Ï Türkmenistan ýokary derejeli Halkara maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ýokary derejeli Halkara maslahatynyň geçirilmegine taýýarlyk görýär

view-icon 655
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda ulag ulgamy boýunça ählumumy hyzmatdaşlygya bagyşlanyp, şu ýylyň sentýabrynyň başynda ýokary derejede geçiriljek Halkara maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça ilkinji duşuşyk geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça iri halkara guramalary we ulaga degişli düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly guraljak wekilçilikli forumyň gün tertibiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň Ýerine Ýetiriji Sekretarynyň orunbasary Andreý Wasilýew, BMG-niň ýanyndaky Halkara awtoulag birleşiginiň Baş sekretarynyň orunbasary, hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Igor Runow, Ýewropada Howpsuzllyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Iwo Petrow, BMG-niň taslamalar boýunça Müdirliginiň (ÝUNOPS) we TRASEKA hökümetara Toparynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary we biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary çagyryldy.

Myhmanlar ählumumy gün tertibi boýunça orta atylýan meseläniň örän möhümdigini belläp, türkmen döwletiniň Baştutanyna Aşgabatda bu diýseň möhüm ähmiýetli we döwrüň talabyna laýyk gelýän ýokary derejeli forumy geçirmek barada öňe sürlen başlangyç üçin hoşallyk bildirdiler, mälim bolşy ýaly, türkmen tarapy bu başlangyjy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde orta atdy.

BMG-niň agzalary bolup durýan döwletleriň ulag we aragatnaşyk ýaly örän uly mümkinçiliklere eýe bolan ugur boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki wagtda örän möhümdigi hem-de dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagyna mahsus bolan häsiýetden gelip çykýandygy bellenildi. Ulag pudagyny ösdürmek, degişli köpugurly we howpsuz halkara ulag düzümini döretmek geosyýasatda möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup, döwletler we sebitler üçin uly ykdysady mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün etmäge, olaryň strategiki bähbitleriniň bir-birine laýyk getirilmegine ýardam bermäge ukyply bolan güýçli integrasion serişde diýlip hasaplanýar.

Üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň Aşgabatdaky maslahatyň esasy meselesine öwrüler. Türkmenistan dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde esasy ýagdaýlaryň birine öwrülýän ulag segmentini toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna düşünmek arkaly, döwrebap ulag düzüminiň döredilmegine içgin üns berip, sebit we yklym derejesindäki iri taslamalara degişli başlangyçlary öňe sürýär hem-de bu taslamalary gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar – aýry-aýry döwletler, şeýle hem abraýly halkara düzümileri bilen birlikde yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky döwlet ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugry hökmünde Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişliginiň binýadyny döretmek bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hereket edýän ulag- aragatnaşyk ulgamlarynyň giňeldilmegine we halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä ýetirer. Bu Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşygyň düzümine işjeň goşulyşmagyna, täze ulgamlaryň döredilmegine gönükdirilen uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna, multimodal ýük gatnawlarynyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezleriniň döredilmegine ýardam berer.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda täsin galdyrýan, has öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça gurulýan igženerçilik desgalary – demir ýol ulaglary we awtoulaglar üçin niýetlenen köprüler gurulýar, bular Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugyrlary boýunça ýurdumyzyň çäginden geçýän möhüm ähmiýetli sebit we sebitara derejesindäki ulag ugurlarynyň döredilmegine ýardam edýär.

Ozal bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy söýüjilige, oňyn bitaraplyga we netijeli halkara hyzmatdaşlygyna mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy ugurlara ygrarly bolmak bilen, ulag ulgamyna degişli möhüm taslamalar boýunça başlangyçlary öňe sürýär hem-de hyzmatdaşlyk edýän goňşy döwletler bilen bilelikde bulary amala aşyrýar. Bu ýerde ilkinji nobatda Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgeçiini döretmek barada gürrüň gidýär, şonuň çäklerinde 2013-nji ýylyň maýynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň gurluşygy tamamlandy. Şol ýylda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan aralygynda täze deemir ýoluň gurluşygyna badalga berildi, munuň özi ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen hakyky hoşniýetli goňşyçylyga mahsus hyzmatdaşlyk bolup dupýar.

Ýakyn ýylllarda Türkmenistanda awtoulaglar üçin uly ýollaryň ulgamynyň durkuny dolulygyna täzelemek hem göz öňünde tutulýar. Ýokary tizlikli we ýol boýunça ähli desgalary bolan täze ýollaryň umumy uzynlygy 1700 kilometre golaý bolar!

Milli flotuň we umuman, deňiz ulag gatnawynyň ösdürilmegine-de içgin üns berilýär. 2013-nji ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşygyna degişli uly möçberli taslama badalga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hazaryň kenar ýakasynda gurulýan täze gämi duralgasynyň döwrebap ulag ulgamynyň möhüm düzümine öwrülip, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň we söwdanyň hil taýdan täze derejä ýetirilmegine, tutuş Ýewraziýa yklymyndaky ulag gatnawlaryny oňaýlaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam etjekdigine söz ýok.

Taýýarlyk görmek boýunça şu gün geçirilen duşuşykda öňde durýan wezipeleriň möhümdigini göz öňünde tutýan Türkmenistanyň wajyp ähmiýetli halkara ýollarynyň çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Topary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we Durmuş Topary, şeýle hem BMG-niň Halkara awtoulag birleşigi ýaly wajyp hyzmatdaşlary bilen has ysnyşykly, netijeli we özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda işjeň çykyş edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan şu guramalaryň toplan tejribesi esasynda Merkezi Aziýa boýunça Model Ugry döretmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär, ony döretmek baradaky başlangyç halkara ulag ýollaryny ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine dolulygyna laýyk gelýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar forumyň gün tertibine goşulan meseleleriň möhümdigini belläp, häzirki wagtda ykjam taýýarlyk görülýän ýokary derejeli Aşgabat maslahatynyň netijeli ýagdaýda halkara gepleşigine kuwwatly itergi berip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrjakdygyna ynam bildirdiler.