirilýän talaplara laýyklygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalary aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda çagalaryň we ulularyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde abatldaýyş işlerini geçirmegiň hem-de täze gurulýan sagaldyş we dynç alyş merkezlerini ulanmaga bermäge degişli meýilnamalary häzirden işläp düzmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, şol merkezlerde gurluşyk we abatlaýyş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew göni aragatnaşyga çagyryldy. Ol öz gezeginde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şu günler alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişine göwnejaý taýýarlyk görülýär. Oba hojalygyna degişli beýleki ähli işler hem depginli alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, häkim welaýatda bag ekmek boýunça 15-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada hem habar berdi. Bulardan başga-da, ol welaýatyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşynyň ýagdaýy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişine taýýarlyk görlüşiniň derejesiniň geljekki hasylyň netijesini kesgitleýändigini bellemek bilen, bu möhüm möwsüme aýratyn jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz hemme işleriň agrotehnikanyň kadalaryna pugta laýyklykda berjaý edilmelidigini aýratyn nygtady. Şular bilen birlikde, oba hojalygyna degişli beýleki işler hem bildirilýän talaplara laýyk utgaşykly alnyp barylmalydyr.
Milli Liderimiz welaýatda ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy barada aýdyp, olaryň depgininiň has-da güýçlendirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz binalaryň we desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Gurluşyk baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz welaýatda çagalaryň we ulularyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň hem-de täze gurulýan sagaldyş we dynç alyş merkezlerini ulanmaga bermegiň meýilnamasyny häzirden düzmegi hem-de bu merkezlerde gurluşyk we abatlaýyş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowaryna aýratyn ünsi çekdi. Bag ekmek boýunça bu çäräniň Daşoguz welaýaty üçin has hem möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ozalky ekilen baglara hem edilýän idegleri sähelçe-de gowşatmaly däldigini nygtap, olaryň geljekki ähmiýetini aýratyn belledi. Şoňa görä-de, ählihalk ýowaryna we baglara ideg etmeklige örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykdaky wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çagyryldy. Ol sebitde oba hojalygynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda şenbe güni bag ekmek boýunça geçiriljek ýowara taýýarlyk görlüşi barada durup geçdi.
Mundan başga-da, ol Lebap welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmegi we olaryň hiliniň bildirilýän hemme talaplara laýyklygyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Binalar we desgalar öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz tomsuň golaýlap gelýändigi mynasybetli welaýatda çagalaryň we ulularyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde abatldaýyş işlerini geçirmegiň hem-de täze gurulýan sagaldyş we dynç alyş merkezlerini ulanmaga bermäge degişli meýilnamalary häzirden işläp düzmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, şol merkezlerde gurluşyk we abatlaýyş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda gowaça ekişine taýýarlyk görlüşi, şu hepdede bag ekmek boýunça geçiriljek ýowara taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.
Bulardan başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki günleriň oba hojalygynda aýratyn ähmiýetini belläp, göz öňünde tutulan hemme meýilnamalaryň, şol sanda gowaça ekişine taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmegiň, maýsalara göwnejaý edeg etmegiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy.
Milli Liderimiz öňde boljak köpçülikleýin bag ekmek boýunça çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmäge ünsi çekip, bu ählihalk ýowaryň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky durmuşa geçirilýän maksatnamanyň möhüm çäreleriniň aýrylmaz bölegidigini nygtady. Bu işler bilen birlikde ozalky ekilen nahallara hem ideg işlerini göwnejaý ýerine ýetirmek zerur diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gürrüňini dowam edip, tomus paslynyň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekdi. Şoňa görä-de, welaýatda çagalaryň we ulularyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň hem-de täze gurulýan sagaldyş we dynç alyş merkezlerini ulanmaga bermegiň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu merkezlerde gurluşyk we abatlaýyş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny artdyrmaga ýardam eder diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara öňlerinde goýlan, eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.