Ï Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy

view-icon 1253
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Türkmenistan—bagy-bossan, ata Watan—gül-gülüstan” şygary bilen ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmäge gönükdirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresine badalga berildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsümi döwründe Änew we Baharly şäherçeleriniň aralygyndaky çäkde ýaş nahallaryň 1,5 milliony ekiler. Şonça mukdardaky saýaly, pürli, miweli bag nahallary hem-de üzümler ýurdumyzyň welaýatlarynyň we şäherleriniň merkezleriniň töweregindäki meýdanlara oturdylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň gözelliklerini aýawly saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, milli esasda bolşy ýaly, ählumumy möçberde Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň gür baglyga bürenmegini nazarlaýan köpçülikleýin çäredir. Bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlere adamlaryň saglygyny berkitmekde, ilatyň doly derejeli durmuşy we dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmeginde möhüm ýagdaý hökmünde aýratyn ähmiýet berýär.

Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň şäherleri hem-de paýtagtymyzyň, welaýatlaryň we etraplaryň töweregindäki ýerler tebigy aýratynlyklary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzy demirgazykdan günorta we gündogardan günbatara kesip geçýän awtomobil hem-de demir ýollaryň ýakalarynda tokaý zolaklary emele geldi. Aşgabadyň dag eteklerindäki künjeklerinde millionlarça bag nahallary oturdyldy. Olar häzirki döwürde saýa salyp, bu künjegiň howasynyň tenekarlygynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi.

Şeýle hem biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Aral deňziniň töwerekleriniň ekologiýa meseleleriniň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar. Aral ýakalaryndaky topragyň zaýalanmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak maksady bilen, 2020-nji ýyla çenli bolan döwürde Daşoguz welaýatynyň demirgazyk-günbataryndaky Bötendag belentliginde 20 müň gektar meýdany bolan tokaý zolaklary dörediler. Ol ýerler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bag nahallaryny oturtmak üçin taýýarlanyldy. Müň gektara golaý meýdana bolsa çöl ösümlikleri oturdyldy. Şeýlelikde, 2014-nji ýylda künjekde 2 müň gektar meýdana bag nahallary oturdylar.

Şu gün säher bilen ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar paýtagtymyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň täze edara ediş binalarynyň, şeýle hem kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň ýakynyndaky künjege ýygnandylar. Paýtagtymyzyň günortasyndaky Köpetdagyň eteklerindäki ajaýyp ýerlerde tokaý zolaklary döredildi. Häzirki döwürde bu künjek ýakymly howasy bolan tenekar ýere öwrüldi. Şu günki köpçülikleýin bag ekmek çäresi hem şu ýerde geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ýerde umumy meýdany 700 gektara barabar bolan seýilgäh emele geler. Onda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin aňrybaş amatlyklar üpjün ediler. Seýilgähiň çäklerinde oturdyljak gök zolaklar pýatagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirer. Seýilgähde türkmen topragyna we howa şertlerine laýyk gelýän, saýaly, pürli we bezeg agaçlary oturdylar. Olaryň hatarynda türkmen arçasy, çynar, tut, dardary, derek, leýlisaç, kerkaw we başga-da köp dürli agaç nahallary, dürli güller oturdylar. Seýilgähde ýörite ýodajyklar döredilip, onuň ýakasynda yşyklandyryjlar, suw çüwdürimleri bolar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk ýowaryna badalga berilýän ýere gelýär. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar.

Bahar pasly türkmen tebigatyna birnäçe ajaýyplyklary sowgat etdi. Bu günki asylly çärä gatnaşyjylaryň belent ruhy baharyň hoştaplygy bilen utgaşyp, ýakymly duýgulary döredýär. Zähmet baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary al-asmanda bahar şemalyna adaja pasyrdaýar. Döwlet tugumyzyň reňki daş-töweregi gurşap alan tebigatyň reňki bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Zähmet baýramçylygy mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda atarylan gazanlar bu günki çärä özboluşly öwüşgin çaýýar. Ojaklardan göterilýän tüsseler bahar paslynyň hoştaplygyny artdyrýar. Şu gün türkmen halkynyň bütewiliginiň, agzybirlginiň we onuň parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgelerine bolan ygrarlylygynyň aýdyň nyşany bolan beýik dabaralar türkmen topragynyň ähli ýerinde ýaýbaňlandyrylmagy biziň ýurdumyzda asylly işleriň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz asylly däbe görä ilkinji bag nahalyny oturdyp, köpçülikleýin bag ekmek çäresine badalga berýär. Bu gezek döwlet Baştutanymyz dünýäde owadan we syrdam agaç hasaplanýan, hemişe gök öwüsýän pürli Psewdotsuga agajyny ekdi. Şu günki güne çenli şeýle owadan bag biziň ýurdumyzda ýokdy.

