Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunda geçirilen köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy.
Şu günki ýöriş Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanda geçirilen dabaralaryň jemleýji wakasyna öwrülip, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän medeni çäreleriň üstüni ýetirdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň şahsy göreldesi netijesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak türkmenistanlylar üçin durmuş kadasyna öwrüldi. Şunda döwlet Baştutanymyz öz şahsy göreldesi bilen türkmen ýaşlaryny sport bilen giňden meşgullanmaga ruhlandyrýar. Milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, sport bilen meşgullanmak üçin hemişe wagt tapýar, ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlara şony ündeýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşlerinde öz ussatlygyny görkezýär. Yzygiderli türgenleşikler adamda zähmetsöýerligi, erk-ygtyýarlylygy, maksada okgunlylygy terbiýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Soňky ýyllarda diňe paýtagtymyzda däl-de, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän sport maksatly desgalaryň, täze stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, sport mekdepleriniň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Şeýle hem ýurdumyzda gurulýan bilim hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen sport zallaryny, besketbol, woleýbol meýdançalaryny, suwda ýüzülýän howuzlaryny, tennis kortlaryny özünde jemleýändigini bellemeli. Paýtagtymyzyň etegindäki gözel künjek bolan Gökderede gurlan çagalar sagaldyş merkezleri, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmana toplumlary dynç almak üçin ähli şertleri özünde jemleýär.
Bütindünýä saglyk güni her ýylda giň gerim bilen bellenilýär. Bu sene mynasybetli “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly milli spartakiada, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky futbol we hokkeý boýunça halkara ýaryşlary hem-de beýleki iri bäsleşikler guralýar. Atçylyk, awtoulag we welosiped sportuny ösdürmek maksady bilen anyk we maksatnamalaýyn çäreler alnyp barylýar.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çözgüdi boýunça Aşgabadyň Merkezi Aziýada ilkinji bolup, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanmagy saglygy goraýşy we sporty ösdürmek ulgamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Özünde 30-dan gowrak desgany birleşdirýän Aşgabatdaky döwrebap Olimpiýa şäherjigi Aziýada-2017-niň geçiriljek merkezi bolar. Bu köpugurly sport toplumynda ýokary derejedäki halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertler dörediler, şeýle hem onda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýygyndy toparlaryň taýýarlygy we olimpiýaçylary ýetişdirmek babatda köpugurly binýat kemala geler.
Geljek aýda hem türkmenistanlylara uly sport baýramçylygy garaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda aprel aýynyň 1-inden 30-y aralygynda ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş – medeni çäreleri geçiriler.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler ähli ugurlarda türkmen halkynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Çünki adamlar, olaryň abadançylygy baradaky alada täze taryhy döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýär.
Sport-sagaldyş düzüminiň aýratyn desgalarynyň biri bolan Saglyk ýoly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda, gözel künjeklerde gurlup, ondan geçilen wagty türkmenistanlylaryň müňlerçesine diňe öz saglyklaryny berkitmäge däl-de, eýsem tebigat bilen ýakynlaşmaga ýardam edýär.
Şu gün ir säher bilen Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary,jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.
Bu ýere gelen döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşylaýarlar.
Sport baýramçylygy badalga alýar. Çäräni alypbaryjy hormatly Prezidentimizi gutlaýar hem-de bu ýere ýygnananlaryň adyndan milli Liderimize bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça amala aşyrýan asylly işleri, şu günki çäräni geçirmek barada ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň teklibine beren goldawy we oňa gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edýär.
Toýlary toýa ulaşýan türkmen topragyna ýagyş-ýagmyry, nurly güneşi bilen joş urup gelen ýaz pasly toý-baýramlara baý pasyldyr. Şöhratly ata-babalarymyz agaçlaryň pyntyklap, keremli topragyň ýaşyl dona bürenýän döwrüni Nowruz baýramy bilen garşylap, ýagşy umyt-arzuwlara besläpdir. Bu gün bolsa gadymdan gelýän bu baýramyň şatlyk-şowhunyny artdyrýar.
Ýörişden öň bu çäräni geçirmek, oňa bäsleşik häsiýetini çaýmak we Saglyk ýoluny çalt geçmek boýunça bäsleşigi geçirmek başlangyjy bilen çykyş eden jemgyýetçilik guramalarynyň çözgüdi yglan edildi. Ýaryşyň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Bu ýere ýygnananlar ruhubelentlik bilen ajaýyp aýdym-sazlaryň owazy astynda ýola düşýärler.
Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoluny öz egindeşleri bilen geçip, ýol ugrunda olar bilen söhbetdeşlikde bu gözel künjekde seýilgäh zolagyny we dynç alyş ýerlerini abadanlaşdyrmaga, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň oňaýly dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jana şypaly arassa dag howasy, tebigatyň gözel görnüşi adamyň ruhuny göterýär. Saglyk ýolunyň ugrunda we töwereginde oturdylan köpsanly baglar tebigatyň gözelligini artdyryp, dag eteginiň ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň ýagdaýy hem-de ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy bilen gyzyklanýar. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, Saglyk ýoluny degişli derejede saklamak barada anyk tabşyryklary berdi. Saglyk ýolunyň hemişe nusgalyk derejede saklanmalydygyny aýdyp, milli Liderimiz ýanaşyk ýerlerde oturdylan nahallara göwnejaý ideg etmek meselelerine ünsi çekdi hem-de bu işleriň geçirilmegine yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmagyny tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz köpçüliklýein bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek hakynda belli bir maksada gönükdirilen aladanyň zerurdygyny hem belledi. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýermek bilen, hut özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň artykmaçlygyny görkezýär. Şonuň netijesinde “Sagdyn bedende--sagdyn ruh” şygary häzirki wagtda türkmenistanlylar we aýratyn hem ýaş nesil üçin esasy şygar boldy.
Türkmenistanyň Prezidentini Giňdiwaryň belent gerşinde ýerleşen meýdançada serhetçiler garşylaýarlar. Bu ýerde Giňdiwar serhet galasynyň başlygy milli Liderimize döwlet serhedinde ýagdýayň asudadygyny habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Saglyk ýoluna geçen gezekki ýörişinde ýerine görä kesgitläp, Döwlet baýdagynyň sütünini beýgeltmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk beripdi. Ine, bu gün bolsa bu meýdançada täze baýdak sütüni peýda boldy. Täze oturdylan baýdak sütüniniň beýikligi 45 metre barabar bolup, ozalkysyndan iki esse beýikdir.
Serhet institutynyň harby talyplarynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy ýaňlanýar, munuň özi dabara gatnaşyjylarda ruhubelentligi we watançylyk duýgusyny artdyryp, oňa aýratyn öwüşgin çaýýar. Türkmen halkynyň agzybirligini, mertebesini we Watanymyza bolan buýsanjyny, taryhyny hem-de şu gününi alamatlandyrýan milli Baýdagymyz ajaýyp mukam astynda ýokary galdyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby talyplara ýüzlenip, halkyň asudalygyny hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini gözüniň göreji deýin goraýan harby gullukçylaryň belent borjy barada durup geçdi. Mukaddes çäkler türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine we parasatly ata-babalarymyzyň mizemez däplerine laýyklykda hemişe dostluk we goňşuçylyk serhedi bolup geldi.
Milli Liderimiz bu ýerde nobatçylyk edýän serhetçi esgerleriň gündelik durmuş, iş-aladalary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşlikde harby gullukçylar halkymyzyň asuda durmuşynyň goragçylary barada edýän atalyk aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hormat garawulynyň esgerleriniň haýyşy boýunça şu günki şanly wakadan ýadygärlik hökmünde surata düşdi.
Köpetdagyň gerşinden geçýän Saglyk ýolundan paýtagymyzda, aýratyn hem şäheriň günorta böleginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň giň gerimi açylýar. Milli Liderimiz bu ýerden açylýan Aşgabadyň keşbini synlap, degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzda amala aşyrylýan işlere we ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň ilrei tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, bu babatda kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilişine degişli anyk tabşyryklary berdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýoluny dowam etdi...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saglyk ýoluna çykmagy döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Dag ýolunyň ugrunda gurnalan telärlerde çärä gatnaşyjylara bereketli topragymyzda ösýän melhem otlardan demlenen jana şypaly çaý hödür edildi. Bu otlaryň ähmiýeti barada Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde beýan edilýär. Milli Liderimiz öz egindeşlerine jana şypaly melhem çaýyň saglyga peýdasy barada gürrüň berdi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary öz çeken suratlaryny görkezdiler, şol suratlarda daşymyzy gurşap alýan ajaýyp görnüşler we häzirki dabaranyň ajaýyp pursatlary beýan edilýär.
