Ï Aşgabatda türkmen-hytaý işewür-maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda türkmen-hytaý işewür-maslahaty geçirildi

view-icon 695
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen türkmen-hytaý işewür maslahaty ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meselelerine bagyşlandy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Hytaýyň halkara söwdasyny ösdürmek boýunça komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde geçirilýän maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada Hytaýyň halkara söwdasyny ösdürmek boýunça komitetiniň wise-prezidenti Žang Weýiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.

Mälim bolşy ýaly, halkara ykdysady ulgamyna goşlyşmakda Hytaý Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Milli bähbitleri we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen netijeli özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesine esaslanýan giň möçberli gatnaşyklaryň ösdürilmegine geçen ýylyň sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda geçirilen gepleşiklerde kuwwatly itergi berildi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny möhüm ugurlarda netijeli dowam etdirmäge gönükdirilen, ägirt uly mümkinçilikleri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň yzygiderli gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklar we işewür maslahatlar özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin netijeli usullaryň biridir. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagy, Hytaýyň kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy, şeýle hem hyzmatdaşlaryň gatnaşyklaryny giňeltmek babatda özüniň täjirçilik mümkinçiliklerini işe girizmäge bolan taýýarlygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hytaýyň döwlet düzüminiň wekilleriniň we işewürleriniň türkmen kärdeşleri bilen bolan bu gezekki duşuşygy bilelikdäki meýilnamalary we taslamalary mundan beýläk-de kesgitlemegi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmegi, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny, şol sanda iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň derejesinde öwrenmegi ugur edinýän möhüm ädime öwrüldi.

Maslahatyň işine Hytaýyň halkara söwdasyna ýardam bermek komitetiniň, onuň Şansýu we Gansu welaýatlaryndaky bölümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem ykdysadyýetiň statistika we geňeşmeler, maslahat beriş işi, awtomobil senagaty, ýollaryň we köprüleriň gurluşygy, senagat enjamlary, nebithimiýa önümçiligi, mineral dökünler ulgamlary, sergileri guramak ýaly dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda teklipleri we taslamalary bilen türkmen bazaryna ilkinki gezek girýän “Сhina Internasional Trade Institute”, “Shaanхi Iseway Investment”, “Gongke Industrial Group”, “MСС8 Group Сo”, “Shanghai High Pressure”, “Sinoсhem Agro Сo”, “Хian Luntak Eхhbtion Сo”, “Хian Datang West Maket Сultural Industri Investment” we beýleki kompaniýalar bar.

Maslahata türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň umumy mejlisinde Hytaýyň halkara söwdasyna ýardam bermek komitetiniň wise-prezidenti Žanga Weý we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Szihua çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuşa geçirýän “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin hoşallyk bildirdiler hem-de onda dostlukly Hytaýa aýratyn ähmiýet berilýändigini bellediler. Hususan-da, jenap Žang Weý bu gezekki duşyşygyň ykdysady, medeni-gumanitar gatnaşyklary çuňlaşdrymak hem-de giňeltmek boýunça pikir alyşmak üçin meýdança öwrülendigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän uzakmöhletleýin we netijeli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň we täze ugurlaryň bardygy nygtaldy.

Maslahatyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýy we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Bu ugurlar bilen tanyşdyryş çäresinde myhmanlara dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşlyşmagy üçin zerur binýady bolan hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýan ýurdumyzyň ýeten derejesi barada giňişleýin gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Şeýle hem maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we özara gatnaşyklaryň meýilnamasy kesgitlenildi. Türkmenistan-Hytaý yklymüsti gaz geçirijisiniň we harytlyk gazyň önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi ýaly ägirt uly taslama durmuşa geçirilen ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, ulag, aragatnaşyk, dokma we himiýa senagatlarynda, gurluşykda, saglygy goraýyşda, ylym we tehnologiýa ugurlarynda ýola goýulýan gatnaşyklar häzirki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ýokary tehnologiýalar pudagynda, medeni alyş-çalyşlar hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ykjam gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýlelikde, hytaýly hyzmatdaşlar bilen bolan duşuşyga gatnaşyjylara syýasy gatnaşyklary, ulag, aragatnaşyk, söwda hyzmatdaşlygyny, sebitiň halklarynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak ýaly hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan “Beýik Ýüpek ýoly ýurtlarynyň ykdysady ulgamyny” döretmegiň bilelikdäki taslamasy görkezildi.

Umumy-mejlisi tamamlanansoň, hytaýly işewürler bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin bir bitewi binýadyň kemala getirilmegine umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, şunuň ýaly duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirip, işewür maslahata gatnaşyjylar munuň üçin häzirki döwürde ähli mümkinçilikleriň, bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribäniň we özara peýdaly hyzmatdaşlyga bolan meýilleriň bardygyny bellediler.

Ertir hytaýly myhmanlar ýurdumyzda bolmagyny çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar. Bu çäre birleşmäniň döredilmeginiň alty ýyllygyna bagyşlanýar. Şeýle hem myhmanlaryň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde duşuşykary bolar, olar paýtagtymyzdaky dokma toplumyna bararlar, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň ajaýyp gymmatlyklary bilen tanşarlar.