Ol hemişe gök öwüsýän pürli agaç bolup, şäher gurşawyna, tohumyndan alyp ekilende bolsa ýerli şertlere çalt uýgunlaşýan we çalt ösýän gelşikli bagdyr. Psewdotsuga ylmyň ykrar etmegine görä 400-600 ýyl ýaşaýan agaç hasaplansa-da, onuň 1500 ýyla çenli ýaşanlaryna duş gelinýär. Şeýle hem bu owadan bagyň belentligi ortaça 90-100 metre barabar bolup, onuň ininiň 4,6 metre ýetendigini ylym subut etdi.

Milli Liderimiz ajaýyp Psewdotsugany oturdansoň, biziň ýurdumyzda täzegörnüşli bag emele geldi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, dürli bag nahallaryny ekmek işine girişdiler. Bu günki çäreden hiç kim çetde galmady. Çünki halkyň we ýurduň bähbidine ýaýbaňlandyrylan asylly işler adamlary bütewileşdirýär. Biziň halkymyz bag ekmek ýörelgesini sogap iş hasaplaýar. Köpçüligiň yhlasyndan köküni topraga uran ýaşajyk bag nahallary paýtagtymyzyň hem-de onuň töwerekleriniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagy, dag etekleriniň gözelligini artdyrmagy nazarlaýan seýilgähiň döremegine badalga berildi.

Şu ýylky seýilgäh zolaklaryny döretmek möwsüminiň barşynda ilkinji gezek dürli görnüşli gülleriň we dermanlyk ösümlikleriň oturdylandygyny aýratyn bellemeli. Mälim bolşy ýaly, tebigatyň ösümlik düzüminiň tenekarlygyny köpdürlüligini häzirkizaman öňdebaryjy himiki barlaghanalarynyň ýerine ýetirip bilmeýändigi anykdyr. Tebigat öz düzüminde diňe bir adama mälim bolmadyk däl, eýsem aň ýetirmesi kyn bolan aýratynlyklary ýüze çykarýar. Mundan başga-da, güller we dermanlyk ösümlikler adam süňüniň pugtalanmagyny şertlendirýär we onuň kesele garşy durmaga ukybyny ýokarlandyrýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzda fitoterapiýanyň ösmegini şertlendirdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan özüniň ýaşajyk tokaýlary, ýylyň ähli paslynda gül öwüsýän seýilgähleri, özboluşly suw çüwdürim toplumlary, şäherleri hem-dy obalary gurşap alan giň möçberli gök zolaklary bilen ýurdumyza gelýän myhmanlary haýran galdyrýan künjege öwrülýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, esasan-da türkmen paýtagtynyň töweregindäki dag eteklerinde müňlerçe gektara uzap gidýän tokaý zolaklary ýaýbaňlandyryldy. Häzirki döwürde ozallar tozap ýatan baýyrlyklarda belent başly, hemişe gök öwüsýän arçaly tokaýlar emele geldi. Olaryň sany onlarça milliona barabar boldy. Tokaý zolaklaryndaky baglaryň yzygiderli ösmegi bilen bir hatarda her ýylda olaryň çägi giňeldilýär. Munuň özi halkymyzyň yhrasly zähmetiniň aýdyň netijesidir.

Giň möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi Garagum sährasynyň jümmüşinde Türkmen kölüniň kemala gelmegi ýaly ekologiýanyň sagdynlaşmagyna gönküdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Häzirki döwürde tokaý zolaklary her şäheriň, obalaryň töwereklerinde, Köpetdagyň eteklerinde, derýalaryň ýakalarynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we deňziň kenarynda yzygiderli emele gelýär.

Ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň kabul edýän çözgütlerine laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu bolsa bag nahallaryny oturtmagyň täze tapgyrlaryna badalga berýär. Ýeri gelende aýtsak, köpçülikleýin bag ekmek çäresi döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde durýar we ol ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar.