Bu işler milli Liderimiziň ünsüni özüne çekdi, ýaş suratkeşler bilen söhbetdeş bolup, hormatly Prezidentimiz olaryň okuwy, döredijilik taýdan ösmegi we hünär taýdan kemala gelmegi üçin ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler bilen gyzyklandy. Ýokary çeperçilik mekdebiň talyplary milli Liderimize özlerine döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Meýdançada görkezme-sport çykyşlary başlanýar, ýaşlar futbol, tennis, badminton we beýleki oýunlary oýnaýarlar. Bu ýerde gylyçlaşýanlar we taekwondoçylar (ITF we WTF ugry boýunça) öz ussatlyklaryny görkezýärler. Küştçüler paýhas bäsleşigini geçirip, uly tagtanyň üstünde göwrümli küşt mallaryny göçýärler. Bu ýerde sport, çeper gimnastika, ýaglyga towusmak, göreş ýaly oýunlar ýaňbaňlanýar.
Bu ýerde dikilen belent hiňňilliklerde ýaşlar höwes bilen uçýarlar, ak öýleriň öňünde sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär, milli tagamlar taýýarlanylýan gazanlar bugaryp dur, söwda tekjeleri bolluk bilen öz nygmatlaryny eçilýär.
Çärä gatnaşyjylaryň Saglyk ýolundan üstünlikli geçmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden bellenilýän Milli bahar baýramy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe gatnaşan Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleri bilen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz beýleki çäreler, şol sanda ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sport ýaryşlary ýaly, şü günki çäre hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ösüp gelýän nesli beden we ruhy taýdan kämil adamlar edip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň bir bölegi bolup durýandygyny nygtady.
Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Diplomatlar öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle çärelere gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän oýlanyşykly syýasatynyň, şol sanda milletiň saglygyny berkitmek boýunça alyp barýan syýasatynyň öz miwelerini berýändigini, olaryň şaýatlary bolýandyklaryny bellediler.
Soňra eminler toparynyň ýolbaşçysy Saglyk ýoluna guralan ýörişi ilkinji bolup geçen ýeňijileri yglan etdi we olara sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Şeýlelikde, birinji orny ýurdumyzyň myhmany Harbeç Bajaj (Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili) eýeleýär, ol ajaýyp sowgada – sport tigrine mynasyp bolýar. Ikinji orna mynasyp bolan Myrat Senebaýewe (Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hünärmeni) sylag hökmünde ylgaw ýodasy gowşurylýar. Üçünji orny eýelän Şirin Ataýewa (Aşgabat şäheriniň 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany) tennis oýnunyň sport toplumy gowşurylýar.
Ýeňijiler döwlet Baştutanymyza milli sportumyzyň dünýä derejesindäki ösüşlere beslenmegi ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, hemmelere jan saglyk, egsilmez ruhubelentlik we uly üstünlikler arzuw etdi.
Dabara bolsa Saglyk ýolundan köpçülikleýin geçilmegi mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsert bilen dowam etdi.
Mundan başga-da, Köpetdag şaýolunyň bir böleginde welosiped ýaryşy guraldy. Häzir tigirli ýörişler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň ýüzlerçesini özüne çekýär. Giň gerime eýe bolýan bu herekete hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda uly itergi berdi. Şonda ýurdumyzda ilkinji gezek şunuň ýaly möçberde müňlerçe adamlaryň gatnaşmagynda welosiped ýörişi geçirilip, ýol hereket howpsuzlygynyň biraýlygynyň başy başlandy. Şondan bäri diňe köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän güni däl-de, eýsem, dynç günleri hem köp adamlar ekologiýa taýdan arassa bolan welosipedde durmuşyň şatlygyny duýup, saglygyny berkidýärler.
Umuman, sport we ekologiýa özara ysnyşykly bagly bolup, ozaly bilen, adamlaryň saglygyna oňaýly täsir edýär. Türkmenistanda alnyp barylýan daşky gurşawy goramak boýunça ägirt uly işler köpugurly häsiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek hem-de ony halkara sport durmuşynyň iri merkezi hökmünde ykrar etmek şol ugurlaryň biridir.
Milli Liderimiziň Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy ilatyň, ozaly bilen ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, milletiň saglygyny berkitmek syýasatynyň dabaralanmagyna ýardam eder, dagt eteginiň tebigatyna oýlanyşykly çemeleşmek baradaky görkezmeleri bolsa halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň rowaçlygyna gönükdirilen ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga hemaýat eder.
Soňra milli Liderimiz “Oguzhan” köşkler toplumynyň howlusynda gezim etdi. Döwlet Baştutanymyz belleýşi ýaly, tebigatyň gözelligi biziň durmuşymyzda möhüm orun eýeleýär, adamy beýik işlere ruhlandyryp, onda ylham joşgunyny döredýär.
