Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň başlygy Salahuddin Rabbanini kabul etdi.
Ýokary wezipeli myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň mähirli salamyny, ýetip gelýän nurana Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de doganlyk türkmen halkyna iberen bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Bitarap Türkmenistanyň Owganystan bilen doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, goňşy döwletiň parahatçylykly hem-de durnukly durmuşy gurmak babatdaky tagallalaryna goldaw berýändigini we diňe öňüni alyş diplomatiýasynyň ýollary arkaly raýat parahatçylygyny hem-de ylalaşygyny berkarar etmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýändigini belledi.
Salahuddin Rabbani ýurdumyzyň eýeleýän bu ornuna ýokary baha berip, Owganystanda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanda we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylyga oňyn täsir edýän daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini nygtady. Munuň özi tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýär.
Mälim bolşy ýaly, öz döwründe köp ýyllap dowam eden owganara gapma-garşylygyny parahatçylykly ýol bilen çözmegiň başyny başlan esasy döwletleriň biri bolan ýurdumyz geçen ýyllaryň içinde elektrik energiýasyny iberip, senagat we durmuş maksatly desgalary gurup hem-de Owganystana ynsanperwerlik ýüklerini yzygiderli ugradyp, özüniň günorta goňşusyna uly kömek berip gelýär.
Türkmen tarapynyň başyny başlan we ýangyç-energetika toplumynda hem-de ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän sebit ähmiýetli giň möçberli taslamalar goňşy ýurtda parahatçylykly durmuşyň esaslaryny berkitmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan – Owganystan - Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak we Türkmenistan-Owganystan – Täjigistan demir ýoluny çekmek barada barýar. Bu demir ýoluň birinji nobatdakysynyň gurluşygyna geçen ýylyň iýun aýynda taslama gatnaşýan üç ýurduň döwlet baştutanlary – Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Hamid Karzaý we Emomali Rahmon badalga berdiler.
--Hakyky hoşniýetli goňşuçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nyşany bolan bu taslamalaryň ýurdumyzyň Owganystanyň, şeýle hem sebitiň ähli döwletleriniň okgunly ösmegine, däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşandy boljakdygyna ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi.
Şunda döwlet Baştutanymyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna berk ygrarly bolan Türkmenistanyň mundan beýläk hem Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň halkynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara tagallalaryna saldamly goşant goşjakdygyny nygtady.
Owganystanyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň başlygy türkmen döwletiniň hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň owgan meselesini çözmek babatda öňe sürýän hem-de möhüm halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapan oňyn çemeleşmeleriniň, gürrüňsiz, öz Watanynda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek işine hyzmat etjekdigini nygtady.
Hoşlaşanlarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman asyrlaryň dowamynda iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan hakyky dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine daýanýan netijeli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdiler.
Duşuşyga Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi gatnaşdy.
Şu günler türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde Owganystanyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň başlygy jenap Salahuddin Rabbaniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Olarda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dürli meseleleri boýunça pikir alşyldy.

* * *