Köpçülikleýin bag ekmek çäresini guramaçylykly geçirmek ugrunda ägirt uly taýýarlyk işleriniň ýerine ýetirilendigini bellemeli. Bag nahallary oturdylanda ähli zerur bolan agrotehniki çäreler we ylmy esasda işlenip taýýarlanylan ülňüler göz öňünde tutulmaly. Munuň özi tokaý zolaklarynyň dörediljek ýerleriniň öz wagtynda taýýarlanmagyny, ýerleriň oturdyljak bag nahallarynyň görnüşlerine görä saýlanmagyny, ekiljek baglaryň sanynyň kesgitlenmegini, olaryň suw we dökün üpjünçiligini öz içine alýar. Iň esasy bolsa bag nahallaryň hil derejesidir. Şu ýyl köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak möwsüminiň zerur bolan nahallar bilen üpjünçiligi Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň üstüne ýüklenildi. Ministrligiň hünärmenleri ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa we tebigy aýratynlyklaryny nazara alyp, zerur mukdardaky bag nahallaryny taýýarladylar.

Alymlaryň we hünärmenleriň bellemeklerine görä, ulag ýollarynyň ýakalaryna, şäherleriň hem-de obalaryň töwereklerine, esasan-da dynç alyş merkezlerine ekilýän saýaly baglar daşky gurşawyň zyýanly gazlardan, tozandan arassalanmagyna adamlaryň saglygyna beýlekilere garanyňda 6-7 esse ýokary täsiri bardyr. Çöl zolaklarynda şunuň ýaly baglardan döredilen gök zolaklar adamlary epgekden, tozanly ýellerden, sil suwlaryndan goraýar we amatly howa ýagdaýyny emele getirýär. Türkmen arçasy we şu kysmy baglar topragyň hem-de suwuň goraglylygyny üpjün edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dag eteklerindäki künjeklere aýratyn ähmiýet berilýär.

Damjalaýyn suwaryş ulgamy Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüniň amatlylygyny ykrar eden usuldyr. Ol suwuň maksadalaýyk we rejeli harçlanmagyny üpjün edýär. Häzirki döwürde suwaryşyň bu netijeli, tygşytly hem-de ekologiýa taýdan arassa usuly tutuş ýurdumyzda giňden ulanylýar. Bag ekmek boýunça bildirilýän talaplaryň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ösümlikleriň yssa çydamlylygyny, tokaý zolaklarynyň tiz wagtda ýetişmegini üpjün edýär. Munuň özi ekologiýa howpsuzlygynyň, milletiň sagdynlygynyň we abadançylygynyň berkarar edilmeginde möhüm şert bolup durýar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherne gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewe we şäher häkimi R.Nurmämmedowa paýtagtymyzda gurulýan binalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, şeýle hem olaryň Aşgabadyň binagärlik kpeşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi barada birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şäheriň bagy-bossanlyga bürenmegi we onuň ekologiýa ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy, gök zolaklaryň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan –bagy-bossan, ata Watan – gül-gülüstan” şygary bilen geçirilen ählihalk ýowarynda “Dostluk saçagy” atly dünýä halklarynyň tagamlarynyň sergi bäsleşiginiň geçirilýän ýerine geldi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri tarapyndan taýýarlanylan bu sergi bäsleşigi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna, dünýä derejesindäki oňyn hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyran çäre boldy. Sergä gatnaşdyrylan dünýä halklarynyň milli tagamlary dört ugur boýunça görkezildi. Olar işdäaçarlardan, gyzgyn we sowuk naharlardan hem-de beýleki tagamlardan ybarat boldy. Bäsleşik diňe bir gyzykly bolman, eýsem ol örän netijeli çärä öwrüldi.

Bu ýerde görkezilen tagamlar örän giň möçberli boldy. Olaryň käbiri barada durup geçeliň. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgärleiniň ýowara gatnayşyjylara hödürlän tagamlarynyň arasynda almaly gutap tagamlylygy bilen tapawutlandy. Şeýle hem bu ýerde azerbaýjan pahlawasy, belaruslaryň tomusky doňdurylan çorbasy bar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ilçihanasynyň işgärlere ýowara gatnaşyjylara örän tagamly “barýani” şeýle hem türkmenleriň ýarmasyny we gara çorbasyny ýadladýan “haris” we “farit” tagamlaryyn hödürlediler. Ermenileriň baýramçylyk saçaklarynyň bezegi bolan “haşlama” tagamy hemmeleriň göwnünden turdy.