Köşgüň howlusynda ylmy esasda baglaryň, gyrymsy agaçlaryň we gülleriň dürli görnüşleri oturdylypdyr. Olar bilelikde ajaýyp ösümlik dünýäsini emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz bu gözellikleri synlap, olara ideg edilişine, suw tutulyşyna aýratyn üns berdi. Suwaryş ulgamynda öňdebaryjy usullar ulanylýar.
Ekologiýa meselesi bu gün bütin dünýäde möhüm meseleleriň biri bolup, hormatly Prezidentimiz daşky gurşawyň goralmagyna uly üns berýär. Giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum taslamalary hem öz gezeginde adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda möhüm şert bolup durýan ekologiýa bilen baglanyşyklydyr.
Döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde işjeň ýörelgä eýermek bilen Türkmenistan ekologiýa ulgamynda, howanyň üýtgemegi we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini peýdalanmak ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Türkmen topragynyň täsin tebigatyny goramak, suw, ýer we biologiýa köpdürlüligini aýawly peýdalanmak, howanyň hapalanmagyny peseltmek – bularyň hemmesi, umuman, adamlaryň saglygyny goramaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine iş ýüzünde senagat pudaklary bilen özara hereket edip, ýurdumyzyň ylmy hem hemmetaraplaýyn ýardam etmelidir.
“Oguzhan” köşkler toplumynyň howlusynda ösdürilip ýetişdirilen dürli reňkli güller bilen birlikde serhowzuň içinde balyklar ýüzüp ýör. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz balyklary iýmledi we olaryň suwda ýüzüşini synlady.
Tebigatyň gözelliklerini, kiçi binagärlik görnüşlerini, suw çüwdürimlerini peýdalanmak bilen seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi şäher gurşawynyň gözelligini döretmäge, howanyň arassalygyny gowulandyrmaga, ekologiýa terbiýesine we ilatyň aň-bilimini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Bularyň hemmesi goraghanaly ýerleri goramak işleri bilen bir hatarda, daglaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini, derýalaryň, çölüň, şeýle hem Hazaryň bioköpdürlüligini aýawly saklamak we artdyrmak boýunça uly işleriň bir bölegi bolup durýar. Mysal üçin, derýalarda, deňizde we köllerde ylmy esasda dürli balyklary köpeltmek, olaryň kenarlarynda tokaý zolaklarynyň döredilmegi ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini saklamaga we ekologiýany gowulandyrmaga ýardam edýär.
Mysal üçin, biziň suwlarymyzda deňiz, derýa we köl balyklarynyň, şol sanda awlanýan, şeýle hem bekre balyklary ýaly seýrek duş gelýän balyklaryň 60-a golaý görnüşi ýaşaýar. Başga derýalardan we deňizlerden getirilen ak amur we tüňňimaňlaý ýaly balyklar biziň tebigy şertlerimize örän oňat uýgunlaşdylar.
Şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek ýurdumyzda ykdysady, durmuş we ekologiýa meseleleriniň ysnyşykly özara arabaglanyşykda çözülýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly bolup durýar. Muňa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy tassyklanma bolup hyzmat edýär. Ony ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda Hazaryň kenar ýakasynda ýokary derejeli dynç alyş öýleri, bejeriş bölümli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri bina edildi we gurulmagy dowam edýär.
Häzirki gün türkmen şypahanalarynyň hemmesinde döwrebap bejeriş-öňüni alyş toplumlary guruldy. Şunda täsin howa, köp sanly tebigy gözellikleriň we goraghana künjekleriniň, köpdürli mineral çeşmeleriniň agdyklyk etmegi Türkmenistany halkara derejesinde sagaldyş künjegine öwürmäge mümkinçilik berýär, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär.
Bularyň hemmesi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezişi ýaly, ylmy taýdan oýlanyşykly çemeleşilende ýurdumyzda durmuşyň ileri tutulýan möhüm ugurlary esasynda ýeke-täk toplumda täsin tebigy gymmatlyklary gorap saklamak meseleleriniň hem, uly ykdysady wezipeleriniň hem üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Bularyň özeninde bolsa halkyň abadançylygy, adamlaryň saglygy baradaky aladanyň durýandygy aýdyň görünýär. Milli Liderimiziň hut şol aladalary netijesinde bolsa, eziz Watanymyz Türkmenistan bu gün bütin dünýäde ruhubelentliligiň, sagdynlygyň we baky baharyň ýurdy hökmünde tanalýar.