Ï Türkmenistan-ABŞ: diplomatik ylmy ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: diplomatik ylmy ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 693
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň /USAID/ bilelikde guramagynda dünýä diplomatiýasynyň tejribeleriniň dürli ugurlaryny öwrenmäge bagyşlanan usuly maslahat öz işine başlady. Maslahata milli parlamentiň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň, käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, şeýle hem talyplar gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Robert Ýujin Pattersonyň belleýşi ýaly, türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly daşary syýasat strategiýasyna Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň iş guraly hökmünde, bu sebitde özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunyň kemala gelmegi hökmünde baha berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän hut şunuň ýaly netijeli syýasat Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda ornunyň ýokarlanmagyna, onuň açyk gepleşikler ýörelgesine eýerýän, jogapkär, ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde dünýä derejesinde abraýynyň artmagyna, hormatynyň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Birnäçe gün dowam etjek seminaryň işiniň barşynda oňa gatnaşyjylar gepleşikleri guramak işleri ýaly ähmiýetli ugurlary özünde jemleýän diplomatik gatnaşyklary alyp barmagyň halkara tejribesi bilen tanşarlar. Foruma gatnaşyjylaryň öňünde çagyrylan halkara hünärmenler—bu ulgamda birnäçe döwrebap okuw derslerini ýazan hünärmenler syn beriş sapaklary bilen çykyş ederler.