Goňşularymyz bolan eýranlylar hem sergi bäsleşiginde biräçe tagamlary hödürlediler. Olardan “fereni” işdäaçary hem-de “kahu” palawy has-da üýtgeşik boldy. Gazaklar hormatly myhmanlara tagamlarynyň gapdaly bilen ajaýyp kumyslaryny, gruzinler bolsa peýnirli salat bolan haçapurini we “lobio” atly nohutly tagamyny hödürlediler. Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgärleri agzyňda eräp barýan milli süýjüliklerini görkezdiler.

Liwiýanyň milli tagamy bolan “biziliýa” etli çekdirmesi köplere ýarady. Hytaýly wekilleriň bölüminde beýleki tagamlar bilen bir hatarda diňe bir Hytaýda däl, eýsem dürli ýurtlaryň köp sanly aşpezleriniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan “ördegiň pekin görnüşi” tagamy hem goýlupdyr. Owganystanyň diplomatlary myhmanlara “kobeli” palawyny hem-de mantyly “oşagyny”, şeýle hem “ferni” tagamyny hödürlediler. Olaryň ýanynda bolsa Özbegistanyň wekilleri “somsa” görnüşli dürli tagamlary hödürlediler. Towukdan taýýarlanylan Pakistan tagamy “birýani” we “şami kebabi” has-da täsirli boldy.

Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri myhmanlara etli blinleri we başga-da birnäçe tagamlary hödürlediler. Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň taýýarlanan tagamlarynyň ýany hem köp adamly boldy. Olar türkmen tamdyrlamasyny ýatladýan “mendil” we biziň ýarmamyza çalymdaş “jeriş” atly tagamlary görkeziler.

Mälim bolşy ýaly, türk aşhanasynyň tagamlary taýýarlanyş usullary boýunça biziň halkymyzyň tagamlaryna meňzeş. Bu bolsa biziň halklarymyzyň taryhy taýdan ýakyndygyny alamatlandyrýar diiýp, dabara gatnaşyjylar bellediler. Täjigistanly wekilleriň taýýarlan tagamlarynyň atlary hem türkmen tagamlarynyň atlaryna çalymdaş. Ine olar. “şurba”, “fatir”, “kulça”.

Ukrainanyň ilçihanasynyň işgärleri özleriniň synagdan geçen tagamlaryny, ýagny ukrain kelemli çorbasyny, üwelen balykdan taýýarlanylan tagamlary, şeýle hem dürli aşhana tagamlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan mürepbelerini görkezdiler.

Ýapon aşhanasy hem özüniň dürli tagamlary bilen giňden bellidir. Olrada esasan deňiz önümlerinden taýýarlanylan tagamlar esasy orun tutýar. Ýaponiýanyň ilaty dünýäde iň uzak ýaşaýan adamlar hasaplanýarlar. Olaryň tagamlary hem örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.

Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň ilçihanalarynyň taýýarlan tagamlary Ýewropa ýurtlarynyň aşhanalarynyň örän baýdygyny we köpdürlüdigini aýdyň äşgär etdi.

Açyk asmanyň astynda geçirilen sergide Türkmenistanyň wekilleriniň taýýarlan tagamlary hem görkezildi. Onuň guramaylarynyň aýtmagyna görä, bu ýerde tagamlaryň we şerbetli içgileriň 300-e golaýy görkezildi.

Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň; Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Saud Arabystanynyň, Hytaýyň, Gruziýanyň, Türkmenistanyň; Türkiýäniň, Liwiýanyň, Ukrainanyň wekilleri “Dostluk saçagy” atly sergi bäsleşiginiň şertiniň dört ugry boýunça ýeňijileri boldular. Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýowara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly. dünýä halklarynyň bir saçagyň başyndaky parahatçylyk baýramyny alamatlandyrdy. Dabara gatnaşan daşary ýurtlular bu günki çäräniň dünýäniň halklaryny bir saçagyň başyna jemlän parahatçylyk baýramçylygyna öwrülendigini bellediler. Şeýle hem oar birek-birege parahatçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny arzuw etdiler. Şunuň ýaly parahatçylykly birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar gadymy türkmen topragynda has-da belent derejelere göterilýär.

Sergi bäsleşigini guraýjylar ählihalk ýowarynyň Halkara Nowruz baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilmegi biziň ýurdumyzda birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, ýurtlaryň arasyndaky medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan dünýäniň halklary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.

