Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy hökmünde öz wezipesini tamamlaýan we Aşgabada jemleýji iş sapar bilen gelen jenap Saber Azamy kabul etdi.
Myhman özüne bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, demokratik ösüş ýolunda uly üstünlikler gazanan we diňe bir sebit ýurtlary üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýä üçin nusga bolan Türkmenistanda bolmaga hemişe şatdygyny belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany myhmany mähirli garşylap, tutuş ýer ýüzünde howpsuzlygyň we durnuklylygyň ygtybarly daýanjy hökmünde çykyş edýän bu iri we abraýly halkara guramasy bilen gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini belledi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň ähli iri düzümleri we komitetleri bilen uzakmöhletleýin köpugurly hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, türkmen Lideri ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarly ýurdumyzyň öz ägirt uly parahatçylyk söýüji we döredijilik mümkinçiliklerini Müňýyllygyň Ählumumy Maksatlaryna gönükdirýändigini hem-de ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine halkara tagallalaryna mundan beýläk hem işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini beýan etdi.
Oňyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlan ýyllarynda özara ynamyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlaryny we häzirki döwrüň öňde durýan meselelerini işjeň çözmäge çemeleşmesini nazara almak bilen ýola goýulýan özara bähbitli gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan çärelere, hususan-da, goňşy Owganystanyň parahat durmuşyny ýola goýmaga we ykdysady taýdan galkynmagyna bilelikde ýardam bermek, şeýle-de bosgunlar hem-de raýatlygy bolmadyk adamlar bilen iş geçirmek, olaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmek meselelerine degişli geçirilýän çärelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2012-nji ýylyň maý aýynda geçirilen ”Musulman dünýäsiniň bosgunlary” atly halkara maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.
Raýat hukugy meselesinde halkara tejribesini öwrenmegiň örän möhümdigini hasaba almak bilen, BMG-niň bosgunlaryň meseleleri boýunça esasy konwensiýalarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň milli kanunçylyga utgaşdyrylmagyna gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde iş alyp barmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmen Lideriniň döwletimiziň toplumlaýyn, hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ygtybarly binýat döretmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmelerine, şeýle hem sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen oňyn şertleri döretmäge, ählumumy howpsuzlygyň täze esasyny kemala getirmäge ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berip, jenap Saber Azam BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli bilelikdäki hereketi mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Myhman alnyp barylýan ähli işlere hemmetaraplaýyn kömek we goldyw berýändigi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ikiçäk geçirilýän duşuşyklaryň çäklerinde bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň sebitdäki bosgunlaryň meselelerini çözmek işinde örän wajypdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy hoşlaşanlarynda birek-birege oňat arzuwlary aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem ýurdumyzyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklarda hem Türkmenistan bilen BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdiriýetiniň köpýyllyk oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

* * *