Dabaranyň ahyrynda biziň ýurdumyzba işleýän ilçihanalaryň ýeňiji bolan ýolbaşçylary öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar we Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyň dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrýandygyny bellediler.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bilen boan söhbetdeşlikde olara biziň ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin çäreler işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şu günki waka sahylygyň, açyklygyň we myhmansöýerligiň, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlaky gatnaşyklarynyň aýdyň beýanyna öwrülen çäre boldy diýip, milli Liderimiz belledi.

Diplomatlaryň aýtmaklaryna görä, soňky ýyllarda türkmen topragy düýpli özgerişi başdan geçirdi we ol gülläp ösdi. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň, obalarynyň daş-töweregini gurşap alan tokaý zolaklary ýurdumyzyň baş bezegine öwrüldi. Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählihalk goldawyna eýe bolan oňyn syýasatynyň aýdyň netijesidir. Bitewüligiň, zähmet joşgunynyň hakyky baýramçylygyna öwrülen şu günki ýowar Türkmenistanda beýik işleriň rowaç alýandygynyň subutnamasydyr diýip, olar bellediler.

Sergi bäsleşiginiň ýeňijiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we döredijiligiň belent ruhuna hakyky zähmet baýramçylygyna öwrülen bu asylly çäräniň milli Lideriň paýhasly ýolbaşçylygynda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurduň halkyň abadançylygy, agzybirligiň, dostlugyň we doganlygyň ykrar edilmegi hakynda edýän aladasynyň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini nygtadylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşyjylaryň hemmesini giňden ýazylan türkmen saçagynyň başyna çagyrdy. Bu ýere ýygnananlara, şol sanda daşary ýurtly diplomatlara ýüzlenip, milli Liderimiz taryhy müňýyllyklara uzap gidýän halkymyzyň medeni durmuşynyň möhüm bölegi bolan türkmen aşhanasynyň milli tagamlaryndan dadyp görmeklerini teklip etdi. Häzirki döwürde seçelenip duran ýakymly palaw, gaýnatma, pişme we başga-da birnäçe tagamlar nesilden-nesle geçip, kämilleşdirilip, türkmen toýlarynyň esasy tagamlaryna öwrüldi. Myhmanlar hödürlenen tagamlardan höwes bilen datdylar we halkyň paýhasyny, zehinini, şeýle hem türkmen aşpezleriniň ussatlygyny hormatladylar. Türkmen artistleriniň, sazandalarynyň, aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Mähriban Watanymyzy, ýurdumyzyň gazanýan belent üstünliklerini, hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky aladany esasy ugur edinýän döwlet syýasatyny wasp edýän aýdym-sazlaryň belent owazy bahar paslynyň tenekar howasynyň hoştaplylygyny artdyrdy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan halk aýdym-sazlary, joşgunly tanslar, folklor toparlaryyň çykyşlary häzirki zaman estrada aýdymlary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, zähmet baýramçylygynyň şanyny has-da dabaralandyrdy. Aýdym-sazly çykyşlarda türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň we häzirki zaman şahyrlarynyň sözlerine döredilen aýdymlarda bahar gözelligi döredijiligiň we täze durmuşyň şatlyk-şowhuny, beýik we asylly ajaýyp başlangyçlar aýdyň beýan edildi. Olar bolsa halkymyzyň ynamyny, kuwwatyny we ajaýyp arzuwlaryny dabaralandyran ajaýyp çykyşlardan ybarat boldy.

Baharyň ajaýyp gününde geçirilen ählihalk ýowary tutuş ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyryldy. Bag ekmek çäresine ähli künjeklerden müňlerçe alamlar höwes bilen gatnaşdylar. Ýurdumyz boýunça diňe şu günüň dowamynda saýaly we miweli agaç nahallarynyň 771 müňden gowrak düýbi oturdyldy. Aşgabadyň töwereklerinde bolsa ýowar mahaly 126 müňden gowrak düýp nahal oturdyldy. Şeýle hem ýowar mahalynda ozal ekilen baglaryň 1 million 404 müňden gowragyna göwnejaý ideg edildi. Iri tokaý zolaklarynyň bir bölegine öwrülen täze bag nahallary, seýilgähler türkmen topragynyň tenekarlygyny artdyrar.

Hormatly Prezidentimiz bu günki çärä gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, olara abadançylyk arzuw etdi we bu ýerden ugrady.